Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 793
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze Hökümet binasynda ilkinji gezek Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalary girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň gün tertibine girizilen meseleleri garamaga geçip, hasabat bermek üçin wise-premýer A.Goçyýewe söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada habar berdi. Bu kanunçylyk namasynyň 55-nji maddasynda ýurdumyzda ýerlerden tölegli esasda peýdalanmak bellenendir. Şunda ýer üçin tölegiň hem-de ýer üçin kärende töleginiň möçberleri, olary hasaplamagyň we tölemegiň tertibi, şeýle-de şahsy we edara görnüşli taraplara ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini tölemek boýunça berilýän ýeňillikler Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

Ministrlikler we pudak edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde raýatlaryň eýeçiligindäki, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň we edara görnüşli taraplarynyň, halkara guramalarynyň ulanmagyndaky ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini almagyň tertibi bilen baglanyşykly işleriň ýagdaýyna seljerme geçirildi. Häzirki wagtda bu meseleler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň 12-nji maýyndaky Buýrugy esasynda kadalaşdyrylýar. Wise-premýer geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini tertipleşdirmek hakyndaky kararyň taslamasyny taýýarlamak baradaky teklibi hödürledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýeriň türkmen halkynyň gymmatlygy bolup durýandygyny nygtap, onuň döwletiň goragynda durýandygyny hem-de netijeli ulanylmaga degişlidigini belledi. Ýer üçin tölegi hem-de ýer üçin kärende tölegini hasaplamak we almak babatda döwrüň talabyna hem-de umumy ykrar edilen halkara ülňülerine laýyk gelýän kadalaşdyryjy resminamany taýýarlamak ýer gatnaşyklaryny kämilleşdirmek hem-de ýerden rejeli peýdalanmagyň ykdysady taýdan höweslendiriş çärelerini amala aşyrmak üçin zerur diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu mesele boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer 1-2-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda geçirilen Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 5-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine, ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, Türkmenistanyň guramalarynyň we nemes kärhanalarynyň arasynda işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga degişli meseleler girizildi. Energetika, daşky gurşawy goramak, syýahatçylyk, oba hojalygy, saglygy goraýyş, maliýe ulgamlary we beýleki pudaklaryň birnäçesi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, german wekiliýetiniň agzalary ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler we täze bilelikdäki taslamalara gatnaşmak babatda birnäçe teklipleri beýan etdiler. Mejlisde şeýle hem dürli pudaklaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň maksatnamasyny taýýarlamak, “Margiana” arheologik sergisi tslamasyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde ösen döwlet bolan Germaniýanyň Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, esasy nemes kompaniýalarynyň ençemesiniň köp ýyllaryň dowamynda milli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanmak bilen nygtady. Milli Liderimiz iki döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmekde Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ornuny belläp, yzygiderli geçirilýän işewür duşuşyklaryň ähmiýetini nygtady. Şol duşuşyklaryň barşynda taraplar netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň binýadyny goýmak üçin umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlaýarlar. Galyberse-de, şeýle forumlaryň geçirilmegi özara söwdanyň we maýa goýumlarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna, dürli ulgamlarda tejribe we tehnologiýalary alyşmagy ýola goýmaga, işjeň gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyna berk gözegçiligiň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 29-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen IV Sammitiniň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli amala aşyrmak arkaly, Hazarda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine uly ähmiýet berip, Hazar meseleleriniň, şol sanda degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň döredilmegi boýunça meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Sammitiň barşynda Hazardaky bäş taraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä ýetirilmegine gönükdirip öňe süren başlangyçlary muňa aýdyň subutnama bolup biler. Şolaryň arasynda Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýany işläp düzmek boýunça Ýörite iş toparynyň işi bilen birlikde, Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek hakyndaky teklip bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astrahan forumyndaky çykyşynda Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak hem-de hemişelik hereket edýän Hazaryň Ykdysady Forumyny döretmek baradaky başlangyçlar hem aýdyldy. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Hazarda ulag boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamak hem-de Hazaryň sebitleýin ulag-logistiki merkezini döretmek baradaky teklipler bilen çykyş etdi.

