Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasyndaky gepleşikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasyndaky gepleşikler

view-icon 789
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi sapary başlandy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň uçary Türkmenbaşy şäherinden Belarusyň paýtagty Minsk şäherine tarap ugur aldy.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden türkmen döwletiniň Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar.

Üç ýarym sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Minsk-2” howa menzilinde gondy.

Uçaryň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri M.Mýasnikowiç, Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Mihnewiç, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Tabanýuhow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Milli lybasdaky gyzlar belent mertebeli myhmana duz-çörek hödür edýärler we gül desselerini gowşurýarlar. Uçaryň ýanyndan başlap ýere ýazylan haly ýodasynyň iki tarapynda hormat garawuly nyzama düzüldi.

Şeýle hem milli Liderimizi Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem-de Belarusda bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, sungat ussatlary ruhubelent ýagdaýda garşylaýarlar. Olar howa menzilinde aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Bu ýere ýygnananlary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyz bu ýurtda bilim alýan ýaşlarymyz bilen söhbetdeş boldy. Hormatly Prezidentimiz olaryň okuwy, durmuş şertleri, geljekki maksatnamalary bilen gyzyklanyp, saýlap alan hünärlerinde üstünlik arzuw etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa daşary ýurtlaryň iň oňat ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim almaga döreden ajaýyp mümkinçiligi üçin ýaş oglanlar we gyzlar tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak üçin alan bilimlerini netijeli we has doly ulanmak arkaly öz wezipelerini okuwlaryna örän jogapkärli çemeleşmekde görýändiklerini nygtadylar.

Türkmen Lideri Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň köşgüne—Garaşsyzlyk köşgüne gelenden soň, belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Bu ýerde belent binanyň öňündäki meýdançada hormat garawuly nyzama düzülipdir. Belent sütünlerde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Döwlet baýdaklary parlaýar.

Baş girelgede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident Aleksandr Lukaşenko mähirli garşylaýar.

Dabaraly ýaňlanýan owazyň astynda iki ýurduň Liderleri ýörite gurnalan ýere geçýärler. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentlerine hormat garawulynyň serkerdesi hasabat berýär.

Iki dostlukly ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko hormat garawulynyň nyzama düzülen esgerleriniň öňünden geçýärler.

Belarus Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmany öz ýurdunyň hökümet agzalary bilen tanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Aleksandr Lukaşenkony Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, Belarus Respublikasynyň Prezidenti türkmen kärdeşini binanyň içine girmäge çagyrýar.

Resmi dabaralar zalynda ýadygärlik resmi surata düşenlerinden soň, Belarus Respublikasynyň we Türkmenistanyň Prezidentleri Garaşsyzlyk köşgüniň Ojak otagyna geçdiler. Şol ýerde ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Belent mertebeli myhmany belarus paýtagtynda mähirli mübärekläp, Prezident Aleksandr Lukaşenko Belarusa resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Bu ýerde ýokary derejedäki duşuşyga dostlugyň we doganlygyň iň gowy däplerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhyndaky ähmiýetli waka hökmünde garalýar.

Belarus Lideriniň belleýşi ýaly, ol Aşgabada saparlaryny we türkmen Lideri bilen duşuşyklaryny hemişe uly mähir bilen ýatlaýar. Olaryň her biri döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dostluk gatnaşyklaryny hem-de iki doganlyk halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi yzygiderli pugtalandyrmaga hyzmat edip, dostlaryň we hyzmatdaşlaryň ygtybarly gatnaşyklaryna öwrülýär.

Aleksandr Lukaşenko nobatdaky ýokary derejedäki gepleşikleriň geçen ýyllarynyň dowamynda ýola goýlan ynanyşmak, özara hormat goýmak ýagdaýyndaky döwletara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak üçin täze möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, ajaýyp ýurt we onuň myhmansöýer halky bilen nobatdaky duşuşyga şatdygyny belledi. Bu ýurt bilen türkmen tarapyny özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin geljegi baglanyşdyrýar.

