Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda Fransiýa Respublikasynyň “Buig” kompaniýasy tarapyndan gurlup, ulanylmaga berlen paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” otelinde “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty we golf ulgamynda ýöriteleşen “Jek Niklaus dizaýn” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jek Niklausy kabul etdi.
Myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentine mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň ählumumy bähbitleriň hatyrasyna giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny ynamly durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen soňky ýyllarda netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we işewür toparlaryň wekilleri döwletara aragatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen olaryň has-da ösdürilmegi üçin açylýan uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň söwda-ykdysady ulgamda özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge taýýardygyny aýtdylar.
Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň giň topary ara alyp maslahatlaşyldy. Şol ylalaşyklar uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiz türkmen tarapynyň ABŞ bilen köp ýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň alyp barýan işiniň ähmiýetini aýratyn nygtady. Bu geňeş iki ýurduň döwlet hem-de hususy düzümleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän yzygiderli işewür duşuşyklary, maslahatlary we sergileri guraýar.
“Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny berkitmäge çalyşýandygyny aýtdy. Ol ýurtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän “açyk gapylar” syýasaty netijesinde daşary ýurtly işewürler üçin oňaýly şertleriň döredilendigini belläp, öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygyň zerur ugurlaryny kesgitlemäge hem-de Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalara we milli ösüşiň maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.
ABŞ-nyň kompaniýalarynyň türkmen-amerikan gatnaşyklaryny we milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de iň gowy dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýasyny üstünlikli ilerletmäge goşandyna ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda netijeli bilelikdäki işlerde toplanan oňyn tejribäniň dürli ugurlarda ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda, maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar we aragatnaşyk, oba hojalygy hem-de beýleki birnäçe ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Bellenip geçilişi ýaly, sport ulgamyna hem özara bähbitleriň täze ugry hökmünde garalýar. Onuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine Türkmenistanda aýratyn üns berilýär. Bu meseläniň üstünde aýratyn durup geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz myhmanlaryna ähli soňky ýyllarda sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmek we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işleriň geçirilýändigi barada gürrüň berdi. Ine, Ýurtda bu ulgamda hereket edýän milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär, “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasy” kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar, halkara ölçeglerine gabat gelýän köpsanly sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny, köpugurly stadionlary, aýlawlary, awtodromlary, ýörite sport okuw binalaryny, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda halkara derejeli sport ýaryşlaryny geçirmek üçin desgalary gurmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.
Ýurduň ýokary ýolbaşçylygynyň sportuň ösüşini höweslendirmäge berýän şeýle ünsi türkmen türgenleriniň öňünde ajaýyp geljegi açýar diýip, Jek Niklaus bellemek bilen, sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň wagyzçysy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatlaryny nygtady.
Biziň ýurdumyzyň bedenterbiýe we ýokary üstünlikler sport ulgamynda gazanan üstünliklerine ýokary baha bermek bilen, işewür dünýä derejesinde geçirilýän abraýly ýaryşlarda türkmen türgenleriniň gazanýan köpsanly ýeňişleriniň, tutuş ýurdumyzda bina edilen döwrebap sport toplumlarynyň, şol sanda 2017-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan sebitde iri Olimpiýa şäherçesiniň munuň aýdyň subutnamasydygyny nygtady. Şeýle hem ol sportuň golf ýaly meşhur görnüşiniň Türkmenistanda ösmegine gyzyklanma bildirýändigini we öz kompaniýasynyň bu işde goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz “Jek Niklaus dizaýn” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň hödürlän golf meýdançasynyň taslamalary bilen ünsli tanşyp, oňa birnäçe tekliplerini we belliklerini aýtdy. Myhman milli Liderimiziň aýdan teklipleriniň hem-de bellikleriniň golf meýdançasynyň taslamasynda hökman göz öňünde tutuljakdygyna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhmanlar hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinmeginiň däbe öwrülen türkmen-amerikan gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine hem-de esasy ugurlarda özara gatnaşyklaryň netijeli usullaryny işläp düzmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.