Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň edara binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň edara binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 1056
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň täze Halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýän edara binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllyra üçin milli maksatnama” işlenip taýýarlanyldy. Ol üç döwri: 2012-2015-nji ýyllary, 2016-2020-nji ýyllary we 2021-2030-njy ýyllary öz içine alýar.

Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň buýurmasy esasynda “Polimeks Inşaat Taahhüt ve San.Tic. A.Ş.” türk kompaniýasy Aşgabat şäherinde geçirijilik ukyby sagatda 1600 ýolagça deň bolan täze Halkara howa menziliniň gurluşygyny alyp barýar.

Gurluşyk iki tapgyry öz içine alýar. Esasy ýolagçylar terminalynyň gurulýan döwründe ýolagçylara ýokary derejede hyzmat edilmegini guramak üçin häzirki hereket edýän menziliň ýerinde birinji tapgyryň barşynda 2-inji ýolagçy terminalynyň, wagtlaýyn VIP-terminalynyň, howa gämileri üçin duralgalaryň, öwrüm ýollarynyň, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň edara binasynyň hem-de beýleki birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygy amala aşyryldy.

... Şanly waka mynasybetli gullugyň täze binasy baýramçylyk lybasyna beslenip, bu ýerde ruhubelentlik we joşgunlylyk ýagdaýy äşgär duýulýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem howa menziliniň işgärleri mähirli garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desseleri gowşurylýar.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygynyň binany ulanmaga bermegiň taýýarlygy hakynda habaryny kabul edýär.

Şanly waka mynasybetli uçarmanlaryň lybasyna beslenen çagalar milli Liderimizi joşgunly goşgy setirleri bilen mübärekleýärler.

Bu ýere ýygnananlar “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” howa-ulag kärhanasynyň “Laçyn” toparynyň ajaýyp ýerine ýetiren aýdym-sazly, tansly çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz gullugyň edara binasynyň girelgeçine barýar hem-de dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmagynda däbe öwrülen toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär.

Bu ýerde “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň işgärleri döwlet Baştutanymyzy täze binanyň üpjün edilişi bilen tanyşdyrýarlar.

Milli Liderimiz gullugyň täze edara binasyny gözden geçirip, onuň milli äheňde bezelişine üns berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz iş otaglary bezelende “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna mahsus bolan nyşanlary ulanmagy maslahat berdi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň edara binasy täze halkara howa menziliniň ýanynda ýerleşip, ýanaşýk ýerleri abadanlaşdyrylan bäş gatly binadan ybaratdyr.

Binanyň birinji gatynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň umumy bölümi, merkezi arhiwi, dolandyryş-hojalyk bölümi, ýörite gorag enjamlary bolan kassa, harbylaşdyrylan gorag gullugynyň iş otagy, şeýle hem ähli amatlyklary bolan sport zaly, we beýleki ýöriteleşdirilen otaglar ýerleşýär.

Binanyň ikinji gatynda sinhron terjimeler üçin ýörite enjamlaşdyrylan otagly, ses gataldyjy enjamlar bilen üpjün edilen 200 orunlyk mejlisler zaly, lukmançylyk bölümi, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň, hukuk bölüminiň, işgärler bölüminiň, ýokary tehnologiýalar, ýörite kitaphanasy bolan tehniki ulanyş we uçuş ýaramlylygy bölüminiň iş otaglary, uçuş howpsuzlygy gullugynyň işgärleri üçin otaglar ýerleşýär.

Binanyň üçünji gatynda uçuşlaryň ulanyş bölüminiň, howa hereketini dolandyryş gullugynyň, 6-njy ýöriteleşdirilen howa eskadriliýasynyň, ýöriteleşdirilen kartografik taýýarlygy bölüminiň, terjimeçiler bölüminiň, güwälendiriş we ygtyýarlandyryş bölüminiň iş otaglary, awtomatlaşdyrylan telefon bekedine hyzmat edýän işgärleriň iş otagy, serwer enjamlarynyň we beýlekileriň otaglary ýerleşdirildi.