Türkmen-belarus gatnaşyklaryna ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi mahsusdyr. Bu bolsa ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem özara gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Belarusyň hyzmatdaşlygynyň örän netijeli häsiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belarus tarapyna Türkmenistanyň durnuklylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi saklamaga we pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Mähirli we dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Belarusyň Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, onuň anyk ugurlaryny kesgitlediler.

Söhbetdeşler geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda bolup geçen soňky duşuşyklarynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşyp, işewür hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Onuň ösdürilmegine ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň ýakynda bolup geçen 6-nyj mejlisinde täze itergi berildi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna oňyn baha berip, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Aleksandr Lukaşenko şol gatnaşyklary Türkmenistanyň we Belarusyň himiýa senagaty, maşyngurluşygy, metallurgiýa, dokma hem-de azyk senagaty, oba hojalygy ýaly geljegi has uly pudaklarda mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassykladylar.

Medeni-gumanitar gatnaşyklary bilim, ylym we tejribe ähmiýetli barlaglar ulgamynda has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, taraplar türkmen we belarus halklarynyň gadymdan gelýän dostluga esaslanan medeniýetleriniň özara baýlaşmagynyň ählumumy bähbitler ugrunda gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri Medeniýet günlerini, bilelikdäki konsertleri we festiwallary yzygiderli geçirmegiň, iki ýurt tarapyndan medeni çäreleri guramagyň tejribesini dowam etmegiň zerurdygyny nygtap, lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň örän netijeli boljakdygy barada bir pikire geldiler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda netiejli gatnaşyklary ýola goýmak bellenildi.

Minskide boljak ýokary derejedäki forumy—Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi baradaky meselä degip geçip, türkmen Lideri pursatdan peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenkony we onuň üsti bilen Belarus Respublikasynyň hökümetini bu gurama üstünlikli ýolbaşçylyk etmegi bilen gutlady hem-de nobatdaky köptaraplaýyn duşuşygyň netijeleriniň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem ikiçäk duşuşygyň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Baştutany Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň strategik hyzmatdaşlygyň ruhunda ösdürilýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda ägirt uly şahsy goşandyna tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini aýdyp, öz kärdeşine berk jan saglyk hem-de köptaraply döwlet we jemgyýetçilik işlerinde üstünlikleri, Belarusyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Ikitaraplaýyn duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra gepleşikler Garaşsyzlyk köşgüniň Uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Aleksandr Lukaşenko Hökümetara duşuşygy açyp, netijeli türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny ösdürmekde munuň nobatdaky uly ädime öwrüljekdigine, şeýle-de ýokary derejedäki häzirki gepleşikleriň, gazanylan ylalaşyklaryň we şu günki gol çekiljek resminamalaryň diňe bir döwletara gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrman, eýsem, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açjakdygyna ynam bildirdi.

Belarusa we Türkmenistana gatnaşyk etmegiň täze usulyny döretmek başartdy. Ol iki ýurduň Liderleriniň her ýylda özara sapara barşyp-gelişmegi esasynda guralýar. Aleksanldr Lukaşenkonyň sözlerine görä, Belarus beýleki ýurtlar bilen hem gatnaşyklary şu ýörelge boýunça gurmaga çalyşýar.

Şeýle çemeleşme öz netijelerini berýär: Türkmenistan Belarusyň GDA ýurtlary bilen daşary söwdasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär, az wagtyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy ABŞ-nyň ýarym milliard dollaryna çenli ýokarlandy. Bu hem aňryçäk däldir diýip, Belarus Lideri hasap edýär. Ol bularyň ählisiniň soňky 5 ýylda, ilkinji nobatda, Belarus hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda döwlet maksatnamalarynyň we möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyny hemmetaraplaýyn goldaýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde toplanandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Belarusyň Prezidenti esasynda belarus we türkmen halklarynyň düýpli bähbitleri duran döwletara özara hereketlerine iki ýurduň Liderleriniň şahsy gatnaşyklarynyň oňyn täsirini belläp, öz türkmen kärdeşine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Belarus Türkmenistana belarus kombaýnlaryny, ýolagçy awtobuslaryny, ýük wagonlaryny getirmek babatda bolşy ýaly, dag-himiýa senagatynda hem bilelikde işlemegiň özara bähbitli täze ugurlaryny teklip edýär.

