Ï Minskide Türkmenistanyň Ilçihanasynyň täze binasynyň düýbi tutuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Minskide Türkmenistanyň Ilçihanasynyň täze binasynyň düýbi tutuldy

view-icon 1127
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi sapary dowam etdi. Onuň ikinji güni iki dostlukly döwletleriň Liderleriniň gatnaşmagynda biziň ýurdumyzyň Minskidäki diplomatik wekilhanasynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna beslendi.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Minsk şäherinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri uly üstünliklere beslenip, dostlukly ýurtlaryň soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary we ýokary derejedäki işjeň döwletara hyzmatdaşlygyny yzygiderli hem-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanmalaryny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň nobatdaky duşuşygy Türkmenistanyň hem-de Belarusuň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara peýdaly esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bolan ugruny äşgär etdi.

Däp bolan gatnaşyklara täze hil derejesini bermek we onuň gerimini giňňltmek babatda taraplaryň öňe süren başlangyçlary gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň toplumynda beýanyny tapdy. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda ösdürilmegi üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrdy.

Taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygyň ruhuna laýyk gelýän köpýyllyk işjeň gatnaşyklary dowam etmäge bolan gyzyklanmalary belarus paýtagtynda geçirilen duşuşyklarda, hususan-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparynyň altynjy mejlisinde beýan edildi. Mejlisiň baryşnda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklaryň işjeňleşdirilmegini nazarlaýan özara gatnaşyklaryň netijeli usulyny işläp taýýarlamaga hemmetaraplaýyn goldaw bermek üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp mashatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Belarusuň özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary köpugurly ösdürmäge bolan ugruny nazara almak bilen, taraplaryň iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda göni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini bellemeli. Geçen aýda Aşgabatda türkmen-belarus işewürlik maslahaty uly üstünlik bilen geçdi. Bu gün bolsa Minsk şäheri senagatçylardan we telekeçilerden düzülen türkmen toparynyň wekilçilikli düzümini garşylady. Olara özleriniň belarus hyzmatdaşlary bilen “Çižowka-Arena” köpugurly toplumynda guralan sergi-ýarmarkasynda öndürýän önümleriniň ähli görnüşlerini hödürlemäge mümkinçilik döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň Belarus Respublikasyna resmi saparynyň ikinji güni Türkmenistanyň Ilçihanasynyň Minskide guruljak täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasyndan başlandy.

Iki ýurduň Hökümet agzalarynyň, daşary ýurtlaryň Belarus Respublikasynda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş sepişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu dabara Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagy çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, birnäçe döwletleriň şu günler Minskide bolýan daşary işler ministrleri bar.

Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar.

Soňra dabaranyň geçýän ýerine Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ulag kerweni geldi.

Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek blen mähirli salamlaşyp, ýörite taýýarlanylan ýere geçdiler. Ol ýerde “Dokmaçylar” folklor-etnografik toparynyň agzalary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Olaryň çykyşy türkmeniň myhmansöýerlik däbini beýan edýän çykyşdan başlandy. Soňra ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki okgnuly hereketini alamatlandyrýan joşgunly tanslar, türkmen-belarus dostlugyny wasp edýän aýdym has-da täsirli boldy.


Alypbaryjy türkmen we rus dillerinde bu dabarany açyk diýip yglan edýär hem-de çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berýär.

Ilçihananyň täze binasyny gurmak hakyndaky teklibi goldandyklary we onuň gurluşygy üçin ýer bölegini berendikleri üçin belarus tarapyna minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly wakanyň Türkmenistanyň daşary syýasatynda Belarus Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de iki ýurduň söwda, ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, halkara giňişliginde ikitaraplaýyn aragatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanmasyny alamatlandyrýandygyny belledi.

Biziň halklarymyz Türkmenistan bilen Belarusuň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk esasynda ýola goýulýandygyna buýsanýarlar. Umumy gymmatlyklara hormat goýmak arkaly, biz däp-dessurlarymyzy, dünýägaraýşymyzyň esasyny düzýän taryhymyzy aýawly saklaýarys we oňa hormat goýýarys, şeýle hem anyk işleriň durmuşa geçirilmegine ýardam berýäris diýip, milli Liderimiz nygtady. Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň işjeň we oýlanyşykly syýasatyna uly hormat goýulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistan we Belarus parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirmek bilen, ýer ýüzünde howpsuz, durnukly ösüş üçin amatly şertleriň döredilmegine mynasyp goşant goşýar. Iki dostlukly ýurduň ählumumy ösüşiň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlary köp babatda ýakyndyr we bitewüdir. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol ösüşiň esasyny düzýär.

Türkmenistan özüniň dünýä we sebit syýasatynyň meselelerine bolan çemeleşmelerini BMG-niň hem-de umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalarynyň çözgütleri esasynda kemala getirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Biziň ýurdumyz dünýä bileleşiginiň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryna goldaw bermek, ähli möhüm meseleler boýunça netijeli gatnaşyklar üçin amatly şertleri döretmek, ösen halkara gatnaşyklarynyň hemişelik hereket edýän guralyny ýola goýmak üçin bitaraplyk derejesini işjeň peýdalanmaga çalyşýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Daşary ýurtlardaky türkmen diplomatlarynyň esasy wezipesiniň hut şu beýik maksatlara gönükdirilendigini bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň Minskidäki Ilçihanasynyň iki dostlukly döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesine laýyk iş alyp barmalydygyna, ynanyşmak we açyklyk esasynda ýola goýulmalydygyna, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna işjeň ýardam bermelidigine ünsi çekdi.

