Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

view-icon 771
Belarus Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýerde geçirilýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, Minskide türkmen-belarus gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidentleri iki ýurduň we halklaryň dostluk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň däplerine ygrarlydygyny tassykladylar. Gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu resminamalar döwletara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir hem-de iki ýurduň gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak, şol sanda senagat we gumanitar ulgamlarda gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Taraplar ählumumy durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit we ählumumy derejede özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýyny döretmäge ýardam etmäge çalyşýandyklaryny beýan etdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň köpüsi boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini belläp, Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň agza bolup durýan köpugurly we sebit guramalarynyň, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Belarus Respublikasy indi iki ýyldan bäri GDA başlyklyk edýär we şu hukukda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň şu duşuşygyna gatnaşyjylary kabul edýär.


Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň işine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ähli ugurlar boýunça deňhukukly, özara ylalaşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklaryň ilerledilmegine hemmetaraplaýyn ýardam edýär. 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Başlygy bolmak bilen, Türkmenistan bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşmäni görkezdi we GDA agza ýurtlaryň arasyndaky däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etdi. Türkmenistan GDA ugry boýunça hyzmatdaşlygyna özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garap, Arkalaşygyň döwletleri bilen gatnaşyklary hoşmeýilli, erk-isleg, özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guraýar.

Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurdumyzyň GDA-nyň çärelerine gatnaşmagynyň has-da işjeňleşdirilendigini, şunda köp ugurlary, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk, ekologiýa, medeni-gumanitar ulgamlary öz içine alýan hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berýändigini bellemelidiris. Türkmenistan GDA ugry boýunça dürli forumlara we iri çärelere gatnaşmak bilen, Arkalaşygyň möhüm duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň ençemesini özünde geçirdi. Türkmenistan Terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ýaly möhüm meselelere umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny tassyklaýar. Ýurdumyz bikanun migrasiýa, adam söwdasyna garşy durmak, neşe serişdelerine gözegçilik etmegiň halkara ulgamyny saklamak we pugtalandyrmak boýunça GDA-nyň maksadalaýyk tagallalaryny mübärekleýär.

Türkmenistanyň Baştutanynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmagy Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň özüniň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýändiginiň täze aýdyň subutnamasydyr. Döwletara derejesinde, şeýle hem iri sebit we halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Köşgüne – Garaşsyzlyk köşgüne geldi. Şol ýerde Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň başlyklyk etmeginde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Köşgüň esasy eýwanynda döwlet Baştutanymyzy Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko garşylady.

Türkmen döwletiniň Baştutany iki doganlyk halkyň ösýän dostluk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygynyň nyşany hökmünde özüniň belarusly kärdeşine ähli halkymyzyň adyndan belarusly dostlarymyza simwoliki sowgat hökmünde nakgaşlyk suratyny gowşuryp:

- Hormatly Aleksandr Grigorýewiç, doganlyk türkmen halkynyň adyndan şu suraty kabul etmegiňizi haýyş edýärin – diýdi.

Suratda bahar paslynda gül-gülälege beslenen özboluşly türkmen tebigaty beýan edilipdir, onda dag etegindäki jülgede peýwagtyna gezim edip ýören ganatly bedewleri şekillendirilipdir.

Behişdi ahalteke bedewleri halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy we buýsanjy bolmak bilen, milli ruhumyzy, häzirki Türkmenistanyň ösüşiň we döredijiligiň täze belentliklerine hereketini, doganlyk we özara düşünişmek gatnaşyklary babatda taryhy döredijiligi alamatlandyrýar.

Belarusuň Baştutany sowgady hoşallyk bilen kabul etdi we Türkmenistanyň Prezidentine we onuň üsti bilen tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip:

- Goý, bu surat belarus we türkmen halklarynyň arasyndaky müdimi mizemez dostlugy alamatlandyrsyn – diýip aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy VIP-zala çagyrýarlar, şol ýerde forumyň başlanmazyndan öň duşuşyga gatnaşýan döwlet Baştutanlary ýygnanýarlar.

Minskide geçirilýän duşuşyga gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timofti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow hem geldiler. GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Ukraina bu ýurduň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihail Ýežel wekilçilik edýär.

Mejlis başlanmazdan öň, Garaşsyzlyk Köşgüniň Resmi dabaralar zalynda döwlet Baştutanlary GDA-nyň duşuşygynyň resmi banneriniň öňünde bilelikde surata düşdüler. Soňra Kiçi zalda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi boldy.

Duşuşykda başlyklyk edýän Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko mejlisi açyp we oňa gatnaşyjylary gahryman şäher bolan Minskide onuň işiniň başlamagy bilen gutlady. Belarusuň Baştutany GDA-nyň işi barada aýdyp we şu geçen ýyllaryň dowamynda Arkalaşygyň giňişliginde däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça uly işleriň geçirilendigini belläp, GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň şu duşuşygynyň GDA ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine, ägirt uly kuwwata eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltjekdigine ynam bildirdi. Soňra başlyklyk ediji gysgaça çykyş etmek üçin duşuşyga gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna söz berdi.