Binanyň dördünji gatynda maliýe-ykdysady bölüm, buhgalteriýanyň gözegçilik-derňew bölümi, howa menzillerini ulanyş we düýpli gurluşyk bölümi, şertnamalar we halk hojalygynda uçarlary ulanyş bölümi, önümçiligi we daşary-ykdysady gatnaşyklary guraýyş bölümi ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiz gullugyň edara binasynyň gurluşy bilen tanyşmagyny dowam etmek bilen, binanyň bäşinji gatyna barýar hem-de onuň tehniki üpjünçiligi we işgärleriň iş şertleri bilen içgin gyzyklanýar.

Bu ýerde Merkezi önümçilik-dispetçer gullugy, tehniki bölüm we howa giňişliginde howa gämileriniň uçuşyna gözegçilik etmek üçin niýetlenen ADS-B Flight Radar ulgamy, meýilleşdiriş topary, howa hadysalaryny seljermek üçin enjamlaryň otagyna eýe bolan uçuşlaryň howpsuzlygynyň baş gullugy, Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň /IKAO/ çykarýan neşirleri üçin kitaphana, 30 orunlyk mejlisler zaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýolbaşçylarynyň iş otaglary ýerleşdirildi.

Merkezi önümçilik-dispetçer gullugynyň işi milli Liderimiziň ünsüni özüne çekdi. Ol Türkmenistanyň howa giňişligine gözegçiligi amala aşyrýar.

Gullugyň işgäri döwlet Baştutanymyzy bu otagyň iş mümkinçilikleri we tehniki gurluşy bilen tanyşdyrýar. Gullugyň iş otagynda oturdylan uly monitor howa giňişliginde bolup geçýän hereketleri görkezýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa edil şol wagt dünýäniň howa giňişliginden uçup barýan howa gämilerini görkezýärler. Halkara uçuşy amala aşyrýan uçaryň mysalynda milli Liderimize Onlaýn düzgüninde gullugyň tehniki üpjünçiliginiň ýurdumyzyň howa giňişliginde bolan uçarlar—olaryň kysymy, gatnawyň belgisi, ýolagçylaryň sany, uçup gaýdan we uçup barmaly ýeri, ýangyjyň möçberi, uçuşyň belentligi, wagty hem-de uçup barmaly howa menzili, howa gämisiniň tizligi we beýlekiler hakynda doly maglumat almaga döredýän mümkinçiligi görkezildi.

Merkezi önümçilik-dispetçerçilik gullugynyň işgäri öz nobatynda gözegçilik edilýän howa gämisiniň uçup barýan zolagynda howanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek mümkinçilikleri barada habar berdi. Mysal üçin, monitorda howanyň temperaturasy, ýeliň tizligi, bulutlylyk, howa basyşy, çyglylyk we beýlekiler baradaky maglumatlar awtomatik ýagdaýda peýda bolýar. Bu maglumatlar barabar howa ýagdaýynda hereket etmek üçin uçarmanlara iberilýär. Milli Liderimiz Merkezi önümçilik-dispetçerçilik gullugynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek işinde uly orun eýeleýändigini belläp, iberilýän maglumatlaryň takyklygynyň we dessinliginiň möhümdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Merkezi önümçilik-dispetçerçilik gullugynyň işgärleriniň iş düzgünleri bilen gyzyklandy we olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Bulardan başga-da, Merkezi önümçilik-dispetçer gullugy uçuş we ýük çekiş işleriniň gije-gündizlik meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň, howa ýollarynda uçuşlary dolandyrmak, howa menzilleriniň çäginde we awiasiýa işleriniň çäginde işleriň barşyna gözegçiligi amala aşyrýar, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa gatnawlaryna gözegçilik edýär, awiakärhananyň we howa menzilleriniň iş tertibi, iş tertibinden daşgary uçuşlarynyň we buýurma gatnawlarynyň gije-gündizlik meýilnamasyny düzýär, liter we gözegçilik astyndaky gatnawlary ýerine ýetirýän howa gämileriniň uçuşlaryny üpjün edýär, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň degişli derejelerdäki howa gämilerini kabul etmäge bolan tehniki ýaramlylygyna gözegçilik edýär, daşary döwletleriň howa giňişliginden uçup geçmäge rugsat almak üçin gatnawdan daşary uçuşlary amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edaralara ýüztutmalaryň berilmegini aragatnaşyk ýaýlymlary boýunça üpjün edýär, daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlarynyň Türkmenistanyň howa menzillerinde gonmak üçin ýüztutmalaryna seredýär, gözleg we heläkçilik-halas ediş işleriniň barşyna, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa gämileriniň hereketine gözegçilik edýär.

