Hatyra gününi bellemek hakynda
Gün-günden özgerýän hem-de gözelleşýän merjen paýtagtymyz Aşgabatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli uruşlarda wepat bolan gahrymanlarymyzyň, şeýle hem 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hormatyna Ýadygärlikler toplumy guruldy. Halk hakydasyny, ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryny, halkymyzyň şan-şöhrata beslenen taryhyny özünde jemleýän bu Ýadygärlikler toplumy merdana pederlerimiziň deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna, edermenligine minnetdar nesilleriň bimöçber hormatynyň we sarpasynyň nyşanydyr.
Halkymyzyň öten-geçenlerimizi hatyralamak we ýatlamak, Watan goragçylarynyň, gahrymanlarynyň ýagty ýadygärligini baky minnetdarlyk bilen sarpalamak, olaryň şan-şöhrata beslenen atlaryny hormatlamak baradaky mukaddes däplerinden we ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alyp hem-de raýatlarymyzyň, şol sanda hormatly uruş we zähmet weteranlarymyzyň köp sanly haýyşlaryny göz öňünde tutup, Gökdepe urşunda we Aşgabatda bolup geçen aýylganç ýertitremesinde wepat bolanlary ýatlap, hatyralanýan seneleri birikdirip bellemek maksady bilen, karar edýärin:
1. Her ýylyň 6-njy oktýabryny Hatyra güni diýip bellemeli.
2. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň
Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde:
Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda hatyra, baýramçylyk hem-de beýleki çäreleri geçirmegiň Tertibini;
şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslemek ugrunda beýik taryhy işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda medeni-durmuş maksatly binalar, seýilgähler, ýadygärlikler toplumlary yzygiderli gurulýar. Türkmen topragynyň azatlygy, erkinligi ugrunda göreşen gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly ýoly, watansöýüjilik, merdanalyk, edermenlik ýaly belent häsiýetleri nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen çuňňur öwrenilýär.
Şöhratly pederlerimiziň halkymyzyň hakydasynda galan gahrymançylygyny, gaýduwsyzlygyny, watansöýüjiligini ebedileşdirmek, ata-baba dowam edip gelýän milli ýol-ýörelgelerimize sarpa goýmak, Gökdepe urşunda wepat bolan milli Gahrymanlarymyzy, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmen topragynyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, asuda durmuşy ugrundaky beleýi söweşlerde wepat bolan merhumlarymyzy, şeýle hem Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzy hatyralamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda Aşgabat şäheriniň Bekrewe ýolunyň günbatar tarapynda gurlan ýadygärlikler toplumyny “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy diýip, atlandyrmak bellenildi.
“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýerleşýän:
Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlara bagyşlanan ýadygärlige “Ruhy tagzym”;
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Watan ugrundaky beýleki söweşlerde wepat bolanlara bagyşlanan ýadygärlige “Baky şöhrat”;
Watan üçin wepat bolanlara bagyşlanan Enäniň we tagzym edip oturan gerçek ýigitleriň heýkellerine “Milletiň ogullary” diýen atlary dakmak bellenildi.

* * *