Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň sammitine gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň sammitine gatnaşar

view-icon 922
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň dördünji duşuşygyna gatnaşar. Bu gezek duşuşyk Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçiriler.

Türkmen tarapynyň öňümizdäki duşuşykda garaýyşlary barada aýtmak bilen, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk we milli hem-de umumy bähbitleriň deň agramlylygy ýörelgelerine esasalanýan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, hemişe sebitde parahatçylygy, ylalaşyklylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň bähbidine oňyn gepleşikleri dowam etmek, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde Hazar zolagynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda çykyş edýändigini bellemelidiris.

Islendik gapma-garşylykly ýagdaýlary diňe parahatçylykly, syýasy—diplomatik serişdeleri ulanmak arkaly çözmegiň wajypdygyny nygtaýan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara hukuk derejesi ýurdumyza köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmek, sebit we dünýä ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem dünýäniň halklarynyň ýakynlaşmagyna hyzmat edýän medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmek arkaly häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşmagy mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň geçirýän syýasatyna uly ynam onuň dostluk we özara düşünişmek strategiýasy bilen şertlendirilendir. Şunda ösüşe eýe bolmak üçin tagallalaryň birleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjynyň goldanylmagy Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň giňden ykrar edilmeginiň, onuň halkara jemgyýetçiliginde abraýynyň barha artmagynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şol duşuşyk 2002-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Aşgabatda geçirildi we gepleşikleriň özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemek hem-de işläp taýýarlamak häsiýete eýe bolmagyna täze kuwwatly itergi berdi.

Ähmiýeti boýunça bu duşuşygy, sözüň doly manysynda, taryhy waka diýip atlandyrmak bolar, çünki hut türkmen paýtagtynda ilkinji gezek goňşy döwletleriň baştutanlary Hazar deňziniň hukuk derejesi, onuň täsin serişdelerini bilelikde ulanmak meselesi boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler, Hazar meselesini çözmäge çemeleşmelerde özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hut şonda gepleşikler täze derejä çykaryldy—taraplar diňe bir Hazar deňziniň serişdelerini ulanmagyň ýörelgelerini däl, eýsem Hazarýaka döwletleriň halklarynyň ykbalyny we geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen topragynda geçirilen Hazar duşuşygy hyzmatdaş ýurtlaryň gatnaşyklaryna netijelilik we birek-birege hormat goýmak öwüşginini çaýyp, şu meseläniň ähli ugurlary boýunça geljekki gepleşikler üçin badalga nokadyna öwrüldi. Bu duşuşygyň çäklerinde Hazaryň derejesi baradaky meseleler boýunça yzygiderli syýasy we hukuk geňeşmelerini geçirmek üçin hil taýdan täze binýat goýuldy. Şeýlelikde, Aşgabat Hazarýaka sebitinde asudalygyň we durnuklylygyň binýady goýlan şäher hökmünde taryha müdimilik girdi.

Aşgabatda başlanan gepleşikler Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda mynasyp dowam etdirildi. 2007-nji ýylyň oktýabrynda bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Ol sebit üçin örän wajyp meseläniň—Hazary adalatly paýlaşmak meselesiniň özara kabul ederlikli çözgüdini gözlemekde nobatdaky kesgitleýji tapgyr boldy.

Tähran duşuşygynyň çäklerinde taraplar Hazarda dürli ulgamlarda kenarýaka bäş ýurduň özara gatnaşyklarynyň ygtybarly hukuk guralyna öwrüljek esasy resminama hökmünde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň gutarnykly görnüşini ylalaşmagyň üstünde işlemegi çalt tamamlamaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şonda çykyş edip, henize çenli çözülmedik meseleler boýunça özara ylalaşygy gazanmakda çeýeligi görkezmegiň wajypdygyny nygtady we gepleşikleriň many-mazmunyny baýlaşdyrmak maksady bilen bilelikdäki duşuşyklary yzygiderli geçirmek teklibi bilen çykyş etdi.

Häzirki wagtda hem Türkmenistan, öňküsi ýaly, Hazar deňziniň hukuk derejesi we Hazar sebitinde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşyp, tagallalary birleşdirmäge we Hazar deňziniň ykbaly üçin umumy jogapkärçilige esaslanýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk strategiýasyny netijeli durmuşa geçirýär.

Hazar boýunça esasy bäştaraplaýyn resminamany işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň ählisine Türkmenistan gojaman Hazary dostluk we ylalaşyklylyk deňzine öwürmek boýunça strategiki wezipäni çözmek nukdaýnazaryndan çemeleşýär.

