Ï Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 721
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Patrik Paskali kabul etdi.

Diplomat türkmen Liderine ynanç hatyny gowşuryp, Fransiýanyň Prezidenti Fransua Ollandyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ilçi birek-birege hormat goýmak, deňlik we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Öz nobatynda döwlet Baştutanymyz Fransiýa Respublikasynyň ýolbaşçylygyna salam aýdyp we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, jenap Patrik Paskali wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikler arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşy bolan Fransiýa bilen dostlukly gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gurulýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda türkmen Lideri we fransiýaly diplomat soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä we many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýulynda Parižde geçirilen Türkmenistanyň Ykdysadyýet gününiň we ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisiniň ähmiýeti bellenildi. Bu çäreler iki dostlukly döwletiň hyzmatdaşlygynyň ýylýazgysynda möhüm taryhy waka öwrüldi. Şeýle çäreler türkmen döwletiniň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda gazanan üstünliklerini bütin dünýäde wagyz etmek üçin täze sepgitleri açýar, Fransiýanyň esasy kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam edýär.

Nygtalyşy ýaly, hemmeler üçin açyk, parahatçylyksöýüji ýurt bolan Türkmenistan daşary ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berip, ählumumy möçberde parahatçylygy we gülläp ösüşi üpjün etmegi özüniň esasy maksady hasaplaýar. Duşuşygyň barşynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi barada durlup geçilip, söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk, aragatnaşyk, ulag, döwrebap tehnikalaryň, tehnologiýalaryň we enjamlaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem syýahatçylyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Gumanitar ulgamdaky gatnaşyklaryň hem möhümdigi bellenildi. Ylym we bilim ulgamlarynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz we Fransiýanyň ilçisi iki ýurduň hem-de halklaryň ýakynlaşmagynyň möhüm şerti bolup duran medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de giňelmtegiň wajypdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy hem-de türkmen Liderine berk jan saglyk we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köpugurly işlerinde üstünlikler, türkmenistanlylara bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.