Häzirki döwürde munuň üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ilçihanasynyň täze binasynyň diňe bir diplomatlaryň arasynda däl, eýsem, iki ýurduň alymlarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklaryň geçirilýän, belarusly dostlarymyzyň türkmen halkynyň baý medeniýeti we sungaty, däp-dessurlary, häzirki döwürde gazanan üstünlikleri bilen tanyşmak üçin mümkinçilikleriň döredilýän ýerine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Täze gurluşyklaryň başlanmagy-- munuň özi özboluşly baýramçylykdyr. Munuň bilen geljekki umytlar, täzeleniş, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýaly ýörelgeler baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, bu dabaranyň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Ol bilelikdäki döredijilikli işe, döwletlerimiziň öňe hereketiniň umumy ýörelgelerine, hyzmatdaşlygyň täze gözýetimine gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary bu şanly waka bilen gutlap hem-de işlerinde üstünlik arzuw edip, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň täze binasynyň dostluk we özara düşünişmek binýadyny kemala getirjekdigine, onuň gapylarynyň bolsa ähli dostlarymyz, hyzmatdaşlarymyz üçin açyk boljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz çykyşyny “Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” diýen sözler bilen jemledi. Dabara gatnaşýan türkmen talyplary milli Liderimiziň bu jümlesini agzybirlik bilen alyp göterdiler.

Soňra Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko söz berilýär. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gyzyklanmalarynyň tassyknamasyna öwrülen bu şanly wakanyň çuňňur manysynyň hem-de ähmiýetiniň bardygyny belläp, A.Lukaşenko munuň iki ýurduň pugta dostluk gatnaşyklary bilen baglanyşan halklarynyň hoşniýetli erkiniň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Belarus lideri bu dabaranyň biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany alamatlandyrýandygyny belläp, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň täze binasynyň düýbüniň tutulmagynyň döwletara gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin häsiýetine we onuň has uly netijelere gönükdirilendigine ikitaraplaýyn ynamy tassyk edýändigini aýtdy.

Türkmenistan we Belarus söwda-ykdysady hem-de medeni-gumanitar ulgamlar boýunça möhüm hyzmatdaşlara öwrüldi. Biziň gatnaşyklarymyz syýasy taýdan birek-birege düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar diýip, Aleksandr Lukaşenko belledi. Häzirki döwürde iki döwlet Baştutanlarynyň dostlukly we birek-birege ynanyşmak gatnaşyklarynyň esasynda hökümet hem-de ministrlikleriň, kärhanalaryň derejesinde durnukly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Munuň özi oňat netijelerini hem berýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly şertnamalaýyn hukuk binýady döredildi. Özara söwdanyň möçberleri has-da artdy. Onuň mukdary soňky bäş ýylyň dowamynda 4,5 esse ýokarlandy. Garlykdaky dag-magdan kombinatynyň gurluşygynyň iri möçberli taslamasy amala aşyrylýar. Aleksandr Lukaşenko ylmy-tehniki we gumanitar hyzmatdaşlyga tarap netijeli ädim ädilendigine. Sebitara gatnaşyklaryň çäginiň giňeldilendigine, Belarusuň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulýandygyna ünsi çekdi. Munuň özi gatnaşyklarymyzyň köpugurlydygyna güwä geçýär diýip, belarus lideri belledi.

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň täze binasy belarus topragyndaky türkmen medeniýetiniň bir bölegi bolmak bilen, biziň halklarymyzyň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň täze derejedere çykmagyna ýardam berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbiniň özgermegine ägirt uly üns berýändigini bellemek bilen.,belarus lideri Türkmenistanyň Ilçihanasynyň täze binasynyň Minskiniň binagärlik keşbini baýlaşdyrjakdygyna, oňa milli ýörelgeleriň özboluşly äňehini berjekdigine şübhelenmeýändigini aýtdy.

Şeýle hem ýakyn geljekde belarus paýtagtynda türkmen ýaşlary üçin talyplar şäherçesi gurlar. Türkmenistanyň Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarynyň sanyny artdyrmaga bolan meýilleri sazlaşykly ösýän türkmen ykdysadyýeti üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda ýurdumyzyň bilim ulgamyna bildirilýän ýokary ynamy alamatlandyrýar diýip, Aleksandr Lukaşenko belledi. Bu ulgmada iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini nazara almak bilen, döredijilik we ylmy toparlaryň wekilleri üçin hem şeýle taslamany amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Bu çözgütleriň bilelikdäki işiň uzakmöhletleýin maksatlara eýedigini alamatlandyrýandygyny bellemek bilen, Prezident Aleksandr Lukaşenko belarus tarayndan bu meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli zerur şertleriň dörediljekdigini nygtady.

