Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ekerançylyk meýdanlarynyň medeniýeti we hasyllylygy ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de kärendeçiler üçin döredilen amatlyklar bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylan welaýatlaryň durmuş-ykdysady ösüşine degişli meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli üns berýän meseleleridir. Döwlet Baştutanymyz ýerlerde alnyp barylýan işleriň netijeliligine göz ýetirmek üçin, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolup, häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümi kemala getirmegi üpjün edýän milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen yzygiderli tanyşýar.
Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyna guran iş saparynyň barşynda Baharly etrabynyň “Durun” daýhan birleşigine degişli pagta meýdanlarynyň deňinde saklandy. Bu ýerde daýhan birleşigiň kärendeçisi Gurbannazar Gurbannazarowyň kärendesine alan gowaça meýdany bar. Kärendeçi daýhan 5 gektar ýere gowaça ekmek bilen, bereketli hasyl kemala getirmek ugrunda yhlasly zähmetini gaýgyrman işledi. Ussat daýhan bu ýerden 15 tonna pagta hasylyny almagy meýilleşdirýär.
Oba ýaşaýjylarynyň durmuşy, olaryň öndürijilikli işi we göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmek babatda oba ýerlerinde alnyp barylýan işlere aýratyn üns berýän milli Liderimiz kärendeçi bilen içgin söhbetdeşlik etdi. Hormatly Prezidentimiz öňi bilen daýhanyň ekin ýerleri, iş şertleri, kärendeçiler üçin döredilýän mümkinçilikler, ondan peýdalanmagyň netijeliligi bilen gyzyklandy.
Kärendeçi daýhan G.Gurbannazarow ilki bilen daýhanlar üçin örän amatly şertleriň döredilýändigni, oba adamlarynyň amatly ýaşaýşy, öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur bolan mümkinçilikleriň üpjün edilýändigini buýsanç bilen belläp, munuň üçin milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy. Kärendeçi daýhanyň belleýşi ýaly, soňky ýyllardy oba adamlaryna, ekerançy daýhanlara berilýän üns, olar üçin döredilýän mümkinçilikler has-da artdy.
Hormatly Prezidentimiz ýakynda “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginde ulanyşdan galan oba hojalyk tehnikalaryny kärendeçi daýhanlara muzdsuz bermek baradaky çözgüdiň kabul edilendigini, onuň kärendeçileriň zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy ugrunda edilýän aladanyň bir bölegidigini belledi. G.Gurbannazarow bu çözgüdiň kärendeçi daýhanlar üçin uly kömekdigini belläp, özüniň hem şol tehnikalardan alandygyny, häzirki döwürde ony ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna abatlaýandygyny guwanç bilen gürrüň berdi.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň barşynda türkmen obalarynyň keşbi düýpli özgerdi. Bu bolsa oba adamlarynyň bagtyýar durmuşyň hözirini görmeklerini we işe bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny şertlendirdi.
Kärendeçiniň aýtmagyna görä, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Durun obasynda hem medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy yzygiderli alnyp barylýar. Oba ýerinde medeni çäreleri ýokary derejede geçirmäge niýetlenen medeniýet merkeziniň, döwrebap çagalar bagynyň hem-de köpugurly sport toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi oba adamlarynyň ruhuny göterip, olaryň häzirki döwre bolan guwanjyny goşalandyrdy diýip, daýhan gürrüň berdi. Ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap türkmen obalary emele gelýär. Munuň özi adam hakdaky aladany esasy wezipe edinen döwletimiziň ileri tutýan meseleleriniň biridir.
Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlaryndaky ýagdaý, güýzlük bugdaý ekişiniň barşy, pagta ýygymy boýunça möwsümleýin işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, kärendeçiniň gazanjy, onuň maşgala agzalary we beýleki ýagdaýlar bilen tanyşdy. Kärendeçi daýhan G.Gurbannazarow Türkiýede ulag ussasy hünär boýunça bilim alan hem bolsa, ata-baba gelýän daýhançylyk kärini dowam etmegi makul bilendigini, şeýlelikde, ykbalyny topraga baglandygyny we yhlasly zähmeti bilen rysgal-döwlet tapandygyny gürrüň berdi.
Şeýle hem ol häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan, oba hojalygynda geçirlýän özgertmeleriň oňyn netije berýändigini döwrüň özi tassyk etdi diýip belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman ösen köpugurly düzümi bolan türkmen obasynyň täze keşbi kemala geldi.
Häzirki döwürde daýhanlar üçin edilýän aladanyň netijeliligi, hili ýokarlandy. Kärendeçi daýhanlar zerur bolan ähli mümkinçiliklerden, ýerden, suwdan, tehnikadan, dökünden netijeli peýdalanýarlar. Olaryň ekin üçin zerur bolan saýlama tohumlar, dökünler we beýleki serişdeler bilen üpjünçiligi has-da gowulandy. Obasenagat toplumynyň ykdysady taýdan netijeliliginiň ýokarlanmagyny we şunuň bilen birlikde, oba ýaşaýjylaryna zähmet çekmek we oňaýly durmuş üçin mynasyp şertleri üpjün etmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçiriler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýaty boýunça guran iş sapary mahalynda ýanynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçysy bu ýerde ösdürilip ýetişdirilen gowaça meýdanlaryna girip, pagta ýygmaga başladylar.
