Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 1061
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen milli parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasat babatda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işleri barada habar berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy şeýle hem Lebap welaýatynda geçiriljek Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamakda deputatlaryň ministrlikler we pudak edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen işjeň hem-de sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyny nygtady. Häzirki döwrüň talaplaryna hem-de halkara kadalaryna we ülňülerine laýyk gelýän täze kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletini we jemgyýetini has-da ösdürmekde, ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde Ýaşulular maslahatynyň aýratyn ornuny nygtap, bu çäräni ýokary guramaçylyk drejesinde geçirmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol 2013-2017-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi babatda DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ženewada ministrler derejesinde geçirilen “Sebitleýin nukdaýnazar – 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş pudagynda gün tertibini ýerine ýetirmek maksady bilen, seljeriş we hasabatlylyk” atly sebit maslahatlaşmalarynyň işine gatnaşmagynyň netijeleri barada habar aýdyldy.

BMG-niň Ýewropa ykdysady topary hem-de Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin BMG-niň sebit ösüş topary tarapyndan guralan maslahat Şweýsariýanyň Hökümetiniň başlyklyk etmeginde geçirildi. Maslahatlaşmalaryň barşynda BMG-niň howandarlygynda netijeli köptaraplaýyn özara hereketleri has-da pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Munuň özi hyzmatdaşlyk etmegiň bilelikdäki netijeli başlangyçlaryny we nusgalaryny işläp taýýarlamak we umuman, öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam eder. Seljerişiň hem-de hasabatlylygyň umumy ulgamynda sebitleýin derejäniň orny we beýleki wajyp meseleler gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada bolmagynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň iri düzümleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň baş direktory bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşyklaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti we wajyplygy aýratyn bellenildi. Şunda BMG-da we beýleki hyzmatdaş guramalarda Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegindäki goşandyna ýokary baha berilýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenstanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň abraýly halkara guramalary bilen giň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýandygyny nygtady. Şunda strategiki häsiýete eýe bolan BMG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, biziň ýurdumyzyň BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyk etmek meselelerine täze pikirleri öňe sürmek arkaly çemeleşýändigini belledi. Türkmenistan möhüm wezipeleriň hem-de döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň ýörelgä eýermek bilen, parahatçylyk we döredijilik mümkinçiligini bütin adamzadyň hyzmatyna goýmaga, BMG-niň yglan eden Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna ýetmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmäge çalşyp, bu ugurda anyk, yzygiderli çäreleri görýär. Muňa ýurdumyzyň Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň hereket edýän döwri tamamlananda 2015-nji ýyldan soňky döwürde dünýäniň gün tertibini işläp taýýarlamak işine gatnaşmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

BMG tarapyndan berlen hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen halkara bileleşiginiň tagallalaryna, ählumumy durnukly ösüş üçin has oňaýly şertleri döretmek işine mundan beýläk-de önjeýli goşant goşar diýip, milli Liderimiz nygtady. Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak hem-de ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli halkara başlangyçlarynyň öňe ilerledilmegi bilen baglanyşykly birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy hem-de türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenbaşy şaýolundan A.Nowaýy köçesine çenli aralykdaky seýilgähi döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depgini barada aýdyldy. Bu ýerde seýilgäh zolagyny döretmek şol sanda baglaryň we dürli gülleriň täze görnüşlerini ekmek, ýerasty pyýada geçelgelerini suw çüwdürimlerini gurmak göz öňünde tutulýar.

