Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezi meýdançasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezi meýdançasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

view-icon 583
Şu gün ir säher bilen döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň merkezi meýdançasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we Aşgabadyň merkezi künjeginde welosipedli gezelenji amala aşyrdy.

Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada aýtdyar. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň depginleri bilen gyzyklanyp, olar boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň durmuş ulgamyna girizilmeginiň, köpçülikleýin bedeterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň yzygiderli artmagy ugrunda zerur çäreleri görmegiň we sport hem-de säher maşklary bilen meşgullanmagy durmuş endigine girizmegiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeli we yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ugrunda toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri güýçlendirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Sport toplumlarynyň, köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmak üiçn häzirki zaman desgalarynyň, sport mekdepleriniň gurluşygyny dowam etmek bilen, türkmenistanlylarda sporta söýgi döretmek ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemek we sportuň adamlaryň hemişelik hemrasyna öwrülmegini üpjün etmek döwrüň möhüm meselesidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolugra paýtagtymyzyň merkeziniň abadanlaşdyrylyşyna, binalaryň daşky bezegine we olaryň paýtagtymyzyň şähergurluşyk- binagärlik keşbi bilen utgaşykly sazlaşygyna syn etdi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny, dürli maksatly binalaryň ählisinde döwrebap ýaşaýyş we döredijilikli işlemek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini we bu ýörelgeleriň gurluşyk ulgamynda baş talap bolmalydygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ähli amatlyklary we zerur bolan mümkinçilikleri, şertleri özünde jemleýän döwrebap binalaryň gurluşygynyň yzygiderli dowam etmeginiň, olaryň şäheriň baş bezegi bolmagy bilen, milletiň guwanjyna öwrülmeginiň möhümdigini aýtdy.

Häzirkizaman gurluşyklary milli binagärlik däplerini we häzirki zamanyň oňyn çözgütlerini özünde jemlemek bilen, paýtagtmyzyň gaýtalanmajak binagärlik keşbini emele getirmelidir.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy yzygiderli ösdürmek, şäheriň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmek babatda wise-premýer Ş.Durdylyýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Paýtagtymyzda gurulýan döwrebap binalar uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat edip, olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerimizi, ýeten derejelerimizi dünýä äşgär etmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Paýtagtymyz biziň buýsanjymyz bolmak bilen, onuň yzygiderli ösdürilmegi biziň umumy wezipämizdir diýip bellemek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly gün-günden gözelleşjekdigini belledi. Munuň özi Aşgabadyň dünýäniň iň owadan we amatly şäherleriniň biri hökmündäki abraýynyň ýokarlanmagyny we onuň halkara derejesinde ykrar edilmelidigini şertlendirer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze binasynda ýanynda welosipedli gezelenji tamamlady.