Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly medeni çärä gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly medeni çärä gatnaşdy

view-icon 956
Şu gün türkmen paýtagtynda ikinji Wena baly geçirildi. Bu ajaýyp baýramçylyk ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu balyň hormatly myhmany boldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Awstriýa-Türkmen jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralan bu çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe hem-de Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 22 ýyllygyna bagyşlanýar. Ikinji Wena balynyň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň ynsanperwerliginiň ähmiýetini alamatlandyrýar. Bu syýasat bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek, netijeli türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny, şol sanda medeni ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bu ugruň möhüm bölegidir.

Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2008-nji ýylda türkmen artistleriniň Wenanyň Ferstel köşgünde üstünlikli çykyş edendigini, Awstriýa – Türkmen jemgyýetiniň döredilendigini ýatlap geçmelidiris. Bu jemgyýet medeniýet, maglumatlary alyşmak ulgamynda we hyzmatdaşlyk etmekde bilelikdäki taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirdi. Şol taslamalaryň biri-de, Awstriýa – Türkmen jemgyýetiniň saýtynyň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu saýt ýewropalylary Türkmenistanyň gadymy taryhy we özboluşly baý medeniýeti, şu güni, ykdysady we syýahatçylyk kuwwaty bilen tanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde we howandarlygynda “Galkynyş” Türkmen-awstriýa simfoniki orkestri döredildi. 2009-njy ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen-awstriýa orkestriniň ilkinji konserti guraldy, döwlet Baştutanymyz onuň hormatly myhmany boldy.

Bilelikdäki çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Medeniýet günlerini, Wena şäheriniň Aşgabatdaky medeniýet günlerini, döredijilik çärelerini, türkmen sungat ussatlarynyň Wenadaky çykyşlaryny we awstriýaly artistleriň Aşgabatdaky çykyşlaryny görkezmek bolar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bellenilen ýylynda Aşgabatda bolan Wena baly bilelikdäki taslamalaryň iň möhüm wakalarynyň biri boldy. Bu ajaýyp çäre oňa gatnaşyjylarda dostlugyň we döredijiligiň aýdyň baýramy hökmünde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.


Mälim bolşy ýaly, Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň özboluşly buýsanjydyr. Bu balyň döredileninden bäri geçen 200 ýyla golaý wagtyň dowamynda meşhurlygyny has-da artdyrdy, ajaýyp wakalaryň biri hökmünde abraýyny berkitdi. Çünki belent derejä eýe bolan we dünýäniň köp döwletlerinde, şol sanda Ýewropa ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän bu medeni çäre bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Onda jemgyýetiň aýdym-saz we tans medeniýeti, ruhy dünýägaraýşy öz beýanyny tapdy. Şuňa meňzeş çäreler, ýagny “Opera ballary” dünýäniň iri şäherleriniň köpüsinde geçirilýär. Ýewropanyň paýtagtlarynyň birnäçesinde bolsa ballara, däp bolşy ýaly, Wena orkestri we wena tansmeýsteri çagyrylýar.

Şu gün Wena baly ýene-de Aşgabada geldi, ol ýene-de tebigy bezeglerde – Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň meýdançasynda, ajaýyp medeni ojaklaryň üçüsiniň – Milli kitaphananyň, Baş milli muzeýiň we Mukamlar köşgüniň golaýynda geçirilýär. Bu ýerden Köpetdaga, Garaşsyzlyk binasyna, gözelleşýän türkmen paýtagtynyň ak mermerli belent binalaryna ajaýyp görnüş açylýar.

Bu meýdança tanalmaz derejede özgerdi. Ýaşyp barýan günüň şöhleleri, binalaryň täsin çyralary, kümüşsow çüwdürimleri bu ýerde ýaýbaňlandyrylýan waka aýratyn öwüşgin çaýýar. Bezegleriň özboluşlylygy hem-de baýramçylygyň köp öwüşginliligi Wena balynyň has dabaraly bolmagyny üpjün edýär. Dabara gatnaşyjylaryň lybaslary – däp bolşy ýaly, erkek kişileriň art etegi uzyn geýimleri, owadan bal köýnekleri dabaranyň baýramçylyk äheňini has-da artdyrýar. Gyzlaryň kellesini uly bolmadyk täç bezeýär. Elbetde, meýdançanyň ähli giňişliginde nusgawy saz belentden ýaňlanýar.

Bala ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri çagyryldy. Aşgabatdaky Wena balyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasynyň ýörite wekiliýeti geldi. Onuň düzümine Wena şäheriniň parlamentiniň başlygynyň orunbasary Ernst Woler, Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger, Wena şäheriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekili, düzüminde Awstriýanyň meşhur sazandalary, dirižýor Wolfgan Harrer, aýdymçylar we tansçylar bolan döredijilik topary girdi. Awstriýanyň wekiliýetiniň düzümine şeýle hem Aşgabatdaky Wena balynyň myhmanlary – dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri—Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň agzalary bolan iri awstriýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary girdi.

