Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 1020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Mejlisiň başynda döwlet Baştutanymyz Hazar deňzi bilen bagly bolan käbir resminamalaryň taslamalaryna ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

29-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji duşuşygy geçirilýär. Şol duşuşykda Hazar deňziniň gidrometerologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky, Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky, Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyklaryň taslamalaryna seretmek we olara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisine gol çekiljek Ylalaşyklary taýýarlamaga gatnaşan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň çagyrylandygyny aýtdy.

Soňra daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň 29-njy sentýabrda Astrahan şäherinde geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň IV sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda bellenilişi ýaly, parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak bilen ýurdumyz Hazar deňzinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde, sebit ähmiýetli meseleleriň sazlaşykly çözgüdini gözläp tapmakda we işläp düzmekde uly orun eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2002-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammiti geçirildi. Türkmen paýtagtynda başy başlanan gepleşikler Tähran we Baku şäherlerinde dowam edip, şol şäherlerde degişlilikde 2007-nji ýylyň oktýabrynda we 2010-njy ýylyň noýabrynda Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň II we III sammitleri geçirildi.

Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki nobatdaky duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde Hazarýaka ýurtlarynyň hünärmenleriniň we ýörite wekilleriniň duşuşyklarynyň onusy geçirildi. Şolaryň bäşisi paýtagtymyzda geçirildi. Öňde boljak Sammitiň gün tertibine ozaly bilen, Hazar deňziniň hukuk derejesini işläp düzmek, Hazarda howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet we ulag, daşky gurşawy we biologik serişdelerini gorap saklamak we halkara hyzmatdaşlygynyň beýleki meseleleri giriziler.

Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň IV sammitiniň jemleri boýunça Hazarda hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da berkitmäge ýardam etjek resminamalaryň bäşisine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk, Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk bolup, olaryň hut Türkmenistanyň Prezidentiniň Baku sammitinde öňe süren başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan resminamalardygyny aýratyn nygtamak gerek.

Bulardan başga-da, bu duşuşygyň dowamynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy babatdaky hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan ikinji ýyl Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça Utgaşdyryjy komitetde ýolbaşçylyk edýär. Şeýlelikde, bu möhüm resminama gol çekilmegi ýurdumyzyň Hazar deňzinde netijeli gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge uly goşandynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hazar sebitinde parahatçylygy, ylalaşygy we durnuklylygy üpjün etmek maksadynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny bellemek bilen, Hazar meseleleri, şol sanda degişli hukuk binýadyny taýýarlamak meselesi boýunça goňşy döwletleriň öňünde durýan wezipeleri çözmekde umumy tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Biziň ýurdumyzyň iri forumlaryň işine, şol sanda Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça degişli düzümleriň möhüm duşuşyklarynyň, mejlisleriniň, maslahatlarynyň we beýleki çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu ýylyň aprelinde paýtagtymyzda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň 36-njy maslahaty geçirildi. Bu resminama gojaman Hazary dürli ugurlarda kenarýaka döwletleriň özara gatnaşyklarynyň ygtybarly hukuk guralyna öwrülmäge, uzakmöhletleýin halkara hyzmatdaşlygy üçin hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilendir.

Hazar – bu täsin tebigy suw howdany bolup, Türkmenistan öz gezeginde geljekde hem parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde onuň derejesini berkitmäge gönükdirilen yzygiderli çäreleri görer diýip, milli Liderimiz Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygynyň geçiriljek ýeri bolan Astrahana boljak iş saparyna taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň tebigaty goramak ministri B.Annabaýramow hasabat bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Hazar deňziniň deňi-taýy bolmadyk tebigy serişdelere örän baý bolan iň uly içki suw howdanydygyny belledi. Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüligini 2543 görnüş düzýär. Şonuň 29 göterimi ösümlikler, 71 göterimi bolsa dürli jandarlardyr. Hazaryň türkmen kenarynda biologik serişdeleriň 869 görnüşi, şol sanda guşlaryň 300-den gowrak, balyklaryň bolsa 53 görnüşi gabat gelýär.