Soňra, ýaş nesliň wekilleri döwlet Baştutanlaryna ýadygärlik ýazgyny we ýörite gutyny getirdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko ýadygärlik ýazga gollaryny goýup, ony guta saldylar we ony türkmen-belarus dostlugynyň ýene bir nyşany hökmünde ýokary galdyrdylar.

... Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary gutyny täze binanyň binýadyna goýmak bilen, oňa ilkinji beton garyndylaryny atdylar we ýurdumyzyň Minskidäki diplomatik wekilhanasynyň täze binalar toplumynyň gurluşygyna badalga berdiler.

Iki ýurduň Liderleri şanly wakanyň hormatyna çagalar bilen bilelikde surata düşdüler.

Bu ýerdäki dabara tamamlanandan soň, milli Lideriimz Gurbanguly Berdimuhamedow belarus kärdeşi bilen mähirli hoşlaşyp, oňa açyklyk we birek-bireg düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeli häsiýeti üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirdi hem-de Belarusuň dostlukly halkyna parahatçylyk, bagt we abadançylyk arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Minsk şäheriniň Ýeňiş meýdanyndaky Ýeňiş Binasyna gül desselerini goýdy. Bu meýdançanyň merkezinde 1954-nji ýylda Ýeňiş Binasy oturdyldy. Ol Watançylyk urşy ýyllarynda belars halkynyň edermenligini, faşizm bilen bolan söweşlerde wepat bolan esgerleriň we partizanlaryň gahrymançylygyny ebedileşdirdi. Bina çal granit daşy bilen örtüliň onuň beýikligi 40 metre golaýdyr. Onda Ýeňiş ordeni şekillendirilipdir. Binanyň dört tarapy bürünç şekilleri bilen bezelipdir. 1961-nji ylyň 3-nji iýulynda binanyň eteginde Baky ot ýakyldy. Binanyň asty tegelek memorial zala geçýän halkalaýyn däliz bilen gurşalandyr. Onuň merkezinde Baky oduň nyşanyny alamatlandyrýan yşyklandyryjysy bolan aýnadan wenogyň çeper şekili bar.

Bu ýerde milli Liderimizi Belarusyň resmi adamlary we Minks şäheriniň ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri garşyladylar.

Bina tarap barýan ýoluň ugrunda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Belarus halkynyň gahryman ogullaryny hatyralap, hormatly Prezidentimiz Ýeňiş Binasyna ajaýyp wenok goýýar. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň we harby orkestriň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçip gidýärler.

...Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Belarusuň Beýik Watançylyk urşunyň döwlet muzeýine tarap ugraýar.

Muzeýiň täze binasy Ýeňijiler şaýolunda “Minsk—Gahryman şäher” atly binagärlik toplumynyň aňyrsynda açyldy. Onuň ýanynda Gahrymanlaryň meýdançasy we Ýeňiş seýilgähi ýerleşýär.

Täze bina şu ýylyň iýulynda Belarusuň faşistik basybalyjylardan azat edilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp açyldy. Bu uly bina “Ýeňşe bagyşlanan binagärlik salýutyna” meňzeşdir, onuň şöhleli sütünlerinde güberçek şekiller ýerleşýär, şolarda bolsa Sowet Soýuzynyň Gahrymanlarynyň atlary ýazylypdyr. Bina 4 uly toplumdan ybarat. Ol urşuň 4 ýylyny aňladýar. Şolaryň arasynda boşluklar bolup, “Minsk-Gahryman şäher” ýadygärligi görünýär. Onuň öň tarapy uruş ýyllarynda köp ulanylan polatdan we ýeňijileriň orden-medallarynyň öwşün atyşyny ýatladýan altynsow aýnadan edilipdir. Binanyň ýokarsy aýnaly gümmezden ybarat. Şonda sowet hakynyň faşizmden üstün çykmagynyň nyşany hökmünde gyzyl reňkli baýdak pasyrdaýar.

... Belarusuň Beýik Watançylyk urşunyň degişli döwlet muzeýiniň esasy girelgesiniň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Belarus Respublikasynyň medeniýet ministri Boris Swetlow we muzeýiň direktory Nikolaý Skobelew garşyladylar.

Belent mertebeli türkmen myhmany bina girmäge çagyrylýar. Türkmenistanyň Prezidenti muzeý we ondaky bölümler baradaky umumy maglumatlar bilen tanyşdyrylýar.


1941-1945-nji ýyllaryň harby taryhyna degişli ýadygärlikleriň Belarusdaky bu uly muzeýini döretmegiň taryhy ýowuz 1942-nji ýylda, duşman Stalingradyň eteginde mahalynda, Belarusuň topragy bolsa gitlerçi basybalyjylar tarapyndan eýelenen wagtynda başlandy. Şol wagt ýörite bellenilen we maglumatlaryň ýygnalmagyna jogap berýän wekiller işläp ugradylar, partizanlaryň düzümlerine partizanlyk hereketi baradaky resminamalary, çap edilýän neşirleri we golýazmalary, ýaraglaryň nusgalaryny geljekki muzeý üçin saklamak hakynda radiogrammalar ugradyldy. Partizanlar geljekde muzeýde goýuljak gymmatlyklaryň belli bir bölegini ok-däriden boşan sandyklarda ýerleşdirip, ýere gömüpdirler, käbir bölegini bolsa harby uçarlar arkaly Moskwa iberipdirler...