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli ýaşaýyş jaý gurluşygy gurluşyk materiallarynyň hem-de lift enjamlarynyň getirilmegini göz öňünde tutýar. Munuň özi Belarus Respublikasy üçin hem bähbitlidir diýip, Aleksandr Lukaşenko nygtady.

“Türkmenistanda önümçiligi çalt depginler bilen döwrebaplaşdyrmaga alnan ugry nazarda tutup, özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň ösdürilmegi özara söwdany has-da giňeltmek üçin hakyky binýady döredýär” diýip, Belarusyň Prezidenti aýtdy we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara belarus-türkmen toparynyň ýolbaşçylaryna ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň toparyna degip geçjek ugrukdyryjy meýilnamany işläp düzmegi tabşyrmagy teklip etdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyny gurmagyň taslamasy esasy bolmagynda galýar. Prezident Aleksandr Lukaşenko Belarus tarapynyň öz borçnamalaryny ýokary hilli ýerine ýetirmäge ileri tutulýan ähmiýet berýändigini nygtady. Belarusyň hojalygy ýörediş taraplary hem Türkmenistanda ulag-aragatnaşyk gurluşygynda we logistikany ösdürmek ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyr.

Belarusyň Prezidenti ylym pudagynda gatnaşyklaryň giňelýändigini belledi hem-de Belarus alymlary tarapyndan teklip edilen häzirki zaman işläp taýýarlamalarynyň Türkmenistanyň döwlet düzümlerini gyzyklandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi hem-de bilelikde netijeli işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin Aleksandr Lukaşenko minnetdarlyk bildirip, bu saparyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak, özara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek, täze ugurlaryny kesgitlemek maksadyna hyzmat edýändigini nygtady.

Ynamyň we özara düşünişmegiň häzirki derejesi Türkmenistana we Belarus Respublikasyna öz gatnaşyklaryny geljegi nazarlap, ynamly gurmaga, halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça çemeleşmelri ylalaşmaga, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumda, medeni-gumanitar ulgamda özara hereket etmegiň uzakmöhletleýin meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany ikiçäk duşuşygyň örän netijeli bolandygyny aýratyn belledi. Şonda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri halkara howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny saklamak we pugtalandyrmak meselesi boldy.

Bu mesele häzirki wagtda dünýäniň birnäçe sebitlerinde bolup geçýän wakalar sebäpli aýratyn möhüm häsiýete eýe boldy. Şol wakalara Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň çemeleşmeleri halkara hukugynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna pugta eýermäge esaslanandyr. Biziň ýurtlarymyz halkara we içerki gapma-garşylyklaryň ählisiniň diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözülmelidigi babatda bir pikirdedir. Biz parahatçylyk maksatly işlere hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygymyzy tassykladyk diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Gepleşikleriň barşynda biziň ýurtlarymyzyň dünýä giňişliginde, abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyk etmegiň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda we Belarus Respublikasynda hyzmatdaşlyk etmegiň baý tejribesi toplandy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, hususan-da, energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş, ýaragsyzlanmak we ýaraglaryň ýaýradylmazlygy meselelerinde, şeýle hem beýleki ugurlarda Belarus Respublikasynyň üýtgewsiz goldaýandygyny belledi. Öz nobatynda biziň ýurdumyz hem halkara derejesinde Belarus Respublikasyny goldaýar, dünýä bileleşigi tarapyndan belarus tarapynyň ähli oňyn teklipleriniň kabul edilmegi ugrunda işjeň çykyş edýär. Halkara düzümlerinde özara goldaw bermegiň iş tejribesi biziň ýurdumyzyň, tutuş dünýä jemgyýetiniň uzakmöhletli bähbitlerine laýyklykda özüniň ýokary netijeliligini subut etdi. Bu iş dowam etdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Köpugurly türkmen-belarus gatnaşyklarynda söwda-ykdysady aragatnaşyklary ösdürmek aýratyn orny eýeleýär. Belarus biziň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşymyzdyr. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk indi ençeme ýyllap özara peýdaly, deňhukuklylyk esasda üstünlikli ösdürilýär. Haryt dolanyşygynyň möçberleri yzygiderli giňeldilýär. Tutuşlygyna alnanda, bu babatda oňyn ösüş depgini bar. Mysal üçin, şu ýylyň sekiz aýynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 1,3 esse artdy. Türkmenistanda belarus kärhanalarynyň ykdysady taýdan işjeňligi ýeterlik derejede äşgärdir. Olaryň gatnaşmagy bilen umumy möçberi 1 milliard 145 million amerikan dollaryndan we 1 milliard 33 million manatdan gowrak bolan taslamalaryň 16-sy amala aşyrylýar.