Hazaryň çäklerini bellemek ýörelgeleri babatda Türkmenistanyň garaýyşlary barada aýdylanda bolsa, ýurdumyz her bir döwletiň araçägi bolup durýan 12 millik zolagy, şeýle-de milli (öz) ykdysady zolak (balyk awlamak zolagy) hökmünde 13 millik zolagy döretmek barada aýdýar. 25 millik zolagyň aňyrsyndaky çäk – erkin deňiz bolsa gämileriň geçmegi üçin niýetlenen çäkdir. Şunda döwletiň territorial suw arkaly harby gämileriň geçmegi halkara kanunçylygyna laýyklykda, ýagny şu çägiň eýesi bolan döwletiň ygtyýar bermegi bilen amala aşyrylmalydygy aýdylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli nygtaýşy ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, köpasyrlyk taryhy – medeni gatnaşyklar bilen baglaşdyrylan Hazarýaka ýurtlarynyň halklarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny berkitmek maksady bilen, Hazaryň hukuk derejesi bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini çözmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagy göz öňünde tutýar. Şunda türkmen tarapy Hazaryň çäklerini bellemegiň özara ylalaşyk esasynda, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny, hyzmatdaş ýurtlaryň milli bähbitlerini nazara almak arkaly amala aşyrylmalydygyna aýratyn üns berýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan täsin deňziň derejesi boýunça özara ylalaşykly çözgüdini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtap, Hazarýaka bäş döwletiň özara hereketlerini kadalaşdyrmaga ýardam etjek binýatlaýyn resminama hökmünde Konwensiýanyň oňaýly görnüşini işjeň gözlemäge hem-de Hazarda netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleri döretmäge ygrarlydygyny beýan edýär.

Soňky döwürde hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmekde, onuň guramaçylyk usullaryny kämilleşdirmekde we ileri tutulýan ugurlaryny seçip almakda öňegidişlikler gazanyldy. Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak baradaky Ýörite iş toparynyň mejlisleriniň ençeme gezek geçirilendigini ýatlatmalydyrys.

Birek-birege hormat goýmak we ynananyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlyk babatda oňyn çemeleşmeler häzirki wagta çenli Hazarýaka ýurtlarynyň garaýyşlaryny ep-esli ýakynlaşdyrmaga we örän wajyp meseleleriň birnäçesini çözmäge mümkinçilik berdi.

Şunuň bilen birlikde, Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak prosesiniň tamamlanmazlygy uzak wagtyň dowamynda möhüm ulgamlaryň köpüsinde, hususan-da, Hazar deňziniň biologiki serişdelerini aýawly saklamak, artdyrmak we ulanmak, bikanun aw etmäge garşy göreşmek, söwda gämiçiligi, syýahatçylyk, şeýle hem Hazaryň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek we peýdalanmak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyklaryň toplumyny işläp taýýarlamaga täsir edýän ýagdaý bolmagynda galdy.

Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň 2010-njy ýylyň noýabrynda Baku şäherinde geçirilen üçünji duşuşygynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birbada iki möhüm halkara ylalaşygyny – Hazar deňaziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşygy hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşylk etmek hakyndaky Ylalaşygy baglaşmak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. 2011-nji ýylda türkmen tarapy şu ylalaşyklaryň taslamalaryny işläp taýýarlady we Hazarýaka döwletleri bilen ylalaşmak çäresiniň başyny başlady. Umuman, 2012-2014-nji ýyllarda görkezilen resminamalary ylalaşmak boýunça bilermenleriň 12 duşuşygy geçirildi, özide olaryň onusy Türkmenistanda guraldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagyna gözegçilik etmek boýunça Utgaşdyryjy komitetine (KASPKOM) başlyklyk edýär. Bu komitetiň işi gidrometeorologiki maglumatlary alyşmagyň sebitleýin ulgamyny – deňiz akwatoriýasynyň we Hazaryň kenar ýakasynyň howa ýagdaýyny çaklamak, seljermek we baha bermek ulgamyny döretmäge we ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginiň barşynda, şeýle hem Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda Hazarýaka döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasy ylalaşyldy.

Ýeri gelende aýtsak, Astrahanda geçiriljek duşuşygyň netijeleri boýunça köptaraplaýyn hukuk resminamalaryna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda ýokarda agzalyp geçilen Ylalaşyklaryň üçüsi bar. Şol resminamalaryň kabul edilmegi bolsa Hazarda özara ylalaşykly hereketleri geçirmek üçin berk hukuk esasyny döretmäge mümkinçilik berer.

