Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň Sammitine gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň Sammitine gatnaşar

view-icon 837
29-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherine ugraýar we şol ýerde Hazarýaka döwletleriniň—Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutanlarynyň 4-nji duşuşugyna gatnaşar.

Bu duşuşygyň gün tertibine, ilkinji nobatda, Hazar deňziniň hukuk derejesini işläp taýýarlamak, sebitdäki hyzmatdaşlygy we kenarýaka döwletleriň birnäçe möhüm ugurlar, şol sanda Hazarda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça mundan beýläk-de arkalaşykly hereket etmegini ösdürmek bilen bagly bolan wajyp meseleleriň toplumy girizildi. Onuň gün tertibiniň çäklerinde birnäçe Ylalaşyklaryň, şol sanda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy, Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak, Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak bilen bagly meseleler baradaky hyzmatdaşlyga degişli Ylalaşyklaryň taslamalaryna garalmagyna we gol çekilmegine garaşylýar.

Şu günler köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde türkmen tarapynyň Hazar deňzine degişli beýleki möhüm meseleler boýunça netijeli we işjeň garaýyşlary barada giňden hem-de jikme-jik beýan edildi, munuň özi şu duşuşygyň barşynda öz beýanyny tapar.

Şeýlelikde, Türkmenistan Hazar deňziniň hukuk derejesi bilen bagly meseleleriň ählisiniň çözülmegine işjeň gatnaşyp, parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyny, halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini, deňhukukly esasda hem-de halkara hukugy boýunça ählumumy kadalary we ýörelgeleri berjaý etmek arkaly, sebitdäki ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini maksat edinýär.