1944-nji ýylyň oktýabrynda, azat edilen Minskide heniz harabalyklar aýrylmadyk mahalynda, muzeý ilkinji adamlary kabul edip başlady, muzeýiň gaznalarynda bolsa eýýäm 10 müňden gowrak gymmatlyklar bardy. Häzirki wagtda muzeýiň gaznalarynda seýrek duşýan zatlaryň 150 müňe golaýy saklanýar we bularyň üsti ýetirilip durulýar. Muzeýiň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyza alnyp barylýan gözleg işleri, şol sanda barmasy kyn ýerlerde -- tokaýlarda, batgalyklarda amala aşyrylýan işler barada gürrüň berdiler, bu ýerlerde henize çenli uruş döwründäki tehnikalar tapylýar. Bulardan başga-da, weteranlar we olaryň mirasdüşerleri resminamalary, sylaglary muzeýe tabşyrýarlar. Her ýylda 700-800 zat getirilýär. Şol sanda daşary ýurtlardan-da iberilýän zatlar bar.

Geçen ýyllarda muzeýiň zallaryny dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan gelen millionlarça adamlar synlap gördüler. Her ýylda bu ýere GDA ýurtlaryndan we alysda ýerleşýän daşary döwletlerden syýahatçylaryň 200 müňden gowragy we wekiliýetler gelýärler. Muzeý döwrebap tehnologiýalar, köpsanly dildäki audiogidler, foto we kinohronikany görkezýän plazmaly ekranlar bilen üpjün edilipdir. Bu aýylganç urşuň şaýadyna öwrülen gymmatlyklar, şeýle hem interaktiw multimediýa enjamlary muzeýe gelenlere ýeňişli tamamlanan urşy başdanaýak synlamaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen birlikde, muzeýiň käbir zallaryna baryp görýär hem-de onuň täsin galdyrýan toplumlary bilen tanyşýar, muzeýiň hünärmeni gymmatlyklar barada gürrüň berýär.

Umuman alanyňda, bu ýerde 11 zal bar, bular harby hereketleriň bolup geçen wagtyna görä ýerleşdirilipdir. Muzeýde ok atýan we artilleriýa ýaragy, inženerleriň we sapýorlaryň emlägi, aragatnaşyk serişdeleri, harby bölümleriň, partizan toparlarynyň we brigadalarynyň söweşjeň baýdaklary, çap edýän enjamlar, listowkalar, duşmanyň tylynda çap edilen gazetler we žurnallar bar. Muzeýde SSSR-iň, Germaniýanyň, Italiýanyň, ABŞ-nyň, Çehoslowakiýanyň, Fransiýanyň harby we raýat geýminiň nusgalary, gyzyl esgerleriň we deňizçileriň zatlary we sylaglary, uruş gahrymanlarynyň oklaryň bölekleri degen üstki geýimleri hem saklanýar.

“Dünýä Ikinji jahan urşunyň öňüsyrasynda we urşuň ilkinji ýyllarynda” atly bölümde taryhy wakalar barada gürrüň berýär. “Uruş menzilleri” diýlip atlandyrylan zal has uly bolup, müň inedördül metre golaý meýdany eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz bu bölümdäki harby sahnalary içgin üns berip synlaýar. Bu ýerde 1940-njy ýyla degişli meşhur T-34 kysymly sowet tankyny, söweş tehnikasyny, toplary we ok-därileri, meýdan aşhanasyny, harbylaryň awtoulaglaryny we beýlekileri synlamak bolýar.

Soňra milli Liderimiz sowet halkynyň urşuň başynda goranmak ugrundaky söweşlerde görkezen gahrymançylygyna bagyşlanan zala barýar. 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda Belarus ilkinji bolup gitlerçi goşunlaryň hüjümine garşy durdy. Meşhur Brest galasynyň edermen goragçylaryna bagyşlanan täsirli bölüm “Döwlet serhedi. Brest galasy” diýlip atlandyrylypdyr. Uruş baradaky gürrüň “Smolensk şäherindäki söweş”, “1941-1942-nji ýyllarda Moskwanyň etegindäki söweş” atly toplumlar arkaly dowam edýär...

Muzeýde “Urşuň barşyndaky düýpli öwrülişik. Sowet tyly”, “Belarusuň çägindäki nasistik okkupasion düzgün. 1941-1944-nji ýyllar”, “Belarusdaky partizanlaryň hereketi we faşistlere garşy gizlin göreş. Sowet raýatlarynyň Ýewropanyň Garşylyk hereketine gatnaşmagy. 1941-1945-nji ýyllar”, “Belarusuň azat edilmegi”, “Belarus azat edilenden soňra. 1944-1950-nji ýyllar. Uruş baradaky ýatlama” atly zallar bar.

