Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisine ýurdumyzyň Mejlisiniň wekilleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, onuň başyny guramaçylyk meselelerinden başlady.
Milli Liderimiz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygynyň wezipesine G.Myradowy bellemek kararyna gelendigini, şunuň bilen baglylykda, ony Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň diwanynyň iş dolandyryjy wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň diwanynyň iş dolandyryjysynyň wezipesine M.Abilowyň bellenilip, onuň Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň häkimi wezipesinden boşadylýandygyny aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
Täze saýlanan ýolbaşçylara işlerinde üstünlik arzuw etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň gün tertibiniň nobatdaky meselesine geçdi we 2014-nji ýylň dokuz aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri hakynda hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi.
Hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileri milli ykdsadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşe eýedigini alamatlandyrýar. Jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary derejede saklanýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2014-nji ýylyň dokuz aýynda jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 113,5 göterime deň boldy.
Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi şu ýylyň dokuz aýynda aýlarynda 17,3 göterim artdy. 2014-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň jemleri boýunça daşary söwda dolanyşygy hem ýokary görkezijilere eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty ykdysady we önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyny, häzirkizaman durmuş ulgamynyň, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik düzüminiň kemala gelmegini, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda täze usullaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyny şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine gönükdirilen ähli maliýe çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüş depginleri has-da ýokarlandy. Dokuz aýyň jemleri boýunça maýa goýumlaryň möçberiniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 45,1 göterime deň boldy.
Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer hasabat döwründe salgyt salmagyň ähli görnüşleri boýunça meýilnamalaryň doly möçberde ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmek we möhüm döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýeriň ünsüni Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine we ykdysadyýetimiziň aýry-aýry pudaklaryna gözegçiligi we seljeriş işlerini geçirmegiň wajypdygyna çekdi. Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyna degişli edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine hemişe gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmennistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow 2014-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işleriniň netijeleri, olaryň gazanan ykdysady görkezijileri hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi.
2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň dokuz aýynda elektrik energiýanyň öndürilen möçberi 111,1 göterim, tebigy gaz 110,7 göterim, nebit 102,2 göterim, benzin 102,4 göterim, dizel ýangyjy 101,5 göterim, kerosin 101,4 göterim, çalgy ýaglary 111,4 göterim, nebit bitumy 126,4 göterim, suwuklandyrylan gaz 104,1 göterim, polipropilen 111 göterim, ýod 102,9 göterim, mineral dökünler 124,7 göterim, sement 112,7 göterim, magdan däl gurluşyk materiallary 126 göterim, palstmassadan edilen we aýna süýümli turbalar 124 göterim, nah ýüplük 111,2 göterim, nah matalar 118,6 göterim boldy.
Garalýan döwürdäki görkezijilere laýyklykda, oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň artandygy bellenilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda güýzlük bugdaýy ekmek işi 89,5 göterim möçberinde berjaý edilip, bu iş tamamlanyp barýar. 13-nji oktýabra çenli pagtanyň 775 müň tonnasy ýygnalyp, meýilnama 74 göterim möçberinde ýerine ýetirildi. Şu ýylyň dokuz aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdirilende, gök ekin önümleri 3,3 göterim, azyklyk bakja önümleri -- 8,4 göterim, miweler we ir-iýmişler – 4,7 göterim, ýumurtga – 5,1 göterim, et – 2,4 göterim, süýt – 3,5 göterim möçberinde artyk öndürildi. 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli ýagdaýa görä, gara mallaryň baş sany 2,4 göterim, dowarlaryňky – 2,5 göterim, guşlaryňky 1,6 göterim köpeldi.
Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 2014-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda gurluşyk işleri 17,3 göterim möçberinde artyk berjaý edildi.
Statistika baradaky döelt komitetiniň ýolbaşçysy hasabat döwründe ýolagçylaryň daşalyşynyň möçberiniň ösüş depgini barada aýdyp, şol görkezijini 104,6 göterime ýetendigini, ulagyň ähli görnüşleri arkaly ýükleriň daşalyşynyň möçberleriniň 10,4 göterim, şol sanda awtomobil ulagy boýunça 4,2 göterim, demir ýol ulagy boýunça 4,3 göterim, howa ulagy boýunça 27,1 göterim, suw ulagy boýunça 1,5 göterim artandygyny belledi. 2013-nji ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde, aragatnaşyk ulgamynda ilata edilýän hyzmatlar üçin girdejileriň möçberleri 5,1 göterim, şol sanda öýjükli aragatnaşyk boýunça 7,4 göterim artdy.
Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda gurulýan we ulanmaga berilýän dürli maksatly binalar we desgalar barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti statistiki maglumatlary seljeriş usulyýetini kämilleşdirmegiň möhüm ähmiýetlidigini belläp, statistikanyň esasy wezipeleriniň biriniň dürs ykdysady çaklamalary taýýarlamak maksady bilen maglumatlary göwnejaý işläp taýýarlamakdan ybaratdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra maliýe ministri M.Muhammedow çykyş edip, 2014-nji ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Onuň girdejiler boýunça 119,2 göterim möçberinde we çykdajylar boýunça 96,7 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigini aýtdy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberlde maliýeleşdirildi.
Ýerli býujetiň girdejiler boýunça 116,2 göterim we çykdajylar boýunça 97,2 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigi bellenildi.
