Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýadygärlikler toplumynyň açylyşyna we Hatyra güni bilen baglanyşykly ýatlama çärelerine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýadygärlikler toplumynyň açylyşyna we Hatyra güni bilen baglanyşykly ýatlama çärelerine gatnaşdy

view-icon 3146
Hormatly Przidentimiziň ýaňy-ýakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Hatyra güni bellenildi. Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli uruşlarda wepat bolan gahrymanlarymyzyň, şeýle hem 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hormatyna gurlan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen matam çäresine gatnaşdy.

Bu gün Türkmenistanda Hatyra güni mynasybetli döwlet baýdaklary aşak düşürildi. Şu ýyl bu hasratly sene sahawatly Gurban baýramyna, adamlaryň hoşniýetli duýgulara beslenip, ýagşylyga we rehim-şepagatlylyga göwün berýän gününe gabat geldi. Ine, şu gün hem musulmançylyk däplerine hem-de türkmen halkynyň milli dessurlaryna laýyklykda, tutuş ýurdumyzda tebigy betbagtçylyk zerarly ömür tanapy kesilen watandaşlarymyzyň ruhuna degsin edilip, sadakalar berilýär we doga-dilegler edilýär.

Hut halkyň kalbynyň ahlak päkligi – edermenlik, synmaz erk halkymyza galkynmak we döretmek üçin güýç-gaýrat berdi. Milli ruhuň esasyny düzýän ene topraga bolan çäksiz söýgi, agzybirlik we jebislik, öz güýjüňe we durmuşa bolan ynam Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe ilerlemeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Ir säher bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary watandaşlarymyzyň batyrlygyny we gahrymançylygyny hatyralamak üçin türkmen halkynyň edermenliginiň we watançylygynyň aýdyň nyşanyna we mukaddes ýerine öwrüljek “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň ýanyna geldiler.

Ýadygärlik toplumynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, hormatly ýaşulular ýygnandylar. Çärä gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar hem bar.

Ýadygärlikler toplumy paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde 650 müň inedördül metr meýdanda ýaýylyp gidýär. Ol 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň hormatyna dikeldilen ýadygärligi, şeýle hem Watan ugrunda başyny goýan gahrymanlarymyz, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň şehitleri baradaky hakydany ebedileşdiren ýadygärlikleri öz içine alýar. Olar halkymyzyň gaýduwsyz gahrymanlaryna, türkmen halkynyň öz beýik geçmişine çuňňur hormatynyň nyşanlaryna öwrüldi. Bulardan başga-da, bu ýerde Hatyra güni sadaka bermek üçin ýer göz öňüne tutulypdyr.

Ýadygärlikleri suw çüwdürimleri gurşap alýar, olaryň töwereginde içi gülli aýmançalar gurlup, ýollar çekildi, owadan çyralar we oturgyçlar oturdyldy. Ýadygärlikler toplumynda oturdylan çyralar gijelerine oňa özboluşly öwüşgin çaýyp, has-da gözel görnüşe beslär...

Ýadygärlikler toplumy taryhy nukdaýnazardan, şeýle hem ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek nukdaýnazaryndan hem türkmen halkynyň parasatly, mizemez däpleriniň biri bolan gahrymanlara hormat goýmak, ata – babalarymyzyň ýagty ýadygärligine tagzym etmek ýaly dessurynyň berjaý edilýän ýerine öwrüler.


Häzir türkmen topragynda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şöhratly ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik we döredijilik däplerine esaslanan döwlet syýasatynyň aýdyň nyşanlary bolup durýar.

Paýtagtymyzda bina edilýän ak mermerli ajaýyp binalar, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň okgunly özgerýän keşbi, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, şypahanalar, medeni merkezler, sport desgalary, senagat kärhanalary—bularyň hemmesi häzir Türkmenistanda amala aşyrylýan işleriň netijesi bolup, edermen watandaşlarymyza—Beýik Watançylyk urşunyň we Gökdepe söweşiniň gahrymanlaryna hormatyň we hoşallygyň beýanyna öwrüldi. Çünki hiç haçan öçmejek şöhratly we zähmet edermenligi bu gün biziň gülläp ösýän Garaşsyz döwletimizde bagtyýar ýaşamagymyzyň we geljege ynamly garamagymyzyň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem mukaddes topragymyzda asudalygy we agzybirligi gözüň göreji deýin goramak, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny belende galdyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança gelip saklanýar, bu ýerde hormat garawuly nyzama düzüldi.

Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri garşylaýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Türkmen ýaşlarynyň adyndan onuň wekili dyzyny epip, Türkmenistanyň mukaddes Döwlet baýdagyna togap edýär, milli Liderimize ösüp gelýän nesil barada edýän atalyk aladasy, olaryň bilim almagyna, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine berýän ünsi üçin çäksiz hoşallyk sözleri aýdyldy. Olar döwlet Baştutanymyzy eziz Watanymyz üçin şirin janyny gurban eden gahrymanlaryň öçmejek edermenligini öz kalplarynda ebedilik saklajakdygyna kasam edip ynandyrdylar.

Soňra mähriban halkymyzyň asuda durmuşynyň we onuň döredijilikli zähmetiniň goragynda durýan türkmen esgerleriniň wekili hem dyzyny epip, Türkmenistanyň mukaddes Döwlet baýdagyna tagzym edip, hormatly Prezidentimizi özleriniň watançylyk borjuna düşünip, eziz Watanymyzyň ýaşyl tuguna, mukaddes kasamyna wepaly bolup, geljekde hem dogduk Diýarymyza päk ýürekden gulluk etmegiň belent nusgasyny görkezjekdiklerine ynandyrdylar.

Meýdançada nyzama düzülen ýaşlar, ýokary okuw mekdepleriň talyplary hem-de türkmen harbylary – serkerdeler, esgerler we harby talyplar mähriban halkymyza, eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes Kasamy aýdýarlar. Häzir olar şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam edip, Watan goragçylary diýen hormatly ady buýsançly göterýärler. Mukaddes Kasamyň sözlerini bu ýere ýygnananlaryň hemmesi agzybirlik bilen ýerine ýetirýärler.

Soňra döwlet Baştutanymyz çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, mukaddes Watanyň, il-günümiziň öňünde şöhratly hyzmatlary bitiren milli gahrymanlarymyzy, edermen gerçeklerimizi, şehit bolanlaryň ruhlaryny hatyralamak biziň halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan asylly däpleriniň biridir diýip belledi.

Şu gün biz şol asylly däbimize eýerip, gojaman Köpetdagy etekläp oturan belentlikde bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyny açýarys. Bu Ýadygärlikler toplumynyň tutýan umumy meýdany 650 müň inedördül metre deň bolup, onuň uzynlygy 916 metre, giňligi bolsa 626 metre barabardyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Ýadygärlikler toplumynda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan «Ruhy tagzym» ýadygärligi, Beýik Watançylyk urşunda, Watanyň azatlygy, halkymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleri ýerleşýär. Bu toplumyň meýdançasynda bina edilen ýadygärlikler milletimiziň ýeňişlere beslenen şöhratly taryhyna, Watan gerçekleriniň deňsiz-taýsyz edermenligine we gahrymançylygyna her bir türkmeniň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär diýip, milli Liderimiz belledi. Bu ýere gelen her bir adam Ýer ýüzünde ençeme döwletleri gurup, umumyadamzat gymmatlyklaryna ägirt uly goşant goşan gahryman türkmen halkynyň gaýduwsyzlygyna we edermenligine hemmetaraplaýyn göz ýetirip biler. Halk hakydasyna, milli däp-dessurlarymyza uly hormat goýulýandygy, milli gahrymanlarymyzyň hatyrasynyň belent tutulýandygy bu Ýadygärlikler toplumynda öz aýdyň beýanyny tapýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde bu toplumyň örän uly ähmiýeti bar. Biz ýaş nesli merdana halkymyzyň beýik taryhyna hormat goýmak we buýsanmak ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns bermelidiris. Ýaş nesilleriň merdana halkymyzyň gahrymançylyga beslenen şöhratly taryhyny düýpli we yzygiderli öwrenmeklerini gazanmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ýurdumyzda häzire çenli her ýylyň 12-nji ýanwarynda 1881-nji ýylda Gökdepe urşunda Watany gorap, gurban bolanlaryň ruhlaryny ýatlap, Hatyra güni bellenýär. 6-njy oktýabrda bolsa, 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna Milli matam güni bellenip geçilýär. Bu hatyra günlerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde öten-geçenleriň ruhlaryna bagyşlap, aýat-töwir edilýär, sadakalar berilýär.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyny bina etmek bilen, biz Gökdepe urşunda wepat bolan gaýduwsyz gerçeklerimiziň, 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Watanyň garaşsyzlygy, halkymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň, şeýle hem Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan ildeşlerimiziň synmaz ruhlaryny hatyralap, olaryň gaýduwsyzlygyna we deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna hormat goýup, ählihalk hatyra çäresini geçirmegi ýola goýmagy maksat edindik.