Hasabatyň çäklerinde şöhratly sene bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi barada habar aýdyldy. Baş baýramçylygymyzyň hormatyna türkmen paýtagtynyň dürli künjeklerinde gurlan häzirki zaman binalarynyň ençemesi ulanmaga tabşyrylar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwrebap Aşgabadyň binagärlik keşbiniň kemala getirilişiniň meselelerine ünsi çekip, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň depginini saklamak üçin degişli çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Şunda gurluşyk pudagynda iň döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen birlikde, paýtagtymyzda gurulýan täze binalaryň töweregindäki ýerleri abadanlaşdyrmak meseleleri örän oýlanyşykly çözülmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli desgalaryň açylmagyna taýýarlyk görmek meselesiniň üstünde durup geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göz öňünde tutulýan işleriň bellenilen möhletde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa öňümizdäki aýda geçiriljek çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi. Maksatnama oktýabr aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, medeni we sport çäreleri hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda ýaýbaňlandyryljak köpçülikleýin dabaralar girizildi. Ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna sergiler, konsertler, teatrlaşdyrylan çykyşlar we beýleki sahna oýunlary guralar.

Oktýabr aýynda ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda senagat hem-de durmuş-medeni maksatly desgalary dabaraly ýagdaýda açmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede guramak, şeýle hem täze binalary ulanmaga bermek bilen bagly çäreleri geçirmek meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda uly dabaralary guramakda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň we ulanmagyň wajypdygyny nygtap, biziň baýramçylyklarymyza özboluşly milli öwüşgünleriň, gaýtalanmajak türkmen toýunyň şatlygynyň mahsus bolmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň iň gowy däplerini aýawly saklamakda we ösdürmekde, ýaş nesli watançylyk we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde medeniýet ulgamynyň üstüne ýüklenen wezipeleriň örän wajypdygyny nygtap, bu meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamak, öňümizdäki baýramçylyk hem-de medeni çäreleri ýokary derejede guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Ýazmuhammedowa ýüzlenip, Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa bilen bilelikde Aşgabat şäherinde täze gurulýan Ýadygärlikler toplumy bilen bagly zerur bolan kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Mejlisi baýramçylyk we hatyra günleri baradaky ýurdumyzyň kanunçylygyna täzeden seretse we oňa degişli üýtgetmeleri girizse, maksadalaýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Baýramçylyk we hatyra günleri bilen bagly täze kanunçylyk namalary kabul edilensoň, bu ugurda öň hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalary güýjüni ýitirer. Şeýle hem täze Ýadygärlikler toplumynda baýramçylyk we hatyra çärelerini geçirmegiň anyk tertibini işläp düzmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat bermek bilen, nebitgaz toplumynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän işler barada habar berdi. Hususan-da, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni tarapyndan geçirilen degişli bäsleşigiň esasynda has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 12 gatly 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň we durmuş maksatly desgalar toplumynyň, şol sanda saglyk öýüniň, hyzmatlar öýüniň, awtoduralganyň hem-de dynç alyş meýdançanyň gurluşygynyň meýilleşdirilendigi habar berildi. Wise-premýeriň hasabatynyň çäklerinde täze guruljak desgalaryň taslamalary görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, görkezilen ýaşaýyş jaýlaryny we durmuş maksatly desgalar toplumyny paýtagtymyzda gurmak bilen bagly kararyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlendi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adamlar hakynda hemmetaraplaýyn aladanyň, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, şol sanda halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işgärleri üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmegiň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýandygyny belledi. Häzir ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň işgärleriniň maşgalalarynyň müňlerçesi ak mermerli paýtagtymyza özboluşly bezeg berýän ajaýyp jaýlarda ýaşaýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmalary boýunça halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy geljekde-de dowam eder diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamanyň taslamasyny makullap we degişli karara gol çekip, wise-premýere gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagy we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi bilen bagly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz hökümet Baştutanynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berdi. Gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, wise-premýer 2014-2015-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýän daşary ýurtly raýatlary okuwa kabul etmek hakynda buýrugyň taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Hususan-da, bilim babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetleriniň arasyndaky ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta-hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakyndaky düzgünnamany tassyklamak hakynda 2013-nji ýylyň 19-njy aprelinde gol çeken kararyna laýyklykda, Owganystanyň raýatlarynyň toparyny, şeýle hem Täjigistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlaryny, Eýran Yslam Respublikasyndan bolan ýaşlary kabul etmek bellenildi.