Taraplaryň umumy pikirine görä, gazanylan ylalaşyklary göz öňünde tutup aýdanyňda, Sammit uly öňegidişlige öwrüldi, onuň netijeleri boýunça möhüm ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Bularyň arasynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyçlary esasynda işlenip düzülen Hazar deňzinde adatldan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk hem-de Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşyk bar. Bular bilen birlikde, jemleýji resminamlaryň toplumyna Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy babatda hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk hem goşuldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ikinji ýyl Hazaryň gidrometeorologiýa we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça Utgaşdyryjy komitetde ýolbaşçylyk edýär. Şeýlelikde, bu möhüm ähmiýetli resminama gol çekilmegi ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky deňhukukly netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna önjeýli goşant goşýandygyny aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnama öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz Hazar sebitinde parahatçylygy we agzybirligi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, Hazara degişli meseleler boýunça oýlanyşykly çözgütleriň işlenip taýýarlanmagy üçin gepleşikleriň barşyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň geljekde-de Hazarýaka döwletleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, hoşniýetli goňşuçylygyň we giň, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen yzygiderli çäreleri amala aşyrjakdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Hazar sebitiniň möhüm ähmiýetli strategiki sebit bolup durýandygyny belläp, bu ýerde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uzakmöhletleýin umumy bähbitlere laýyk gelýändigini nygtady.

Milli Liderimiz Astrahandaky ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijeliligi hem-de onuň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň wajyp ähmiýete eýedigi barada aýdyp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Hazardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV Sammitinde ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlaryna degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň indiki hepdede Belarus Respublikasyna resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetirilendigi hem-de ilkinji nobatda, yzygiderli ýagdaýda ýokary derejedäki özara saparlaryň we duşuşyklaryň oňa degerli ýardam berýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimz hasabaty diňläp, däbe öwrülen we soňky ýyllarda ikitaraplaýyn, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň ugurlary boýunça köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän dostlukly hem-de täze hilli türkmen-belarus gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikleriň möhüm ähmiýetlidigini hem-de olaryň özara peýdaly türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, köp ugurlar boýunça onuň mümkinçiliklerinden oňaýly peýdalanylmagyna ýardam berjekdigini belläp, Belarus Respublikasyna boljak resmi sapara taýýarlyk görülmegine degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki hepdede Minsk şäherinde geçiriljek mejlisine gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyga we giň özara peýdaly hyzmatdaşlyga mahsus syýasaty yzygiderli amala aşyrmak arkaly, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly sebitleýin we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürýändigi bellenildi. Türkmenistanyň GDA bilen hyzmatdaşlygy hem milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän milli daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär, soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk sazlaşykly ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine ylym-bilim, medeni we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edilmegine degişli meseleleriň uly toplumy goşular, şol mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna assosiirlenen agzasy bolup, GDA-nyň giňişliginde açyk we deňhukukly gepleşige ygrarlydygyny hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine degşli meseleleriň çözülmegine işjeň çemeleşýändigini iş ýüzünde görkezýändigini belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň däbe öwrülen bu hyzmatdaşlygyň pugtalanldyrylmagyna geljekde-de netijeli goşant goşmagy maksat edinýändigini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna GDA-nyň Minsk şäherinde geçiriljek Sammitine gatnaşmaga taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzy ösdürmekde durmuşdan ugur alnyp ýöredilýän syýasat bilen baglylykda, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Lebap welaýatynda geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça Mejlis tarapyndan alnyp barylýan işler hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik gözgertmeleriň ýoly bilen yzygiderli gadam urmagyna gönükdirilen milli maksatnamalary we meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, deputatlaryň döwlet düzümleri we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak ugrunda alyp barýan işiniň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Milli Liderimiz şanly baýramçylygyň -- ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň ýurdumyzyň taryhyndaky ajaýyp waka öwrüljekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Ýaşulularyň maslahatynyň nesilleri belent watançylygyň hem-de ata Watanymyza söýginiň ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, bu çäräniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, paýtagtymyzda milli gahrymanlarymyzyň we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň hakydasyny ebedileşdirmek maksady bilen gurlan Ýadygärlikler toplumyny dolandyrmagyň guramaçylyk işleri bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şöhratly pederlerimiziň mukaddes ýadygärliklerine hormat goýmagyň we olary sarpalamagyň türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän ruhy-ahlak ýörelgeleriniň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Ýadygärlikler toplumyny dolandyrmak, toplumyň binalarynyň degişli derejede saklanmagyny, olara hyzmat edilişini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow öz nobatynda möhüm oba hoäalyk möwsümleri bolan pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň, ilkinji nobatda bolsa güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymy möwsüminiň depginleriniň pesdigini belläp, bu işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz galla ekişini agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek hem-de pagta taýýarlamak boýunça welaýatlaryň öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ähli zerur guramaçylyk çäreleri ýola goýmagy wise-premýerden we şu günki mejlise çagyrylan ýurdumyzyň oba hojalyk ministrinden berk talap etdi. Milli Liderimiz daýhanlaryň yhlasly zähmeti arkaly ösdürilip ýetişdirilen pagtanyň doly möçberde we bellenilen möhleterde ýygnalyp alynmagynyň zerurdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi

Ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitlemek bilen, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň ýolbaşçysyna geljekki hasylyň düýbüniň tutulmagyny şertlendirýän güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak bilen bagalnyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, onuň gün tertibine ozal gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ileri tutulýan ugurlary giriziler.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen özara peýdaly gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegiň, Gazagystan bilen ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyny döwrüň talabyna we mümkinçiliklerine laýyk täze hil derejä çykarmagyň wajypdygyny belledi. Söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bir hatarda bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk we sport, şeýle hem gadymy dostlukly halklaryň bähbidine laýyk gelýän beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ornubasary M.Ýazmuhammedowa 6-njy oktýabrda Aşgabat şäherinde täze gurlan Ýadygärlikler toplumynyň açylyş çärelerine, şeýle hem oktýabr aýynda ýurdumyzda geçiriljek baýramçylyk çärelere we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berilimegi mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ýadygärlikler toplumynyň açylyş çäresi mynasybetli medeniýet we sungat işgärleri Aşgabat ýertitremisine gurban bolanlaryň we söweş meýdanlarynda wepat bolan gahryman pederlerimize bagyşlanan edebi-sazly çykyşlar, şekillendiriş sungatynyň sergisi taýýarlanýar. Şeýle hem şol gün Aşgabat ýertitresinde gurban bolanlara, Enäniň ýadygärligine, şeýle hem Gökdepe söweşinde we 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolanlara bagyşlanyp Ýadygärlikler toplumynyň çäginde bina edilen ýadygärliklere gül goýmak çäresi bolar.

Balkan welaýatynda geçiriljek dabaralar barada aýtmak bilen. wise-premýer 7-nji oktýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini, hormatly döwlet sylaglaryna mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy bolar diýip belledi. Bu çäre 8-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde dowam eder. Bu waka mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik ussatlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlaryň meýilleşdirilendigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we milletiň gadymy-ruhy gymmatlyklarynyň dikeldilmeginde we ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmeginde taryhy hakydany saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini bellemek bilen, 1948-nji ýylda bolan Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň Milli matam gününe we Ýadygärlikler toplumynyň açylyş çäresine taýýarlyk işleriniň möhüm ähmiýetini nazara almak bilen, ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz halkymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda Ýadygärlikler toplumyny “Halk hakydasy”, Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýadygärligini “Ruhy tagzym”, 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolanlaryň ýadygärligini “Baky şöhrat”, Gökdepe söweşinde ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylygyny ebedileşdirýän ýadygärligiň bolsa “Milletiň ogullary” diýip atlandyrmak baradaky teklibi makullady. Hormatly Prezidentimiz her bir türkmende Watan duýgusynyň Watan mukaddesliginiň bolmalydygyny aýtdy. “Şehitlerimize hormat-sarpamyz baky bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki muzeýe ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýaşlaryň gelip görmegi üçin şertleri döretmäge degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Ýurdumyzda durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli dabaralar baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz olaryň möçberi we döredijilik derejesi boýunça Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlarynyň ýolunda ýurdumyzyň gazananlarynyň ýylýazgysynda täze taryhy sahypany açýan wakalaryň ähmiýetine laýyk gelmelidigini belledi.

