Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň Merkezi meýdançasynyň abadanlaşdyrylyşynyň barşy hem-de bu ýerdäki seýilgähde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbiniň gözelleşmegini şertlendirýän Merkezi meýdançany abadanlaşdyryp gurmak işleri şähergurluşyk ulgamynda ýurdumyzyň işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolan “VINCI Сonstrukction Grands Projets” fransuz kompaniýasyna ynanyldy.
Döwlet Baştutanymyz Merkezi meýdançany we bu ýerde alnyp barylýan işleri gözden geçirmegiň barşynda seýilgähiň bütin dowamynda ekilen dürli baglaryň we bezeg ösümlikleriniň görnüşlerini bilen tanyşdy. Bu ýerde suw çüwdürimler bilen utgaşyklykda dürli güller ekilipdir, ak mermerli paýtagtymyzyň şu künjeginiň umumy gözelligine gabat gelýän ajaýyp yşyklandyryjylar oturdylypdyr.
Milli Liderimiz bu künjegiň paýtagtymyzyň taryhy merkezine kybap derejede abadanlaşdyrylmagyna ünsi çekip, meýdançanyň bagy-bossanlyga bürelmeginiň, bu ýerdäki seýilgähde adamlaryň dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýerasty geçelgeleri, ýanýodalary, şeýle hem zerur bolan beýleki ýol düzümlerini döretmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.
Şunda milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen paýtagtynyň umumy binagärlik keşbi babatda bu ýerde bar bolan döwrebap binalar bilen birlikde ak mermerli Aşgabadyň merkezinde gurulýan ähli desgalaryň sazlaşykly utgaşmagy şu günüň möhüm talaby bolup durýar. Gurluşyk taslamalary işlenip taýýarlanylanda her bir desganyň aýratynlygy nazara alynmalydyr, olar bina edilende bolsa mili binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşyklylykda öňdebaryjy tejribeleriň peýdalanylmagy zerurdyr. Şunda ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagy we bagy-bossanlyga bürelmegi bilen baglanyşykly işlere aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy şaýoly bilen A.Nowaýy köçesiniň aralygynda ýerleşýän, gurluşygy tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýan seýilgäh zolagynyň bu künjekdäki böleginiň döwrebap keşbe eýe bolmagy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem milli Liderimiz Merkezi meýdançada oturdylan ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň ýanynda saklanyp, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň baş şäheriniň her bir babatda nusgalyk derejede bolmalydygyny, paýtagtymyzda şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ähli amatlyklaryň döredilmelidigini, ak mermerli Aşgabadyň taryhy merkezinde bina edilýän we ozal bar bolan desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Merkezi meýdançany gurşap alan binalara döwrebap keşbiň berilmeginiň bu ýerde özboluşly binagärligiň, ajaýyp şäher gözelliginiň kemala getirilmeginiň şerti bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde şanly senelerimiz mynasybetli medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen meýdançalaryň we dürli desgalaryň bardygyny, olarda her künjegiň aýratynlygy nazarda tutulyp, degişli dabaralary guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Merkezi meýdançasynda dürli derejedäki medeni çäreleri, şöhratly seneler mynasybetli dabaralary geçirmek üçin peýdalanmagyň babatda maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýer M.Ýazmuhammedowa birnäçe görkezmeleri berdi.
Günsaýyn gözelleşýän Aşgabat şäheri bu gün özüniň ajaýyplygy, binagärlik keşbi bilen görenleri haýran galdyrýar. Hut şonuň üçin täze desgalar, gurlup ulanmaga berilýän döwrebap binalar we olaryň bezeg we binagärlik aýratynlyklary paýtagtymyzyň keşbine sazlaşykly goşulmalydyr diýip. döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň taryhy merkezinde ýerleşýän meýdançanyň halkymyz üçin iň bir gelim-gidimli ýere öwrüljekdigini aýtmak bilen, bu künjekde ekilen bag nahallaryna, dürli güllere degişli derejede idegiň ýola goýulmalydygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.