Hasabatyň barşynda Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň Astrahan şäherinde geçiriljek sammitinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürülýän ylalaşygyň Hazarýaka döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini aýawly saklamakda, olary netijeli peýdalanmakda hem-de deňiz gurşawynyň baýlygyny bilelikde dolandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Şeýle hem B.Annabaýramow milli Liderimiziň tagallasy netijesinde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, ýer, suw baýlyklaryny aýawly peýdalanmak, deňiz gurşawyny we onuň köpdürlüligini saklamak hem-de amala aşyrylýan taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek babatda mynasyp goşandyny goşýandygyny belledi.

Mundan başga-da, ol 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji sammitinde hormatly Prezidentimiziň Hazar deňziniň biologik serişdelerini aýawly saklamak, olary rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamaga girişmek baradaky başlangyjynyň oňlanylandygyny, şeýlelikde Hazar deňziniň biologik serişdelerini aýawly saklamak, olary rejeli peýdalanmak hakyndaky ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen ýedi duşuşygyň altysynyň Aşgabat şäherinde bolandygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, bäş taraplaýyn esasda Hazaryň suw biologik serişdeleriniň peýdalanylyşyny düzgünleşdirmek, deňziň çäklerinde balyk awlamagy ylalaşylan ölçegde alyp barmak, olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak hem-de maglumatlary alyşmak babatda degişli işleriň ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz deňiz gurşawyny geljekki nesiller üçin gorap saklamak, bu babatda halkara derejesinde tejribe alyşmak bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy D.Hojamyradowa söz berdi. Onuň hasabatynda bellenilşi ýaly, şu ýylyň 29-njy sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň 4-nji duşuşygynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda ylalaşyk gazanmak we ondan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ugruny kesgitlemek boýunça maslahat geçiriler.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan ylalaşygyň taslamasy Hazarýaka döwletleriniň degişli düzümlerine iberildi. Şeýlelikde, Hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň maslahatlarynyň birnäçesi geçirildi. 2014-nji ýylyň awgust aýynda Moskwa şäherinde ylalaşygyň taslamasy Hazarýaka döwletleriniň bilermenleri tarapyndan doly ylalaşyldy. Astrahan şäherinde geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň 4-nji duşuşygynda ozal maslahat beriji hökmünde hereket edýän topara hökümetara hukuk derejesiniň berilmegine garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, Russiýa Federasiýasynyň Arstrahan şäherinde geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň 4-nji duşuşygynda deňiz gurşawy, onuň biologik serişdeleri hem-de olary aýawly saklamak, rejeli peýdalanmak, bu babatda işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça zerur ylalaşygyň gazanylmagynyň taraplar üçin bähbitlidigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz B.Annabaýramowyň we D.Hojamyradowyň ünsüni Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň duşuşygynda öňe sürüljek başlangyçlary ylmy esasda öwrenmegiň zerurdygyna çekmek bilen, bu babatda degişli düzümler bilen hemmetaraplaýyn we ylmy ýörelgelere esaslanýan çäreleriň görülmelidigini, bu işleriň ylmy esasda bolşy ýaly, ýörite işlenip taýýarlanylan maksatnama laýyklykda alnyp barylmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri ylmy esasda çözmek boýunça ugurdaş düzümler bilen bilelikdäki tagallalary görmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hasabat bilen Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy R.Kutlyýew çykyş etdi. Ol Astrahanda geçiriljek sammitde Hazar deňzi bilen baglanyşykly gol çekiljek resminamalarda göz öňünde tutulan meseleler boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde 2013-nji ýylyň sentýabrynda Deňiz söwda gämi gatnawy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygyň gazanylandygy, häzirki wagtda bolsa Azerbaýjan Respublikasy we Gazagystan Respublikasy bilen hem Deňiz söwda gämi gatnawy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyklaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanýandygy aýdyldy.

2009-nji ýyldan bäri her ýylda Hazarýaka döwletleriň portlarynyň müdiriýetleriniň bilelikdäki bäştaraplaýyn mejlisleri geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, onuň 3-nji mejlisi 2011-nji ýylyň senýabrynda Türkmenbaşy şäherinde, 6-njy mejlisi şu ýylyň 16-17-nji senýabrynda Russiýanyň Astrahan şäherinde geçirildi.

Şeýle hem hasabatda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň alnyp barylýandygy bellenildi. Onuň ulanmaga berilmegi bilen portuň ýük geçirijilik kuwwaty artar.

Ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak ugrunda milli Liderimiz uly alada edýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda, daşary ýurtlardan satyn alynjak täze paromlarda Türkmenbaşy portundan Hazarýaka döwletleriniň portlaryna gatnawlary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar we bu mesele boýunça Hazarýaka döwletleri bilen degişli ylalaşyklary baglaşmak üçin işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Hazarýaka döwletleri bilen deňiz arkaly söwda gämi gatnawlaryny ýola goýmagyň ähmiýetini belledi. Şunda ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň amala aşyrmaly hyzmaty giň gerime eýe bolmalydyr. Döwlet tarapyndan alynýan zerur paromlar, tirkeg gämileri hut şol işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda gurulýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýeti örän uly bolar. Onuň ulanmaga berilmegi bilen Türkmenbaşy porty Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky halkara logistiki merkeze öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gullugyň ýolbaşçysyna bellenen ähli işleriň birkemsiz berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň başlygy B.Hallyýew çykyş etdi. Ol Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitet bolan KASPKOM-a Türkmenistanyň ýolbaşçylyk edýän döwründe ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2013-2014-nji ýyllar aralygynda bu komitete ýolbaşçylyk edýär.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň KASPKOM-a ýolbaşçylyk edýän döwründe 2013-nji ýylyň 26-28-nji noýabrynda Aşgabatda KASPKOM-yň nobatdaky 18-nji mejlisi geçirildi. Oňa Hazarýaka döwletleriniň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Şol mejlisiň dowamynda KASPKOM bilen Tähran konwensiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi, şeýle-de “Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda” Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak boýunça bäştaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, bu Ylalaşygyň taslamasy bilermenler derejesinde doly ylalaşyldy. Onuň esasy maksady Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň wajyp ugurlarynyň biri bolan gidrometeorologiýa babatdaky gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň edara binasynyň gurluşygy bilen bir hatarda ulgamda döwrebap enjamlary ornaşdyrmagyň hem göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň türkmen böleginde deňiz radarlarynyň Hazar deňziniň ýakasyndaky çäklerde gurnalmagynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna ygrarly bolup, öz üstüne alan wezipelerini yzygiderli berjaý edýändiginiň bütin dünýä bellidigini nygtady. Ýurdumyzyň KASPKOM-a ýolbaşçylyk edýän döwründe ýerine ýetirilen işler hem munuň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gidrometeorologiýa ulgamyna döwrebap enjamlary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseläniň üstünde durup geçip, bu işleriň takyk we oýlanyşykly guralmalydygyny belledi. Çünki, hususan-da, deňiz radarlary barada aýdylanda olaryň kömegi arkaly takyk maglumatlar alyp, çaklamalary taýýarlamaga we ýokarda agzalan Ylalaşygyň çäklerinde maglumatlary ugratmaga hem-de kabul etmäge mümkinçilik döreder. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň ýolbaşçysyna bu işleri pugta gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary, Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Ý.Muhammetgulyýew öz çykyşyny “Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky” Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barlan işleriň netijesi baradaky hasabatdan başlady. Bellenilişi ýaly, 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň üçünji duşuşygynda milli Liderimiz tarapyndan Hazar deňziniň goragy babatynda ylalaşyklaryň taslamalyryny işläp taýýarlamak baradaky pikir öňe sürüldi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2011-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan “Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk hakynda” Ylalaşygyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy we ol Hazarýaka döwletlerine ara alyp maslahatlaşmak üçin ugradyldy. Ylalaşygyň esasy maksady Hazar deňzinde tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan dagşary ýagdaýlar ýüze çykanda Hazarýaka döwletleriniň bilelikdäki hereketleriniň kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny döretmekden ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çägini, raýatlaryň asudalygyny, taryhy we maddy gymmatlyklarymyzy tebigy hem-de tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň zyýanly netijelerinden goramak döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar diýip belledi.

Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda ýerine ýetirilmeli hereketleriň hukuk esaslaryny kesgitlemek, oňa laýyklykda esasy kadalaşdyryjy-hukuk resminamany taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň Astrahan şäherinde geçiriljek Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji duşuşygynyň möhüm wezipeleriniň biri boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ý.Muhammetgulyýewe Türkmenistanyň başlangyçlary bilen baglanyşykly meseleler boýunça degişli taýýarlyk işlerini ýokary derejede alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitgaz serişdelerini daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýangyç serişdelerini özleşdirmekde ähli işleriň ekologiýa talaplarynyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygyny, munuň üçin dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň giňden ulanylýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Hazaryň kenarynda ýangyç serişdelerini özleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň uly ähmiýete eýedigini, munuň halkymyzyň abadançylygyna, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönüden-göni täsir edýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini has-da giňeltmegiň, çykarylýan uglewodorod serişdeleriniň möçberlerini artdyrmagyň, bu işe daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalaryny işjeň çekmegiň wajypdygyny nygtady we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan işlerde ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa söz berildi. Ol Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşyklaryň taslamalary boýunça hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň 4-nji sammitine taýýarlyk işleriniň çäklerinde Hazar deňzinde birnäçe ugurlar boýunça halkara ylalaşyklaryň taslamalary taýýarlandy. Olaryň hatarynda Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hem-de Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyklaryň taslamalary bar.

Şeýle hem Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagyna gözegçilik etmek boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň (KASPKOM) 2013-nji ýylyň dowamynda Aşgabat şäherinde geçirilen mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylyp, Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hazar deňziniň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasynda bu ugurda özara gatnaşyklaryň ulgamynyň döredilmegi we ylalaşygyň taraplarynyň özara ýardam bermegi göz öňünde tutulýar. Bu ulgamda hyzmatdaşlygy amala aşyrmak halkara hukugynyň umumykrar edilen kadalaryna hem-de deňlik we özara ylalaşyk ýörelgelerine esaslanýar.

Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşygyň taslamasynda Hazar deňziniň bilelikdäki suw biologik serişdeleriniň kenarýaka döwletleriniň umumy emlägi bolup durýandygyndan ugur alyp, taraplar Hazar deňziniň ekologiýa ulgamyny we suw biologik serişdeleri gorap saklamagy we rejeli peýdalanmagy maksat edinýärler.

Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň taslamasynda bolsa sebitdäki ekologiýa howpsuzlygy hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, Hazar deňziniň ýagdaýy hakynda gidrometeorologik maglumatlary alyşmagyň sebitleýin ulgamyny döretmek we ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek baradaky halkara ylalaşyklarynyň taslamalarynyň halkara kada-kanunlaryna, bu ugurda hereket edýän halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna, şeýle hem milli kanunçylyga doly laýyk gelmelidigini nygtady we bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz halkara ylalaşyklaryň Hazar deňzini ekologiýa taýdan goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmekde kenarýaka döwletleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirjek we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny döretjek binýatlyk resminamalar bolmalydygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlaryň jemini jemläp, Hazar deňzi bilen bagly taýýarlanan resminamalaryň öwrenilendigini hem-de olara gol çekmäge taýýardygyny aýtdy. Milli Liderimiz parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, sebitiň ýurtlary bilen özygtyýarlylyk, deňhukuklylyk we adalata hormat goýmak ýörelgeleri esasynda gatnaşyklary berkitmek maksadynda Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy bilen bagly ähli meseleleri çözmäge Türkmenistanyň işjeň gatnaşjakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň strategiýasy barada aýtmak bilen, islendik halkara meseleleri çözülende Türkmenistan halkara hukugynyň umumykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini hemişe gyşarnyksyz berjaý eder diýip nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döywlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň Maliýe ministrligi hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan ýurdumyzyň geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň taslamasyny düzmek üçin taýýarlanylan degişli maglumatlary we hasabatlary umumylaşdyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýandygy bellenildi. Bu möhüm resminamany işläp taýýarlamak “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda”, şeýle hem pudaklary we sebitleri ösdürmek boýunça beýleki maksatnamalarda kesgitlenilen möhüm wezipeler esasynda amala aşyrylýar. Maliýe serişdeleriniň agramly bölegini, ýagny 80 göterimini durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi we durmuş ulgamyny ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýan Döwlet býujetiniň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz munuň türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli meýilnamalary durmuşa geçirmekde möhüm gural bolup hyzmat etjekdigini aýtdy. Döwlet býujetiniň tutuş ulgamy ykdysadyýetimiziň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagyny maliýeleşdirmäge, ylmy-tehniki kuwwatlyklary döwrebaplaşdyrmaga, durmuş ösüşini çaltlandyryrmaga hem-de ilatyň durmuş taýdan üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu resminamanyň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Şeýle hem milli parlamentň ýolbaşçysy ykdysadyýetimiziň düril ulgamlarynda has tapawutlanyp zähmet çekenlere döwlet sylaglaryny gowşurmagyň meseleleri bilen baglanyşykly çözgütler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, täze kanunçylyk namalary taýýarlananda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetini has-da ösdürmek, durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary ilerletmäge ýardam edýän kanunlary işläp düzmek zerurlygyndan ugur almagyň wajypdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Mejlisiň işiniň möhümdigini nygtap, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler demokratik dünýewi döwletimiziň hukuk esaslaryny has-da berkitmäge, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ösüşini üpjün etmäge, ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge, adamyň hem-de raýatyň azatlyklaryny we hukuklaryny goramaga gönükdirilendir diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda işleýän we özleriniň yhlasly zähmeti bilen netije görkezýän adamlaryň döwlet derejesinde sylaglanmagynyň döwrüň möhüm wezipesidigini aýtdy we şu çärä hemmetaplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, şeýle hem türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň baş şäheri bolan Aşgabady ösdürmek meselelerine aýratyn üns bermegi netijesinde paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, seýilgäh zolaklaryny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar. Paýtagtymyzyň günorta böleginde umumy meýdany 700 gektar bolan seýilgähiň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işlerini Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça “Aşgabat abatlaýyş – gurluşyk” önümçilik birleşigi” amala aşyrar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hasabatyň çäklerinde 27-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi barada hem habar berildi. Bu çäräni üstünlikli geçirmek üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerine degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň çäklerinde we paýtagtymyzyň töwereginde agaç nahallaryny oturtmak üçin ýerler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gök zolaklary döretmegiň wajypdygyny belledi. Ýaşyl baglar ekologiýa ýagdaýynyň we jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň özboluşly görkezijisidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de seýilgähleriň, gök zolaklaryň howa ýagdaýyna oňyn täsir edýändigini, howanyň arassa bolmagyna ýardam edýändigini, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy we olaryň sagdynlygy üçin oňaýly şertleri döredýändigini nygtady. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň günortasynda seýilgäh gurmak hakyndaky kararyň taslamasyny, umuman, makullap, oňa gol çekdi we wise-premýere bu resminamanyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki ählihalk ýowary barada durup geçip, bu çärä talaba laýyk taýýarlyk görülmelidigini, şeýle hem ekilen agaç nahallaryna ideg etmegiň we olary suwarmagyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de pagta ýygymynyň we güýzlük däne ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen birlikde, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň daýhanlarynyň şaly hasylyny ýygnamaga girişmäge taýýarlyk görýändigi habar berildi. Bu işde kombaýnlaryň 70-sini we ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine daşamak üçin üçin awtoulaglaryň 210-syny işletmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl merdana daýhanlarymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň bol hasylynyň ýetişdirlendigini belledi. Häzir zähmetsöýer daýhanlarymyzyň öňünde möhüm wezipe – ýetişdirilen bereketli şaly hasylyny bellenilen möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak wezipesi durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Orak möwsümini gysga wagtda we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Daşoguz welaýatynda 4-nji oktýabrda, Lebap welaýatynda bolsa 11-nji oktýabrda şaly oragyna başlamaga ak pata berip, döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşulularymyzdan ýerlerde şaly oragyny bissimilla bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz merdana daýhanlarymyza türkmen topragynyň berekedini artdyryp, ýerden bol hasyl almagy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döredip, täze zähmet üstünliklerini gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň ünsüni ýerlerde alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik etmäge çekip, pagta ýygymyny we güýzlük däne ekişini öz wagtynda tamamlamak bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ekerançylygyň medeniýetini has-da ýokarlandyrmak, şol sanda ähli ýerlerde öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ýokarlandyrmak meselelerine hem aýratyn üns berilmelidir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow döwlet Baştutanymyzyň uglewodorod çig malynyň gorlarynyň özleşdirilmegine we ýurdumyzda nebit çykarylyşynyň möçberlerini ýokarlandyrmagy üpjün etmäge degişli ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bu maksat bilen “Türkmennebit” döwlet konserni we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiaýasy tarapynlan toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, häzirki wagtda Günbatar Türkmenistanda, Merkezi Garagumda we beýleki ýerlerde seýsmiki barlaglar, guýulary gazmak işleri amala aşyrylýar.