... Ýetmiş ýyl mundan ozal “Bagration” atly operasiýanyň barşynda Minsk şäheri faşistik basybalyjylardan azat edildi, munuň özi tutuş Belarus boýunça ýeňişli ýörişe öwrüldi. Faşistik goşunlaryň bu ýerlerden çykarylyp kowulmagyna türkmenistanly esgerler hem gatnaşdylar. Belaruslar Beýik ýeňiş ugrunda söweşen gahrymanlaryň edermenliklerini ýatlaýarlar, häzirki wagtda belarus topragynda ýaşaýanlara, Belarusuň azat edilmegine gatnaşanlaryň hemmesine aýratyn üns berýärler. Şu ýylda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň adyndan Belarusdaky söweşlere we partizanlaryň hereketlerine gatnaşan weteranlara belarus topragynyň azat edilmeginiň 70 ýyllygy mynasybetli ýubileý medallary gowşuryldy.

... Muzeýiň baş hünärmeni Türkmenistanyň Prezidenti bilen zallara aýlanyp, Beýik Watançylyk urşy döwründe SSSR-iň Belarus Respublikasynyň nasistik basybalyjylardan azat edilmegine gatnaşan gahrymanlary, hususan-da, türkmenistanly gahrymanlar barada gürrüň berýär.

Şeýle hem muzeýde uruş ýyllarynda Türkmenistana göçürilen belarusly çagalaryň Aşgabatdan iberen haty aýawly saklanýar. Bu hat Sowet Soýuzynyň marşaly K.Rokossowskiniň adyna marşalyň ýolbaşçylygyndaky goşunlar Minsk şäherini basybalyjylardan azat eden döwründe iberilipdir...


Milli Liderimiz türkmen wekiliýetiniň agzalaryna ýüzlenip, arhiwdäki bu täsin resminamanyň surata alnan nusgasynyň ýurdumyzyň muzeýinde Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanan bölümde hökman goýulmalydygyny aýtdy.

Ýeňiş zaly bu uly bölümde aýratyn orny eýeleýär. Aýnaly gümmeziň astyndaky tegelek zalyň perimetrine görä, frontlar, goşunlar, partizanlaryň düzümleri barada gürrüň berýän maglumatlar, şeýle hem statistiki hasabatlar ýerleşdirilipdir. Sanlar Ýeňşiň köp pidalaryň çekilmegi netijesinde gazanylandygyny nesillere ýatladýar: Belarusuň çäginde parahat adamlaryň we harby tussaglaryň 2 357 000 –den gowragy gyrlypdyr. Ikinji Jahan urşy ýyllarynda adamlaryň umumy ýitgileri 60 000 000 adama, SSSR-iň halklarynyň umumy ýitgileri – 26 600 000 adama barabardyr.

Türkmenistanyň Prezidenti muzeý bilen tanyşlygyň ahyrynda Ýeňiş zalynda Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täsirli gürrüň üçin minnetdarlyk bildirip, binanyň diwarlarynda Ýeňşiň hakyky ruhuny duýmak bolýar diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz harby taryha degişli muzeýiň işgärleriniň işine ýokary baha berdi hem-de şunuň ýaly muzeýleriň ýaş nesli ynsanperwerlik, dostluk we doganlyk ýörelgeleriniň esasynda watançylyga we ruhubelentlige mahsus görnüşde terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Soňra milli Liderimiz Belarus Respublikasynyň medeniýet ministri we muzeýiň direktory bilen hoşlaşdy.

Soňra milli Liderimiz muzeýden çykyp, “Çižowka” toplumyna tarap ugraýar, bu ýerle Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasy guraldy.

Toplumyň öňünde iki ýurduň baýdaklary bilen bezelen meýdançada Türkmenistanyň Prezidentini Belarus Respublikasynyň premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç garşylady. Bu ýerde milli Liderimizi Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary garşyladylar.

Türkmenistan we Belarus Respublikasy ykdysady ösüşinde ajaýyp üstünlikleri gazanýar, munuň özi ýurtlarymyzyň sebitlerdäki we dünýädäki bazarlara ynamly goşulmagyna ýardam berýär.

Şu günki bilelikdäki sergi türkmen we belarus halklarynyň dostlugynyň has-da pugtalandyrylmagyna, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň berkidilmegine, peýdaly işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we bilelikdäki täze işewürlik taslamalarynyň amala aşyrylmagyna ýardam eder. Şol bir wagtyň özünde bu forum Türkmenistanyň tejribesini we gazananlaryny öwrenmek üçin örän oňaýly mümkinçilik bolup durýar.

Biziň sergidäki milli bölümimizde ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşdäki önümler bar, bular sazlaşykly ösýän milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň diýen ýaly gazanýan üstünliklerini äşgär edýär. Türkmen döwletiniň durnukly ykdysady ösüşini, rowaçlyk gazanmagyny, türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, özgertmeler boýunça döwlet we milli maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap zawodlar, fabrikler we kärhanalar gurulýar, olarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän önümleri öndürilýär. Häzirki wagtda dünýä bazarynda şol önümlere uly isleg bildirilýär.

Döwlet Baştutanymyz her bir diwarlygyň ýanynda saklanyp, pudaklaryň her biriniň eksport babatdaky kuwwaty hem-de ysnyşykly, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly pudagynyň ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirýärler. Olaryň hatarynda türkmen halylaryny, gurluşyk serişdelerini, deri işläp taýýarlamagy alyp barýan hususy telekeçiler bar. Olaryň arasynda dürli görnüşdäki süýji önümlerini öndürýän “Hasar” hususy kärhanasy, alkogolsyz içgileri öndürýän we gök önümleri gaplanan görnüşde taýýarlaýan “Ak daş”, “8-ÝAP” hususy kärhanalary bar. “Ýigit” hojalyk jemgyýeti ýuwujy serişdeleriň ençeme görnüşlerini görkezdi.