Wise-premýerleriň bilelikde ýygnan pagtasyndan doldurylan haltany hormatly Prezidentimiz, ine, bu hem seniň bol hasylyňa hökümet agzalarynyň goşandy bolsun diýip, ony kärendeçä gowşurdy. Daýhan bu pagtany uly hoşallyk bilen eline alyp, bu wakanyň öz ömründe ýatdan çykmajak pursatlara öwrülendigini, hormatly Prezidentimiziň we hökümet agzalarynyň kärende ýerine gelip hal-ahwal soraşmagy, armasyny ýetirmegi hem-de olaryň umumy hasyla goşan goşandy özleri üçin aňrybaş hormatdygyny aýratyn nygtady we ýene bir ýola taňryýalkasyn aýtdy.
Milli Liderimiz kärendeçi daýhan G.Gurbannazarowa degişli gowaça meýdanlarynda ýetişen bol hasyly ýgynap ýören pagtaçylaryň ýanyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde kärendeçi daýhanyň maşgala agzalary we ýygyma gatnaşýan pagtaçylar bilen gürrüňdeş boldy. Olaryň armasyny ýetirdi hem-de kärendeçileriň iş-durmuş ýagdaýlary, kärendeçiliklen alýan girdejileri bilen gyzyklandy.
Olar soňky ýyllarda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde daýhanlaryň iş we durmuş şertleriniň has-da gowulanandygyny, obada dürli maksatly binalaryň yzygiderli gurulýandygyny, bagtyýar nesilleriň täze gurlan döwrebap çagalar baglarynda terbiýelenýändigini, oba adamlary üçin kaşaň medeniýet merkeziniň, sport toplumynyň hereket edýändigini guwanç bilen aýtdylar we munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Döwletimiziň oba adamlary, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy, oba hojalygynda täze öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy babatda yzygiderli alada etjekdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, daýhanlaryň girdejilerini artdyrmak babatda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daýhanlar üçin ähli zerur şertleri döretmek we olary has kämil, kuwwatly oba hojalyk tehnikalary, dökün, suw bilen doly üpjün etmek ugrunda, mineral dökünleriň dürli görnüşlerini ýeterlik möçberde öžümizde öndürmek babatda yzygiderli alada ediljekdigini aýtdy.
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, mineral dökünleriň önümçiligini artdyrmak boýunça kuwwatly kärhanalaryň gurulýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz halal zähmet çekip, bol hasyl öndürýän daýhanlara, kärendeçilere döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz daýhançylyk ýaly asylly käre baş goşan kärendeçilere we beýleki ýygymçylara sowgatlar gowşurdy. Olar munuň üçin milli Liderimize tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz kärendeçi daýhanlara, ýygymçylara berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw edip bu ýerden ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Baharly etrabynyň çäginde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, täze, döwrebap obany döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde yzygiderli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler, ýurdumyzyň uzakmöhletleýin geljegi üçin ösmegini göz öňünde tutýan meýilnamalar özüniň oňyn netijesini berýär. Şeýlelikde, oba ýerleriniň abadançylygynyň, netijeliliginiň esaslary pugtalandyrylýar we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Durmuş ulgamynda döwlet syýasatynyň halkyň bähbidine gönükdirilmegi, zähmet haklarynyň we ilatyň beýleki girdejileriniň ýokarlanmagy adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ösmegini şertlendirýär.
Ýurdumyzyň sebitlerinde gurulýan döwrebap obalary synlanyňda oba adamlary üçin döredilýän şertleriň ýokarlanýandygyna, raýatlarymyzyň ýaşaýan ýerlerine garamazdan, olaryň ählisi üçin durmuş hyzmatlarynyň hiliniň gowulanýandygyna we ähli mümkinçililikleriň üpjün edilýändigine göz ýetirýärsiň. Soňky ýyllarda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda obasenagat toplumyny düýpli özgertmäge gönükdirilen çäreler özüniň oňyn netijesini berýär.
Oba ýerlerinde kömekçi hojalygy alyp barmak üçin mellek ýerleriniň bölünip berilmegi, özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýörite ýer gaznalarynyň möçberiniň tassyklamagy we bu babatda ýeňillikli karz serişdeleriniň girizilmegi ýerlerde döwrüň ruhuna laýyk gelýän döwrebap obalaryň köpçülikleýin döremegini şertlendirdi. Bu babatda Ahal welaýatynyň çäklerinde netijeli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellemeli.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan giň möçberli işler halkymyzyň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyny üpjün edýär, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de, gülläp ösmegi üçin ygtybarly esasy döredýär.