Uzak wagtyň dowamynda ulanylan nebit, gazly ýataklarda çig malyň çykarylyşyny artdyrmaga ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalar, usullar we häzirki zaman tehnikalar ornaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, köne guýulary dikeltmek we täze guýulary burawlamak işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam etjek wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda, täze uglewodorod ýataklaryny özleşdirmäge, nebithimiýa kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, innowasion önümçilikleri gurmaga degişli taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça işleri güýçlendirmek zerurdyr.

Nebitgaz pudagynyň diwersifakasiýalaşdyrylmagy hem-da ýangyç çig malynyň her ýylky alnyşynyň möçberleriniň artdyrylmagy milli ykdysadyýetimizde möhum orun tutýan ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipedir.

Milli Liderimiz şu babatda ýangyç-energetika toplumynda toplanan dünýä tejribesini düýpli öwrenmegiň we giňden ornaşdyrmagyň maksadalaýykdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Aşgabatda gurlan täze desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçiriljek medeni çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 1-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşýän, paýtagtymyzy gurmagyň 12-nji nobatdakysynyň çäklerinde bina edilen desgalary ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze edara binalary we birleşmäniň söwda merkezi, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmalary boýunça gurlan jemi 1072 öýli ýaşaýyş jaýlary bar. Bu ýerde ak mermerli paýtagtymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanan edebi-çeperçilik we aýdym-saz çykyşlary, türkmen halkynyň baýramçylyk däp-dessurlaryny şöhlelendirýän çykyşlar guralar. Şol gün Türkmenistanyň Hökümet binasynyň-da açylyş dabarasy bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda täze desgalaryň açylyşyny döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary bilen utgaşdyrmagyň ajaýyp däbe öwrülendigini belledi we munuň şol wakalaryň möhüm ähmiýete eýedigini alamatlandyrýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň açylyş dabaralary mynasybetli geçiriljek medeni çäreler babatda anyk tabşyryklary berip, olaryň hakyky türkmen toýy görnüşinde täze döwrüň ruhuny beýan etmelidigini we şol bir wagtyň özünde dabara gatnaşyjylar üçin ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmalydyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, “Gurban baýramyny bellemek hakyndaky” Permanyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Bu mukaddes baýram oktýabr aýynyň 5-ine, 6-syna we 7-sine belleniler. Resminama laýyklykda, 7-nji oktýabrda Gurban baýramy mynasybetli şol güni iş güni däl diýlip yglan ediler.

“Gurban baýramyny bellemek hakyndaky” Permana gol çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu nurana baýramyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz asyrlaryň jümmüşinden gelýän bu baýramyň asylly däpleriniň halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň bütewiligini, ahlak tämizligini, ynsanperwerligi, parahatçylygy we hoşniýetliligi alamatlandyrýandygyny nygtady. Türkmen halkynyň asylly ýörelgelerine laýyk gelýän mukaddes Gurban baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň taryhy gymmatlyklara, milletiň baý mirasyna, medeni dessurlaryna esaslanyp, abadançylygy we rowaçlygy dabaralandyrýar.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyza Aziýa Olimpiýa Geňeşi tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sport görnüşleriniň tassyklanan sanawy barada habar berdi. Aziýada – 2017-niň maksatnamasyna sportuň küşt, futzal, tennis, muaý taý (taý boksy), sambo, kuraş, jiu-jitsu, bouling, tigir sürmek (trek), 50 metr aralyga suwda ýüzmek, ýeňil atletika, agyr atletika (pauerlifting), basketbol, taekwondo (WTF), sport tansy, kikboksing, guşakly göreş, sport göreşi (grek-rim we erkin göreşi), bilýard sporty (bilýard we snuker) ýaly görnüşleri girizildi.

Türkmen paýtagtynda 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň guramaçylyk meseleleri barada aýtmak bilen, milli Liderimiz hereketleri utgaşdyrmak boýunça ähli meseleleri işläp taýýarlamak üçin öňde boljak ýaryşlaryň ähli sport desgalarynda sportuň bu görnüşleri boýunça bäsleşikleriň ýokary derejede guralmagy üçin häzirden hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sportuň Aziadanyň maksatnamasyna girizilen 19 görnüşi boýunça türgenleri we ýygyndy toparlary taýýarlamak bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi baradaky habar bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow çykyş etdi. Hususan-da, dokma senagatynyň önümçilik düzümlerini ösdürmek maksady bilen, görülýän çäreler barada hasabat berip, wise-premýer sebitleri senagat taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda hem-de Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrapda pagta egriji täze fabrikleri gurmagyň meýilleşdirilýändigi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bar bolan ägirt uly serişdeler kuwwatyna daýanyp, dokma senagatynyň Türkmenistanyň eksport ugurly ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bu pudaga pagtadan ýokary hilli önümleri öndürmegiň depginini höweslendirýän uly maýa goýumlar goýulýar. Şol önümler daşary ýurtly sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýar.