Milli amaly-haşam sungatyna degişli önümler, gadymy we häzirki zaman zergärçilik önümleri, torbalar, daşlyklar, kiçi sandyklar, “Çapak” hojalyk jemgyýetiniň ussat zenanlarynyň taýýarlan zatlary sergä özboluşly milli öwüşgin çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz hususy bölekdäki kärhanalar tarapyndan öndürilýän önümleriň hile degişli häsiýetnamalary bilen içgin gyzyklanyp, türkmen saýlama önümleriniň we söwda bellikleriniň daşarky bazarlara aralaşmagy boýunça döwrebap marketinge mahsus çemeleşmeleri ulanmagyň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Belhudožpromysly” döwlet önümçilik birleşiginiň bölümi bilen tanyşdy. Bu birleşigiň esasy işi belarus halkynyň milli senetleriniň we amaly-haşam sungatynyň ýörelgeleriniň täzeden dikeldilmegine we baýlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Kärhananyň işgärleri döwlet Baştutanymyz bilen söhbetdeş bolup, häzirki wagtda döwrebap esasda, dokmaçylyga, sypaly örüp, zatlaryň taýýarlanmagyna, el işlerine, agaçlaryň haşamlanyp bezelmegine, keramiki sungata mahsus ýörelgeleriň nesilden-nesle geçirilýändigi barada gürrüň berdiler.

Ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministrliginiň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň bölümi hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan azyk senagatynyň ösüşine uly möçberdäki düýpli maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi netijesinde täze kärhanalar guruldy we hereket eden kärhanalar döwrebaplaşdyryldy. Ýerli çil mal esasynda önümleriň täze görnüşleriniň 200-den gowragy, şol sanda et-süýt, unaş, ýag, miwe-gök önümleri, çakyr-arak we alkogolsyz önümler, şeker, çörek-bulka we süýji önümler hem-de beýleki azyk harytlary öndürilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň azyk senagatynyň önümleriniň daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndan satyn alynýandygyny hem bellemek gerek.

Soňra milli Liderimize süýji nygmatlary öndürýän “Komunarka” fabriginiň bölümi görkezildi, bu kärhananyň önümlerine ýurduň özünde, şeýle hzem onuň çäklerinden daşarda-da uly isleg bildirilýär. Kärhananyň işgärleri döwlet Baştutanymyzy süýjileriň we şokoladyň iň oňat görnüşlerini taýýarlamagyň esasy usullary, öndürilýän önümleriň sanawy bilen tanyşdyrdylar hem-de Türkmenistan bilen işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler. Fabrigiň esasy maksadynyň süýji nygmatlary taýýarlamagyň ýörelgelerini aýawly saklamak we baýlaşdyrmak arkaly, adamlara atlyk we lezzet paýlamakdan ybarat bolup durýandygy bellenildi. Şeýle hem bu ýerde çagalara sowgat bermek üçin niýetlenip göwnejaý bezelen önümler bar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň söwda ministrine Belarusuň süýji nygmatlary işläp taýýarlaýan kärhanalar bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak baradaky meseläni öwrenmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň bölüminde goýlan harytlar ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine önjeýli goşant goşýan, balyk önümlerini öndürýänleriň gazanýan üstünliklerini görkezýär. Mälim bolşy ýaly Hazar deňzi, Türkmenistanyň derýalary, kölleri, suw howdanlary balyklaryň gymmatly görnüşleri bilen tanalýar. Bulardan tirana we zagara balyklaryny, çüý balygyny, gara balygy, lakgany, töpi, kepiri, okuny, tüňňimaňlaýy, kefaly, kilkany we beýlekileri görkezmek bolar. Döwlet komitetiniň bölüminde kefal, gara balyk, Hazar kilkasy, lakga, kepir ýaly balyklaryň çorbasy gaplanan görnüşleri, ýagda bişirilen tüňňimaňlaý we Hazar kilkasy görkezildi.

Bu ýerde Sluskiniň peýnir öndürýän kärhanasynyň süýt önümleriniň köp sanly görnüşleri görkezildi. Kärhananyň hünärmenleriniň Türkmenistanyň Prezilentine gürrüň bermegine görä, harytlaryň hilli bolmagy hem-de ulanyjylaryň bildirýän gyzyklanmasyny we häli-şindi üýtgäp durýan ýagdaýlary göz öňünde tutmak esasy görkezijileriň biri bolup, şunda ugur alynýar.


Borisowskiniň et öndürýän kärhanasy şöhlat önümlerini görkezdi. Bu kärhana köp ýyllaryň dowamynda bazarda öňdebaryjy orny eýeläp gelýär.

“Kristall” açyk paýdarlar jemgyýetiniň we “Krinisa” açyk paýdarlar jemgyýetiniň içgileriniň we çakyr-arak önümleriniň durli görnüşlerini görkezdiler. Bu kärhanalar özleriniň täze önümi bilen hem tanyşdyrdylar, bu önüm önümçiligiň dünýäde ulanylýan tehnologiýalary, özboluşly görnüşde taýýarlanyş usulyny, elin ingridiýentleri we bu ugur boýunça belarus ýörelgelerini utgaşdyrmak arkaly taýýarlanypdyr.

