Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurdy

view-icon 1092
Şu gün agşam Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini we edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Däbe öwrülen döwlet bäsleşiginiň geçirilmegi ýurdumyzyň diňe döredijilik işgärleri üçin däl-de, eýsem milli medeniýet, onuň beýik geçmişi, şu güni we geljegi gymmatly bolan her bir adam üçin ähmiýetli we şanly waka öwrüldi. Sebäbi biziň umumy wezipämiz ýurdumyzyň, halkymyzyň mirasyny dikeltmek, milli medeniýetimiziň baýlygyny we köpdürlüligini aýawly saklamak we artdyrmak bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny, şol sanda Balkan welaýatyny ösdürmegiň ägirt uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilen ykdysady we durmuş ähmiýetli desgalaryň birnäçesi açyldy. Olaryň ulanmaga berilmeginiň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda dürli öwüşginli çykyşlaryna beslenendigini aýtmak gerek. Şol çykyşlaryň her biri halkymyzyň paýhaslaryny, onuň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän däp-dessurlarymyzy beýan etdi.

Halkymyza mahsus bolan döredijilik ruhuny dikeltmek, milli sungatymyzyň ösmegini höweslendirmek – hut şu belent ýörelge medeni maksatnamanyň esasyny düzýär. Ony kemala getirmäge döwlet Baştutanymyzyň hut özi gatnaşyp, diňe möhüm medeni taslamalara howandarlyk etmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň başyny başlap, amala aşyrylmagyna uly goldaw berýär. Hut şonuň üçin milli mirasy has giň görnüşde wagyz etmek, milletara medeni gatnaşyklary, dürli döredijilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek ýaly medeni ulgamyň esasyny düzýän ugurlar giň gerime eýe bolýar. Içerki medeni düzümi ösdürmek, dürli desgalary gurmak, bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýaly işler hem soňky ýyllarda täze depgine eýe boldy. Ýurdumyzyň medeni syýasaty diňe möçber derejeleri bilen däl-de, eýsem döredijilik başlangyjyny açmaga, ýurduň durmuşynda okgunly özgerişlikleriň bolýan wagtynda jemgyýetiň täze zatlara gyzyklanmasyny artdyrmaga bolan umumy ugruň mazmunlygy bilen kesgitlenýär.

Ajaýyp Ruhyýet köşgünde ählumumy ruhubelentlik we joşgunlylyk ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň başlygy we deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we edaralaryň, daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, köpsanly myhmanlar we elbetde, döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri – dürli döredijilik hünärleriniň wekilleri ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Dabara gatnaşyjylar we myhmanlar Türkmenistanyň taryhyndaky täze döwrüň ägirt uly işleriniň ruhlandyryjysy - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Alyp baryjy dabara gatnaşyjylaryň adyndan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ähli türkmenistanlylar üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe – beýik, Watanymyz üçin ykbal çözüji özgertmeler eýýamynda ýaşamagyň we işlemegiň ägirt uly bagtdygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ähli beýik özgertmeleriň ruhlandyryjysydyr. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan görlüp-eşidilmedik özgertmeler türkmen halky tarapyndan tüýs ýürekden goldanylýar, halkymyz öz Lideriniň daşynda has-da jebisleşmek bilen parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygy açyp we bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, olary berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy, şeýle hem hormatly atlara we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýen abraýly baýraga mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda il-ýurt bähbitli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti hem ýokary depginler bilen ösýär. Döwletimiziň halkara abraýy hem barha artýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Biz mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ilatymyzyň zähmet şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, tutumly işleri amala aşyrýarys. Häzirki wagtda berkarar döwletimizde amala aşyrylýan taryhy özgertmeler türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň hem täze belentliklere göterilmegine uly itergi berýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dürli künjeklerinde medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýändigi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen binagärlik sungatynyň gazananlary bu ugurda dünýäniň häzirki zaman ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze muzeýleriň, kitaphanalaryň, döwrebap Medeniýet öýleriniň gurulmagy milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň yzygiderli ösmegine, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha pugtalanmagyna düýpli ýardam edýär.