Bu ýere ýygnananlaryň ählisi hormatly myhmana -- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Bu ajaýyp medeni çäre milli Liderimiziň başlangyjy bilen we howandarlygynda geçirilýär. Ýygnananlaryň mähirli garşylamagynda döwlet Baştutanymyz ýörite bellenen ýere geçýär. Milli Liderimize ajaýyp gül desseleri gowşurylýar. Meýdançanyň iki tarapynda ornaşdyrylan monitorlarda iki dostlukly döwletiň ajaýyp paýtagtlary – Aşgabat we Wena şäherleri baradaky wideofilmler görkezilýär.

Wena balynyň açylýandygyny habar berýän, däp bolan “Poloneziň” ilkinji owazlary ýaňlanýar, ony “Galkynyş” bilelikdäki türkmen-awstriýa orkestri ýerine ýetirýär. Mälim bolşy ýaly, berk berjaý edilýän kada laýyklykda, Wena balynyň resmi taýdan açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda sahna ilkinji gezek çykýanlaryň çykyşy guralýar. P.I.Çaýkowskiniň ajaýyp sazy astynda türkmen paýtagtynyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň toparlaryna wekilçilik edýän tansçylaryň 150 jübüti täsin tansy ýerine ýetirýär.

Bu tans tamamlanandan soň, bilelikdäki döredijilik çäresiniň resmi taýdan açylyş dabarasy başlanýar. Dabarany alypbaryjylar ýygnananlaryň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekleýärler. Ýurdumyzyň medeniýetiniň ägirt uly üstünlikleri, onuň okgunly ösüşi hut milli Liderimiziň ady we işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkara gatnaşyklary berkidilýär, bilelikdäki çäreler geçirilýär, ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagy ýola goýulýar. Aşgabatda geçirilýän ikinji Wena baly hem munuň aýdyň subutnamasydyr.


Açylyş dabarasynyň barşynda döwlet Baştutanlaryna -- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişere Aşgabatda ikinji Wena balyny geçirmek babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Hormatly myhman hökmünde türkmen döwletiniň Baştutanynyň gatnaşmagynyň bu halkara çäresiniň ähmiýetini we derejesini barha artdyrýandygy nygtaldy. Şu bilelikdäki medeni çäräniň iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam etjekdigi, olaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna hyzmat etjekdigi bellenildi.

Soňra Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy, doktor Neda Bergere söz berilýär. Ol hemmeleri möhüm waka bilen gutlap, türkmen döwletiniň Baştutanyna ikinji Wena balyna beren goldawy, iki ýurduň halklarynyň dostlugyny we özara düşünişmegini has-da pugtalandyrmaga, Ýer togalagynda parahatçylyga we abadançylyga ýardam etmäge gönükdirilen halkara çäresiniň ýokary guramaçylygy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Neda Berger özüniň päk niýetli, tüýs ýürekden çykýan hoşniýetli sözlerini beýik şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgy setirlerinde beýan etdi. Wenada şahyryň 290 ýyllygy uly dabara bilen bellenip geçildi diýip, Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy aýtdy.

Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soň, bal başlandy. Meýdançada Frederik Şopeniň “Polonez” sazy ýaňlanýar, tansçy jübütler täsin tansy howada gaýyp ýören ýaly ýerine ýetirýärler. Olaryň yzýany bilen “walsyň şasy” hökmünde ykrar edilen Iogann Ştrausyň “Güller walsy” sazy astynda “Ruhubelent çagalar” döredijilik toparynyň ýaş tansçy jübütleri çykýarlar.

Awstriýaly dirižýor Wolfgang Harrer taýajygyny galgadýar we diňleýjiler Edward Grigiň jadylaýjy sazyny tolgunma bilen diňleýärler. Kompozitoryň iň meşhur eserleriniň biri orkestrli fortepýano üçin konsert bolup durýar. Ony türkmen sazandasy we “Galkynyş” bilelikdäki türkmen-awstriýa orkestri ýerine ýetirýär. Birleşen orkestriň düzümine meşhur türkmen we awtriýaly sazandalar girdiler. Biziň myhmanlarymyz Wenanyň “Iogann Ştraus” ansamblynyň öňdebaryjy saz toparlarynyň birine gatnaşyjylar bolup durýar. Ol Awstriýanyň meşhur orkestrleriniň sazandalaryny birleşdirýär. Bu topar biziň ýurdumyzda geçirilýän halkara medeni forumlaryň çäklerinde, şol sanda 2010-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda Wena şäheriniň medeniýet günleriniň we ilkinji Wena balynyň çäklerinde eden üstünlikli çykyşlary bilen türkmenleriň saz ýerine ýetirijiligi bilen tanyşdyr. Ansambl nusgawy eserleriň uly toparyny, şeýle hem Ştrauslaryň nesliniň eserlerini hem-de Wena operettasynyň ussatlarynyň eserlerini ýerine ýetirmek arkaly halkara ykraryýetini gazandy.