21-nji dekabrda bolsa, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy ýatlama çärelerini geçirmek barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýatlama güni jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we halk köpçüliginiň gatnaşmagynda «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy» seýilgähinde bina edilen ýadygärlige gül goýmak çäresi geçirilse, şol gün Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň dogduk mekany bolan Gypjakda sadaka berilse, ýerlikli bolar diýip belledi.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresini, hatyra, baýramçylyk we beýleki çäreleri geçirmek pederlerimiziň edermenligine, Watan ogullarynyň gaýduwsyzlygyna halkymyzyň belent sarpa goýýandygyny, öten-geçenlerimiziň ruhuny hatyralaýandygyny aňladýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu Ýadygärlikler toplumynda 6-njy oktýabrda ilki bilen, 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bina edilen «Ruhy tagzym» ýadygärligine, soňra bolsa 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Watan ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärliklerine gül goýmak çäresi geçirilse, ýerlikli bolar diýip aýtdy.


Gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän Watan mukaddesligi muzeýine aýlanyp görülse, soňra bolsa sadaka berilýän binada Watan goragçylarynyň we şehit bolanlaryň, öten-geçenleriň ruhuna bagyşlap, aýat-töwir edilse, maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz belledi.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda hatyra çäreleriniň geçirilmegi biziň öten-geçenlerimiziň ruhunyň öňündäki mukaddes perzentlik borjumyzy berjaý etdigimiz bolar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününi hem biz her ýylyň 9-njy maýynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda belläp geçeris. Watan ugrunda janlaryny gurban eden merdana gerçeklerimizi hatyralap, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşe bagyşlanan «Baky şöhrat» ýadygärligine we beýleki ýadygärliklere gül desselerini goýarys.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda başga-da köp sanly möhüm ähmiýetli çäreleri geçirmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Bu toplumda Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordenine, «Edermenlik», «Harby gullugyň weterany» medalyna, «Içeri işler edaralarynyň weterany», «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medallaryna we beýleki döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlarymyza, şol sanda harby gullukçylara we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabaralary geçirilse, bu çäreleriň örän möhüm terbiýeçilik ähmiýeti bolar.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Gahrymanlaryny, Watan, il-ýurt üçin göreşip, janyny gurban eden ildeşlerimizi ýatlap, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem hatyra çärelerini guramak meselesine ünsi çekdi. Şunuň blen baglylykda, ildeşlerimiziň, ylaýta-da ýaş nesliň we ýaş maşgalalaryň Watan ogullaryny, merdana ata-babalarymyzy, öten-geçenlerimizi ýatlap, bu Ýadygärlikler toplumyna zyýarata gelmeklerini guramagyň, ýaş nesli ata Watana söýgi, mähriban halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen terbiýeçilik çärelerini hem yzygiderli geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

Ata Watanymyzy gorap, il-ýurduň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiziň, milli gahrymanlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerde görkezen edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy ölmez-ýitmezdir! Olaryň Watan ugrundaky söweşlerde görkezen gahrymançylygy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ýaş nesilleri üçin ata Watany, mähriban halkyňy söýmegiň, halkymyzyň erkinligini we azatlygyny gorap saklamagyň beýik mekdebidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy, şeýle hem «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglygyny, halal ojaklaryňyzyň elmydama abadan, saçaklaryňyzyň rysgal-bereketli, ýurdumyzyň parahat bolmagyny, mähriban halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Şu gün biz Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan ildeşlerimizi, Watany gorap başyny goýan gahrymanlarymyzy ýatlap, matam tutýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Olaryň hatyrasyna sadakalar berýäris, şehitlerimiziň ruhlaryna bagyşlap, aýat-töwir edýäris. Il-günümiziň ykbaly, Watan garaşsyzlygy ugrunda mertlerçe söweşen gahryman gerçeklerimiziň, Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan ildeşlerimiziň ählisiniň ruhuny ýatlap, berýän sadakalaryňyz, edýän aýat-töwiriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun.

Edermen türkmenistanlylaryň öçmejek gahrymançylygyny, milletimiziň ruhy bitewüligini, agzybirligini, mizemezligini, nesilleriň we döwürleriň arabaglanyşygyny wasp edýän edebi-sazly çykyş gül goýmak çäresiniň özboluşly başlangyjyna öwrüldi.

Bu ýere ýygnananlaryň öňünde Gökdepe galasynyň edermen goragçylarynyň, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň hem-de 1948-nji ýylda Aşgabat şäherini weýran eden ýer titremäniň hasratyny başdan geçiren watandaşlarymyzyň keşbi janlanýar. Olaryň dillerinde mähriban topraga, öz halkyňa, ata-babalarymyzyň mukaddes däplerine wepalylyk, Watana söýgi sözleri ýaňlanýar.