Täze iş orunlary dörediljek, welaýatyň ykdysadyýeti üçin pudagyň täze önümçilik desgalarynyň gurluşyklarynyň ähmiýetine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, ýurdumyzyň elektrik stansiýalarynda geçirilýän abatlaýyş işleriň barşy hakynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň elektroergetika pudagyny ösdürmek meselelerine uly üns bermegi netijesinde onuň maddy-engjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Bu bolsa sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, onuň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam edýär. Elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy ýurdumyzyň tutuş energoulgamynyň, şol sanda elektrik stansiýalarynyň, elektrik geçiriji ulgamlaryň we beýleki desgalaryň sazlaşykly işlemegine bagly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri-de gyş möwsümine taýýarlyk görmek bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Mary döwlet elektrik stansiýasynda, Türkmenbaşy we Seýdi ýylylyk elektrik merkezlerinde, şeýle hem Balkanabat we Awaza döwlet elektrik stansiýalarynda geçirilen we geçiriljek abatlaýyş işleri barada habar berildi.

Elektroenergetikanyň milli ykdysadyýetiň möhüm we geljegi uly pudaklarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik stansiýalarynda abatlaýyş işleriniň ýokary hilli bolmagyny we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini, şeýle hem ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we ilatly ýerleriniň tok bilen bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Abatlaýyş işlerini geçirmek üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy tehnologiýalary we döwrebap enjamlary ulanmagyň esasynda pudagyň düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Şunda milli Liderimiz pudagyň eksport mümkinçiliklerini amatly amala aşyrmagyň hem-de degişli ugurda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamlarynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2015-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanda Germaniýanyň Ykdysadyýet gününi geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Onuň çäreleri 2-nji oktýabrda paýtagtymyzyň “Mizan” täjirçilik merkezinde bolar. Öňümizdäki forumda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Oňa iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşar. Hususan-da, söwda, oba hojalygy we azyk senagaty, bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, nebitgaz senagaty, elektroenergetika we maşyn gurluşyk, gurluşyk enjamlary we serişdeleri, himiýa we senagat enjamlary, awtoulag senagaty we bank ugurlarynda işleri alyp barýan german kompaniýalarynyň 90-synyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Döwlet Baştutanymyz ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan 2015-nji ýylda geçirilmegi teklip edilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawyny, umuman, makullap, Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmak, ýurdumyzyň haryt öndürijilerini höweslendirmek, halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekde olaryň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere degişli kararyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy we halkara forumlaryny guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady. Ýewropa ýurtlary bilen özara gatnaşyklary ösdürmek onuň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljekde hem Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegi we hemmetaraplaýyn giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny nygtap, Türkmenistanda Germaniýanyň Ykdysadyýet gününiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň wajypdygyny belledi we ikitaraplaýyn işewür forumy talaba laýyk guramak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow ulag we aragatnaşyk pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, şol sanda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň binýadynda “Demirýolçy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti üçin ýöriteleşdirilen ýük wagonlaryny almak bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Hasabatyň çäklerinde ýapyk ýük wagonlaryny, nebit önümlerini daşaýan çelek we ýarym görnüşli wagonlaryň her görnüşinden 250-siniň satyn alynmagynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda demir ýol ulaglary pudagynyň ösdürilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmeginde ulag ulgamynyň kärhanalarynyň netijeli we sazlaşykly işiniň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz halkara ýük we ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmakda demir ýol ulaglaryna möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere häzirki döwürde hereket edýän demir ýol ulaglary tehnikalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Milli mowpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanynyň we Buýrugynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden çagyryş boýunça harby gullukçylary dabaraly ýagdaýda harby gullukdan boşatmak üçin harby bölümlerde dabaraly çäreleriň geçirilmegi üçin zerur işleri alyp barmak barada degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidenitimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we abadançylyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň adadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.