Ï Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň goranmak ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň goranmak ministrini kabul etdi

view-icon 833
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň goranmak ministri jenap Hosseýin Dehgany kabul etdi.

Goňşy ýurduň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde türkmen Lideri bilen ýakynda bolan duşuşygynyň aýratyn netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda myhman Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümeti Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berýär diýip belledi. Türkmen döwleti ählumumy bähbitleriň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ynamly ýöredýär.

Milli Liderimiz Eýranyň ýolbaşçylygyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, taraplaryň däbe öwrülen döwletara gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge bolan özara maksadyny ugur edinýändigini belledi.

Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz hem-de myhman köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hem-de häzirki döwürde üstünlikli ösýän özara bähbitli türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň oňat depginini aýratyn nygtadylar.

Hosseýin Dehgan türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňe sürýän, dünýädäki umumy ýagdaýa oňyn täsir edýän möhüm halkara başlangyçlaryna, şol sanda Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berip, olaryň amala aşyrylmagynyň üçünji müňýyllygyň global maksatlaryny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gös-göni ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Myhman öz ýurdunyň türkmen Lideriniň ýöredýän netijeli syýasatyny goldaýandygyny nygtady hem-de geljekde-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Türkmenistan bilen bilelikde tagallalary birleşdirmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň öz bitaraplyk derejesine laýyklykda, geljekde hem ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine ähli döwletler, şol sanda öz ýakyn goňşulary bilen hyzmatdaşlyk etmekçidigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda myhman Türkmenistanda geçirilýän özgertmeleriň gerimine haýran galandygyny aýtdy we türkmen halkyna bagt, abadançylyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani gatnaşdy.