Soňra türkmen Liderine “Kamwol” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümleri görkezildi. Kärhananyň işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa dokma önümlerini öndürýän bu iri kärhananyň işi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem “BelarusLen” kärhanasynyň bölüminde dokma senagatyna degişli önümler görkezildi.

Ýurdumyzyň iri ministrlikleri we pudak edaralary bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasy dürli maddy serişdeleri söwdalaşmak arkaly ýerlemek boýunça berjaý edilýän hyzmatlaryň giň toplumy bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň bölümi hem gelenlerde ýakymly täsir galdyrdy. Bu ýerde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar, Hazar deňziniň kenar ýakasynda dünýä derejesine laýyk gelýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler barada gürrüň berilýär. Täsin galdyrýan tebigy ýadygärligiň – 150 million ýyl mundan ozal Köýtendagda ýaşan dinozawrlaryň aýak yzlaryny saklap galan dag gaýasynyň nusgasy hem uly gyzyklanma döretdi.

Türkmen suratkeşleriniň suratlary hem-de Türkmenistanyň milli medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin galdyrýan we türkmen halkynyň buýsanjy hasaplanýan meşhur ahalteke bedewlerini suratlandyrýan gymmatlyklary sergi-ýarmarkanyň bezegine öwrüldi. Altyndan we kümüşden ýasalan at esbaplary hem owadanlygy we nepisligi bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde zenanlaryň birkemsiz bezelen milli geýimleri we türkmen zergärleriniň taýýarlan zergärçilik önümleri ünsüňi çekýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň önümçilik kärhanalary, şol sanda derman öndürýän “Saglyk” kärhanasy derman serişdeleriniň dürli görnüşlerini görkezdiler. Şunuň bilen birlikde, bölümde bejeriji mineral suwy öndürýän “Berzeňňi” kärhanasynyň suwy, şeýle-de Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde bejeriji palçygy we deňiz duzuny gaplaýan kärhananyň bejeriji palçyklary we duzlary ýerleşdirildi.

Bu ýerde dermanlyk ösümliklerden taýýarlanyp, köp asyrlaryň dowamynda lukmançylyk boýunça milli tejribede ulanylýan bejeriji çaýlaryň dürli görnüşleri hem bar. Mälim bolşy ýaly, bejeriji otlaryň gymmatly häsiýetleri barada Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli işinde beýan edilýär.

“Türkmenpagta” döwlet konserni ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolan pagtaçylykda gazanylanlar bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde Türkmenistanyň welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän pagtanyň dürli görnüşlerinden taýýarlanýan süýümleriň nusgalary görkezilýär.

Şeýle hem “Gorizont” döwlet kompaniýasynyň durmuşža ulanylýan tehnikany öndürmek bilen meşgullanýan unitar kärhanasynyň, dokma önümlerini taýýarlaýan “8 marta” açyk paýdarlar jemgyýetiniň we “Holding Beloruska” atly gön—aýakgap öndürýän kompaniýanyň bölümleriniň hem ýakymly täsir galdyrandygyny bellemek şerek.

Soňra döwlet Baştutanymyz sergi bilen tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bölümine bardy, bu ýerde jinsi, tüýjümek, trikotaž we beýleki görnüşdäki matalardan taýýarlanan önümler, lukmançylykda ulanylýan pamyk, nah ýüplük, milli ykdysadyýetimiziň eksporty ugur edinýän esasy pudaklarynyň biri hasaplanýan dokma senagatyna degişli kärhanalarda öndürilýän panbarhytyň we keteniniň görnüşleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, ýurdumyzyň dokma senagatynyň eksport babatdaky mümkinçilikleri, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylyşy, mahabat işi bilen gyzyklandy. Dokma senagatynyň “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgi önümlerine dünýä bazarynda-da uly isleg bildirilýär we bular geçginli diýlip hasaplanýar.

Serginiň Belarusa degişli bölüminde-de dokma önümlerini, şol sanda matalary, ýatylanda we aşhanada ulanylýan zatlary işläp taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen BPHO Açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümleri görkezildi.