Türkmen we awstriýa wokalçylarynyň hem-de dirižýor professor Wolfgang Harreriň ýolbaşçylygynda “Galkynyş” bilelikdäki türkmen-awstriýa orkestriniň çykyşlarynyň maksatnamasy dünýäniň we milli nusgawy sazlaryň genji-hazynasyndan meşhur nusgawy eserleri, operettalardan bölekleri, ajaýyp mukamlary özünde jemledi.

Wena balynyň myhmanlary türkmen aýdymçylarynyň, Türkmenistanyň döwlet horunyň, “Galkynyş” birleşen orkestriniň, şeýle hem çagyrylan wokalçylar – awstriýaly aýdymçy Werena te Best we Wenada köplenç çykyş edýän Lewent Gündüz Juzeppe Werdiniň “Trawiata” operasyndan “Toý aýdymyny” bilelikde ýerine ýetirmeklerinden uly lezzet aldylar. Bu aýdymçylaryň çykyşlarynda, şeýle hem Frans Legaryň operettasyndan arialar ýaňlandy. Çykyşlaryň her biriniň diýen ýaly ýany bilen ýurdumyzyň tans toparlaryna wekilçilik edýän bal tansynyň jübütleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Wena baly -- munuň özi, ilkinji nobatda, meşhur Iogann Ştrausyň walslary bolup, onuň nusgawy görnüşlerini Aşgabatda Awstriýadan bolan balet jübüti görkezdi. Aşgabadyň Wena balynyň köpsanly myhmanlaryny awstriýa we türkmen bal tansynyň jübütleriniň bilelikdäki çykyşy, bütin näzikligi hem-de Wena mähremligi biparh goýmady.

Aýdymçylar we döredijilik toparlary ajaýyp döredijilik baýramçylygyna gatnaşyjylara milli we dünýäniň nusgawy sazlarynyň genji-hazynasyndan eserleri, şol sanda A.Haçaturýanyň, I.Ştrausyň, J.Kerniň, A.Babaýewiň walslaryny, F.Şopeniň saz eserini, E.Halesiň tangosyny sowgat etdiler. Bu ýerde H.Rodrigesiň, P.Çaýkowskiniň, Ž.Bizeniň, G.Mançiniň, Ç.Biksionyň, Ç.Nurymowyň, N.Halmämmedowyň we beýlekileriň iň meşhur eserleri ýaňlandy. Baýramçylyk agşamy balyň myhmanlaryny we oňa köpsanly gatnaşyjylary öz şowhunly mukamlaryna gaplap alýan depginli dürli tans-sazlary bilen doly boldy. Olar ýerine ýetirilende monitorda Türkmenistanyň we Awstriýanyň paýtagtlarynyň täsin künjekleriniň şekilleri görkezildi. Bu bolsa jadyly saz agşamyna lezzetli duýgulary bagyş etdi.

Ajaýyp gözden geçiriş Wena balynyň hakyky bezegine öwrüldi. Paýtagtymyzyň Modalar öýi Milli lybaslar esasynda biçilen ajaýyp bal we döwrebap toý egin-eşikleri bolan öz işlerini görkezdi. Çagalara mahsus sadalyk we tolgundyryjylyk bilen öz ajaýyp lybaslaryny görkezen ýaşlar dostlukly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Egin-eşikleriň biçiliş usullarynyň garyşyklygy, milli lybaslaryň ýagty öwüşginliligi Ç.Nurymowyň ajaýyp “Toý aýdymy” bilen birleşip, Wena balyna mahsus bolan doly sazlaşykda özboluşly kiçi-spektakllara gatnaşýan mysaly duýguny döretdi. Şeýle ýagdaýlar türkmen paýtagtynda Wana balyny geçirmegiň däp bolan çärä öwrülýändigini nazara alanyňda has-da möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, ikinji Wena balyny geçirmek üçin türkmen modaçylary tarapyndan ýörite bal tanslary üçin ajaýyp köýnekleriň döredilendigini bellemek gerek. Olaryň biçiwinde ýewropa we milli däpleri sazlaşykly utgaşýar. Inçelik bilen ýerine ýetirilen milli nagyşly ýakalar bilen bezelen ap-ak lybaslar dünýäniň islendik ýurdundaky Wena ballarynyň hökmürowan moda bezeglerine mynasyp bäsleşip biljek.