Merkezi önümçilik-dolandyryş gullugynyň esasy işleri barada milli Liderimize jikme-jik gürrüň beren gullugyň işgärleri bilen söhbetdeş bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle gürrüňdeşlik üçin olara minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi”, yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr geçiriş nokady bolmaga gönükdirilen täze howa menziliniň düýbüniň tutulyşynyň dabarasy 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda bolupdy. Iň döwrebap howa menziliniň geçirijilik ukyby sagatda 1600 ýolagça barabardyr. Şol bir wagtda howa menzili islendik görnüşli we islendik ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip, hyzmatlaryň halkara ülňülerini üpjün edip biler. Taslama terminallaryň üçüsini – ýolagçy, VIP, şeýle hem ýük terminallarynyň, uzynlygy 3800 metr bolan täze uçuş-gonuş zolagynyň, öwrüm ýodalarynyň, duralga ýerleriniň howa gämilerine münmek üçin girelgeleriň, howa hereketlerini dolandyryş gullugynyň binasynyň gurluşyklaryny özünde jemleýär. Mundan başga-da, häzirki bar bolan uçuş-gonuş zolagynyň durkunyň täzelenmegi göz öňüne tutulýar. Howa menzil toplumynyň ýerleşjek umumy meýdany 1200 gektara barabardyr. Şu ýylyň mart aýynda türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziliniň täze toplumynyň 2-nji ýolagçy terminaly açyldy.

Tanyşlyk tamamlanandan soň “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň dolandyryş binasynyň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Häzirki wagtda ulag pudagynyň ösüşi geosyýasatyň möhüm alamatyna, döwletlere we sebitlere uly ykdysady we syýasy artykmaçlygy üpjün etmäge, olaryň strategiki bähbitleriniň ýakynlaşmagyna ýardam etmäge ukyply kuwwatly birleşdiriji serişdä öwrüldi.

Bularyň hemmesi ulag ulgamynyň dünýäniň ykdysady ösüşinde esasy “açarlaryň” birine öwrülmegi üçin mümkinçilik döredýär. Döwrebap, ýaýbaň we howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi dünýä ösüşiniň aýdyň talabyna öwrülýär.

Geografik taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan üçin üstaşyr-ulag düzüminiň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Şeýlelik bilen, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Aziýa-Ýuwaş umman sebitleriniň deňiz terminallaryna çykmak bilen Ýewraziýanyň örän uly giňişligini öz içine alýan ýaýbaňlandyrylan, toplumlaýyn, utgaşykly ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmeginde iri baglanyşdyryjy hökmünde Türkmenistanyň orny dünýä möberinde ýakynlaşmagyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna hakyky laýyk gelýän tebigy ýagdaýda görünýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasy ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak baradaky yzygiderli aladasynyň netijesinde häzirki günde “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tehniki binýady dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden iň täze uçarlaryň we dikuçarlaryň alynmagynyň hasabyna has-da döwrebaplaşdyrylýar. Soňky ýyllarda “Boeing” uçarlarynyň hem-de dünýäde meşhur beýleki görnüşli tehnikalalaryň hasabyna iň oňat nusgalar bilen onuň üsti ýetirildi.