Bir ýylda bir ýarym million tonna çenli önüme barabar kuwwaty bolan kaliý dökünlerini öndürmek boýunça Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini hyzmatdaşlygyň has iri möçberli taslamalarynyň biri hökmünde belläp geçmek gerekdir. Bu taslama türkmen-belarus ykdysady hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy kärhanasydyr, oňa ýurtlaryň ikisi hem uly umyt baglaýar. Biz bu toplumy işe girizmegiň 2015-nji ýylyň ýanwarynda meýilleşdirilen möhletiniň berk berjaý edilmegi üçin gurluşygyň barşyna örän uly üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Awtomobil we traktor tehnikasynyň türkmen bazary belarus üçin strategiki ugur bolup durýar. 2002-nji ýyldan başlap Minskiniň awtomobil zawody Türkmenistana awtomobil tehnikasynyň 5 müň birlikden gowragyny iberdi. Minskiniň traktor zawodynyň traktorlary biziň ýurdumyza iberilýär. Belarus kärhanalarynyň önümleri özüniň ygtybarlylygyny, netijeliligini görkezdi hem-de türkmen hyzmatdaşlarynda mynasyp isleg bildirilýär. Önümleri ibermegiň ylalaşylan iş tertibine laýyklykda, geljek ýyl hem awtomobil we traktor tehnikasyny ibermek dowam etdiriler.

Mundan başga-da, belarus tehnikasyna oňat hilli we öz wagtynda hyzmat etmegi üpjün etmek maksady bilen, Aşgabatda köpugurly hyzmat ediş merkezi gurulýar. Belarus hyzmatdaşlary bilen bilelikde häzirki wagtda geljegi uly ugurlaryň birnäçesi işlenip geçilýär. Munuň özi, hususan-da, ýük wagonlaryny, ýol enjamlaryny, liftleri we Belarusda öndürilen beýleki önümleri Türkmenstana ibermekdir. Ot-iým ýygnaýjy “Gomselmaş” kombaýnlary hem-de “MAZ” ýolagçy awtobuslary Türkmenistanyň howa şertlerinde synagdan geçirilýär.

Öz nobatynda Türkmenistan Belarusa öz önümlerini ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardyr. Biz ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, özümiziň dokma we ýeňil senagat önümlerimizi Belarusa ibermegiň möçberlerini artdyrmak üçin mümkinçiliklere eýediris. Belarusly hyzmatdaşlarymyza bu geljegi uly ugurlary barada oýlanmagy teklip edýäris.

Biz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işine uly orun berýäris, onuň 6-njy maslahaty şu sapara gabatlanyp geçiriler. Milli Liderimiz toparyň işi hakyndaky öz garaýşy barada söz açyp, onda söwda-ykdysady ösüşiň täze, döwrebap anyk ýagdaýlarynyň beýan edilmelidigini nygtady, şolarda sebitleýin hyzmatdaşlygyň, hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti artýar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Belarus Respublikasy özünde kuwwatly ulag-üstaşyr geçirmek düzümlerini döredýär.

