Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasyna resmi saparyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasyna resmi saparyna

view-icon 813
8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, özüniň belarus kärdeşi Aleksandr Lukaşenkonyň çagyrmagy boýunça türkmen Lideri tarapyndan amala aşyrylýan Belarusiýa Respublikasyna resmi sapary başlanýar.

Milli Liderimiz 3-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we onuň köpugurly mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge ýardam berjek nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşiklerine degip geçmek bilen, soňky ýyllarda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýändigini hem-de täze hil we mazmun häsiýetine eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen nygtady.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän netijeli gepleşikleriň ýokary derejesi kemala geldi, ilkinji nobatda bolsa yzygiderli ýagdaýda geçirilýän dürli derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň barşynda, şeýle hem deňhukuklylyk, ynam we özara hormat goýmak ýaly ýörelgelere esaslanýan hyzmatdaşlygy ýola goýmaga umumy çemeleşmeler netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi arkaly ýokary sepgitlere ýetildi.

Iki ýurduň liderleriniň soňky ýyllarda has ýygjamlaşan şahsy duşuşyklary iki tarapyň hem syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändikderiniň ýene bir subutnamasydyr, bu gatnaşyklar bolsa 1993-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistan bilen Belarusiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri ösüşi täze hil derejesine eýe boldy. Häzirki wagtda iki ýurt hem bar bolan serişdeler, senagat we aň-bilim mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga gyzyklanýandyklaryny beýan edýärler, bu bolsa biri-biriniň üstüni dolýan milli ykdysadyýetleriň isleglerini hasaba almak bilen işlenip taýýarlanylýan täze möhüm bilelikdäki taslamalary amla aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Belarusda çykarylýan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikasyny biziň ýurdumyza ibermegiň, şeýle hem belarus hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda gurulýan möhüm düzümleýin senagat we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşmaklary özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň anyk mysallarydyr.

Bu babatda Merkezi Aziýada örän iri Lebap welaýatynda Garlyk kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygy boýunça ägirt uly bilelikdäki taslamanyň amla aşyrylmagyny görkezmek bolar, oňa 2009-njy ýylyň tomsunda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko badalga berdiler.

Biziň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin düýpgöter täze bolan magdan çykaryjy pudagyň döredilýändigini hasaba alanyňda bu örän möhüm taslamanyň Türkmenistanyň iň täze taryhyna girjekdigine şühbe ýokdur. Bu taslamanyň çäklerinde diňe bir ägirt uly senagat desgany bina etmek bilen çäklenilmän, eýsem, häzirki zaman enjamlarynyň getirilmeginiň we belarus hyzmatdaşlarynyň bu ulgamda toplan tejribesini hasaba almak bilen türkmen hünärmenlerini okatmagyň hem göz öňünde tutulýandygy has-da buýsançly ýagdaýdyr. Häzirki wagta çenli geljekki senagat toplumynyň desgalarynyň birnäçesinde gurulşyk işleri tamamlanyldy, bu ýerde dag-magdan enjamlaryny gurnamak işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar.

Iki tarapyň tagallalary bilen yzygiderli ýagdaýda geçirilýän köpsanly işewürlik duşuşyklaryň we gepleşikleriň baş maksady uzakmöhletleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň has netijeli ýollaryny gözlemekdir. Şu ýerde geçen aýda Aşgabatda bolan türkmen-belarus işewürlik maslahatyny ýatlap geçmek ýerlikli bolardy, bu çäre hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly meýdança öwrüldi.

Belarusyň wekilçilikli toparynyň bu maslahata gatnaşmagy hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bilirilýändiginiň subutnamasy boldy, onuň düzümine söwda-senagat edarasynyň sebit wekilhanalarynyň, döwlet düzümleriniň we ýurduň dürli pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna boljak şu gezekki resmi saparyna iki tarapyň hem uly ähmiýet berýändiginiň mysaly hökmünde ýokary derejedäki gepleşiklere taýýarlyk görmegiň çäklerinde 7-nji oktýabrda Minskde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň öz işine başlandygyny belläp geçmelidiris. Mejlisiň gün tertibine söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.

Bularyň ählisi bilelikde Minskde boljak gepleşikleriň jemleri boýunça ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynam döredýär, ol ylalaşyklar bolsa gol çekilmäge taýýarlanylan resminamalarda öz beýanyny tapar we iki ýurduň hem-de dostlukly halklaryň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berer.

Bir söz bilen aýdylanda, soňky ýyllaryň iş tejribesiniň görkezişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda emele gelen ynama we özara hormata esaslanýan gatnaşyklar, Türkmenistanyň we Belarusyň derwaýys halkara meselelerine çemeleşmeleriniň ýakynlygy ýa-da birmeňzeşligi, ykdysady bähbitleri öz içine alýan oňyn syýasy gepleşikleriň dowam etdirilmegi ähli möhüm ugurlar boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn şertler döredýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko ikitaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygyň gürrüňsiz suratda ileri tutulýandygyny bellemek bilen, şonuň bilen birlikde iki ýurduň hem agzalary bolup durýan halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň we jebisleşdirmegiň zerurdygyny üýtgewsiz nygtaýarlar.

Belarus Respublikasyna resmi saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Minskde geçiriljek GDA döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesine we bu iri guramanyň assosiirlenen agzasy derejesine laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga aýratyn uly ähmiýet berýär, bu gurama girýän ýurtlaryň halklary bilen bizi taryhy taýdan emele gelen dünýä garaýşlaryň we medeni ýörelgeleriň umumylygy birleşdirýär, häzirki wagtda taryhy ösüşiň täze sepgidinde bu ýagdaý ähli ulgamlar boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Biziň ýurdumyz parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli giň hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, GDA-nyň işlerine yzygiderli gatnaşýar, parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşli gatnaşyklary ösdürýär.

Türkmen tarapynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Mekdep medeni-sport festiwalyny geçirmek baradaky öňe süren başlangyjy munuň aýdyň subutnamasydyr, bu çäre geçen aý "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, şol sanda GDA giňişliginde hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn ösdürilmegine işjeň ýardam etmek bilen netijeli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge oňyn çemeleşýändigini görkezýär.