Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Doýçe Bankyň” wekillerini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Doýçe Bankyň” wekillerini kabul etdi

view-icon 829
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Doýçe Bankyň” ýokary wezipeli wekillerini “Doýçe Bankyň” müdirligine we ýerine ýetiriji komitetiniň toparyna başlyklyk ediji jenap Ýurgen Fitçeni we “Doýçe Bankyň” Merkezi hem-de Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň baş ýerine ýetiriji direktory jenap Peter Tilsi kabul edi.

Döwlet Baştutanymyza duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhmanlar “Doýçe Bankyň” dünýä bazarynda örän jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goldaw berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar. Türkmenistan bilen işjeň aragatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurduň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwaty nukdaýnazaryndan uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ähli möhüm ugurlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak babatda giň möçberli syýasaty tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirýän Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maliýe düzümleriniň işläp taýýarlamalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini nygtap, Germaniýanyň bu iri bank düzümi bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz häzirki döwürde türkmen-german hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän hem-de döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen iri möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçiligi babatda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

“Doýçe Bankyň” hyzmatdaşlary bolan we giň ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge çalyşýandyklary hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen badalga berlen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýandyklary bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, dürli pudaklar boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine nemes maýadarlarynyň işjeň çekilmegi bilen baglanyşykly meseleler söhbetdeşligiň özenini düzdi. Şeýle hem bank-maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy. Şeýle hem duşuşykda bilim ulgamynda, Türkmenistan üçin ýokary hünärli i şgärleri taýýarlamak babatynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ylalaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhmanlar ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän özara peýdaly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.