Muny, şeýle hem geografiki ýagdaýlaryny nazara almak bilen, biziň ýurtlarymyzda Gündogar we Merkezi Ýewropa, Baltika sebitine, Ýakyn Gündogaryň we Günorta Aziýanyň giňişleýin bazarlaryna çykmak bilen Günorta-Demirgazyk, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň Ýewraziýa ulag-üstaşyr geçirmek ugruna has işjeň çekmek üçin bu şertleri peýdalanmagyň mümkinçilikleri açylýar. Şonuň üçin hem Bilelikdäki toparyň bu babatda açylýan mümkinçilikleri düýpli seljermegi zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Biz iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary we işewür aragatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Biz bir aýa golaý mundan öň senagatçylardan we işewür toparlarynyň wekillerinden ybarat uly belarus wekiliýetini özümizde kabul etdik, şonda işewürlik maslahaty üstünlikli geçirildi. Şu ýylyň oktýabrynda we noýabrynda sergileri-ýarmarkalary alyşmak geçiriler. Döwletleriň ikisi hem işewürlik düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn goldarlar, munuň üçin amatly şertleri dörederler.

Mysal üçin, bilelikdäki peýdaly başlangyçlar hökmünde türkmen we belarus taraplary tarapyndan Aşgabatda hem-de Minskide döredilen Söwda öýleriniň, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Işewürlik geňeşiniň işini hem bellemek bolar.

Medeniýet, ylym we bilim däp boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda, türkmen we belarus halklarynyň ýakynlaşmagynda hem-de özara düşünişmeginde uly oňyn orny eýeleýär. Bu ugurlarda bizde öňden gelýän we mäkäm hyzmatdaşlyk däpleri bar, ol uly hukuk binýadyna we işlenip taýýarlanylan tejribä daýanýar. Milli Liderimiz bilim ulgamyny aýratyn belläp geçdi. Häzirki wagtda Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan bolan talyplaryň 9 müňden gowragy okaýar, olaryň 2 müňden gowragy hökümetara we pudagara ylalaşyklarynyň ugry boýunçadyr. Döwlet Baştutanymyz möhüm wezipeler hökmünde biziň ykdysadyýetimiziň innowasion başlangyçlarynda özgerdilmegini nazara almak bilen, Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanda aýratyn talap edilýän hünärmenleri belli bir ugurda taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Ýokary tehnologiýalar, informatika, döwrebap dolandyryş babatda hünärmenler hakynda gürrüň barýar. Tutuşlygyna alnanda biz bilim ulgamynda Belarusa esasy hyzmatdaşlarymyzyň biri hökmünde garaýarys hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet babatda durup geçmek bilen, medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýetleriniň, kinofestiwallaryň yzygiderli alyş-çalyş edilmegi ony ösdürmegiň subutnamasy bolup hyzmat edýär diýip belledi. Ýakynda Belarusda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden bellenip geçildi. Biz muňa ýokary baha berýäris, biziň ýurdumyza türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna hormat goýmagyň alamaty hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ylmy hyzmatdaşlyk ugry boýunça, hususan-da, iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda giň mümkinçilikler açylýar. Şol mümkinçilikler Ylymlar akademiýalarynyň arasynda gol çekilen 2013-2017-nji ýyllarda ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna daýanýar. Döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň ruhy baýlygynyň hem-de intellektual mümkinçilikleri olary özara baýlaşdyrmak hem-de gumanitar aragatnaşyklary ösdürmek üçin hakykatdan hem çäksiz mümkinçilikleri döredýändigine ynam bildirmek bilen, iki ýurduň ylmy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary höweslendireris diýip nygtady. Munuň özi oňaýly ýagdaýdyr. Ol köp babatda döwletleriň ikisiniň arasyndaky gatnaşyklyaryň häsiýetini kesgitleýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistan we Belarus Respublikasy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hakykatda ähli ugurlary boýunça ep-esli öňe gitdiler. Häzirki wagtda şol gatnaşyklary nusga alarlykly gatnaşyklar diýip, doly esasda atlandyrmak mümkindir. Bu babatda Belarusyň hormatly Prezidenti Aleksandr Grigorýewiç Lukaşenkonyň ägirt uly şahsy hyzmaty bardyr, ol Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga hemişe aýratyn üns bilen çemeleşýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam edýändigi üçin belarus Liderine minnetdarlyk bildirip, öz kärdeşiniň Türkmenistana sapar bilen gelip görmäge çagyrdy.