Görkezilen çykyşyň barşynda türkmen halkynyň gahrymançylykly we şöhratly däpleri ýaş nesle özboluşly nyşan hökmünde geçirilýär. Bu çykyşyň jemleýji böleginde oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan deňsiz-taýsyz işleri üçin milli Liderimize hoşallyk sözleri bilen ýüzlenýärler.

... Hasratly dymyşlykda hormatly Prezidentimiz 1948-nji ýylyň ýer titremesinde wepat bolan şehitleriň ruhuna baş egmek üçin “Ruhy tagzym” ýadygärlige tarap ugraýar. Belent sütüniň üstünde köp şekilli heýkellerden ybarat görnüş – äpet öküziň şahlarynyň we egniniň üstünde çat açan Ýer şaryny saklap duran görnüşi oturdylypdyr. Bu heýkeliň manysyny öz şahynyň üstünde Ýer togalagyny saklaýan hyýaly öküz baradaky gadymy rowaýat düzýär. Ýeriň agyrlygy ummasyz bolandygy sebäpli öküz wagtal-wagtal bir aýagyndan beýleki aýagyna agramyny atyp, bütin göwresi bilen herekete girende Ýer ýüzünde heläkçilige alyp barýar. Hyýaly öküz hem-de çat açan Ýer togalagy, wepat bolanlaryň jesetleri we elleriniň iň soňky ysgynsyz hereketleri bilen şäheriň harabalarynyň üstünde öz ogluny galdyrýan zenan .... Munuň özi heläkçilige uçranlara diňe bir gussaly ýas mukamy, ýitirilen ömürlere diňe bir ählumumy gynanç bolman, eýsem, geljekki nesiller üçin goralyp saklanan umytdyr.

Ýüzüne mermer çaýylan sütüniň üstünde oturdylan 10 metrlik bürünç ýadygärlik meýdançanyň üstünde 24 metr belentlige ýetýär. Ol özüniň diňe bir agramyny däl, eýsem-de, seýsmiki zolagyň şertlerini hem göz öňünde tutýan aýratyn berkligi bolan içki ýörite enjamlar bilen berkidilendir. Bu ýadygärlik şu ýerdäki giňişligiň binagärlik keşbini emele getirýän esasy bölegidir.


Bu gün täzeden ömür berlen Aşgabat—bu özüniň täze keşbinde biziň ata-babalarymyzyň ýurdumyzyň ýagty geljegi, türkmenleriň geljekki nesilleriniň bagtly ykbaly baradaky arzuwlaryny hasyl eden owadan ak mermerli şäherdir. Öz taryhynyň iň agyr synaglaryndan geçip, halk söýgüli Aşgabady galkyndyrdy, paýtagty Ýer ýüzüniň iň owadan şäherleriniň birine, parahatçylygyň, rahatlygyň, bagtyýarlygyň we abadançylygyň merkezine öwürdi. Ol häzir hem gözel, ýakyn wagtda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň maksada gönükdirilip durmuşa geçirilmegi netijesinde has-da gözelleşer.

Soňky ýyllarda Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Belent-belent döwrebap binalar, täze köçeler we şaýollar, ajaýyp seýilgähler guruldy, metjitleriň, köşkleriň gümmezleri belende galdy. Türkmen paýtagtynda gurlan binalaryň we desgalaryň birnäçesi täsin binagärlik sungat hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Biziň umumy öýümiz bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bolup geçýän ägirt uly özgerişlikleri öz keşbinde jemläp, şäher gülläp ösýär. Biziň gözümiziň alnynda örän gysga taryhy döwrüň içinde bolup geçen şol beýik özgertmelere neneň buýsanmajak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe galkynan türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyna neneň guwanmajak!

...Soňra milli Liderimiz güýz güllerinden boglan ajaýyp çemeni “Baky şöhrat” we “Milletiň ogullary” ýadygärliklerine goýdy. Bu ýadygärlikler faşizmiň garşysyna söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň we mähriban Watanymyzyň azatlygy ugrundaky ähli söweşlerde öz başlaryny goýan gahrymanlaryň hormatyna bina edildi we türkmen topragynyň şöhratly ogullary baradaky halk hakydasynyň öçmez-ýitmezliginiň nyşanyna öwrüldi.

Türkmenistanlylar şöhratly gahrymançylyk ýoly Watana wepaly gulluk etmegiň baky nusgasy bolup durýanlaryň öňünde başlaryny egýärler, ýurdumyzda mynasyp üns-alada we hormat bilen gurşalyp alnan weteranlara hem-de wepat bolan esgerleriň maşgalalaryna çuňňur sarpa goýýarlar. Tebigy heläkçilik zerarly şehit bolanlaryň, emma bu synaga hem mertlerçe döz gelip, öz söýgüli şäherlerini gaýtadan dikelden watandaşlarynyň öňlerinde başlaryny egýärler.