Gojaman Hazaryň kenarynda guralýan dabaralaryň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň has dabaraly hem-de şowhunly geçirilmelidigini belläp, wise-premýer M.Ýazmuhammedowa hem-de A.Garajaýewe anyk tabşyryklary berdi. Watanymyzyň hormatly sylaglaryna döredijilik toparlarynyň iň mynasyplary, öz işiniň ussatlary, milli medeniýetimiziň ösmegine goşant goşýan wekiller mynasyp bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow welaýatda gurlan täze durmuş-ykdysady we medeni desgalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görmegiň barşy barada hasabat berdi. Şolaryň arasynda Balkanabatda gurlan Balkan welaýatynyň kitaphanasynyň täze binasy we köpugurly söwda bazary, Jebel şäherçesindäki bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhana, şeýle hem Bereket şäherinde ýodly taýajyklary, galamlary we lukmançylyk maksatly beýleki önümleri öndürmek boýunça zawod bar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şanly senäniň – ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanmaga beriljek desgalaryň möhüm ähmiýetlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu täze desgalaryň welaýatlaryň sazlaşykly ösüşine, türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna, halkymyzyň baý ruhy däp-dessurlarynyň aýawly saklanylmagyna we baýlaşdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilen iri möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýän subutnamadygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu meseleleriň çözülmegine geljekde-de içgin üns beriljekdigini aýdyp, Balkan welaýatynyň häkimine ýakyn wagtda geçiriljek dabaralaryň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragtanşyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” transmilli demir ýolunyň türkmen-eýran bölegini birikdirmäge bagyşlanan dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Demir ýoluň şu böleginde menzilleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň we goşmaça desgalaryň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Şu mynasybetli guramaçylyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Hususan-da, bu möhüm waka gabatlanylyp dostluk monumentini açmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu wakanyň Ýewraziýanyň sebitara üstaşyr – ulag kommunikasiýalaryny netijeli ulanmagyň, yklymyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimi alamatlandyrýandygyny nygtady. “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň “altyn halkasyna” öwrüljek täze demir ýol ýükleriň Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara amatly daşalmagyny üpjün eder. Onuň ulanmaga berilmegi “Gündogar-Günbatar” ulgamy bilen birikdirmek mümkinçiligi nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki zaman Beýik Ýüpek ýoluna öwrüljek bu demir ýoluň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzyň çägi arkaly dünýäniň dürli künjeklerine uly möçberdäki ýükler daşalar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň taryhy ýylýazgysyna girjek bu wakanyň aýratyn ähmiýete eýedigine ünsi çekip, wise-premýere “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” transmilli demir ýolunyň türkmen-eýran bölegini birikdirmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 23-nji oktýabrda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVII maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, şeýle hem 2-nji oktýabrda Baku şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 4-nji mejlisiniň jemleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVII maslahatyny paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde dünýäniň ençeme ýurdundan gelen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Maslahatyň gün tertibine Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şu ýylda ýerine ýetiren işleri baradaky hasabaty, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, dünýä türkmenleriniň medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň öňünde goýlan wezipeleri çözmegiň meseleleri girizildi. Maslahatda birleşigiň daşary ýurt bölümleriniň işine, dünýä türkmenleriniň durmuşyna dahylly beýleki meseleler boýunça Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtly agzalarynyň çykyşlary göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri barada aýtdy. Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň mejlisiniň barşynda iki ýurduň söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda, ulag we aragatnaşyk, daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Forumyň çäklerinde iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň duşuşyklary geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gumanitar ulgamla halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine degip geçdi we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmegiň ähmiýetini nygtady. Soňky ýyllarda bu ugurda Türkmenistanda uly tejribe toplanyldy, munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milletimiziň has-da jebisleşmegine ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Milli Liderimiz Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berip, onuň wekillerini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselesi barada durup geçip, Türkmenistanyň goňşy dostlukly ýurt bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge, türkmen we azerbaýjan halklarynyň doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde iki ýurduň gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylyp, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem iri halkara guramalarynyň çäklerinde ösdürilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurban baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, wise-premýerler S.Toýlyýewe we M.