Soňra wise-premýer 2014-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 17-nji oktýabry aralygynda 188 zyýaratçyny haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem 20-27-nji sentýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Mekdep medeni-sport festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Sport baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri bilen bilelikde Ählirussiýa mekdep sportunyň federasiýasy guramaçylar bolup çykyş edýän festiwalyň maksatnamasyna mekdep toparlarynyň arasynda kiçi futbol, kenarýaka woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, basketbol boýunça ýaryşlar we beýleki çäreler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2014-2015-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine daşary ýurt raýatlaryny kabul etmek hakynda buýruga gol çekip, şunuň ýaly iş tejribäni giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de wise-premýere resminamanyň ýerine ýetirilişine we daşary ýurtly talyplaryň okamagy üçin mynasyp şertleriň üpjün edilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz türkmen zyýaratçylarynyň musulmanlaryň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy günlerinde Mekgede we Medinede mukaddes däp-dessurlary berjaý etmekleri üçin ol ýere gidip-gelmegini guramak baradaky meselä geçip, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

GDA ýurtlaryň Mekdep medeni-sport festiwalynyň ähmiýeti barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu forumyň bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemekde, ýaş türgenleri taýýarlamakda, çagalar sportuny ösdürmekde, şeýle hem bu pudakda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we ýurdumyzyň sport abraýyny ýokarlandyrmakda uly goşanda öwrülmegine gönükdirilendir diýip belledi. Milli Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda çagalar forumynyň ähli çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat bermek bilen, häzir welaýatlarda pagta hasylyny ýygnamagyň işjeň alnyp barylýandygyny aýtdy. Ýetişdirilen pagta hasylyny kombaýnlaryň kömegi bilen ýygnamak üçin ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işleri geçirilip, ýygyma köpçülikleýin girişildi. Pagtaçylar bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Güýzlük bugdaý ekişi hem agrotehniki kadalara laýyklykda dowam edýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda agrotehniki möhletlerde gögeriş almak maksady bilen gögeriş suwuny tutmak işleri geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-permýeriň ünsüni pudagy ösdürmekde bellenilen sepgitlere ýetmek üçin zerur bolan ähli çäreleri görmäge çekdi. Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymy barada durup geçmek bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümini öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigini nygtady. Bu işler obasenagat toplumynyň ykdysady netijeliligini artdyrmak, eksport kuwwatyny berkitmek, ýurdumyzyň dokma senagatyny çig-mal bilen üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Milli Liderimiz oba hojalyk pudagynyň ähli kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini nazara almak bilen, ekiş möwsüminiň hem ýurdumyzyň daýhanlary üçin jogapkärli synag bolup durýandygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Satlykow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat bermek bilen, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda Aşgabat şäherinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň barşy hakynda habar berdi. Bellenilşi ýaly, toplumyň taslamasyna görä, sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyply täze ýolagçylar terminalynyň uzynlygy 3800 metr bolan emeli uçuş-gonuş zolagynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Hasabatyň çäklerinde toplumyň tehniki desgalaryny tapgyrlaýyn gurmak boýunça amala aşyrylýan işler hakynda habar berildi. Wise-premýer şeýle hem “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň edara binasynyň gurluşyk işleriniň tamamlanyp, häzirki wagtda daş-töwereginiň abadanlaşdyryş, bezeg işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu binada gullugyň bölümleriniň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen iş otaglary, mejlisler zallary we beýleki desgalar ýerleşer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň baş “howa derwezesi” hasaplanýan Aşgabat şäheriniň howa menziliniň sebit we halkara ähmiýetli möhüm ulag merkeziniň derejesine eýe bolýandygyny, munuň bolsa taslamanyň her bir bölümine örän oýlanyşykly çemeleşilmegini talap edýändigini belledi. Täze Halkara howa menzilinde ýolagçylar üçin örän amatly we ýokary hilli hyzmatlaryň üpjün edilmelidigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu ýerde işgärleriň amatly işlemegi üçin degişli şertleri göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz täze howa menziliniň gurluşygynda işleri ýokary hilli guramak we utgaşdyrmak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen bagly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Artykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň ýaşaýyş jaý biržasyny döretmek boýunça geçirilen işler barada habar berdi.

Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak hem-de “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen şu ýylyň aprel aýynda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň göni (salgyly) görnüşinde—muzdsuz berilmeginiň tertibini we Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň satyn alynmagynyň tertibini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň besleşikli söwdasyny guramagyň we geçirmegiň tertibiniň” taslamasynyň taýýarlanandygy barada habar berildi. Bu resminama bäsleşikli söwdada ýaşaýyş jaýlarynyň satyn alynmagy görnüşinde hususylaşdyrmagyň, bäsleşikli söwdalary guramagyň we geçirmegiň, bäsleşikli söwdalar arkaly ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga isleg bildirýän adamlaryň şeýle söwdalara gatnaşmagynyň, bäsleşikli söwdalary guramaçy, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary we Geňeşler, pudaklaýyn ýaşaýyş jaý gaznasyny hasabynda saklaýjy düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirer.

Milli Liderimiziň tabşyryklary esasynda degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan Ýaşaýyş jaý biržasyny döretmek boýunça teklipler işlenilip taýýarlanyldy. Ol ýaşaýyş jaýlarynyň bäsleşikli söwdasyny guraýan we amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edarasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli kararyň taslamasy hödürlenildi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny 2014-2019-njy ýyllarda gurmagyň maksatnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Hormatly Prezidentimiziň degişli kararyny durmuşa geçirmek maksady bilen, pudaklaýyn edaralaryň gatnaşmagynda “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan işlenip taýýarlanylan bu maksatnamada umumy uzynlygy 1676 kilometr bolan “Türkmenbaşy-Farap” we “Aşgabat-Daşoguz” ugurlary boýunça döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny gurmak üçin ýol gurluşyk işleriniň möçberleri we olary gurmagyň iş meýilnamalary, awtomobil ýollaryny gurmak üçin zerur bolan magdan däl gurluşyk serişdeleriniň mukdary hem-de bu ýollary gurup, ulanmaga bermek üçin zerur bolan maliýe serişdeleriniň hasaplamalary ýerleşdirildi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, “Türkmenbaşy-Farap” awtomobil ýolunyň ugrunda Tejen, Mary we Türkmenabat şäherleriniň daşyndan aýlaw ýollaryny, emeli desgalary, köprüleri we estakadalary gurmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, bu ýoluň, şeýle hem “Aşgabat-Daşoguz” awtomobil ýolunyň ugrunda kempingleri hem-de beýleki hyzmat ediş nokatlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilişini 2019-njy ýylyň sentýabrynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny bellenen möhletlerde ulanmaga bermek maksady bilen işlenip taýýarlanan maksatnama hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we Biržany döretmek meselesi barada durup geçip, ýaşaýyş jaý ulgamynda hususylaşdyrmak babatda mýeilnamalary yzygiderli durmuşa geçirmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezdi. Munuň özi ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga ýardam etmelidir.

Milli Liderimiziň nygtaýyşy ýaly, “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň dowamy boldy. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy, döwletimiz tarapyndan ygtybarly durmuş kepillikleriniň berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz “Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Ýaşaýyş jaý biržasyny döretmek hakyndaky” Karara gol çekip we bu ädimiň ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy, her bir maşgala üçin oňaýly ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge, gönükdirilendigini belläp, bu resminamanyň ähli düzgünleriniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Şunda döwlet Baştutanymzyň wise-premýere Ýaşaýyş jaý biržasynyň paýtagtymyzda, soňra bolsa onuň düzümleriniň ýerlerde işini talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny 2014-2019-njy ýyllarda gurmagyň maksatnamasyna geçip we ony, umuman, makullap, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady babatda okgunly ösmeginde, şeýle hem onuň bu möhum ulgamdaky ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda ulag ulgamynyň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Aşgabat-Daşoguz” we “Türkmenbaşy-Farap” awtomobil ýollarynyň, şeýle hem ýol-ulag düzüminiň beýleki desgalarynyň gurluşygy boýunça işleriň ýokary hilini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz bu işde öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de innowasion işläp taýýarlamalaryň giňden ulanylmagynyň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler, bu ugurda mineral dökünleri öndürjek täze kärhanany ulanmaga bermek boýunça işleriň barşy barada hasabat berdi. Wise-premýer Mary şäherindäki işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan ammiak we karbamid öndürýän zawodlaryň gurluşygy barada hem habar berdi. Bellenilşi ýaly, şol kärhanalarda häzirki wagtda degişli önümçilik-tehniki synaglar dowam edýär.

