Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady

view-icon 1018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş sapary bilen ugrady.

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Daşoguz şäheriniň howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna iş saparynyň barşynda öz egindeşleri, welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde agşamky gezelenji amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz onuň barşynda Daşoguz welaýatynyň merkezinde hereket edýän köp ugurly sport toplumyna bardy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde täze sport toplumynyň enjamlaşdyrylyşy, onda döredilen şertler hem-de toplumda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmegiň mümkinçilikleri bilen içgin gyzyklandy. Bu ýerde sportuň futbol, woleýbol, basketbol, tennis, ýeňil atletika we başga-da birnäçe ugurlary boýunça halkara derejesindäki ýaryşlary guramak babatda ähli zerur şertler üpjün edilipdir.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri toparlara bölünip, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda futbol we woleýbol boýunça öz aralarynda gyzykly ýaryşlary geçirdiler.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň ösdürilmegi, oňa ýaşlaryň we çagalaryň işjeň çekilmegi, häzirki döwrüň talaplaryna we dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlaryň yzygiderli gurulmagynyn döwrüň möhüm talabydygyny belläp, öz egindeşleriniň ünsüni bu işleri netijeli ösdürmegiň zerurdygyna çekdi.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň merkezi futbol meýdanynyň daşyndan tigirli birnäçe aýlaw edip, bu ýerde dürli sport ýaryşlary üçin niýetlenen ýodajyklaryň emeli örtükleri üçin ulanylan döwrebap materiallaryň hiline baha berdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegi, ilat arasynda sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi babatda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sport ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda giň gerimli işleriň ýaýbaňlanandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ulanmaga berilýän döwrebap sport toplumlaryny netijeli ulanmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sport toplumyna gezelenjini tamamlap, bu ýere ýygnananlara ýurdumyzyň sportda gazananlaryny artdyrmak boýunça wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.