Belarus Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň we “Belmedprom” kärhanasynyň bölüminiň önümleri milli Ledirmiziň ünsüni özüne çekdi. Bu kärhana dermanlyk serişdeleriň köp sanly görnüşlerini işläp taýýarlaýar. Döwlet Baştutanymyz öndürilýän önümleriň sanawy, kärhanada ulanylýan tehnologiýalar we önümçilikde peýdalanylýan serişdeler bilen gyzyklandy. Milli Liderimiziň bu gyzyklanmalary lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşiniň hil taýdan täze ugruny işläp taýýarlandygy we onuň başyny başlandygy bilen baglanyşyklydyr. Hut şunuň ýaly köpugurly çemeleşmeler luknmanyň, alymyň, şeýle hem döwlet işgäriniň nukdaý nazaryndan has-da ähmiýetlidir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny goramak we ony üpjün etmek meseleleri boýunça durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugruny emele getirýär. Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň bölümini uly gyzyklanma döredýän ýerleriň biri diýip görkezmek bolar. Häzirki wagtda belarus alymlary nanotehnologiýalary, biotehnologiýalary, aerokosmos tehnologiýalary, täze materiallary—matalary, suwy arassalamak boýunça döwrebap desgalary we beýlekileri işläp taýýarlamak boýunça birgiden işleri amala aşyrýar. Akademiýanyň işgärleri döwlet Baştutanymyza dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglar hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynda döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Belarusuň esasy ministrlikleri we pudak edaralary bilen birlikde, sergide dostlukly ýurduň Habarlar ministrliginiň diwarlyklary hem görkezildi. Bu ministrligiň bölüminde esasan, ýokary hilli çap önümleri, şol sanda Belarus Respublikasynyň üstünlikleri we gazananlary barada gürrüň berýän kitaplar we fotoalbomlar goýlupdyr. Belarusyň serginiň bu bölümleri ýurdumyzyň durmuşynda aň-bilim, wagyz-nesihat we habar beriş serişdeleriniň ornuna ähmiet berýän milli Liderimiziň ünsüni özüne çekdi.

Meýdany boýunça has uly bölüm “Türkmenhaly” döwlet birleşigine berildi, bu ýerde tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolup, halkymyzyň buýsanjy we şan-şöhraty hasaplanýan ajaýyp türkmen halylarynyň uly toplumy ýerleşdirildi. Bu ýerde adaty ahalteke, teke, ýomut, beşir gölleri bilen bezelen halylar, şeýle hem dürli görnüşleri suratlandyrýan haly önümleri görkezildi. Bölümiň agramly bölegi Türkmen halysynyň muzeýindäki, hakykatdan-da, täsin galdyrýan gymmatlyklardan ybaratdyr.

Şeýle hem üstünlikli ösdürilýän senagat pudagy täze önümlerini görkezýär. Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň bölüminde örtük hökmünde ulanylýan daşy, sement, kerpiç, magdan däl gurluşyk serişdelerini, metal gurluşlary, polipropilen turbalaryny öndürýän iri kärhanalaryň harytlary ýerleşdirildi. Ýeri gelende aýtsak, gurluşyk ulgamynda giňden ulanylýan önümler ýerli çig maldan taýýarlanylýar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, şol sanda belarusly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň çyzgyly nusgalary Türkmenistanyň himiýa sengatynyň ösüşiniň geljekki mümkinçiliklerini görkezýär.

Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň we çaphanalaryň ýokary derejede taýýarlanan önümlerine-de aýratyn üns berildi. Çap önümleriniň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamyndan çykan kitaplar möhüm orun eýeleýär.

Mundan başga-da, bu ýerde Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň medeni-mirasy barada gürrüň berýän kitalar goýlupdyr.

Bölümleri bezemekde milli öwüşginli ýörelgeler we döwrebap, öňdebaryjy multimediýa tehnologiýalary, şol sanda ýörite monitorlar ulanyldy. Wideoroliklerde, ussatlyk bilen taýýarlanan nusgalyklarda, owadan kitapçalarda we pudaklara degişli žurnallarda türkmen ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüş depgini aýdyň görkezilýär. Sergide milli sazlar çalnyp, olaryň jadylaýjy owazy özboluşly täsir galdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sergini synlanyndan soňra, ýurdumyzyň Belarus Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belläp, Türkmenistanyň önümleriniň Minsk şäherindäki sergi-ýarmarkasynyň bilelikdäki ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna, tejribäniň we döwrebap tehnologiýalaryň alşylmagyna täzeden badalga berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen harytlarynyň sergisi barada öz pikirini aýtmak bilen, Belarus Respublikasynyň premýer-ministri M.Mýasnikowiç olaryň köpdürlüligini hem-de hiliniň dünýä derejesine laýyk gelýändigini aýtdy. Munuň özi haryt öndürijileriň öz işine bolan yhlasyndan we Türkmenistanyň kärhanalarynyň eksport üçin uly geljeginiň bardygyndan habar berýär.

12-nji oktýabra çenli dowam etjek sergide türkmen we belarus önümçiliginiň harytlarynyň görkezilmegi birtarapdan sagdyn bäsdeşlige we mundan hem beýläk netijeli işlemäge höweslendirse, beýleki bir tarapdan milli ykdysadyýetleriň biri-biriniň üstüni ýetirýändigini äşgär edýär. Düýn iki ýurduň Prezidentleri Belarus bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň uly geleginiň bardygyny tassykladylar. Olar däp bolan çemeleşmeler bilen çäklenmän, innawasion we aň-bilim taýdan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiet berýärler. Bu taslamalar ylmy-tehniki ugra eýe bolmak bilen, olar bilim ulgamy arkaly hem baglanyşýarlar. Bu ýerde gürrüň Türkmenistanyň baý çig mal serişdeleriniň esasynda bilelikdäki täze önümçilikleri döretmek hakynda boldy.

Soňra Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň köşgünde—Garaşsyzlyk köşgünde Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň adyndan GDA agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň hormatyna resmi däl agşamlyk nahar berildi.

Ertir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA agza ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Onuň güntertibine Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary giriziler.