Pikir alyşmalaryň barşynda mejlise gatnaşyjylar Arkalaşygyň işiniň netijelerini, GDA-ny mundan beýläk-de ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça esasy çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini seljerdiler, halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda myhmansöýerlik hem-de GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň takyk we oňat guralandygy üçin Belarusuň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýandygyny ýatladyp, muňa garamazdan, öňki duşuşykdan bäri geçen döwrüň içinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň yzygiderli we gazanylan ylalaşyklara hem-de tertipnamada göz öňüne tutulan wezipelere laýyklykda amala aşyrylýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebit howpsuzlygy meselesine ünsi çekip, Bitarap Türkmenistanyň häzirki wagtda sebitleriň birnäçesinde, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde bolup geçýän çylşyrymly wakalara göz ýumup bilmejekdigini aýtdy. Olary seljermek we baha bermek hyzmatdaşlyk etmek babatda Arkalaşygyň ýurtlary tarapyndan toplanan tejribä, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk gepleşikleri arkaly ähli çylşyrymly meseleleri çözmegiň däplerine daýanmak bilen, oýlanyşykly hem-de jogapkärçilikli çemeleşmeleri talap edýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Bu ýerde deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri we oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň hoşmeýilli erk-islegi esasynda guralýan GDA-nyň işiniň oňyn ugruny saklap galmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we GDA-nyň kuwwatynyň sebit howpsuzlygynyň deňagramlylygyny saklamak, gapma-garşylyklara ýol bermezlik, olary çözmegiň ýeke-täk kabul ederlikli serişdesi hökmünde gepleşikler gurallaryny berkarar etmek üçin ulanylyp bilinjekdigine we şeýle bolmalydygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howpsuzlyk meseleleri boýunça syýasy geňeşmeleriň ulgamlaýyn we täsirli gurallaryny döretmegiň zerurlygyndan ugur alýan Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz GDA giňişliginde döwletleriň hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýdyp, birnäçe möhüm ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, ulag we logistika ulgamlarynda mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge degişli meseleler barada durup geçdi. Bu meselelere golaýda geçirilen Hazar duşuşygynyň barşynda hem garaldy diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şu duşuşygyň gün tertibine girizilen beýleki möhüm meseleler barada hem durup geçdi.

Çäkli düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soň mejlis Garaşsyzlyk köşgüniň Uly mejlisler zalynda giňişleýin düzümde, GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar GDA-ny ösdürmegiň möhüm meseleleriniň birnäçesine, netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar we olary ara alyp maslahatlaşdylar, Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady taýdan ýakynlaşmagy çuňlaşdyrmaga, gumanitar ulgamda, howpsuzlygy üpjün etmekde we beýleki ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Mejlisde 2015-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi babatda çözgüdiň kabul edilendigi yglan edildi. Garalan we kabul edilen resminamalaryň hatarynda sowet halkynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanan Ýeňşiniň 70 ýyllygy mynasybetli GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň Arkalaşyga agza döwletleriň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi bar. Onda dünýäniň ýurtlaryna we halklaryna milletçilik hereketini gahrymanlaşdyrmak, faşizm taglymyny dikeltmek, milletçiligi ýaýratmak synanyşyklaryna garşy berk göreşmek baradaky çagyryş beýan edilýär.

Mejlisiň barşynda 2015-nji ýylda Russiýada we Täjigistanda “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” atly döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky çözgüt kabul edildi, degişlilikde Woronež we Kulýab şäherleri 2015-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagtlary diýlip yglan edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar GDA-nyň giňişliginde bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi barada aýdyp, 2016-njy ýyly GDA-da Bilim ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler. Howpsuzlyk ulgamynda neşe serişdelerine gözegçilik etmegiň halkara ulgamyny saklamakda we pugtalandyrmakda, bikanun migrasiýa we adam söwdasyna garşy durmakda Arkalaşygyň giňişliginde ylalaşykly serhet syýasatyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy kadalaşdyrýan resminamalar kabul edildi.

GDA ýurtlarynyň Liderleri däp bolan netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny beýan edip, geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan, deňhukuklylyk, uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Mejlis jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy. Türkmenistanyň Baştutany sowet halkynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanan Ýeňşiniň 70 ýyllygy mynasybetli GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň Arkalaşyga agza döwletleriň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesine, 2015-nji ýylda Russiýada we Täjigistanda “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” atly döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky resminama, şeýle hem 2016-njy ýyly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Bilim ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgüde we 2015-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyz Döwletleriň arkalaşygyna başlyklyk etmegi hakyndaky çözgütlere gol çekdi.

GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk köşgünden Minsk şäheriniň “Minsk-2” milli howa menziline tarap ugrady. Şol ýerden türkmen döwletiniň Baştutanynyň uçary türkmen paýtagtyna tarap ugur aldy. Minsk şäheriniň Halkara howa menzilnde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar ugratdylar.