Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 721
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly, şeýle hem döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny açmak bilen, sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa söz berdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy, şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde häkim mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalar barada aýtmak bilen, “Täze zaman” döwrebap obanyň we beýleki binalaryň görnüşlerini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, sebitiň Gökdepe, Babadaýhan, Altyn asyr etraplarynda bugdaý ekişiniň talabalaýyk guralmandygyny, şeýle bolansoň bu etraplarda ekişiň depgininiň pesdigini belledi we işiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Soňra milli Liderimiz pagta ýygymy, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, Kaka, Baharly we Derweze etraplarynda pagta ýygymynyň derejesiniň pesdigini aýdyp, onuň sebäplerini seljermegi hem-de bu babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Welaýatda Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy baýramçylygy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda taýýarlyk işleri degişli derejede alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Welaýatyň guramaçlyyk meselesine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow H.Gurbannazarowy Derweze etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möhüm oba hojalyk işlerini talabalaýyk guramak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Iş maslahatynyň barşynda häkim welaýatyň çäklerinde mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Şeýle hem şanly sene mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň görnüşlerini görkezdi. Olaryň hatarynda medeni-durmuş maksatly binalaryň birnäçesi bar.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň senagat düzümini we durmuş ulgamyny ösdürmek, adamlaryň oňaýly ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleri döretmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, Etrek, Bereket etraplarynda bugdaý ekişiniň guramaçylyk derejesiniň pesdigini belledi we ekişiň depginini güýçlendirmegi häkimden talap etdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime welaýatyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan, şanly Garaşsyzlygymyz mynasybetli gurlup ulanmaga berlmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalar we olaryň bezeg aýratynlyklary, binalarda ulanylan gurluşyk serişdeleri barada aýdyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylyk derejesine degip geçmek bilen, welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky, Gurbansoltan eje adyndaky we Ruhubelent etraplarynda bugdaý ekişiniň guramaçylyk derejesiniň pesdigini belledi we bu ertraplarda bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek babatda ähli zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi. Sebitiň obasenagat toplumynda alny barylýan işler baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, ýagny Gurbansoltan eje adyndaky, Ruhubelent we Köneürgenç etraplarynda pagta ýygymynyň gowşak guralandygyny aýdyp, onuň depginini ýokarlandyrmak babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy.

Welaýatyň çäklerinde Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň derejesine ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz şanly sene mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalardaky taýýarlyk işleriniň degişli derejede alnyp barylmagy babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýaglaýy, güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, pagta ýygymy bilen bir hatarda, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki işler hem-de welaýatyň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky taýýarlyk işleri, şeýle hem Ýaşulular maslahatyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çäreleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdi. Esasan-da, hormatly Prezidentimiz Seýdi şäherinde, Birata we Döwletli etraplarynda bugdaý ekişiniň talabalaýyk guralmandygyny aýdyp, onuň sebäplerini seljermegi we ekişiň depginini güýçlendirmegi häkimden talap etdi. Şeýle hem Birata, Döwletli etraplarynda we Magdanly şäherinde pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň pesdigine ünsi çekip, milli Liderimiz bu işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň käbir etraplaryna degişli guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, B.Hakgyýewi Saýat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow öz hasabatyny häzirki döwürde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy baradaky hasabatdan başlady.

Şeýle hem häkim welaýatyň gowaça meýdanlarynda durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler, pagta ýygymyna gatnaşýanlara medeni we durmuş hyzmatlary guramak, şeýle hem pagtaçy kärendeçiler bilen günübirin geçirilýän hasaplaşyk işleri barada habar berdi. Mundan başga-da, Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli gurlup ulanmaga berilýän desgalar, olaryň görnüşleri bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durlup geçildi.

Döwlet Baştutanymyz sebitiň çäklerinde alnyp barylýan ähli işleriň depginini güýçlendirmek, möhüm oba hojalyk möwsümlerini guramaçylykly geçirmek we oňa dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Altyn sähra, Murgap we Wekilbazar etraplarynda bugdaý ekişiniň depgininiň örän pesdigini belledi we ony güýçlendirmek babatda ähli zerur çäreler görmegi häkimden talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, welaýatyň Wekilbizar, Baýramaly we Murgap etraplarynda pagta ýygymynyň derejesiniň pesdigine ünsi çekdi we onuň depginini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri örmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şanly Garaşsyzlygymyz mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatyň etraplaryna degişli guramaçylyk meselesine degip geçmek bilen, A.Ýagmurowy Baýramaly etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana we Baýramaly etrabynyň häkiminiň orunbasary G.Atanowy şol etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem paýtagtymyzda arassaçylyk, abadanlaşdyryş işlerini yzygiderli alyp barmak, şäheri gülzarlyga öwürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň baş şäherinde Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalar, olarda alnyp barylýan işleriň depginleri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli babatda nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Milli Liderimiz Aşgabatda gurulýan ähli desgalaryň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň, olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, şäheriň köçeleriniň, seýilgähleriniň arassaçylyk derejesiniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny, yşyklandyryjylarynyň döwrüň talabyna laýyk derejede bolmaldygyny, iň esasy bolsa şäher ilatynyň amatly durmuş derejesiniň yzygiderli üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän ähli desgalaryň taýýarlyk derejesiniň gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, milli Liderimiz bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Wideoşekilli iş maslahaynyň barşynda başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişi çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.