Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan Täze zaman obasynyň, şeýle hem türkmen paýtagtynyň Abadan etrabynda gurlan zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhananyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Irden döwlet Baştutanymyz Derweze etrabynyň çäginde peýda bolan täze döwrebap oba tarap ugrady. Mälim bolşy ýaly, onuň düýbi 2012-nji ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda tutuldy. Ine, şondan bäri bary-ýogy iki ýyl geçenden soň (!), bu ýerde ajaýyp täze oba döredildi. Bu obany hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň nyşany diýip atlandyrmak bolar. Täze desgalaryň gurluşygynyň okgunly depginleri barada aýtmak bilen, Aşgabady gurmagyň çäklerinde bina edilen, düýn ak mermerli paýtagtymyzda ulanmaga berlen täze ajaýyp desgalaryň tutuş toplumynyň taslamasynyň hem bary-ýogy 2 ýylda (!) amala aşyrylandygyny bellemelidiris. Täze toplumlaryň örän çalt peýda bolmagy hakyky gudrata meňzeşdir. Muny eziz Watanymyzyň täze eýýamynyň dörediji kuwwaty, milli Liderimiziň maksada okgunlylygy we taýsyz tagallalary bilen düşündirmek bolar.
Täze obanyň şöhratly baýramyň – eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylmagy hakyky şanly waka bolup, milli Liderimiziň başyny başlan we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda obalarda ösen durmuş-ykdysady düzümi döretmäge gönükdirilen oňyn özgertmeler syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.
Täze obalary gurmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň –türkmen topragynyň ähli künjeklerini gurşap alan giň möçberli özgertmeler döwrüniň aýdyň alamatyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, türkmen obasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda milli ykdysadyýteimiziň esasy ulgamlarynyň biri bolan obasenagat toplumyny has-da ösdürmäge degişli wezipeler durmuş ugurly wezipeleri çözmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin has oňaýly şertleri döretmek meseleleri milli Liderimihz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän möhüm maksatnamalar, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy” munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň täze obalary we döwrebap şäherçeleri gurmak barada gol çeken Kararlary hem şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ähli sebitlerinde giň möçberde ýaýbaňlandyrylan hem-de raýatlarymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ägirt uly işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bu meýilnamalaryň amala aşyrylmagy bilen obalarymyza oňaýly ýaşaýyş we öňdebaryjy tehnologiýalar gelýär. Döwletimiz obalary toplumlaýyn abadanlaşdyrmaga ägirt uly serişdeleri gönükdirip, obalaryň ýaşlar üçin özüneçekiji bolmagy, bu ýerde täze ýokary girdejili önümçilikleriň peýda bolmagy we ýokary hünärli işgärleriň obalarda galmagy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ösdürilmegi üçin netijeli ädimleri ädýär.
... Irden Täze zaman obasynda hakyky ruhubelentlik we uly ählihalk baýramçylygy ýagdaýy höküm sürýär. Şanly waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary ýygnandylar. Dabara gatnaşýanlaryň arasynda jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, giň jemgyýetçiligiň wekilleri bar.
Bu ýere ýygnananlaryň ählisi hormatly Prezidentimizi mähirli we ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Asyrlaryň dowamynda dörän ajaýyp däbe görä, milli Liderimizi Ahal welaýatynyň hormatly ýaşululary duz-çörek bilen garşylaýarlar. Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag, ömrüniň uzak we halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagy Beýik Biribardan dileg edilýär.
Soňra bolan gürrüňdeşligiň barşynda hormatly ýaşulular türkmenistanlylaryň abadançylygy we bagtyýar durmuşy barada edýän yzygiderli aladasy, türkmen obasyny ösdürmek boýunça ädilýän ädimler hem-de oba ýaşaýjylarynyň durmuş – ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça edilýän tagallalar üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýurdumyzda täze döwrebap obalaryň köpçülikleýin gurulmagy hem bu tagallalaryň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Bu maksatlar toplumlaýyn milli maksatnamalaryň esasyna goýuldy. Obada düýpli özgertmeleri amala aşyrmak şol maksatnamalaryň esasy ugurlarynyň biridir. Munuň özi oba zähmetkeşleriniň durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmelidir.
Soňra milli Liderimiz täze oba barýan ýolda gurlan derwezä tarap ugraýar. Ýolugruna hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly diplomatlar bilen söhbetdeş bolup, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryna ünsi çekdi. Nesilden-nesle geçirilýän, milletimiziň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan däp-dessurlar häzirki döwürde tutulýan uly toýlaryň, şol sanda jaý toýlarynyň bezegi bolup durýar. Halkymyz bu toýlary aýratyn myhmansöýerlik ýagdaýynda uludan tutýar.
Döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanan joşgunly aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň öwüşginini has-da artdyrdy.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär—ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we Täze zaman obasyny açýar.
Ýokarda bellenilişi ýaly, täze döwrebap obalary gurmak meselesi hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça iş saparynyň çäklerinde Derweze etrabyndaky täze obanyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanşandygyny ýatlamalydyrys. Şol ýerde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň uly toplumyny gurmak göz öňünde tutuldy. Olaryň hatarynda bir we iki maşgala niýetlenen, 7 görnüşli, bir we iki gatly kottej ýaşaýyş jaýlary, orta mekdep, çagalar bagy, Saglyk öýi, Medeniýet öýi, Durmuş hyzmaty öýi, bedenterbiýe-sagaldyş toplumy, Söwda merkezi we senagat hem-de azyk harytlarynyň dükanlary, şeýle hem durmuş düzüminiň beýleki desgalary bar.
Ýaşaýyş jaýlary barada aýdylanda bolsa, olarda amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin ähli şertler döredilipdir. Döwrebap mebeller bilen üpjün edilen giň otaglar şäherlerdäki öýleriňkiden birjik-de pes däldir. Her bir maşgala üçin aşhanalaryň ikisi we ýuwunylýan otaglaryň ikisi niýetlenendir.
Ajaýyp täze iki gatly, 800 okuwça niýetlenen mekdep binasy oba adamlarynyň buýsanjydyr. Onda oba ýaşlarynyň döwrüň talabyna laýyk gelýän ýokary hilli bilim almagy, ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Başlyngyç synplar hem-de dürli dersler – matematika, fizika, biologiýa, himiýa we beýleki dersler üçin niýetlenen mekdep otaglary interaktiw we beýleki ýörite enjamlar hem-de mowzuklaýyn görkezme esbaplary bilen üpjün edildi. Bu ýerde döwrebap enjamlaşdyrylan kompýuter we lingafon otaglary hem bar. Okuwçylaryň zähmet okuwy üçin hem zerur şertleriň ählisi göz öňünde tutuldy. Degişli enjamlar we abzallar bilen üpjün edilen ajaýyp sport zaly hem-de bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin niýetlenen meýdançalar çagalaryň ygtyýaryndadyr.
Täze zaman obasynda gurlan, her biri körpeleriň 240-syna niýetlenen ajaýyp çagalar baglarynyň ikisinde körpeleriň sazlaşykly ösmegi we olaryň wagtlarynyň göwnejaý geçirilmegi üçin ähli şertler döredildi. Binalarda giň we ýagty otaglar, şol sanda oňaýly çagalar ýatakhanalary, multimediýa we interaktiw tehnologiýalary bilen üpjün edilen, sapaklar geçmäge, hususan-da, daşary ýurt dillerini öwrenmäge we kompýuter sowatlylygyny ele almaga niýetlenen otaglar, aýdym-saz we sport zallary, şeýle hem saglyk otaglary ýerleşýär. Çagalar baglaryna ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy. Şol ýerde çagalaryň oýun meýdançalary ýerleşýär. Körpeler olarda açyk howada özleriniň wagtyny şadyýan geçirip bilerler.
200 orunlyk zaly bolan Medeniýet öýi medeni çäreleri we oba ýaşaýjylarynyň boş wagtyny göwnejaý geçirmek üçin niýetlenendir. Obadaky “Toý mekanynda” bolsa dürli dabaralary, şol sanda toýlary geçirmek bolýar. Bu ýerde ýokary derejeli hyzmatlar kepillendirilendir. Ýerli ýaşaýjylar täze obada gurlan döwrebap bedenterbiýe–sagaldyş toplumynda bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp bilerler. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Söwda merkezinde we dükanlarda alyjylara harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Täze zaman obasynda ýerli ýaşaýjylara hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän Hyzmatlar öýi hem bar.
Baýramçylyk aýdym-sazyň owazynyň astynda hormatly Prezidentimiz obada gurlan ýaşaýyş jaýlaryna tarap ugraýar. Ýoluň ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy medeniýet we sungat işgärleri aýdym-sazlar we tanslar bilen garşylaýarlar, şeýle hem döwlet Baştutanymyzy täze obanyň ýaşaýjylary mähirli mübärekleýärler. Täze obanyň çäginde uly türkmen toýy ýaýbaňlandyryldy.
Oba barýan ýoluň ugrunda oňat bezelen ak öýler dikilipdir, uly gazanlarda nahar atarylypdyr, çapyksuwarlar ahalteke bedewlerine ussatlyk bilen erk edýärler, bagşylar hem-de artistler, şol sanda sirk artistleri öz ussatlyklaryny görkezýärler. Olaryň golaýynda halk senetleriniň we amaly-haşam sungatynyň ussatlary ýerleşipdir. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde hakyky halk şüweleňi, milli oýunlar we sport ýaryşlary ýaýbaňlandyryldy.
Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz alabaý itiniň güjükleri bilen oýnap ýören çagalar bilen söhbetdeş bolýar. Mälim bolşy ýaly, türkmenler tarapyndan döredilen türkmen itiniň -- alabaýyň tohumy dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolup durýar. Güýçli we gaýduwsyz alabaýlar gadymy dörwürlerden bäri türkmenleriň wepaly ýoldaşy bolupdyr, sürüleri bakmaga ýardam edipdir, öz eýeleriniň öýlerini we maşgalalaryny gorapdyr. Arassa tohumdaky ahalteke bedewleri bilen birlikde, alabaýlar hem halkymyzyň milli baýlygy bolup durýar.
Soňra elguşlar we ýyndam tazylar bilen aw etmegiň ussady gürrüňe goşulýar. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz elguşlaryny eldekileşdirmek we olar bilen aw etmek sungatynyň öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny belledi. Elguş awy halkymyzyň köp müňýyllyk medeniýetiniň, onuň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegidir, täze taryhy eýýamda aýawly saklanylýan asylly däpleriň biridir.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýoluny dowam edip, obanyň ýaşaýyş jaý toplumyna barýar. Bu ýerde milli Liderimizi ýerli ýaşaýjylar mähirli garşylaýarlar. Gadymdan gelýän halk dessuryna görä, jarçy hemmeleri uly toýa çagyrýar, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, dabara gatnaşyjylara däp bolan milli süýjülikler hödür edilýär.
Obada gurlan ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanlary diýip atlandyrmak bolar. Oba durmuşynyň aýratynlyklary nazara alnyp, olaryň gurluşygynda milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça her bir howluda mellek, mal saklanýan ýer, bassyrmalar, tamdyr göz öňünde tutuldy. Bu ýerde ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar döredildi. Giň we oňaýly otaglar, eýwanlar, enjamlaşdyrylan aşhanalar, şeýle hem garažlar we elbetde, zerur bolan inžener-tehniki kommunikasiýalar olaryň hyzmatyndadyr. Ýeri gelende aýtsak, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň mart aýynda bolan iş saparynyň barşynda häzir täze obada peýda bolan ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryna aýratyn üns berdi.
Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiz şol jaýlaryň birine baryp gördi. Jaýyň derwezesiniň öňünde milli Liderimizi täze jaýyň bagtyýar ýaşaýjylary ruhubelentlik bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz jaýyň howlusyna barýar, şol ýerde hem hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär: bagşylar öz ussatlygyny görkezýärler, tamdyrlarda mele myssyk çörek bişirilýär. Türkmen myhmansöýerliginiň ajaýyp däbine görä, täze jaýyň eýeleri hormatly myhmanlara, şol sanda daşary ýurtly diplomatlara ýaňyja tamdyrdan çykan çörek hödürlediler. Diplomatlar bu ýerde döredilen amatlyklar bilen tanşyp: “Bu şähermi ýa-da oba?” diýen diýen sowal bilen ýüzlendiler.
Hormatly Prezidentimiz jaýyň içine girip, onuň ýerleşişi we abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu maşgalany täze ýaşaýyş jaý bilen mähirli gutlady hem-de olaryň täze jaýda nähili ýerleşendigi bilen gyzyklandy. Muňa jogap edip, täze jaýyň eýeleri halkymyz barada ýadawsyz alada edýändigi, oba ýaşaýjylary üçin häzirki döwrüň ähli amatlyklarynyň elýeterli bolmagy babatda taýsyz tagallalary edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň obanyň durmuş – ykdysady düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça maksada laýyk çäreleri görjekdigini nygtap, täze jaýyň ýaşaýjylary bilen hoşlaşdy we olara rowaçlyk hem-de maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Şanly waka mynasybetli milli Liderimiz täze ýaşaýyş jaýyna göçüp baranlara gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz ýoluny dowam edip, beýleki bir jaýyň howlusyna bardy. Şol ýerde milli dessurlaryň ählisi berjaý edilip, bagtyýar maşgalanyň goşa toýy – jaý toýy we bäbek toýy tutulýardy. Bagtyýar maşgala hormatly Prezidentimizi iň gadyrly myhman hökmünde mähirli garşylap, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Häzirki döwürde oba ýaşaýjylarynyň şeýle ajaýyp jaýlarda ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaga we çagalary terbiýelemäge mümkinçiligi bardyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze jaýyň eýelerini jaý toýy we bäbek toýy bilen tüýs ýürekden gutlap, halkymyzyň abadançylygynyň hemişe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galjakdygyny nygtady. Ýurdumyzda raýatlarymyzyň oňaýly ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli şertleriň üpjün edilmegine, şeýle hem jemgyýetiň esasy hökmünde maşgalanyň pugtalandyrylmagyna we goldanylmagyna, çagalarymyz barada hemmetaraplaýyn alada edilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň adyndan täze jaýyň eýelerine sowgatlar, şol sanda körpe çaga üçin arabajyk sowgat berilýär.
Şu dabaranyň bezegine öwrülen halk däp-dessurlary hem türkmen maşgalalarynda çagalaryň aýratyn alada bilen gurşalyp alnandygyna şaýatlyk edýär. Şol dessurlaryň hatarynda ýokarda agzalyp geçilen bäbek toýy, körpeleriň ýaňyja ýöräp ugran pursady bilen baglanyşykly “ýörjen-ýörjen” dessury we “galpak toýy” bar.
Döwlet Baştutanymyz täze jaý toýuny tutýanlar bilen ýadygärlik üçin surata düşüp, Täze zaman obasy we onuň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşmagyny dowam etdi.
Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz oba dükanyna baryp gördi. Şol ýerde alyjylara harytlaryň dürli görnüşleri, şol sanda düýn milli Liderimiziň gatnaşmagynda açylan “Berzeňňi”mineral bejeriş suwy kärhanasynyň önümleri hödürlenilýär. Şeýlelikde, häzirki wagtda oba ýerlerinde şäherlerdäkiden birjik-de pes durmaýan döwrebap söwda we hyzmatlar ulgamy döredilýär.
Bu dükanyň tekjelerinde harytlaryň bolçulygy bada-bat göze ilýär. Bu ýerde ýylyň ähli döwründe adamlaryň gündelik durmuşynda zerur bolan önümleriň ähli görnüşlerini tapmak bolýar. Dükanda oba ilatyna dürli görnüşli azyk harytlary, ter gök we bakja önümleri, çörek we unaş önümleri, süýt we süýt önümleri, ir-iýmişleriň dürli görnüşleri, mineral suwlar we şerbet suwlary hödürlenýär. Çaga iýmitiniň dürli görnüşleriniň bardygy, olaryň hemmesiniň täzeligine satuwa goýberilýändigi bellenmelidir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dükanda satylýan önümler, olaryň görnüşleri bilen tanyşlygyň barşynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, esasan-da, täze döredilýän obalarda azyk hem-de haryt bolçulygynyň üpjün edilmegi ugrunda mundan beýläk-de yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýoluny dowam edip, bu ýerde gurlan ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki täze desgalara syn edýär. Dabara gatnaşyjylaryň gözüniň alnynda hakyky türkmen toýy ýaýbaňlandyrylýar. Onda gadymdan gelýän dessurlar berjaý edilýär. Şol dessurlaryň biri-de gelnaljy toýy bilen baglanyşyklydyr. Mundan ençeme asyr ozal bolşy ýaly, bu gün hem bu ajaýyp we özboluşly däp-dessurlar özüniň ruhy-medeni köklerine hem-de maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu waka täze obanyň açylmagy mynasybetli guralan dabaralara özboluşly öwüşgin çaýdy. Şu gün bu obada jaý toýlary bilen birlikde, täze maşgalanyň döremegi bilen baglanyşykly toý hem uludan tutuldy.
Döwlet Baştutanymyz ýaş çatynjalara bagt arzuw edip, täze obanyň çäginde ýerleşen seýilgähe barýar we agaç nahalyny oturdýar. Bu asylly işe gatnaşýanlaryň ählisi, şol sanda daşary ýurtly diplomatlar uly höwes bilen goşuldylar.
Bu şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.
Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara we täze jaýlara göçüp baranlara ýene-de bir gezek berk jan saglyk, bagtyýar durmuş hem-de maşgala abadançylygyny arzuw edip, bu ýerden ugraýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň paýtagtynyň Abadan etrabyna tarap ugrady. Ol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynyň nobatdaky iri desgasynyň -- Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Şu ýerde diňe iki günüň içinde, ýagny, 1-2-nji oktýabrda Aşgabadyň dag eteklerinde “Berzeňňi” mineral bejeriş suwy kärhanasy, Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerinde, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda, şeýle hem Ahal welaýaty üçin paýtagtymyzyň Abadan etrabynda düýn açylan dikeldiş merkezleri bolan döwrebap okuw-terbiýeçilik toplumlary, şu gün bolsa Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhana ýaly täze gurluşyklaryň açylmagynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny, her bir raýatyň bähbidini goramaga uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy.
Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kärhanalary alysdaky obalara çenli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guruldy we häzir hem bina edilýär. Munuň özi ilata ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik döredýär.
Bularyň hemmesi--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä jemgyýetçiliginden hem-de ýurdumyzyň işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýän öňdebaryjy halkara guramalaryndan, şol sanda BMG-den we onuň iri düzümlerinden—Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan, BMG-niň Çagalar gaznasyndan giň ykrarnama eýe bolan düýpli oýlanyşykly we durmuş ugruna gönükdirilen ösüşlere beslenen syýasatynyň aýdyň miweleridir.
Hormatly Prezidentimiziň ulagy ýurdumyzyň derman senagatynyň täze kärhanasynyň binasynyň öňünde saklanýar. Milli lybasdaky gyzlar milli Liderimize gül desselerini gowşurýarlar. Dabara köpsanly gatnaşyjylar türkmen döwletiniň Baştutanyny uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.
Soňra täze binanyň öňündäki baýramçylyk görnüşindäki meýdançada medeniýet we sungat, aýdym-saz we tans toparlarynyň ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde döredijilik çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhananyň esasy girelgesine barýar. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz toý bagyny kesip, binanyň içine girýär. Bu ýerde ak ýektaýly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.
Milli Liderimiziň kärhana bilen tanyşlygy önümçilik bölüminden başlanýar. Kärhananyň hünärmeniniň gürrüň berşi ýaly, bu bölüm dolandyryşyň kompýuter ulgamynyň üsti bilen özara baglanyşykly işleýän bölümçeleriň 4-sinden ybaratdyr. Olaryň birinde—suw taýýarlaýjy bölüminde Italiýanyň “Housing” kompaniýasynyň enjamy işleýär. Ol 1 sagatda 500 litr arassalanan suw öndürmäge ukyplydyr. Önümçilikde ulanylýan suw Ýewropa talaplaryna laýyk gelýär. Aseptiki şertlerde arassalanan suw awtomatik usulda 3 000 litr göwrümli ýörite gaba guýulýar.
Ikinji bölümçede hem aseptiki şertlerde awtomatik usulda göwrümi 1 000 litr bolan ýöriteleşdirilen gaplaryň 3-sinde zyýansyzlandyryjy erginler taýýarlanýar. Taýýar bolan erginleriň hili barlaghanada barlanylýar. Soňra olar sorujylar arkaly awtomatik usulda göwrümi 1 000 litre barabar 3 sany ýöriteleşdirilen gaplara geçirilýär we guýmaga ygtyýar berilýär.
Ergin guýulýan bölümçede guýujy ulgamlaryň dördüsi işleýär. Olaryň 2-sinde “Elektromag” kompaniýasy tarapyndan italýan tehnologiýasy boýunça taýýarlanylan enjamlar oturdylandyr. Birinji ulgamda zyýansyzlandyryjy erginler 500 ml we 1 000 ml göwrümdäki tegelek gaplara, şeýle hem 4 000 ml görwümli dörtburç gaplara guýulýar. Ulgamyň önümçilik kuwwatlylygy sagatda 500 ml göwrümli gutulardan 480-sini, 1 000 ml göwrümli gutulardan 360-syny, 4 000 ml göwrümli gutulardan 240-syny çykarmaga ukyplydyr.
Ikinji ulgamda zyýansyzlandyryjy erginler 100 ml we 250 ml göwrümli tegelek gaplara guýulýar. Ulgamyň önümçilik kuwwatlylygy sagatda 100 ml göwrümli gutulardan 960-syny, 250 ml göwrümli gutulardan hem şonçasyny çykarmaga niýetlenendir.
Ulgamlaryň ikisiniň işi 6 tapgyrdan ybaratdyr: gaplary tertipleýän, howa bilen arassalaýan, zyýansyzlandyryjy erginleri guýýan, gapaklary ýapýan, ýarlyk ýelmeýän we bellik goýýan enjamlardyr.
Üçünji ulgam “Kansan” kompaniýasy tarapyndan italýan tehnologiýasy boýunça taýýarlanan enjamlarda işleýär, ol 26-36 santimetr ölçegli çygly desmal öndürmäge niýetlenendir. Ol üç tapgyrda işleýär: desmal taýýarlaýan, ýöriteleşdirilen erginleri guýýan we gaplaýjy enjamlaryň iş tapgyrlarydyr. Ulgamyň önümçilik kuwwatlylygy sagatda 6 000 gap çykarmaga ukyplydyr.
Dördünji ulgamda “Uslupak” kompaniýasy tarapyndan italýan tehnologiýasy boýunça taýýarlanan enjamlar oturdylandyr, ol hem çyg desmal öndürmäge niýetlenendir. Onuň önümçilik kuwwatlylygy sagatda 4 000 gap çykarmaga barabardyr.
Soňra gaplaýjy bölümçede hünärmenler tarapyndan taýyn erginleriň möçberine we desmallaryň hiline gözegçilik işleri geçirilýär. Bu ýerde taýýar önümler gaplara gaplanylýar we ammara ugradylýar. Ol ýerde önümler hil, mukdar we mikrobiologiki barlaglardan talabalaýyk netije alynýança saklanýar. Şeýle netijäni önümçilik bölüminden soňky kärhananyň esasy ikinji bölümi bolan hil barlagy we mikrobiologiýa bölümi berýär. Ahyrky netijede erginler we çyg desmallar gaplanan gaplar taýýar önümler ammarynda ýerleşdirilýär.
Hil barlagy we mikrobiologiýa bölümi Germaniýanyň “WTW” kompaniýasynyň seljeriji döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Olaryň hatarynda pH-metr, suwuň tok geçirijiligini ölçeýän enjam, Ýaponiýanyň “Shimadzu” kompaniýasynyň hromatograf we spektrofotometr, ABŞ-nyň “Dijital” kompaniýasynyň refraktometr we densitometr, Italiýanyň “Fungilab” kompaniýasynyň wiskozimetr enjamlary bar. Bölümde önümçilikde peýdalanylýan suwuň himiki düzümine, taýýar zyýansyzlandyryjy erginiň hiline we mukdaryna barlaglar geçirilýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň derman öndüriji täze kärhanasy -- kuwatlylygy ýylda 200 müň litre barabar bolan Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhana Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, ABŞ-nyň we Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan önümçilik we kömekçi tehnologik enjamlar, hil we mukdar barlaglaryny geçirmek üçin niýetlenen seljeriji abzallar bilen doly enjamlaşdyrylandyr. Kärhanada önümçilik işleri Ýewropa ölçeglerine we GMP-niň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Kärhana dürli göwrümlerde zyýansyzlandyryjy erginleriň 24 görnüşini hem-de çyg desmallaryň iki görnüşini öndürmäge we gaplamaga ukyplydyr. Zyýansyzlandyryjy erginleriň önümçiliginde peýdalanylýan çig mal we gaplaýjy serişdeler Germaniýanyň we Türkiýäniň bütin dünýä meşhur kompaniýalaryndan alyndy.
Soňra hormatly Prezidentimiz kärhanada öndürilen zyýansyzlandyryjy erginleriň we beýleki önümleriň görnüşleri bilen gyzyklandy. Milli Liderimize täze kärhananyň önümçilik kuwwaty, öndürilýän derman senagatyna degişli serişdeleriň giň toplumy barada maglumat berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, derman senagatyna degişli täze kärhananyň ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň derman senagatynyň önümçilik binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, bu geljegi uly pudagy täze sepgitlere çykarmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek ýolunda öňe ädilen nobatdaky ädimdir. Şolaryň hatarynda ýokary hilli derman serişdeleriniň giň görnüşlerini çykarmaga ugur almak, bu pudagyň ylmy we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak we ösdürmek, öňdebaryjy ýokary tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak wezipeleri bar.
Kärhana bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, bu günki waka mynasybetli milli Liderimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we kärhananyň zähmet toparyna täze awtoulaglaryň açaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary derman senagatynyň täze desgasynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, şu günki dabaralar parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir aýdyň sahypany ýazdy.