Biziň ýaşlarymyza görelde almaga buýsanç köp—Watanyň azatlygy we garaşsyzlygyny goran ata-babalarymyzyň edermenligi we gaýduwsyzlygy baradaky şöhrat halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Beýik Watançylyk urşunyň ähli frontlarynda watandaşlarymyzyň müňlerçesi deňsiz-taýsyz edermenlik, harby borja wepalylyk, Watana ygrarlylyk görkezdiler. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň ömür ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň we borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.


...Döwlet Baştutanymyzyň yzýany bilen ýadygärliklere Mejlisiň ýolbaşçysy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlar gül desselerini goýýarlar. Az salymyň içinde ýadygärlikleriň etekleri köpsanly gül desselerine bürenýär.

Ýadygärliklere gül desseleri goýlandan soň, milli Liderimiz muzeýe tarap ýöneldi. Bu muzeý “Ýer titreme muzeýi” we “Söweş muzeýi” diýen iki bölümi birleşdirýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz onuň bölümleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen täze muzeý gahrymanlar baradaky röwşen ýatlamany ebedileşdiren ägirt uly Ýadygärlikler toplumynyň bir bölegini emele getirdi. Şeýlelikde, Ýadygärlikler toplumy täze, has belent keşbe eýe boldy.

Häzirki zaman bezeg alamatlary bilen sazlaşykly utgaşýan däp bolan nagyşlaryň we milli öwüşginleriň beýleki nusgalary täze muzeýiň bezeginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Muzeýiň içki bezeglerinde mermer we granit, gyzyl agajyň gymmatly görnüşi, altyn çaýmak peýdalanyldy. Ajaýyp hrustal çyralar we yşyklandyryjylar aýratyn ýaraşyk we özboluşlylyk çaýýar.

Gözden geçiriş başlamazdan öňürti muzeýiň hünärmeni hormatly Prezidentimize muzeýiň gurluşy, onuň taryhy we etnografiýa gymmatlyga eýe bolan zallary we bölümleri barada gürrüň berýär.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň Sergi zalyna bardy. Bu ýerde Gökdepe söweşiniň pajygaly wakalary barada beýan edýän eserler görkezilýär. Muzeýde Watanymyzyň azatlygy hem-de Garaşsyzlygy ugrunda ýowuz söweşde gurban bolan Gökdepe galasynyň gaýduwsyz goragçylarynyň ýagty ýadygärligine we olara hakyky hormat goýulmagyna bagyşlanandyr. Türkmen topragynda XIX asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda bolup geçen hem-de Gökdepe söweşi hökmünde milli taryhymyza giren dartgynly wakalar biziň şöhratly ata-babalarymyzyň mertliginiň, abraýynyň, edermenliginiň we mertebesiniň nyşany hökmünde nesilleriň hakydasynda hemişelik galar. Häzirki wagtda milli şekillendiriş sungatynda nesilleriň yzygiderliliginiň aýdyň beýan edýän sungat eserleri döredilýär.

Hiç kim ýatdan çykmaýar, hiç zat unudylmaýar... Hut bu sözler döwürdeşlerimize 1881-nji ýylyň şol alysdaky wakalary hakynda gürrüň bermek bilen, galany goraýjylaryň edermenligini, batyrlygyny hem-de gojalaryň, zenanlaryň we çagalaryň gahrymançylyklaryny äşgär edýän muzeýiň döredilmegine esas boldy.

Gökdepe galasyny goraýjylaryň edermenligi hakynda halkymyz rowaýatlary döretdi, olaryň her biri taryhy hakykaty açyp görkezýär. Duşmanyň san we harby taýdan köp esse artykdygyna garamazdan, pederlerimiz mertlik, edermenlik, borja düşünmek hem-de Watanymyza çäksiz wepalylyk ýörelgelerini äleme aýan etdiler.

...Milli Liderimiz türkmen topragyny goraýjylaryň suratlaryny üns bilen synlady, soňra zalyň ortasyndaky sekä geçdi. Şol ýerde Gökdepe galasynyň keşbi ýerleşýärdi. Bu ýerde muzeýiň hünärmeni döwlet Baştutanymyza goranyş diwarynyň gurluşygynyň tehniki häsiýetlendirmeleri, aýratynlyklary, Watan ogullarynyň gahrymançylygy hakynda gürrüň berdi.