Umuman, Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň soňky ýyllarda – 2002-nji ýylda Aşgabatda, 2007-nji ýlda Tähranda we 2010-njy ýylda Bakuda geçirilen duşuşyklarynyň ählisiniň möhümdigini aýtmak bilen, olaryň her biriniň bäş ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklamaga, ýüze çykyp biläýjek gapma-garşylyklary öz wagtynda aradan aýyrmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalary ilerletmekde ähmietli tapgyr bolandygyny bellemek bolar.

Hazar meselesiniň bilelikde özara gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylmagy taraplaryň garaýyşlaryny has ýakynlaşdyrmaga hem-de ylalaşyklylyk ýagdaýyny gözlemekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça 2003-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen, soňra Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň parlamentleri tarapyndan tassyklanan Çarçuwaly (Tähran) konwensiýasy täsin tebigy we gidrologiýa gurşawly deňzi aýawly saklamak boýunça milli strategiýalaryň we halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitlän ilkinji köptaraplaýyn ylalaşyk resminasy bolandygyny ýatlatmalydyrys. Häzirki wagtda bu resminamanyň binýadyna goýlan halkara – hukuk esasy Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen täze hukuknamalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek bilen baglylykda ösdürilýär.

Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky bäştaraplaýyn Ylalaşyk geçirilen işiň aýdyň netijesi we seçilip alnan ýolda öňe gidişlik boldy. Bu Ylalaşyga Hazarýaka döwletleriniň baştutanlary tarapyndan 2010-njy ýylyň noýabrynda Baku şäherinde geçirilen “tegelek stoluň başyndaky” gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekildi.

Hazar sebiti strategiki ähmiýete eýedir. Onuň parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk ýagdaýynda ösdürilmegi Hazarýaka hyzmatdaş döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýär. Şu bähbitler bolsa dostluk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen baglanyşyklydyr. Geografik taýdan amatly ýerleşmegi, baý uglewodorod, balyk we beýleki tebigy serişdeleri, amatly howa şertleri bu sebiti okgunly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürdi. Oňa dünýä ykdysadyýetinde möhüm orun berilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2008-nji ýylda kabul edilen täze redaksiýasy hem ýurdumyzyň bu sebitiň ekologiýa howpsuzlygyna we durnukly ösüşine ygrarlydygyny aýdyňlyk bilen tassyklaýar. Onda tebigy baýlyklaryk netijeli ulanylmagyna döwlet gözegçiligi baradaky kada berkidilýär. Ýurdumyzda halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän uglewodorod serişdeleri hakyndaky, balyk awlamak we suw biologiki serişdelerini aýawly saklamak hakyndaky Kanunlar, beýleki kadalaşdyryjy – hukuk resminamalary hereket edýär. Olar ykdysady babatdan başga-da, ekologiýa babatda-da uly ähmiete eýedir. Mundan başga-da, biologik köpdürlüligi saklamak boýunça 2013-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli strategiýasy işlenip taýýarlanyldy. Onda “Biologiki köpdürlülik hakyndaky” halkara Konwensiýasyny ýerine etirmäge gönükdirilen netijeli tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda Hazaryň meseleleri boýunça Pudagara topary döredildi. Bu düzümiň wezipesi Hazar sebitinde amala aşyrylýan hojalyk işleriniň ählisini, şol sanda bu ýerde durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady taslamalara bilermenler bahasyny bermek, tebigy serişdeleri özleşdirmek, gämiçilik, daşky gurşawy goramak, gidrometeorologiýa ulgamynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda halkara ylalaşyklarynyň taslamalaryny taýýarlamak işini utgaşdyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň hereketleriniň Milli Hazar meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny milli derejede ädilen örän möhüm ädimleriň hatarynda görkezmek bolar. Bu meýilnamada senagat desgalary tarapyndan daşymyzy gurşap alan ulgamy hapalanmakdan goramaga we onuň öňüni almaga, Hazaryň biologiki köpdürlüligini saklamaga, baýlyklary rejeli ulanmaga, deňziň biologiki serişdelerini döretmäge gönükdirilen esasy wezipeler we anyk çäreler kesgitlenildi.

Türkmenistan ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçnamalaryny takyk ýerine etirmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy (ÝUNEP), Hazar ekologiýa maksatnamasy (HEM), Global ekologiýa gaznasy (GEG) we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde iri tebigaty goraýyş taslamalaryny hem durmuşa geçirýär.

