Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň IV Sammitine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň IV Sammitine gatnaşdy

view-icon 996
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň IV Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Mälim bolyş ýaly, Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleler Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirýän daşary syýasat ulgamynda möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda ýurdumyz parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy gyzyklanmalaryň deňeçerliginde deňhukukly özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär. Sebitara we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orny eýelemek bilen, Türkmenistan parahatçylygyň, durnuklylygyň, Hazar deňzi sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşýan Hazarýaka ýurtlarynyň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine mynasyp goşant goşýar.

Milli Liderimiziň Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň Sammitlerine gatnaşmagy, şeýle hem Hazar meselesiniň dürli ugurlary, şol sanda degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli başlangyçlary bu ugurda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Şunda, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň işlenip taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hazar deňzinde netijeli we köpugurly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilen bu binýatlyk resminamanyň işlenip taýýarlanylmagyna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan birek-birege hormat goýmak we umumyykrar edilen halkara hukuk kadalaryna daýanýan degişli meseleleriň oňyn çözülmegini ugur edinýär.


Şunuň bilen baglylykda ýokary derejede geçirilýän bäştaraply duşuşygyň bolýan günlerinde Astrahanda Hazarýaka ýurtlarynyň ýaşlar sammitiniň we işewürlik forumynyň bolandygyny bellemeli.

…Iki sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary Astrahanyň Sammite gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladyler. Belent mertebeli türkmen myhmanyna ajaýyp gül desseleri gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden Russiýanyň federal ähmiýetli taryhy-medeni ýadygärligi we şäheriň ajaýyplyklarynyň biri bolan Astrahan Kremline tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň ulagy Astrahan Kremliniň çäginde ýerleşýän “Seýhgauz” binasynyň ýanynda saklandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy binanyň girelgesiniň ýanynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Soňra iki ýurduň Liderleri Sammitiň baş nyşanynyň öňünde surata düşdüler.

Şeýle hem Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani we Garagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Astrahan şäherine geldider.

Sammit başlanmazynyň öňüsyrasynda Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy. Soňra binanyň Kiçi maslahatlar zalynda çäkli düzümde ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti kärdeşleri bilen mähirli salamlaşyp, Hazarýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge hem-de Hazaryň sebitiniň parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzi hökmündäki derejesini pugtalandyrmak boýunça umumy tagallalaryň birleşdirilmegine gönükdirilen Astrahan Sammitiniň gün tertibiniň meseleleri barada aýtdy.

Birek-birge düşünişmek we netijeli esasda geçen duşuşygyň barşynda taraplar özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ozal habar berlişi ýaly, Sammitiň gün tertibine Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek, Hazarda howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady, ulag, daşky gurşawy we bu ajaýyp deňziň biologik serişdelerini goramak hem-de beýleki ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ýakyn we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Hazarýaka döwletleriniň baştutanlary ýokary derejede geçirilýän bu duşuşygyň özara kabul ederlikli çözgütleriň we hyzmatdaşlygyň oňyn ugurlaryny işläp taýýarlamagyň ýola goýlumagyna gönükdirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Sammit binanyň Uly maslahatlar zalynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Belent mertebeli myhmanlary ýene bir ýola gutlap, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin kärdeşlerine şu günki duşuşyga gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol duşuşygyň Hazar sebitinde umumy gyzyklanmalara jogap bolýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmeginde we ösdürilmeginde uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Soňra Sammite gatnaşyjy Hazarýaka ýurtlarynyň Liderlerine söz berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Astrahan Sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi we hyzmatdaşlyk babatda döredilen mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunda, milli Liderimiz Sammitiň çäklerinde geçirilýän duşuşyga gatnaşyjylaryň işiniň Hazar meseleleriniň işjeň ýagdaýda seredilmegini we Hazarda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmek boýunça bilelikdäki işiň netijeliliginiň artdyrylmagyny şertlendirjekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary döwlet derejesinde geçirilýän duşuşyklaryň Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýola goýulýan gepleşikleri işjeňleşdirmekde möhüm şert bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Mälim bolşy ýaly, 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilen birinji Hazar Sammiti kenarýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, Hazarda özara gatnaşyklary ýola goýmak bilen baglanyşykly köpsanly meseleleriň çözgüdine özara kabul ederlikli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga itergi berdi. Onuň netijeleri 2007-nji ýylda Tähranda we 2010-njy ýylda Bakuda geçirilen Hazar Sammitleriniň üstünlikli bolmagyny şertlendirdi.

Ýokarda agzalan üç forumyň netijeleri Hazarda hil taýdan täze gatnaşyklary döretmek üçin ygtybarly binýady döretdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Hazarýaka ýurtlarynyň bäşisiniň duşuşyklarynyň geçirilip başlanmagy bilen, Hazar deňzindäki gatnaşyklaryň ähli meseleleri boýunça diýen ýaly bilelikdäki işler amala aşyrylýar. Hazar deňzi boýunça köptaraply gepleşikleriň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň gyzyklanmalaryny nazara almak, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esaslarynda ýola goýmak meseleleriniň anyklygy bu wezipäniň kesgitleýji ugry boldy we şeýle bolmagynda galýar. Biz diňe şeýle ýagdaýda umumy çözgütlere ýetmäge, anyk netijeleri we ylalaşyklary gazanmaga tarap yzygiderli hereket edip bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistan Hazar deňzindäki bäştaraplaýyn gatnaşyklara baglanyşdyryjy, biziň döwletlerimiziň parahatçylyga, ylalaşyga we netijeli halkara hyzmatdaşlygyna bolan meýillerini äşgär ediji ýagdaý hökmünde garaýar diýip, milli Liderimiz belledi. Hut şonuň üçin hem ähli meseleler, iň çylşyrymly wezipeler hoşniýetli goňşuçylyk we ýygjam hyzmatdaşlyk ýagdaýynda ara alnyp maslahatlaşylmalydyr. Öňe hereket etmek üçin Hazar deňzinde döwletara gatnaşyklarynyň häzirkizaman hukuk binýadyny döretmek zerur bolup duýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny taýýarlamak işleriniň yzygiderli alnyp barylýandygyny nygtady. Şu güne çenli taraplar umumy anyk gyzyklanmalaryň we Hazary parahatçylyk deňzine öwürmek baradaky çözgüdiň kesgitleýji şerti bolup durýan bu möhüm resminamanyň birnäçe ýagdaýlar boýunça garaýyşlaryň ýakynlaşmagyny gazandylar. Munuň özi halkara syýasatynyň durnuklylygynyň, howpsuzlygynyň, ähli meseleleri syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmagyň esasynda çözmegiň nusgasy bolup durýar.

Konwensiýanyň taslamasynda ylalaşylmadyk birnäçe ýagdaýlaryň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz umumy tagallalaryň netijesinde degişli özara kabul ederlikli çözgütleriň işlenip taýýarlanyljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu maksatlaryň göwnejaýdygy hakynda aýdyp, Ýörite iş toparynyň durmuşa geçirýän çäreleri bilen bir hatarda, Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň derejesindäki duşuşyklary we geňeşmeleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Geljekki hukuk derejesiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýan Hazar deňziniň işiniň binýatlaýyn ýörelgeleri Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň Astrahan Sammitiniň Beýannamasynyň esasyny düzdi. Bu möhüm resminama gol çekilmegi Hazar deňzinde döwrebap we durmuşa ukyply kadalary döretmekde gazanylan netijeleriň berkidilmegini şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Hazaryň aýry-aýry ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylda geçirilen Baku Sammitinde Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini goramak boýunça meseleler işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meseläniň örän derwaýysdygyna düşünmek bilen, biziň ýurdumyz Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşygy işläp taýýarlamak babatda teklibi öňe sürdi.

