Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň täze binasynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň başyndan bäri geçen 9 aýyň içinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, bildirilýän ýokary talaplar bilen baglylykda ýolbaşçylyk edýän ministrlikleriniň we edaralyrynyň gündelik işleri hakynda hasabat berdiler.
Ilkinji bolup 2014-nji ýylyň üç çärýeginde ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli hopsuzlyk ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi. MHM-nyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda harby ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde gazanylan üstünlikler, şeýle hem ýurdumyzda raýat asudalygyny we parahatçylygy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Şol ýagdaýlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin, türkmenistanlylaryň abadan we döredijilikli durmuşy üçin aýrylmaz şertler bolup durýar.
Birnäçe möhüm ugurlary öz içine alýan toplumlaýyn harby özgertmeleriň ilerleýşiniň barşyna kanagatlanma bildirmek bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Türkmenistan ylalaşdyryjylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny işjeň we netijeli alyp barmaga mümkinçilik berýän bitaraplyk derejesine ygrarly bolup galýar diýip belledi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa söz berildi. Ol döwlet serhediniň goralmagyny güýçlendirmek, şeýle hem garamagyndaky desgalarda, hususan-da, bina edilýän döwrebap serhet galalarynda gurluşyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.
Eziz Watanymyzyň mukaddes çäklerini goraýan serhetçileriň möhüm jogapkärçiligini, olaryň ene topragymyzyň asudalygyny üpjün etmek işine goşandyny aýratyn bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiz geljekde hem serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, edermen watan goragçylarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berer diýip belledi.
Goranmak ministrliginiň we onuň tabynlygyndaky düzümleriň şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleri hakynda Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy B.Gündogdyýew hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygyna hem-de bu şanly senä gabatlanan çärelere, şol sanda dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.
Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhy bilen üznüksiz bagly bolan ýetip gelýän ählihalk baýramçylygynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen ähli çärelere, aýratyn-da, dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlygyň barşyna degişli derejede gözegçilik etmegi talap etdi.
Soňky ýyllarda döwrebap harby tehnikalary bilen üpjün edilýän milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmegiň we kämilleşdirmegiň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz ýaş işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri hem güýçlendirmegi talap etdi.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministrli I.Mulikowa söz berildi. Ol şu ýylyň 9 aýynyň içinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermek bilen, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak we dürli düzgünbozmalaryň öňüni almak maksadynda IIM-niň edaralary tarapyndan görülýän çäreler barada aýratyn durup geçdi.
“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” diýen şygar astynda sentýabr aýynda geçirilen ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli Liderimiziň başyny başlan biraýlygynyň çäklerinde geçirilen çäreler barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde köpsanly çäreler – duşuşyklar, maslahatlar, söhbetdeşlikler, bäsleşikler geçirilip, olara ulular we çagalar, şol sanda umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary we mekdebe çenli edaralaryň çagalary giňden çekildi.
Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň her ýyl geçirilýän biraýlygynyň ýurdumyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň sanyny ep-esli azaltmaga ýardam berýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz ilatyň arasynda, aýratyn-da ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda yzygiderli düşündiriş işlerini geçirip durmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministrine we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu aýyň ahyrynda giň gerimli baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin jemgyýetçilik tertibini üpjün etmegi talap etdi.
Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat berdi. Ýurdumyzda kanunçlygyň we düzgün-tertibiň pugta berjaý edilmegine berk gözegçilik şol işleriň möhüm ugry bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz prokuratura edaralarynyň geçirýän işleriniň möhümdigine ünsi çekip, olaryň işiniň täze taryhy döwrüň belent maksatlaryna we wezipelerine, şeýle hem biziň döwletimiziň wagyz edýän adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine doly gabat gelmelidigini belledi.
