Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasy strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, dünýäniň dürli döwletleri, şol sanda abraýly sebit hem-de halkara guramalary we düzümleri bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň gatnaşyklar ugrunda çykyş etmek bilen, ýurdumyz halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Duşenbede geçirilýän ŞHG-niň Sammitine gatnaşmagy hem Türkmen döwletiniň şol oňyn ugra üýtgewsiz ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine hormatly myhman hökmünde ozal hem birnäçe gezek gatnaşdy. Bu ýagdaý Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyna hem-de onuň daşary syýasy strategiýasynyň ählumumy ykrar edilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şol strategiýa bolsa oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr.
Gürrüňimizi dowam etmek bilen, ŞHG-niň agza döwletleri bilen ýurdumyzy däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny bellemek gerek. Ýeri gelende ýatlasak, 2001-nji ýylda döredilen, hemişelik hereket edýän bu hökümetara halkara guramanyň düzümine Gazagystan Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy girýär.
Hormatly Prezidentimiziň uçary bir ýarym sagatdan Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Ol ýerde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşýan ýurtlaryň döwlet baýdaklary ýokary galdyryldy. Uçaryň ýanyndan haly ýodasynyň iki tarapynda hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli türkmen myhmanyna ajaýyp gül desseleri gowşurylýar.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň awtoulag kerweni howa menzilinden Hökümet kabulhanasyna tarap ugraýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ŞHG-niň Sammitine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhany bilen duşuşygy boldy.
Soňra milli Liderimiz Döwlet kabulhanasyna tarap ugraýar. Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilýän ýerine öwrülen “Nowruz” köşgüne barýar.
“Nowruz” köşgünde döwlet Baştutanymyz Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdorž we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşyklary geçirdi.
“Nowruz” köşgüniň “Didor” zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli garşylaýar. Ol ŞHG agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň häzirki mejlisine başlyklyk edýär.
Soňra ŞHG-niň Sammitiniň giňişleýin düzümdäki mejlisi başlamazdan öň oňa gatnaşyjylaryň – döwlet Baştutanlarynyň we wekiliýetleriň, şeýle hem Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de ŞHG-niň Sebitdäki terrorçylyga garşy düzüminiň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysynyň bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.
Duşenbede geçirilýän Sammite gatnaşmak üçin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Prezidentleri, ŞHG-niň ýanyndaky synçylar derejesine eýe bolan döwletleriň Baştutanlary we ýokary wezipeli myhmanlar gatnaşdylar. Foruma şeýle hem halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň wekilleri gatnaşýarlar.
Ozal belleýşimiz ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramasy bolup durýar. Sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek, döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak maksadynda umumy tagallalary birleşdirmek, oňyn syýasy gatnaşyklary, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek onuň işiniň esasy wezipeleri bolup durýar. ŞHG-niň Ýokary edarasy döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi bolup, ol mejlise her ýyl ýygnanýar. Häzir ŞHG-da Täjigistan Respublikasy başlyklyk edýär.
Owganystan Yslam Respublikasy, Hindistan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Mongoliýa we Pakistan Yslam Respublikasy ŞHG-niň ýanynda synçylar derejesine, Belarus Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasy gepleşikler boýunça hyzmatdaşyň derejesine eýe bolup durýarlar.