Soňky ýyllarda gojaman Hazaryň baý uglewodorod we beýleki tebigy serişdelerini bilelikde özleşdirmek, şypahana we dynç alyş, halkara syýahatçylygy ulgamlarynda giň möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Hazar sebitini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini öňünden belläp, dünýä jemgyýetçiligi bilen özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitledi. Hazaryň kenarynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny muňa aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu täsin syýahatçylyk zolagy syýahatçylyk, sport, medeniýet, şypahana dynç alşy we beýleki ulgamlarda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmäge ýardam etmelidir.

Bir söz bilen aýdylanda, deňziň baý uglewodorod serişdelerine, tebigy gorlaryna we biologiki serişdelerine häzirki wagtda taraplaryň haýsydyr biriniň bähbitlerine zyýan ýetirilmegini aradan aýyrýan ägirt uly birleşdiriji we Hazaryň halkara – hukuk derejesiniň kabul ederlikli oňyn görnüşini işläp taýýarlamaga ýardam edýän şert hökmünde garamak bolar.

Munuň şeýle bolmagyna türkmen tarapynyň başlangyçlary hem köp babatda ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol başlangyçlar bilen dünýäniň iri forumlarynyň münberinden çykyş etdi. Soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda, 2012-nji ýylyň iýun aýynda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” bütindünýä maslatynyda, şeýle hem beýleki iri forumlarda beýan edilen bu döredijilikli başlangyçlar halkara bileleşigi tarapyndan giň goldawa we ählumumy ykrarnama eýe boldy.

Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde ekologiýa meseleleriniň giňdigini nazara almak bilen, Türkmenistan olary çözmäge özüniň toplumlaýyn çemeleşmesini hödürleýär hem-de Hazar sebitinde daşky gurşawy goramak meselelerine garamak we degişli teklipleri hem-de maslahatlary işläp taýýarlamak üçin hemişelik esasda hereket edýän gurama hökmünde Hazar ekologiýa forumyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär.

Ýurdumyzyň Hazar deňzini ekologiýa taýdan goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge uly ähmiýet bermegi, ilkinji nobatda, ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bolan Hazaryň aýratyn derejesi bilen şertlendirilendir. Hazaryň ösümlikleriniň we haýwanlarynyň köpüsi, mysal üçin, hazar düwleni endemiki hasaplanýar we sebitiň biologiki köpdürlüliginiň bahasyna ýetip bolmajak genefondy bolup durýar. Hazar döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän deňiz bogazlary we suw-batgalyk ýerleri halkara ähmiýetli ýerler hökmünde Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizildi. Şol ýerler guşlaryň ýüzlerçe müňüsiniň—gyzylinjikleriň, guwlaryň, ördekleriň, gotanlaryň we guşlaryň beýleki görnüşleriniň mesgen tutýan ýerlerine öwrüldi.

Soňky ýyllarda harby meseleler hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistan Hazarda durnuklylyk ugrunda hem-de Hazary ýaragdan azat zolaga öwürmek ugrunda çykyş edip, şu geçen ýyllaryň dowamynda sebitde özara ynanyşmak we birek-birege düşünişmek ýagdaýyny döretmek boýunça maksadalaýyk tagallalary edip, ýaraglaryň ýaýradylmazlygy we ýaragsyzlanmak ýagdaýyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, gapma-garşylykly ýagdaýlaryň döremek howpunyň öňüni almak meselelerine umumy çemeleşmeleri işjeň taýýarlamak üçin syýasy geňeşmeleriň hemişelik hereket edýän guralyny döretmek bu möhum ugrunda täze ädim hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatynda türkmen tarapy Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlyk we parahatçylyk boýunça BMG-niň howandarlygynda Forumy çagyrmak pikirine içgin garamak we ony 2015-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklibi bilen çykyş etdi.

Bäştaraplaýyn gepleşikleriniň nobatdaky tapgyrynyň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna ynam bidirip, Türkmenistan şu duşuşygyň güntertibine girizilen meseleleri, şeýle hem sebit we dünýä ähmietli taslamalarda ygtybarly, döwrüň synagyndan geçen hyzmatdaşlar hökmünde çykyş edýän sebitiň ýurtlary bilen ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga degişli meseleleri oňyn ara alyp maslahatlaşmaga hyjuwlydyr.

Şeýlelikde, Astrahanda geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyga Hazar sebitini parahatçylygyň we gülläp ösüşiň merkezine öwürmek meýlinde bitewi bolan Hazarýaka döwletleriniň dostlugyny hem-de hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm waka hökmünde garalýar.