Biziň Minskä häzirki resmi saparymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini ýüze çykardy, halkara durmuşynyň möhüm meselelerine biziň garaýyşlarymyzyň ýakyndygyny, ählumumy parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine bilelikde işlemäge iki tarapyň hem taýýardygyny tassyklady. Şu gün biziň öňe tarap hereket etmäge, hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerini özleşdirmäge çalyşýandygymyzy beýan edýän möhüm resminamalara gol çekiler. Milli Liderimiz munuň Türkmenistanyň we Belarusyň halklarynyň uzakmöhletli düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini nygtamak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli meseleleriniň mazmunly hem-de gyzyklanyp ara alyp maslahatlaşylmagyna oňyn çemeleşýändigi, taýýardygy üçin belarus hyzmatdaşlarymyza ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmasy astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýýarlar. Soňra döwlet Baştutanlary belarus oba hojalyk, awtomobil, ýol gurluşyk, jemagat hojalygy, ýolagçy tehnikasyny ibermek babatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda Ylalaşyga gol çekýärler.

Dabaranyň barşynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga, ulaglar babatda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Medeniýet we sungat babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2015-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna hem gol çekildi.

Mundan başga hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty bilen “Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty” döwlet ylmy edarasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk, Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş instituty bilen Belarus Respublikasynyň Marketing we nyrhlaryň ýagdaýy baradaky Milli merkeziniň arasynda Ylalaşyk, Aşgabat /Türkmenistan/ bilen Minsk /Belarus Respublikasy/ şäherleriniň arasynda dostluk gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Lebap welaýatynyň häkimligi /Türkmenistan/ bilen Minsk oblast ýerine ýetiriji komitetiniň /Belarus Respublikasy/ arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna goşuldy.

Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk instituty bilen Belarus milli-tehniki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Belarus döwlet tehnologik uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Belarus döwlet tehnologik uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Belarus döwlet ulag uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Belarus döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama iki ýurduň belli bir ugurly ýokary okuw mekdepleriniň derejesinde hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky şu gün kabul edilen resminamalaryň aýratyn toplumyndan ybaratdyr.

Soňra iki döwletiň Baştutanlary metbugatyň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge üýtgewsiz ygrarlydygynyň, ony mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit we giň möçberde ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny ýola goýmaga ýardam etmäge iki tarapyň hem çalyşýandygynyň ýene-de bir gezek tassyklanylandygyny nygtamak bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko ähli halkara we içerki dawalaryň diňe halkara hukugynyň kadalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna daýanyp, parahatçylykly ýol bilen, gepleşikleri geçirmek arkaly çözülmelidigine ynam bildirdiler.

Bu babatda taraplar parahatçylygy üpjün ediji ýagdaýlary goldamak bilen, abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň, ÝHHG-niň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeliligini subut eden özara gatnaşyklary dowam etmek barada ylalaşdylar.

Belarus Lideri söwda-ykdysady hem-de önümçilik ulgamlarynda, ulag üstaşyr geçirmek, traktorlary, ýol, gurluşyk we oba hojalyk tehnikasyny ibermek babatda ikitaraplaýyn belarus-türkmen gatnaşyklarynyň ýagdaýyna hem-de geljegine ýokary baha berdiler.

Belarus-türkmen hyzmatdaşlygynyň has möhüm taslamalaryna aýratyn üns berildi. Olaryň hatarynda hünärli işgärleri taýýarlamaga, şol sanda ykdysadyýetiň ýokary tehnologiki ulgamlary üçin hünärmenleri taýýarlamaga möhüm orun berilýär.

Milli Liderimiz öz gezeginde şu günki geçirilen duşuşygyň söwda-ykdysady ulgamda iki ýurduň depginli hyzmatdaşlygynyň esaslaryny berkidendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Belarus Respublikasyny ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde görýäris diýip, kuwwaty ýylda bir ýarym million tonna önüme barabar bolan kaliý dökünlerini öndürmek boýunça Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyny gurmagyň bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmegi nusga alarlykly mysal hökmünde getirdi.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň ösüş depginlerini sanlarda beýan etmek bilen, şu ýylyň sekiz aýynda, ýagny ýanwar aýyndan awgust aýy aralygynda özara haryt dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 1,3 esse artandygyny belledi.