Şeýle hem hasabatda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurulýan Garlyk kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumy üçin türkmen hünärmenleriniň taýýarlanylyşy barada aýdyldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, örän baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen döwletiň bu pudaga dünýä bazarynda isleg bildirilýän mineral önümleri çykarmaga degişli önümçilik düzümlerini ösdürmek üçin ägirt uly maýa goýumlaryny goýýandygyny belledi. Şu babatda döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň ünsüni Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň hem-de Mary şäherindäki ammiak we karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna çekdi. Pudagyň öňünde üstünlikli çözülmeli esasy meseleleriň biriniň täze häzirki zaman kärhanalarynda zähmet çekjek ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow şu ýylyň 9-12-nji oktýabr aralygynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde Türkmenistanyň önümleriniň hem-de şu ýylyň 25-30-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Belarus önümleriniň sergi-ýarmarkalaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berip, degişli kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, özara haryt dolanyşygyny giňeltmek, şeýle hem iki ýurduň önüm öndürijileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek we gatnaşyklary giňeltmek maksadynda sergi-ýarmarkalary guramak hem-de olary ikitaraplaýyn işewür duşuşyklaryň çäklerinde geçirmek barada degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän edaralarynda işleri döwrebaplaşdyrmak babatda guramaçylygy gowşadandygy üçin nägilelik bildirip, bazarlardaky önümleriň hilini hem-de ýurdumyzyň söwda toplumynyň kärhanalary tarapyndan hyzmat etmegiň ýokary medeniýetini üpjün etmek boýunça ulgamlaýyn çäreleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew şu ýyl ykdysadyýet toplumynyň edaralary tarapyndan maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada habar berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndaky Buýrugyna laýyklykda, iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 410-syny ulanmaga bermek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagta çenli umumy bahasy 4,2 milliard manat bolan binalaryň we desgalaryň 119-synyň gurluşygy tamamlanyp, işe girizildi we 7504 täze iş orunlary döredildi. 291 desganyň gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar, olaryň 116 synyň sentýabr-oktýabr aýlarynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Galan 175 desgada gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär, olary ýylyň ahyryna çenli ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär. Emma geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Jemagat hojalygy ministrliginiň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň buýurmalary boýunça bina edilýän desgalaryň 22-sinde işleriň pes derejede alnyp barylýandygy ýüze çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen ykdysadyýetini has-da berkitmäge, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy. Milli Liderimiz ykdysadyýet toplumynyň düzümine uly ministrlikleriň we edaralaryň, ylmy-barlag institutlarynyň, Statistika barada döwlet komitetiniň hem-de Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň girýändigine garamazdan, ykdysadyýetiň ösüşine we dürli ulgamlaryň maliýe ýagdaýyna seljermeleri geçirmek boýunça işleriň degişli derejede alnyp barylmaýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Goçyýewiň gözegçilik edýän edaralarynyň we kärhanalarynyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirmek bilen, maliýe-ykdysady düzümleriň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzda maliýe durnuklygyny saklamak we maýa goýumlary üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz möhüm desgalary gurmak üçin goýberilýän maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek barada hem görkezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.