Türkmenistan bu meseleleri çözmek işiniň ulgamlaýyn esasda, täze, anyk işlenip taýýarlanylan halkara-hukuk usullaryna daýanmak arkaly amala aşyryljakdygyna ynanýar. Munuň özi balyklaryň aýratyn gymmatly görnüşlerini tutmagy çäklendirmek bilen baglanyşykly meseleleri aýdyňlaşdyrardy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Utgaşdyryjy gurama bolan Hazaryň suw biologik serişdeleri boýunça toparyň döredilmegi bu ulgamda özara gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyna, netijeli we halkara derejesinde umumykrar edilen hyzmatdaşlyk esaslarynyň döredilmegine ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamagy öňe sürdi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hazar deňzi ekologiýa ulgamyna howp salýan tebigy we tehnogen häsiýetli ýagdaýlaryň zolagy bolup durýar. Şonuň üçin hem bu ýerde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça özara gatnaşyklaryň netijeli, köpugurly guralynyň döredilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň döwlet we hökümet baştutanlaryna ýurdumyzyň bu Ylalaşygy işläp taýýarlamak we ony gol çekmek üçin Astrahan Sammitine girizmek hakyndaky başlangyçlaryny goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan Hazar deňziniň gidrometerologiýasy we onuň hapalanmagyna gözegçilik boýunça Utgaşdyryjy komitete başlyklyk edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Biziň ýurdumyz bu işe örän jogapkärçilikli çemeleşýär we Hazar deňziniň gidrometerologiýasy hem-de onuň hapalanmagyna gözegçilik etmek boýunça Utgaşdyryjy komitetiň ulgamynda bilelikdäki işleri ýerine ýetirýär. Munuň özi Hazaryň ajaýyp tebigy serişdelerini gorap saklamak babatdaky umumy tagallalaryň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka ýurtlaryna Hazar deňziniň gidrometerologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny gutarnykly kesgitlemegiň başardandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda taraplaryň işiniň birugurly ulgamyny döretmäge gönükdirilen resminama gol çekilmeginiň zerurdygyna ynam bildirdi.

Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolan Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklar bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, mill Liderimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi öňe sürdi. Biziň ýurtlarymyzyň özara söwdasynyň möçberleriniň görkezijileri örän ýokary, ýöne Hazarýaka döwletleriniň ägirt uly köpugurly kuwwatyny nazara alanyňda, ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mümkinçilikler örän köp diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu ugurda ulgamlaýyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin degişli hukuk we guramaçylyk guralynyň zerurdygny bellemek bilen, milli Liderimiz Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmataşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere seretmegi teklip etdi.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz şeýle köptaraply resminamanyň ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine we berkidilmegine täze itergi berjekdigini nygtady. Resminamanyň işjeňligi Hazarýaka ýurtlarynyň hökümet düzümleriniň we işewür toparlarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna bagly bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kenarýaka döwletleriň şäherlerinde mejlisleri geçirmek bilen hemişelik hereket edýän Hazar Ykdysady Forumyny döretmek hakyndaky teklibi öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Hazar deňziniň Ýewraziýa yklymynda iri ulag çatrygy hökmündäki ornunyň barha ýokarlanýandygyny belledi. Munuň özi möhüm ugur bolmak bilen, Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda bolşy ýaly, olaryň dünýä bazarlaryna çykmagynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly geljeginiň bardygyny görkezýär. Bu ýerde gürrüň ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň täze binýadyny döretmek hakynda barýar.

Biziň ýurtlarymyzyň çägi Aziýa bilen Ýewropany birikdirýän, “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlary boýunça ulag üstaşyr we söwda gatnaşyklarynyň netijeli hereketini üpjün edýän tebigy geografiki giňişlik bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýakyn wagtda Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň arasynla täze ulag ugurlaryny döretmk üçin taraplaryň tagalla etmekleriniň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar sebitini Ýakyn Gündogar we Ortaýer deňzi, Günorta hem-de Günort-Gündogar Aziýa bilen baglanyşdyrýan ulag ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly meselelere çynlakaý çemeleşmegiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ýörelgeleriň durmuşa geçirilmeginiň ilkinji nobatda ulag ulgamyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan pugta hukuk binaýdyna baglydygyny aýtdy.