Soňra “Zarandud” zalynda ŞHG-niň Sammitiniň giňişleýin düzümdäki mejlisi boldy.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon duşuşygy açyp we bu ýere ýygnananlary mähirli gutlap, foruma gatnaşyjylara çykyş etmek üçin söz berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga iberen çakylygy, myhmansöýerlik we netijeli işlemek üçin döredilen şertler üçin Täjigistanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi. Türkmen Lideri ŞHG bilen gatnaşyklaryň Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup, ýurduň daşary gatnaşyklarynyň giň geografik we düzümleýin diwersifikasiýalaşdyrylmagyna esaslanýandygyny belledi. ŞHG-niň agzalary we oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, onuň goňşulary we dostlary bolup durýar. Şonuň üçin bu gurama bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýurdumyz dünýäde we sebitde bolup geçýän wakalara gatnaşmagyna umumy ugurly bolan esasly gatnaşyklar hökmünde garaýar diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzir käbir ýagdaýlary nazara alanyňda, uzakmöhletleýin durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak we berkitmek meseleleri esasy ugurlar bolup durýar. Şu nukdaýnazardan halkara bileleşiginiň ygtyýarynda bolan syýasy-diplomatik serişdeleri we dünýä giňişliginde umumy kabulederlikli çözgütleri gözläp tapmak üçin usullary ulanmagyň zerurlygy aýdyň bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan parahatçylygy, halkara we sebit howpsuzlygyny berkitmek, döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak meselelerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň eýeleýän netijeli, oýlanyşykly we jogapkärli ugruna ýokary baha berýär diýip, türkmen Lideri ýurdumyzyň bu möhüm wezipeleri amala aşyrmakda ŞHG bilen işjeň gatnaşyklara taýýardygyny tassyklady.
Bu, ilkinji nobatda, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak bilen baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany ýurtda parahatçylygy we durnuklylygy berkarar etmek üçin owgan ugrunda anyk işleriň gerekdigine ynam bildirdi. Türkmenistan giň owganara syýasy gepleşiklerini ýola goýmak zerurlygy bu maksada ýetmegiň esasy şerti bolup durýar diýip hasaplaýar. Owgan halky, goňşy ýurtlar, sebit we dünýä üçin oňyn netije diňe parahatçylykly serişdeler arkaly gazanylyp bilner diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Bitarap döwlet we Owganystanyň ýakyn goňşusy hökmünde Türkmenistan BMG-niň howandarlygy astynda owganara syýasy gepleşikleri geçirmek üçin öz syýasy giňişligini teklip etdi. Şunda beýleki abraýly düzümleriň, şol sanda ŞHG-niň şol gepleşikleriň geçirilmegine goldaw bermegi möhüm şert bolup bilerdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Tagallalaryň şeýle birleşdirilmegi owgan meseleleri boýunça halkara gatnaşyklarynyň zerurlygy bilen şertlendirilip, onda diňe syýasy däl-de, eýsem, ykdysady bähbitler hem özara bagly bolup durýar.
Biziň hemmämiz Owganystany asuda we ykdysady taýdan gurply döwlet, öz goňşulary üçin deňhukukly hyzmatdaş, sebit we halkara ösüşine doly goşulan döwlet hökmünde görmek isleýäris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Munuň üçin bolsa, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini çalt dikeltmek, ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýerli hünärmenleri taýýarlamak, ýurduň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek zerur bolup durýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, umuman, 2014-nji ýylyň ahyryna çenli Owganystandan birleşen güýçleriň çykarylmagyny nazara almak bilen, Türkmenistan terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ýaly möhüm meseleleri çözmäge ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda sebitde hereket edýän halkara düzümleri bilen özara gatnaşyklary işjeň saklamak ugrunda çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ykdysady ulgamda ŞHG bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi hem-de energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde geoykdysady şertleri mysal getirdi. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini ibermegiň ygtybarlylygyny, olaryň durnuklylygyny we bökdençsizligini üpjün etmegiň möhüm meseleleri barada aýtmak bilen türkmen Lideri energiýa howpsuzlygy meselesinde Türkmenistanyň we ŞHG-niň nukdaýnazarlary köp babatda birmeňzeşdir diýip belledi.