Diňe 2013-nji ýylda ýurdumyzyň esasy howa ýollar ulgamynyň binýady iň täze “Boeing-737-800” kysymly amatlykly uçarlaryň ikisini, şeýle hem “Agusto Westland-101” iki sany täze dikuçary bilen ýetirildi we olar netijeli ulanylýar. Şu ýyl bolsa “Boeing-777-200LR” uçarlaryň ikisi ýurdumyzyň uçarmanlarynyň ygtyýaryna gelip gowuşdy.

“Boeing-777-200LR” uçarlaryň getirilmegi bilen Kuala-Lumpur, Hoşimin we Toronto şäherleri bilen howa gatnawlaryny açmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň uçarlaryň hut şu görnüşini saýlap almagy olary halkara, sebit we içerki howa ýollarynda iş ýüzünde ulanmakda ýurdumyzda toplanan oňyn tejribe bilen şertlendirilendir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, bu çözgüt ýolagçylara hyzmat etmegiň ýokary dünýä ülňülerini ýola goýmaga we “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ähli gatnawlarynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edilendir. “Boeing” kompaniýasynyň uçarlary özüniň bir asyra ýakynlap gelýän taryhynda hil we amtlylyk taýdan iň ýokary derejeleri gazandy.

“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilýän döwründe şunuň ýaly howa ulaglarynyň möçberi 39-a ýeter. Munuň iň täze uçarlardygyny bellemek zerurdyr.

Ýerüsti düzüm hem ösdürilýär. Halkara ülňülerine laýyklykda Türkmenabatda, Daşoguzda zerur ähli düzümleri bolan täze howa menzilleriniň, Mary şäheriniň howa menziliniň täze ýolagçy terminalynyň gurluşygy, Lebap welaýatynyň Atamyrat hem-de Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherlerinde howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Awiasiýa tehnikalaryna seljerişi amala aşyryp, oňa laýyklykda, ýerli ganawlarda 50-den 100 ýolagçy gatnatmak üçin niýetlenen döwrebap uçarlaryň satyn alynmagy meýilleşdirilýär.

Täze görnüşli uçarlary we häzirki zaman enjamlary dolandyrmak üçin has taýýarlykly hünämenler zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, howa ulgamynyň işärleriniň çözmeli möhüm wezipesi işgärleri taýýarlamak bolup durýar. Türkmen hünärmenleri Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Fransiýada taýýarlyk geçdiler, dürli görnüşli howa tehnikalaryny, şol sanda NG uçarlarynyň arasynda iň meşhur nusgalar bolup durýan iň täze “Boeing-737-700” we “Boeing-737-800” has amatly uçarlary ulanýan nemes we iňlis awiakompaniýalarynyň tejribelerini öwrendiler.

Milli ykdysadyýeti ösdürmekde, beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde raýat awiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Garaşsyz Türkmenistanyň howa ulaglarynyň hyzmatlarynyň dünýä bazarlaryna goşulyşýandygyny görkezmek bilen, olar daşary ýurtlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň wagyzçysy bolup çykyş edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy ýokary depginler bilen ösüp, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň hataryna çykýar. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen ýurdumyzyň howa ýollarynyň işgärleri ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak boýunça işlerden üstünlikli baş alyp çykýarlar. Mundan başga-da, olar daýhanlara, maldarlara, nebitçilere we gazçylara uly kömek berýärler. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan ýerine ýetirilýän howa hyzmatlarynyň möçberleriniň ösüş depgini ýyl-ýyldan artýar.

Sebitde üstaşyr döwrebap üstaşyr-ulag ulgamynyň kemala getirilmeginde möhüm halka hökmünde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtap, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň ählisine öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden Daşoguz welaýatyna iş sapary bilen ugrady.

Daşoguz şäheriniň howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.