Umumy kabul edilen halkara ölçeglerine kybap getirilýän milli kazyýet ulgamyny has-da ösdürmek, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň berkitmek we kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi babatda görlen anyk çäreler barada Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleri ykjam seçip almagyň zerurdygy barada aýtmak bilen, ýurdumyzda kanunçylygyň we düzgün-tertibiň berjaý edilmegine gös-göni jogap berýän kazyýet edaralarynda diňe ynsaply, hemmetaraplaýyn sowatly, kanunyň rüstemligine ygrarly bolan adamlar işlemelidir diýip belledi.
Milli Liderimiziň başyny başlan hukuk özgertmelerini ilerletmegiň barşy, şeýle hem 2014-nji ýylyň üç çärýeginde halkara hukugynyň öňdebaryjy tejribesini we umumy kabul edilen kadalaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler barada Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hereket edýän kadalaşdyryjy namalary we iň gowy dünýä kanunçykaryjylyk tejribesini nazara almak bilen işlenip taýýarlanýan täze kanunlary kabul etmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu meselä örän düýpli çemeleşmegi tabşyrdy. Çünki kabul edilýän kanunlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek babatda wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýje girizilýän kanunçylyk namalaryny jikme-jik düşündirmegiň usulyny kämilleşdirmäge uly üns bermegi talap etmek bilen, ilatyň hukuk habarlylygyny we sowatlylygyny ýokarlandyrmak, hukuk işgärleriniň jemgyýetçilik maslahat beriş işlerini geçirip durmak onuň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar diýip belledi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew öz nobatynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, hususan-da, gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmek, olary Türkmenistanyň serhedinden geçýän ýükleri ykjam barlamaga mümkinçilik berýän döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň soňky ýyllarda Ýewraziýa yklymynyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm merkezi hökmünde ykrar edilmegi netijesinde işleri has-da artan gümrük gullugynyň işgärleriniň üstüne ýüklenen jogapkärçiligiň örän uludygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işgärleri seçip almak boýunça işleri örän ykjam geçirmegi tabşyrdy, şol işgärler öz hünär bilimlerinden başga-da giň gözýetimli, ynsaply bolmalydyr we öz işlerinde başlangyç bilen çykyş etmelidir diýip belledi.
Ähli adamzat üçin uly howp döredýän neşekeşligi ýok etmek we öňüni almak, şeýle hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşi güýçlendirmek boýunça geçen 9 aýyň içinde amala aşyrylan işler bardaky hasabat bilen Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň ýaýradylmagynyň öňüni almak, boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz geljekde hem türkmen jemgyýetini häzirki zamanyň ählumumy howplaryndan, ilkinji nobatda, adamlaryň saglygy we durmuş abadançylygy üçin zyýanly bolan endiklerden ygtybarly goramagy üpjün edýän gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkider.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal tassyklanan çäreleri gyşarnyksyz amala aşyrmagyň möhümdigini belläp, dessin-agtaryş işlerini güýçlendirmegi, ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmegi, şeýle hem degişli iri halkara guramalary we sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi talap etdi.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hasabat döwründe geçiren işleri, döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolan halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işleriniň has netijeli bolmagyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada gullugyň başlygy D.Baýramow hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna degişli ugurda işleri güýçlendirmäge gönükdirilen görkezmeleri berip, geljekde hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, özlerine ynanylan iş ýerlerinde jogapkärçiligini artdyrmak ýaly meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrydy.
Howpsuzlyk geňeşiniň beýleki agzalaryna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna oktýabr aýynda geçiriljek möhüm çäreler bilen baglylykda, aýry-aýry görkezmeler berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, döwletimiziň we halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durup, Diýarymyzyň abadançylygyny we rowaçlygyny, onuň raýatlarynyň asudalygyny we parahatçylygyny üpjün edýän ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ysnyşykly, sazlaşykly işlemeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylaryň ugratmagynda Ministrler Kabinetiniň binasyndan çykdy.
Soňra Döwlet Baştutanymyz bu ýerden Oguzhan köşkler toplumyna tarap elektromobilde ugrady.