ŞHG-niň agza ýurtlarynyň, şeýle hem Guramanyň işine gatnaşýan döwletleriň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtabyrlylygy we durnuklylygy hakynda Rezolýusiýasyny goldamagy munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu resminama Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçen ýylyň maý aýynda ikinji gezek kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, bu ýere ýygnanan döwlet Başuttanlaryna we wekiliýetlerine çuňňur hoşallygyny bildirdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen birlikde BMG-niň degişli çözgütlerini ýerine ýetirmegiň usullaryny döretmek boýunça uly işleri geçirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Gürrüň, hususan-da, durnukly energetika babatda dünýä derejesindäki hyzmatdaşlygyň täze hukuk esaslarynyň döredilmegi hakynda barýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak maslahatynda Türkmenistan şol wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk ädimleri äder. Şunuň bilen baglylykda, ŞHG-niň hyzmatdaşlary bu işe öz goşantlaryny goşsalar, türkmen tarapy olara minnetdar bolardy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň umumy uzakmöhletleýin bähbitlere gabat geljekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Ýewraziýanyň täze energetika düzümi eýýäm kemala gelýän hakykat bolup durýar diýip belledi. Onuň kemala gelmegine we ösmegine Türkmenistan hem, ŞHG-niň ähli döwletleri hem belli bir derejede dahyllydyr. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda yklymda iri Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi guruldy. Bu ugry ösdürmek bilen biz häzir Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý gaz geçirijisini gurmak boýunça işleri alyp barýarys diýip, milli Liderimiz belledi. Türkmenistan – Eýran gaz geçirijisiniň ikinji ugry hem ulanmaga berildi we üstünlikli işleýär. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy iş ýüzünde amala aşyrmak tapgyryna ýakynlaşýar.
Şonuň üçin energiýa serişdelerini geçirýän ulgamyň howpsuzlygyny üpjün etmekde bilelikdäki tagallalarymyzyň netijeliligine köp zat, ilkinji nobatda bolsa, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygy we ösüşi, gatnaşyklaryň üstünlikli bolmagy bagly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu strategiki ugurda ŞHG-niň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
Milli Liderimiz ulag ulgamyny hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan beýleki ugurlarynyň hatarynda görkezip, ýakynda Aşgabat şäherinde halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan wekilçilikli halkara maslahaty boldy diýip belledi. Onuň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatynyň resminamalarynyň hatarynda hödürlener.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şol maslahatyň işine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we onuň agzalary gatnaşdylar. Degişli ugurda özara gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň ulag ulgamyna Ýewraziýa goşulyşmak prosesleriniň ösüşiniň strategik serişdesi hökmünde garaýandygyny belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysallarynyň hatarynda Gazagystan bilen serhetden başlap, Eýranyň serhedine çenli uzalyp gidýän bir müň kilometre golaý bolan demir ýoluň gurluşygyny görkezdi. Golaýda Gazagystan bu demir ýoluna birleşdi, oňa Eýran hem ýakyn wagtda birleşmegi meýilleşdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiz hyzmatdaşlygyň ýene bir aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyny görkezdi.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, sebit we yklym derejelerinde halkara ulag geçelgelerini döretmek hakynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary, hususan-da, ýurdumyzyň ulag ýollaryny ösdürmek boýunça BMG-niň Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp düzmek hakynda teklibi aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG-niň ýurtlary bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynda BMG-niň çäklerinde şol başlangyjy ara alyp maslahatlaşmaga çagyryş bilen çykyş etmek baradaky teklibini beýan etdi.
Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda ýurdumyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, ösüşiň bilelikdäki uly mümkinçiliklerine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti çykyşyny jemläp, ŞHG-niň hyzmatdaşlaryna şu günki mejlisiň barşynda üstünlikli işlemegi arzuw etdi hem-de Sammite gatnaşýan döwletleriň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Nowruz” köşgünde Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň milli howpsuzlyk we daşary işler boýunça geňeşçisi Sartaj Aziz hem-de Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Suşma Swaraj bilen duşuşyklary geçirdi.
ŞHG-niň sammitine gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň we wekiliýet ýolbaşçylarynyň hormatyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi.
Soňra milli Liderimiz Täjigistanyň Prezidentiniň köşgüne bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň duşuşygy boldy.
Şu gün şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Duşuşyk “Tojikiston” myhmanhanasynda geçirildi. Bu ýerde HHR-iň ýolbaşçysynyň kabulhanasy ýerleşýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz Duşenbe şäheriniň halkara howa menziline baryp, bu ýerden Watanymyza tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň uçary bir ýarym sagatdan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy, bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşylady.