Ï Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 774
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Marko Mançinini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat türkmen Liderine, ähli türkmen halkyna bagt hem-de abadançylyk arzuw eden öz ýurdunyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň adyndan mähirli gutlag sözlerini ýetirdi. Ilçi öňdebaryjy özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan Bitarap Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin giň möçberli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi Italiýanyň daşary syýasat strategiýasyna we tutuşlygyna alnanda, Ýewropa bileleşiginiň ýurtlarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigini aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyz ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap hem-de iki halkyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw edip, Italiýa Respublikasynyň Prezidentine we Premýer-ministrine iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz tarapyndan Türkmenistanyň hem ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerinde guralan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigini nygtap, dostlukly ýurduň Prezidentini hem-de Hökümetiniň Baştutanyny özleri üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Onuň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Döwlet Baştutanymyz we dostlukly ýurduň ygtyýarly wekili ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugry bilen Türkmenistanyň we Italiýanyň özara gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de geljegi hakynda duşuşygyň çäklerinde bolan pikir alyşmagyň barşynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanmak bilen nygtadylar hem-de iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge taraplaryň özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Diplomat özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, Ýewropanyňi ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge aýratyn üns berýän Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň köp babatda oňyn syýasaty netijesinde şol hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady.

Hyzmatdaş ýurtlaryň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini tassyklap, hormatly Prezidentimiz we myhman hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şäher gurluşygyny, oba hojalygyny we beýleki ençeme ugurlary kesgitlediler. Medeni-gumanitar ulgamda, hususan-da, ylymda, medeniýetde we bilimde ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi hem bellenildi.

Jenap Marko Mançini Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň baştutany hökmünde işde uly üstünlikleri arzuw edendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, özara bähbitler üçin köp ugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge alnan ugry dowam edip, däp bolan hoşniýetli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine milli Liderimizi ynandyrdy.