Bu ýagdaýa üns bermek we Hazarýaka ýurtlarynyň ulag ulgamyny özara utgaşdyrmagy, sebit we ählumumy möçberdäki multimediýa gatnawlarynyň sazlaşygyny üpjün etmegi nazara almak bilen, Türkmenistan Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň işlenip taýýarlanmagyny maksadalaýyk hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu hyzmatdaşlygy iş ýüzünde amala aşyrmagyň möhüm şerti bolan Hazaryň sebitleýin ulag-logistik merkezini döretmegiň wajypdygy barada nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Hazar deňziniň sebitiniň uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan we olaryň daşalýan iri dünýä merkezleriniň birine öwrülýändigini aýtdy. Munuň özi umumy çözgüdi talap anyk hakykatdyr. Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyna, onuň sebit we halkara ösüşine kuwwatly itergi bermäge,maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga ukyplydygyna, ýer şarynyň bu künjeginde umumy geosyýasy ýagdaýa oňyn täsir etmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynanýar.

Türkmen tarapy Hazar deňzinde biziň döwletlerimiziň bu ulgamda düýpli gapma-garşylygynyň ýokdygyny ugur edinýär. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň haýsydyr bir çözülmedik meselelere syýasy äheň bermäge garşydygyny aýratyn belledi. Munuň Hazar deňzi boýunça turba geçirijileri gurmagyň geljegi bilen baglanyşyklydygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz bu meselede umumykrar edilen halkara-hukuk kadalarynyň, birek-birege hormat goýmak we umumy bähbitleri nazara almak ýörelgelerine daýanmagyň zerurdygyny belledi.

Türkmenistan turba geçirijileriň çäginden geçýän döwletleriň özygtyýarly hukugy we ylalaşygy esasynda guruljakdygyna pugta ynam bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Iň ýokary halkara ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmeginiň möhüm ýagdaý bolup durýandygyna ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň Hazar deňzindäki üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti we bar bolan ähli meseleleriň çözgüdiniň kepili bolup durýandygyny aýtdy.

Häzirki döwürde Hazarýaka döwletleriniň gatnaşyklarynyň köpugurlydygyny, ol ýa-da beýleki meseleler boýunça garaýyşlaryň ulgamlaýyn häsiýetiniň ýakyndygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Resupblikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentlerine Hazar deňzinde hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, birek-birege hormat goýmak esaslarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sammitiň resminamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barandygy üçin bäş döwletiň bilermenlerine minnetdarlyk bildirdi.

Çykyşyny tamamlamak bilen, hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Astrahan oblastynyň ýolbaşçylaryna myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ýurdumyzyň ozaldan gelýän ykdysady hyzmatdaşy bolan bu ülkä abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra metbugat-maslahatlary zalynda jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hazar deňziniň gidrometerologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga; Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilýär.

Hazarýaka döwletleriň baştutanlary Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň Beýannamasyna öz gollaryny goýdular.

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň Liderleri Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV Sammitiniň Kommýunikesini kabul etdiler.

Şeýlelikde, taraplaryň Hazar deňzinde özara gatnaşyklaryň esasy meseleleriniň çözgüdiniň esaslary hakynda gazanan ylalaşyklaryny nazara almak bilen, degişli beýannama arkaly berkidilen bu Sammiti hakyky galkynyş diýp atlandyrsa bolar.

Soňra Hazarýaka ýurtlarynyň Liderleri metbugat üçin ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Sammitiň jemini jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli kabul edilendikleri we duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2002-nji ýylda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň birinji Sammitini geçirmek bilen ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşygy geçirmek başlangyjyny öňe sürdi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Tejribeden görnüşi ýaly, türkmen tarapynyň bu başlangyjy öz wagtynda we döwrüň talap edýän meselesine öwrüldi.

Türkmenistan Hazar meseleleriniň möhüm ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmek we işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylygy we howpsuzlygy goldamakdan, harby gapma-garşylyklaryň öňüni almakdan we olary aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Şunda, biz Hazar deňzinde hukuga garşy islendik ýagdaýlaryň, şol sanda kontrabanda, brakonýerçilige, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, islendik görnüşdäki ekstremizme we terrorçylyga garşy göreşmekde tagallalaryň utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegini hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, milli Liderimiz Hazarýaka döwletleriniň ägirt uly tebigy-serişde, energetiki, senagat, ulag-üstaşyr we beýleki mümkinçiliklerini nazara alanyňda, ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli şertleriň bardygyny belled