Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň belli “Winçi Konstrukson Gran Prože” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Alen Bonnony kabul etdi.
Ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, myhman möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň başyny başlaýjy Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda açylyş dabarasy guralan Ministrler Kabinetiniň täze binasynyň gurluşygynyň özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygyna buýsanýandygyny nygtady.
Fransiýaly hyzmatdaşlaryň ýerine ýetiren işlerine ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda halkara gurluşyk bazarlarynda öňdebaryjylaryň biri bolan “Winçi Konstrukson Gran Prože” kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini belledi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi boýunça pikir alyşmalar boldy we işewür hyzmatdaşlygy berkitmegiň geljekki ugurlary kesgitlendi. Geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, fransiýaly işewür Türkmenistanyň Prezidentiniň öz öňlerinde goýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda “Winçi Konstrukson Gran Prože” kompaniýasynyň ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.