Wena ballarynyň aýrylmaz bölegi bolan uly agşamlyk nahary milli awstriýa we türkmen aşhanasy tarapyndan görkezildi. Ol, mälim bolşy ýaly, sungat bilen deň hatarda dünýäniň halklarynyň özboluşly medeniýeti, däp-dessurlarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Wenaly aşpezleriň nahar taýýarlaýyş usullary boýunça olaryň aşgabatly kärdeşleri ýörite ikinji Wena baly üçin onuň däp bolan tagamyny—awstriýa usuly boýunça almaly we dorogly ştrudel taýýarladylar. Türkmen gülçüleri hem bu çäräni öz ussatlyklary bilen bezediler.

Däp bolşy ýaly, Wena baly kiçi Iogan Ştrausyň belli eserleriniň biri bolan “Gözel Dunaýyň kenarynda” atly wals bilen tamamlandy. Ony “Galkynyş” bilelikdäki türkmen-awstriýa orkestri ýerine ýetirdi.

“Galkynyş” orkestri, Türkmenistanyň döwlet hory we aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen “Berkararlyk aýdymy” diýen aýdym türkmen-awstriýa ajaýyp medeniýet baýramçylygynyň jemlenmesine öwrüldi. Ol mähriban Watanymyzyň ruhy galkynyşyny, onuň häzirki zaman gazananlaryny hem-de ösüşiň belentliklerine tarap ymtylmalaryny şöhratlandyrýar.

Bilelikdäki döredijilik çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýüzlendi. Hemmeleri türkmen paýtagtynda bu medeni çäräniň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimiz Bitarap Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösüşiň täze has ýokary derejesine çykarmak işindäki onuň uly ähmiýetini nygtady. Wena balyna gatnaşmak üçin Awstriýadan uly wekiliýetiň ýurdumyza gelmegi bu medeni çäräniň ähmiýetini artdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň awstriýaly dostlaryna, hususan-da, daşary ýurtlarda türkmen medeniýetini wagyz etmäge, Türkmenistan bilen Awstriýanyň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýan Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergere minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen-Awstriýa dostluk gatnaşyklary häzirki tapgyrda täze üstünlikler , syýasy, ykdysady, ylmy-medeni ulgamlarda yzygiderli giňeldilýän hyzmatdaşlyk bilen alamatlanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Muňa Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet we sungat işgärleriniň biziň ýurtlarymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän ähli halkara çärelerine işjeň gatnaşmagy hem doly derejede şaýatlyk edýär. “Galkynyş” türkmen-awstriýa orkestriniň şu gün ýerine ýetiren sazlary, ajaýyp ikinji Wena balynyň barşynda biziň aýdymçylarymyzyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan wokal eserler biziň halklarymyzyň ýyl-ýyldan berkeýän dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň özboluşly senasyna öwrüldi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistanda ikinji gezek Wena balynyň geçirilmegi iki dostlukly döwletiň medeni gatnaşyklarynyň taryhynda täze röwşen sahypany alamatlandyryp, biziň netijeli özara gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalanjakdygynyň hem-de giňeljekdiginiň aýdyň tassyklanmasy boldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem häzirki zaman Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinden, dünýäniň halklary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekden, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ylalaşygyň dabaralanmagyna ýardam edýän halkara medeni-gumanitar gatnaşyklaryň pugtalanmagyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek babatda häzirki çäräniň ähmiýetini nygtady. Garaşsyz Watanymyzyň paýtagtynda Wena balynyň ikinji gezek geçirilmeginiň türkmen medeniýetiniň taryhynda uly wakalaryň biri bolup durýandygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzda mundan beýläk hem Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, dostlukly halklaryň medeni aragatnaşyklaryny ösdürmek üçin hemme çäreleriň görüljekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşyny tamamlap, ýygnananlary Aşgabatda Wena balynyň geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de türkmen we awstriýa halklarynyň dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini arzuw etdi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň çykyşy bu ýere ýygnananlaryň şowhunly we dowamly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Aşgabatda geçirilen ikinji Wena balynyň guramaçylaryna we oňa gatnaşyjylara onuň ýokary guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, olara jan saglyk we döredijilik üstünliklerini arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Aşgabatdaky “Wena baly” oňa gatnaşyjylaryň ýadynda uzak wagtlap galar. Olar halklaryň dostlaşmagyna, medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna we sungatyň saýasynda birleşmäge ýardam edýän bu ajaýyp hem-de hakykatda owadan baýramçylyk bilen ýene-de duşuşmaga garaşarlar.