Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 789
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda häzirki döwürde welaýatlaryň obasenagat pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş msalahatyny açmak bilen, welaýatda alnnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa söz berdi. Häkim hasabat bermegiň çäklerinde welaýatyň Derweze etrabynda täze döredilen “Täze zaman” obasynyň birinji tapgyrynda gurlup ulanmaga berlen jaýlara göçüp gelen maşgalalaryň we tutuş etrabyň ilatynyň adyndan döredilýän ajaýyplyklar üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy.

Şeýle hem häkim häzirki döwürde welaýatda bugdaý ekişiniň, pagta ýygymynyň barşy, sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol mukaddes Garaşsyzlygymyz mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylan işlere, esasan-da, güýzlük bugdaý ekişi we pagta ýygymy bilen baglanyşykly çärelere ünsi çekip, häzirki döwürde welaýatyň Tejen, Kaka, we Derweze etraplarynda bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Oba hojalyk pudaklarynda alnyp barylýan işler baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, esasan-da, Kaka we Derweze etraplarynda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi häkimden talap etdi. Şeýle hem milli Liderimiz Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk baýramy mynasybetli gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda taýýarlyk işleriniň degişli derejede alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty diňlenildi.Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, güzýlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýylyk toýuna hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlyk görmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda möhüm oba hojalyk işleriniň depginleri bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, welaýatyň Ruhubelent S.A.Nyýazow adyndaky we Gurbansoltan eje adyndaky etraplarynda bugdaý ekişiniň haýal alnyp barylýandygyny belledi. Bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek boýunça ähli zerur çäreleri görüň diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde pagta ýygymynyň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, sebitiň aýry-aýry etraplarynda, esasan-da, Ruhubelent, Akdepe we Boldumsaz etraplarynda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk, mukaddes baýramçylyk mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň barşy we baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkimi birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerni ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol möhüm oba hojalyk möwsümleriniň çäklerinde alnyp barylýan agrotehniki çäreler we welaýatda gurulýan dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda durup geçidi.

Mundan başga-da, häkim Köýtendag etrabynda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan toplumynyň gurluşygynyň depginleri, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Ýaşulular maslahatyny guramaçylykly geçirmek üçin ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çäreleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň obasenagat pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belläp, welaýatyň Birata, Garabekewül we Galkynyş etraplarynda bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, esasan-da. Birata hem-de Döwletli etraplarynda, we Magdanly şäherinde pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň güýçlendirilmegini häkimden talap etdi.

Welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarlaky işleriň ýagdaýyna degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Garaşsyzylyk baýramy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky taýýarlyk çäreleri, kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen aýratyn gyzyklandy. Milli Liderimiz baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilýän ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, Ýaşulularyň maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň derejesiniň ýokarlandyrylmalydygyny belledi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda öz hasabatyny häzirki döwürde alnyp bayrlýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly çykyşdan başlady. Şeýle hem ol sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler, pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, hasabatyň çäklerinde mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlerňi depginini ýokarlandyrmak, güýzlük bugdaý ekişini we pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek we bu babatda ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek döwrüň möhüm meselesidigini belledi we oňa örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, welaýatyň Türkmengala, Baýramaly we Garagum etraplarynda bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Welaýatda pagta ýygymynyň alnyp barlyşy baradaky meselä degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Murgap, Altyn sähra we Mary etraplarynda pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalar, olaryň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýänlerinde alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada durup geçmek bilen, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekili iş maslahatyna gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakynda täze, döwrebap binalaryň-- Ministrler Kabinetiniň täze binasynyň, A.Nyýazow şaýolunyň durky düýpli täzelenen böleginiň we onuň ugrunda birnäçe dürli maksatly desgalaryň, “Täze zaman” döwrebap obanyň gurluşygynyň birinji tapgyryndaky durmuş ulgamyna degişli binalaryň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, wiedioşekilli iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnayşyjylaryň hemmesine ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere-- mukaddes Gurban baýramyna, Garaşsyzlyk toýuna we mukaddes saýylýan dabaraly günler mynasybetli meýilleşdirilen dürli maksatly çärelere ykjam taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.