Ýazmuhammedowa, mejlise çagyrylan ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi. Bu ählihalk baýramy ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda milli däp-dessurlara laýyklykda geçirilmelidir, şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan medeni-köpçülikleýin çäreler guralmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, onuň önümçilik düzümini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy barada habar berdi. Häzire çenli geljekki toplumyň desgalarynyň birnäçesinde gurluşyk işleri tamamlandy, dag-magdan enjamlaryny gurnamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem wise-premýer 7-8-nji oktýabrda Minsk şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň altynjy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, söwda-ykdysady ulgamda hem-de gumanitar ulgamda özara gatnaşyklary has-da ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly senagat kärhanasyny -- kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny çalt durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz türkmen wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň nobatdaky mejlisine degişli meseläniň üstünde durup geçip, häzirki wagtda däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny hem-de özara hyzmatdaşlygyň köp ugurlar boýunça ösdürilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu mejlisi ýokary derejede geçirmek barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlarynda, şol sanda energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, Eýran Yslam Respublikasyna türkmen elektrik energiýasynyň iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, ozal hereket edýän şertnamalary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabat bermegiň barşynda wise-premýer ýakynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilendigini, elektrik energiýasyny ibermek boýunça iki ýurduň arasynda ozal bar bolan şertnamalaryň möhletlerini uzaltmagyň mümkinçiliklerine garalandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemlemek bilen, wise-premýere we mejlise çagyrylan energetika ministri G.Saryýewe ýüzlenip, döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bilen, Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda häzirki wagtda hereket edýän gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we şunuň ýaly täze desgalaryň gurulmagyna gönükdirilen uly möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, elektrik geçirijileriň çekilýändigini, paýlaýjy elektropbeketleriniň onlarçasynyň gurulýandygyny, ýurdumyzyň paýtagtyny, beýleki şäherleri we ilatly ýerlerini elektrik energiýasy bilen üpjün edýän ulgamyň täzelenýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elektroenergetika pudagyna goşmaça öndüriji kuwwatlyklary işe girizmegiň meseleleri barada durup geçip, şu ugurdaky işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň özünde ulanylýan we her ýylda artýan möçberde elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmäge, şeýle hem onuň häzirki wagtda hereket edýän we täze ugurlar boýunça eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan energetika pudagynda halkara ähmiýetli uly taslamalary yzygiderli amala aşyrmak arkaly, şu ugurdaky halkara hyzmatdalygyna degişli meseleleriň çözülmegine örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika boýunça hyzmatdaşlyga degişli meselelere ünsi çekip, şunda energiýany diwersifikasiýa etmegiň, täze, köpugurly tok geçiriji düzümiň döredilmeginiň ileri tutulýan strategiki ugurdygyny belledi. Milli Liderimiz häzirki wagtda energiýanyň çeşmeleriniň hem-de olary ulanyjylara ýetirmegiň serişdeleriniň deňhukukly, bökdençsiz we kepillendirilen görnüşde elýeterli bolmagyna degişli meseleleriň ählumumy ähmiýete eýe bolandygyny belläp, ýurdumyzyň ählumumy energetiki howpsuzlygy üpjün etmek baradaky netijeli başlangyçlarynyň hut şol maksada ýetilmegine gönükdirilendigini aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda täze tehnologiýalary, ýokary netije berýän, ygtybarly enjamlary we serişdeleri ulanmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow şu ýylyň 11–12-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Sergide ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary, işewürleri tarapyndan 100-e golaý degişli bölümleriniň gurnalmagy göz öňünde tutulýar. Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, şol sanda söwda, nebitgaz, gurluşyk we energetika, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, maliýe we bank, oba hojalygy, senagat, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, şeýle hem Aşgabat şäherinde we welaýatlarda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem-de hususy ulgamda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler giňden görkeziler.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, her ýyl ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän ykdysady gazananlaryň sergisiniň biziň ykdysady we medeni ulgamda gazanan üstünliklerimize aýdyňlyk bilen şaýatlyk edýändigini nygtady. Ykdysady gözden geçirilişiň geçirilmegi döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň, hususy telekeçiligiň we işewür toparlaryň wekillerine öz önümlerini we hyzmatlaryny ilerletmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň wezipelerini bilelikde çözmek üçin täze uly mümkinçilikleri açýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz öňümizdäki forumyň käbir guramaçylyk meselelerine ünsi çekip, wise-premýere onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da käbir möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk hem-de eziz Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.