Biz türkmen medeniýetini, sungatyny we edebiýatyny dünýäde wagyz etmek boýunça hem yzygiderli işleri alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Garaşsyz Watanymyzda halkara festiwallary, sergileri, bäsleşikleri we dürli medeni çäreler yzygiderli guralýar. Ýurdumyzda dünýäniň ýurtlarynyň Medeniýet günleri ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär. Daşary ýurtlarda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri bolsa, dünýä jemgyýetçiligini Garaşsyz Watanymyzyň ösen medeniýeti, ajaýyp sungaty, baý milli medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu çäreler dürli döwletler bilen medeni gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmaga, özara bähbitli, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şu ýyl paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly II Halkara teatr festiwaly, Daşoguz welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi we onuň çäklerinde guralan halkara sungat sergisi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Awaza-2014» atly halkara aýdym-saz we folklor festiwaly we beýleki medeni çäreler bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işler türkmen jemgyýetini ruhy taýdan baýlaşdyrmaga, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy aýawly saklamaga we ösdürmäge, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmäge gönükdirilendir.

Şu maksatlardan ugur alyp, ähli welaýatlarda täze medeni-durmuş maksatly döwrebap binalary yzygiderli gurýarys we bar bolan desgalaryň durkuny täzeleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Biz geljekde hem milli medeni mirasymyzy aýawly saklamaga we has-da baýlaşdyrmaga aýratyn üns bereris. Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, dünýäniň dürli ýurtlary bilen medeni gatnaşyklary giň gerim bilen ösdürmek boýunça zerur işleri durmuşa geçireris diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň kemala gelmegine, çuň many-mazmunly eserler bilen baýlaşmagyna uly goşant goşan akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň hormat-sarpasy ýurdumyzda hemişe belent tutulýar. Şu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara derejesinde hem giňden bellenip geçildi. Dana Pyragynyň ýubileýi mynasybetli dürli çäreleriň geçirilmegi, dürdäne eserleriniň dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilmegi we aýratyn neşir görnüşinde çap edilmegi nusgawy şahyrymyzyň abraý-mertebesini arşa galdyrdy. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşýan ilçilere bu asylly işe goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Häzirki döwürde hem beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýi mynasybetli baýramçylyk çäreleri dowam edýär. Bu möhüm çärelere siziň her biriňiz işjeň gatnaşmalysyňyz. Akyldar şahyrymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça netijeli işleri alyp barmalysyňyz diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda her ýyl berkarar döwletimiziň şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda medeniýet we sungat ussatlarymyza hormatly atlary dakmak, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak indi asylly däbe öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ine, şu gün hem biz şol ýörelgämize eýerip, ajaýyp eserleri, ilhalar keşpleri döredip, aýratyn tapawutlanan döredijilik işgärlerine, sungat ussatlaryna hormatly atlary dakarys, «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine bolsa, baýraklary gowşurýarys.

Döredijilik işgärleriniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara öwrülýän bu dabaranyň gojaman Hazaryň kenarynda geçirilmeginiň uly manysy bardyr. Taryhy özgerişlere beslenen «Awazada» şeýle medeni çäreleriň geçirilmegi bagşy-sazandalaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň we medeniýet ulgamynyň ähli işgärleriniň ajaýyp eserleri döretmegine, olary täze döredijilik üstünliklerine galkyndyrmaga uly itergi berýär.

Milli Liderimiz döredijilik işgärlerini gutlap we olara egsilmez ylham, joşgun we galamlarynyň ýiti bolmagyny, milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da ösdürmegiň, eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň dünýä dolmagynyň, mähriban halkymyzyň tutanýerli zähmet çekmeginiň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, medeniýet ulgamynyň ähli işgärleriniň öz öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirjekdiklerine, ajaýyp eserleri döredip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňelnildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň şanyna hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyny okaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine sylaglary hem-de döwlet bäsleşikleriň ýeňijilerine baýraklary gowşurýar. Döredijilik işgärleri mynasyp bolan sylaglaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň elinden belent buýsanç duýgusy we tolgunmak bilen kabul edýärler.