Bu ýere ýygnananlar XIX asyryň durmuşyny beýan edýän maglumatlar bilen tanyşýarlar, olar barada türkmenleriň milli egin-eşiklerini, zergärçilik şaý-seplerini, halylary hem-de haly önümlerini, gap-gaçlary, galanyň çäklerinde tapylan zähmet gurallaryny öz içine alýan etnografiki sergi gürrüň berýär.


Bu ýerde sowuk we ok atýan ýaragyň, söweşe gatnaşanlaryň egin-eşikleriniň we harby esbaplarynyň özboluşly toplumyny, arhiw resminamalaryny hem-de fotomateriallary görmek bolýar. Muzeýde goýlan zatlaryň esli bölegini köp ýyllaryň dowamynda gönüden-göni Gökdepäniň ýaşaýjylary tarapyndan toplanan gymmatlyklar düzýär, ol adamlaryň köpüsi mukaddes maşgala esbaplaryny muzeýe tabşyrdylar. Onuň merkezi böleginde söweşe gatnaşan gahryman serkerdeleriň 18-siniň suratlary ýerleşýär. Onuň golaýynda Gökdepe söweşiniň wakalaryny beýan eden meşhur we ýaş suratkeşleriň eserleri ýerleşdirilipdir.

Gartaşan enäniň asmandan inip, köp ejir gören mähriban topragyny gursagyna basýan şekili bu bölümiň täsirini has-da güýçlendirýär. Häzirki döwürde şol wakanyň janlandyrylýan künjeginde ajaýyp metjit bina edildi. Onda parahatçylygyň, ylalaşygyň hatyrasyna doga-dilegler edilip, kalbyň aram tapýar. Bu ýerde görkezilýän gymmatlyklaryň hemmesi şu ýörelgäni ugur edinýär. Pederlerimiziň ruhuny janlandyrýan hakyda olaryň geçen ýoluny äşgär edip, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny ýüze çykarýar.

Soňra milli Liderimize Gökdepe söweşi hakynda gürrüň berýän wideofilm görkezilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muzeýiň esasy gymmatlyklarynyň biri bolan Gökdepe söweşiniň dürli pursatlary görkezilýän zala barýar. Ol Gökdepe galasynyň diwarynyň ýanynda bolan gazaply söweşiň bir pursadyny giňişleýin beýan edýär. Onda suratyň aýratyn yşyklanmagy, ses hem-de “tüsse” şekilleriniň berilmegi bilen, gapma-garşylygyň anyk görnüşi döredilýär. Suratkeşler söweşiň has dartgynly pursadyny beýan edipdirler. Şonda Gökdepäniň uludan-kiçi ähli ilaty duşmanyň san taýdan agdyk goşunyna gaýduwsyzlyk bilen garşylyk görkezipdirler.

1881-nji ýylyň Gökdepe söweşiniň taryhyna bagyşlanylan muzeýiň sergisi diňe bir medeniýet ojagy bolup durmaýar. Oňa türkmen halkynyň taryhyny öwrenmek boýunça merkeziň, milletimiziň maddy we ruhy mirasynyň saklanýan ýeriniň möhüm orny berilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň suratkeşleriniň, grafikaçylarynyň, heýkeltaraşlarynyň, keramikaçylarynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gurban bolan watandaşlarymyzyň gahrymançylygyna bagyşlanan ajaýyp işlerini özünde jemleýän sergi bölümleri bilen tanyşýar.

Şol uruş bütin adamzat üçin örän ýowuz synaglaryň biri boldy. Özleriniň ýüz müňlerçe iň oňat ogullaryny duşman bilen ýowuz söweşe ugradan, türkmen halky mukaddes ýeňiş üçin köp görgi gördi. Şol ýowuz ýyllaryň wakalaryndan bizi has daşlaşdyrmak bilen ýyllar geçip barýar, ýöne häzirki döwürdeşlerimiziň frontçy gahrymanlaryň öçmez-ýitmez edermenliklerine gyzyklanmasy barha artýar, mähriban topragymyzyň azatlygy hem-de garaşsyzlygy ugrunda döş gerip duranlara minnetdarlyk hem-de hormat goýmak duýgusy artýar. Ähli döwürlerde halk eposlarynda, aýdymlarynda we rowaýatlarynda edermen Watan goragçylarynyň mertligini we gaýduwsyzlygyny adamlar wasp etdiler. Olar güýçlerini gaýgyrman, şirin janlaryndan geçip, keseki basybalyjylara garşy göreş alyp bardylar. Olaryň edermenligi häzirki wagtda hem türkmen suratkeşlerini nesilleriň arabaglanyşygynyň aýdyň tassyklamasy bolup durýan ajaýyp eserleri döretmäge iterýär. Munuň özi şekillendiriş sungatynda asyrlardan bäri milli däpleriň dikeldilmegine ýardam edýär.

Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde görkezen edermenlikleri üçin biziň ildeşlerimiziň 70 müňden gowragy ordenler we medallar bilen sylaglandy. 104 adam Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy, esgerleriň 15-si Şöhrat ordeniniň doly derejesiniň eýeleri boldular.

Türkmen maşgalalary uruş ýakasyndaky zolakdan göçürilip getirilen raýatlary doganlyk aladasy bilen gurşap aldylar. Uruş ýyllarynda türkmen zenanlary kümüş we altyn şaý-sepleriň 7392 kilograma golaýyny tabşyrdy.

Bu ýerde görkezilen köpsanly işlerde türkmen halkynyň görnükli taryhy şahsyýetleriniň – atlary parasatlylygyň, ar-namysyň we beýik watançylygyň nyşanlaryna öwrülen hökümdarlarynyň we söweşijileriniň keşpleri, beýik geçmişiň şanly wakalary, garaşsyzlyk ýyllarynda asuda we bagtly durmuşyň pursatlary, türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligi öz beýanyny tapdy. Watan ugrundaky söweşleriň gahrymanlaryna, uzak geçmişde galan ýowuz döwre bagyşlanan suratlar bolsa aýratyn ünsüňi özüne çekýär.

Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň atasy – XX asyryň başynda ilkinji oba mugallymlarynyň biri, 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan Berdimuhammet Annaýewiň suraty esasy orny eýeleýär. Onuň zähmet, söweş we ömür ýoly aýratyn hem ýaşlar üçin nusga almaga mynasyp mysal bolup durýar. Soňra hormatly Prezidentimiz bölümler bilen tanşyp başlaýar. Bu ýerde dünýäde iň güýçli we heläkçilikli ýer titremeleriniň birine öwrülen tebigy betbagtçylygyň görnüşleri şekillendirilen surat ýerleşdirilipdir. Şol elhenç ýer titreme 198 müň ilatly Aşgabady we paýtagtdan 50 kilometr uzaklykdaky 40-dan gowrak obalary ýer bilen ýegsan edip, watandaşlarymyzyň 176 müňüsiniň ömür tanapyny kesdi. Bu ýerde şol wakalaryň nähili bolup geçendigini görüp, eşidip, duýmak bolýar.

Bu ýere ýygnananlar çuňňur hasrat bilen, sagat goýlan sütüniň ýanynda saklandylar...

Ýarym asyrdan hem gowrak wagt mundan ozal bolup geçen waka – bitmejek ýara baradaky ýatlamalar. Onuň bilen ýüzbe-ýüz bolmak ýürekleri gaýtadan tolgundyrýar, ýitgileriň öwezini dolup bolmajak agyr hasrat duýgulary kalbyňy lerzana getirýär. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilen gije 1 sagat 12 minutda ýarygijeden soň, tebigy bela sähel pursatda türkmen paýtagtyny wes-weýran edip, başlara agyr külpet saldy. Asmana göterilen tozan şäheriň üstüni örtdi.

Bu zalda Aşgabat şäherini ýeriň ýüzünden öçüren tebigy heläkçilik şekillendirilýär—weýran bolan binalaryň uly maketleri, hasratly owaz we dürli öwüşginli çyralar bu ýere ýygnananlarda ýer titreme mahaly bolup geçýän duýgulary döretdi. Göýä Ýer togalagy öz ugruny üýtgeden ýalydy. Weýran bolan binalaryň asmana galan tozany şäheriň üstüne gara bulut kimin abandy. Şäheriň içine ýaň salan sesler kalbyňy lerzana getirýärdi... Ýer titreme sebäpli gam-gussa gaplap alan adam duçar bolan hasratyny tolgunma bilen beýan edýär.

Diri galanlar edermenlik, durnuklylyk we sabyrlylyk görkezdiler. Olar adatdan daşary kyn şertlerde—güýçli tozana boglup, tutuş tümlikde harabalygyň astynda galan garyndaşlaryny, ýakynlaryny, goňşularyny halas etdiler. Ýer titreme bolsa nobatdaky weýrançylyklary bilen howp salýardy. Hasrat adamlary has-da jebisleşdirdi. Şol günlerde olar özleriniň çäksiz ruhubelentlik, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly iň oňat häsiýetlerini görkezdiler.

Soňra milli Liderimiz suratlar we resmi maglumatlar bilen tanyşdy.

