Ï Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 801
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownag Ibragim Ogly Abdullaýewi kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Ol dostlukly türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz Azerbaýjanyň döwlet baştutanyna we halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollap, häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däpleriniň esasynda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belledi.

Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin strategiki ugur bolan energetika ulgamynda özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Nebitiň we gazyň iri ýataklaryna eýe bolan Hazarýaka döwletleriň ikisi hem bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berýärler. Şeýle-de, ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy ýurduň geljekde hem däbe öwrülen hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda giňeltmegi göz öňünde tutýandygy nygtaldy.

Türkmenistan we Azerbaýjan halkara giňişliginde özara gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bolup, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmegiň amatly ýollaryny gözlemekde öz tagallalaryny birleşdirýärler. Dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek şol meseleleriň hatarynda aýratyn orun eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtybarlylygy we durnuklylygy hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalarynyň, şeýle hem türkmen tarapynyň degişli ugurda kabul edýän nobatdaky ädimleriniň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk usulyny taýýarlamak baradaky halkara bilermenler toparyny döretmek boýunça ädimleriniň möhümdigi bellenildi.

Eksport ýangyç geçirijileriň köpugurly ulgamyny döretmek boýunça Türkmenistanyň strategiýasynyň netijeliligi barada aýtmak bilen, Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Hazarýaka sebitiniň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam etjek netijeli işewür gatnaşyklaryny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şol strategiýanyň çäklerinde Hazarýaka döwletlerine eýýäm uly ykdysady bähbit getirýän iri möçberli taslamalaryň ençemesi yzygiderli we üstünlikli amala aşyrylýar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli energetiki taslamalarynyň, şol sanda nebiti we gazy gaýtadan işlemek hem-de içeri we daşary bazarlarda uly isleg bildirilýän ýangyç-çalgy serişdelerini öndürmek boýunça taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hoşlaşanlarynda köpugurly döwletara aragatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeljekdigine hem-de türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky gadymdan gözbaş alýan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine ynam bildirdiler.