Biz senagatda, oba hojalygynda, önümleri gaýtadan işleýän pudaklarda, dokma we himiýa senagatynda, beýleki birnäçe ugurlarda, şol sanda Türkmenistan tarapyndan Minskiniň awtomobil we traktor zawodlarynyň önümlerini mundan beýläk-de satyn almakda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ylalaşdyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habar beriş serişdeleriniň wekillerine aýtdy.

Belarus tehnikasyna oňat hilli we öz wagtynda hyzmat etmegi üpjün etmek maksady bilen, Aşgabatda köpugurly hyzmat ediş merkezi gurulýar. Mundan başga-da, Belarusyň maşyn gurluşyk toplumy tarapyndan çykarylýan önümleriň dürli görnüşlerini Türkmenistana ibermegiň mümkinçilikleriniň üstünde iş alnyp barylýar.

Ulag ulgamynda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň uly geljegi bardyr. Döwlet Baştutanymyz bar bolan düzümleri we geografiki ýagdaýyny nazara almak bilen, biziň ýurtlarymyzyň Gündogar we Merkezi Ýewropa, Baltika sebitine, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa çykmak bilen, Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça yklymlaýyn ulag gatnawlaryna goşulyşmagy üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyna tabşyryklaryň berlendigini ýatlatdy.

Iki ýurduň işewürlik bileleşiklerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge biz möhüm ähmiýet berýäris diýip, türkmen döwletiniň Baştutany telekeçilik düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary, önümçilik we hyzmat ediş ugurlarynyň, azyk, dokma önümlerini ibermegiň täze usullaryny döretmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Şu günler Minskide türkmen we belarus harytlarynyň sergi-ýarmarkasy guralar. Şular ýaly sergiler noýabr aýynda Aşgabatda hem geçiriler. Bu çäreler taraplaryň işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu mesele gepleşikleriň gün tertibine hem girizildi we şol mesele boýunça pikirler ylalaşyldy hem-de bähbitler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň we Belarusyň halklaryny gadymdan gelýän dostluk, özara hormat goýmak we mähirliliek gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şonuň üçin hem biz ynsanperwerlik gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýäris hem-de halklarymyzyň ýakyn gatnaşyk etmäge, iki ýurduň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge, Türkmenistanyň we Belarusyň medeniýet hem-de sungat işgärleriniň döredijilikli hyzmatdaşlygy üçin şertleri döretmäge çalyşmagyny hemmetaraplaýyn goldarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ylym we bilim ulgamlarynda däp bolan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek hakynda ylalaşyklaryň gazanylandygyny hem aýtdy. Milli Liderimiz Belarusa işgärleri taýýarlamak babatda esasy hyzmatdaşlarymyzyň biri hökmünde garaýandygymyzy nygtamak bilen, Türkmenistanyň bu ugurda özara gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen gepleşikleriň jemlerini umumylaşdyrmak bilen, şol gepleşikleriň türkmen we belarus halklarynyň düýpli bähbitlerine, halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ösüşiniň anyk ýagdaýlaryna laýyk gelýän uzakmöhletli geljek üçin köpugurly hyzmatdaşlyga iki ýurduň ygrarlydygyny we çalyşýandygyny ýene-de bir gezek görkezendigini nygtady.

Türkmen Lideri Belarus Respublikasyna resmi saparyň netijelerinden çuňňur kanagatlanýandygyny aýtmak bilen, däp bolan özara düşünişmek, hormat goýmak hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ruhunda geçen oňyn gepleşikler üçin Aleksandr Grigorýewiç Lukaşenko, belarus wekiliýetiniň agzalaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, şol gepleşikleriň barşynda möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyz Belarus Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrandygyny žurnalistlere habar berdi.

Milli Liderimiz öz çykyşyny tamamlamak bilen şeýle diýdi: “Biz bu ýerde, Minskide öz belarus dostlarymyzyň mähirliligini we ak ýürekliligini nobatdaky gezek duýduk”.

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko metbugat wekilleriniň öňünde çykyşlar tamamlanandan soň, belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, şonda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.