Şol döwrüň wakalarynyň beýany, arhiw fotosuratlary, köpsanly neşirler, täsin tapyndylar we türkmen ussatlarynyň sungat eserleri giren bu ýerdäki ähli bölümleriň esasy many-mazmuny şol heläkçiligiň şehitlerine tagzym etmekden hem-de halkyň döredijilik güýjüne egsilmez ynamdan, onuň synmaz belent ruhundan ybarat boldy.

Uruşdan soňky ilkinji şu agyr ýyllar tutuş ýurt Aşgabada kömege geldi. Iki günüň içinde hatardan çykan demir ýol dikeldildi. Bu bolsa şäheri azyk, gurluşyk serişdeleri we beýleki zerurlyklar bilen üpjün etmegi gowulandyrdy. Şäheri harabaçylyklardan arassalap, täzeden gurmak zerurdy. Heläkçiligiň ilkinji gününde ejir çekenlere şäheriň harby bölümleri kömege geldiler. Esgerler adamlary halas edýärdiler, ýaralananlary göçürýärdiler. Ilat bilen birlikde, ilkinji wagtlaýyn öýleri gurýardylar. Şähere 8 müň töweregi gurnama öýler iberildi. Olarda wagtlaýynça hassahanalar, mekdepler, çagalar bagy, edaralar ýerleşdirildi.

Bularyň ählisi biziň hakydamyzda. Bu bolsa biziň öz ýakynlarymyzyň we ata-babalarymyzyň taryhyny dowam etdirijilerdigimize düşünip, özümiziň ýakynlarymyz we geljekki nesillerimiz üçin abadançylygyň mäkäm esaslaryny goýmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki öňe tarap okgunly hereketimizde olaryň arzuwlaryny amala aşyrmaga ymtylýandygymyzy aňladýar.

Iň häzirki zaman binagärlik ýörelgeleri esasynda özgerýän Aşgabadyň häzirki keşbi barada gürrüň berýän bölüm has-da täsirli enjamlaşdyrylypdyr. Köpsanly binagärlik açylyşlary biziň günlerimiziň aýratyn nyşanyna öwrüldi. Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Ol gün-günden gözelleşýär. Ajaýyp ak mermerli toplumlar, belent ýadygärlikler, häzirki zaman sport desgalary, teatrlar, söwda merkezleri, töweregini bagy-bossanlyk gurşap alan belent gatly ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary we köpsanly suw çüwdürimli seýilgähler – bularyň ählisi bu ýerdäki bölümiň esasyny düzýär. Uly özgerişlikler türkmen paýtagtynyň durmuşynyň hemme görnüşlerini gurşap alýar. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan degişli wezipelerine laýyklykda, Aşgabat iň owadan we ýaşamak üçin amatly uly şäherleriň, iň iri ylalaşdyryjy we medeni merkezleriň birine öwrülýär. Bu ýerde her ýylda halkara derejesinde köpsanly duşuşyklar, festiwallar, maslahatlar geçirilýär. Ýöne geljegi gurmak bilen, biz geçmişi hem unutmaýarys.

Bu ýerde işleýän hünärmen muzeýde döredilen mümkinçilikler, amatlyklar üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy we halkyň taryhy hakydasy bilen baglanyşykly meseleleriň kämilleşdirilmegi, olaryň geljek nesiller üçin aýawly saklanmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Milli Liderimiz geljekde bu künjegiň iň bir gelim-gidimli ýere öwrüljekdigini aýdyp, hünärmenleriň öz işlerine ussat bolmaklary, muzeýiň gymmatlyklarynyň aýawly saklanmagy, olaryň üstüniň ýetirilmegi ugrunda netijeli iş alyp barmalydyklaryny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz muzeý işgärlerine asylly wezipelerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we Ýadygärlikler toplumynyň sadaka bermek üçin niýetlenen ýerine bardy.

Hormatly Prezidentimiz muzeýden çykyp baýrarka paýtagtymyz Aşgabadyň suratlary ýerleşdirilen tekjeleri synlaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we bu ýere ýygnananlar muzeýden çykyp, sadaka bermek üçin niýetlenen ýere barýarlar. Bu ýerde Aşgabat ýertitremesiniň, şeýle hem biwagt aramyzdan giden watandaşlarymyzyň ruhlarynyň aram tapmagy üçin doga-dilegler edildi.

Şu gün matam çäreleri paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem geçirilip, olarda aýat-töwirler okaldy we sadakalar berildi.

Goý, Beýik Biribar şu gün okalan ähli aýat-dogalary öz dergähinde kabul etsin. Goý, türkmen topragynda asudalyk we agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün! Beren sadakalaryňyz kabul bolsun!