Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň Astrahanda geçirilýän IV Sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Iki ýurduň Liderleri Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek meselesi boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädimi alamatlandyrýan ýokary derejedäki şeýle forumyň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
Şu güki Sammite gatnaşandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti ýurdumyzyň Hazar meselesine degişli wezipeleriň çözülmegine ägirt uly goşant goşýandygyny belledi.
Ýokary derejede geçirilýän bäştaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde guralan pikir alyşmalaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtamak bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Hazaryň baý mümkinçiliklerini kenarýaka döwletleriň ählisiniň bähbidine gorap saklamak we netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy boýunça gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny bellediler. Bu babatda bilelikdäki möhüm resminamalaryň, şol sanda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky, Hazarda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak hakyndaky, Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklaryň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi.
Bildirilen myhmansöýerlik we Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň nobatdaky Sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin russiýaly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Türkmenistanyň Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek meselelerinde bolşy ýaly, halklary umumy taryhy we köpasyrlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan sebitleriň ýurtlary bilen söwda-ykdysady we medeni- gumanitar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda işjeň hereket etmäge taýýardygyny tassyklady.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçmek bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly häsiýete eýedigini we onuň ýokary derejesini bellediler. Şeýle hem iki ýurduň Liderleri taraplaryň ähli möhüm ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we ösdürmäge meýillidigini nygtadylar. Ozal gazanylan türkmen-russiýa şertnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy boýunça pikir alşyp, iki döwletiň baştutanlary soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän çäreleriň iki dostlukly döwletiň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän deňhukukly, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini şertlendirjekdigine ynam bildirdiler.
Nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanyp, Aşgabatda şu aýyň başynda geçirilen türkmen-russiýa duşuşygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Oňa Russiýa tarapyndan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlarynyň, “Skolkowo” innowasion önümçilik gaznasynyň wekilleri, şeýle hem birnäçe kompanýialaryň we edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olaryň hatarynda “Gruppa kompaniý Metropol” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, “TýumenNIIgiprogaz”, “INTREK”, “RosKon” maglumat-konsalting merkezi, “Ballastnyýe truboprowody SBAP”, “Anod” Ýapyk kysymly jemgyýet, “GMS Neftemaş” Açyk paýdarlar jemgyýeti, “Metally Wostoçnoý Sibiri” korporasiýasy we beýlekiler bar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýsatynyň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplaryň döwrüň möhüm meseleleri babatdaky garaýyşlarynyň gabat gelýändigini bellemek bilen, söhbetdeşler goňşy ýurtlaryň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen ýygjam aragatnaşyklary ýola goýmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Wladimir Putin Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä forumlarynyň belent münberinden öňe sürýän we ählumumy howpsuzlygyň täze binýadynyň kemala getirilmegine, Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň parahatçylygyň, durnuklylygyň künjegine öwrülmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhum ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Bellenilişi ýaly, dünýä meseleleri babatda işjeň orny eýelemek, wagty ýeten meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we olaryň çözgüdi üçin oňyn tagallalary birleşdirmek döwrüň wehimlerine wagtynda seslenmäge mümkinçilik berýär.
Duşuşygyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladiimr Putin birek-biregi Türkmenistana we Russiýa Federasiýasyna sapar bilen gelmäge çagyrdylar.
Iki ýurduň Liderleri hoşlaşanlarynda Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň däp bolan ynanyşmak, birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny belläp, goňşy döwletleriň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.