Olaryň hemmesi milli Liderimize türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri, oňyn özgertmeler syýasaty, Garaşsyz Türkmenistana uly abraý we dünýä bileleşiginiň ykrar etmegini getiren başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň ruhy mirasyny gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, döredijilikli işlemek üçin ähli şertleriň döredilmegine berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoallyk sözlerini aýdyp, geljekde hem Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine öz gujur-gaýratlaryny, bilimlerini, tejribelerini, ussatlygyny we ylham-joşgunlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Bäsleşigiň ýeňijileriniň köpüsiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini Garaşsyz Watanymyzy, ata Watan, türkmen halky we Arkadag ýaly mukaddes düşünjeleriň üznüksiz arabaglanyşygyny wasp edýän goşgulardyr aýdymlar arkaly beýan etmegi Ruhyýet köşgündäki baýramçylyk ýagdaýynyň dabaralanandygyny tassyklady. Şol aýdymlary tutuş zal alyp göterdi. Eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgusy olaryň kalplaryny gurşap aldy.

Şu gün sahna çykýanlaryň her biri üçin türkmen Lideriniň mähirli sözleri, tüýs ýürekden çykýan gutlaglary iň belent bahaly sylag boldy.

Dabaranyň ahyrynda milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy, şeýle hem döwlet baýraklarynyň gowşurylmagy bilen ýene bir gezek mähirli gutlap, hemmelere berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň, ussat aýdymçylarynyň we ýurdumyzyň çeper höwesjeň toparlarynyň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti boldy.

Baýramçylyk konsertiň maksatnamasy paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň bäş welaýatynyň folklor-tans toparlarynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Ylhamlaryň gözbaşy siz Arkadag” atly edebi-sazly çykyş bilen açyldy. Bu aýdyň öwüşginli sahna türkmen halkynyň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň, milli taryhymyzyň täze eýýamynyň - Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri – ýaşajyk artistleriniň ýerine ýetirmeginde joşgunly tanslar we şowhunly aýdymlar köpsanly tomaşaçylar tarapyndan ägirt uly şatlyk bilen kabul edildi, bu çykyşlar hemmelere ruhubelentlik we şadyýanlyk ruhuny berdi. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň röwşen geljeginiň hut ösüp gelýän ýaş nesliň kämil derejede bilim we terbiýe almagy bilen baglanyşdyrýar. Ine, bagtyýar, şadyýan, zehinli ýaş nesil, olara ertirki röwşen durmuş garaşýar.

Bu ýere ýygnalan tomaşaçylar ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetiren halk we estrada aýdymlaryny, şeýle hem folklor toparlarynyň aýdyň öwüşginli çykyşlaryny dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar, olar häzirki wagtda milli sungatymyzyň özboluşly däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Sara Braýtmanyň sazyna döredilen kompozisiýanyň ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi bu aýdym-saz baýramçylygyna tomaşa edýänleriň ählisi üçin garaşylmadyk şatlykly sowgat boldy.

Däp boýunça her ýyl geçirilýän ýaş höwesjeň ýerine ýetirijileriň “Ýaňlan Diýarym!” bäsleşiginiň ýeňijileriniň aýdyň öwüşginli çykyşlary hem tomaşaçylary begendirdi, “Näzli”, “Meňli”, “Aşgabat”, “Serpaý”, “Dagdan”, “Laçyn” ýaly belli tans we folklor toparlarynyň çykyşlary hem ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Türkmen dessanlarynyň goşgularyndan düzülen halk aýdymlaryny diňlänleriň her biri milletimiziň beýik taryhy geçmişine özüniň dahyllydygyny, nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny duýmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar, nesillerimiz bolsa asyrlaryň jümmüşine aralaşýan bitewi ruhy kökler bilen baglanyşyklydyr.

Gadymy “küştdepdi” türkmen tansy türkmen halkynyň öz köp asyrlyk däp-dessurlaryna we medeni-ruhy köklerine ygrarlydygynyň özboluşly nyşany bolup, uly aýdym-saz baýramçylygyna özboluşly aýdyň öwüşgin çaýdy.

Uly baýramçylyk konsertiniň kuwwatly jemlenmesine öwrülen “Arkadag” aýdymynyň ýaňlanmagy tomaşaçylaryň ählisiniň kalplaryny gülläp ösýän mähriban Watanymyza bolan çäksiz söýgüden we buýsançdan doldurdy. Ajaýyp Watanymyz bu gün öz milli Lideriniň - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda günüň-gününe ägirt uly täze üstünliklere we ýeňişlere eýe bolup, parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.