Şeýle hem maliýe ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararynda bellenilen kadalary üsütünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe Merkezi, pudaklaýyn we welaýatlaryň balans toparlarynyň mejlisleri geçirildi diýip belledi. Mejlisleriň barşynda, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we edarlalaryň maliýe-ykdysady görkezijilerine garaldy hem-de degişli çözgütler kabul edildi.
Şeýle hem “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň maliýe –ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny, “Buhgalteriýa hasabyny we auditi özgertmegiň maksatnamasyny”, “2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny”, “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, umuman we her bir çeşme boýunça salgytlaryň, beýleki tölegleriň we girdejileriň dolulygyna we gijikdirilmän gowuşmagyny üpjün etmegiň, çäreleri býujet boýunça tassyklanan möçberlere görä maliýeleşdirmegiň Döwlet býujetini ýerine ýetirmekde möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine we býujet serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagyna berk gözegçiligi amala aşyrmagyň möhümdigini belläp, maliýe ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenstanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradow ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Merkezi bankyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň walýuta hasaplaryna pul serişdeleriniň gelip gowuşmagy barada hasabat berip, ýanwar-sentýabr aýlarynyň netijeleri boýunça harytlaryň eksportunyň we hyzmatlary berjaý etmegiň hasabyna bu görkezijiniň 128,4 göterime barabar bolandygyny hem-de 2013-nji ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde munuň 5,6 göterim köpdügini aýtdy. Gelip gowşan pul serişdeleriniň agramly bölegi tebigy gazyň, nebit önümleriniň, himiýa önümleriniň, elektrik energiýanyň, pagta süýüminiň we dokma önümleriniň eksportunyň hem-de ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatlary berjaý etmegiň paýyna düşýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Merkezi bankyň ileri tutulýan maýa goýumly taslamalary maliýeleşdirmek arkaly, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryna karz bermek boýunça banklaryň işjeňligini artdyrmalydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz manadyň daşary ýurt walýutasyna görä hümmetini durnukly saklamagyň möhümdigini belläp, munuň durmuşa geçirilýän milli ykdysady strategiýanyň dogrudygyny äşgär edýän görkezijileriň biri bolup durýandygyny aýtdy hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň walýuta hasaplaryna pul serişdeleriniň gijikdirilmän gelip gowuşmagyna gözegçiligi amala aşyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hasabat döwründe Türkmenistanda daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, DIM-niň işiniň netijeleri barada hasabat berdi. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde Bitarap Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirip, bu netijeli hyzmatdaşlygyň çägini we ugurlaryny ösdürýändigini bellemeli.
Şu ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy daşary ýurtlaryň 9-syna döwlet, resmi we iş saparlary, şeýle hem daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ýurdumyza saparlary muňa aýdyň subutnama bolup biler. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler we duşuşyklar däbe öswrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň abraýly halkara sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli ädime öwrüldi.
Umuman alanyňda, hasabat döwründe DIM-niň üsti bilen Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 501-si sapara geldiler. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 558-si daşary ýurtlara iberildi. Ýanwar-sentýabr aýlarynda çäreleriň 137-si geçirildi. Bularyň arasyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde guralan maslahatlary, okuw maslahatlaryny we beýleki forumlary görkezmek bolar. Şeýle hem resminamalaryň 140-synyň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetirendigi aýdyldy.
Ýanwar-sentýabr aýlarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasy geňeşmeleriň 25-si geçirildi. Hasabat döwründe ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 13-si geçirildi, bu toparlaryň işi Türkmenistanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalary we halkara guramalary bilen bilelikde hem-de ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçihanalary tarapyndan medeni çäreleriň we sergileriň 31-si guraldy.
Hasabat bermegiň barşynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça sentýabryň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatynyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetiniň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. 16-njy sentýabrda açylan bu bütindünýä forumynyň gün tertibine syýasy, durmuş-ykdysady, gumanitar, ekologiýa we beýleki häsiýetli ählumumy möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi.
Şunuň bilen baglylykda, 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ilat we ösüş bilen bagly meselelere bagyşlanan ýörite mejlisiniň işine gatnaşandygy aýdyldy. Şunda ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady-durmuş geňeşiniň hem-de Ilat we ösüş boýunça toparynyň agzasy bolmak bilen, şu ugurdaky hyzmatdaşlyga işjeň çemeleşýändigini görkezip, Birleşen Milletler Guramasynyň öňdebaryjy orny eýelemeginde köptaraplaýyn tagallalarynyň has-da jebisleşdirilmegi ugrunda çykyş edýändigi nygtaldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda bolan mahalynda, howanyň üýtgemegi boýunça 23-nji sentýabrda geçirilen Sammite gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan howanyň üýtgemegi boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ulgamlaryny döretmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigi bellenildi. Türkmenistanyň şol mesele boýunça netijeli halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek baradaky ugra ygrarlydygy hem-de şol ugruň ekologiýa boýunça ählumumy meseleleriň oňaýly çözgütleriniň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilendigi bellenildi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatynyň işiniň barşynda, 25-nji sentýabrda türkmen tarapy ählumumy möhüm meseleler boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol ugurlara degişli döredijilikli halkara başlangyçlaryny beýan etdi. Hususan-da, munuň özi türkmen tarapynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak we pugtalandyrmak, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, üstaşyr -- ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, yzygiderli ösüş ýaly möhüm ähmiýetli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek baradaky tekliplerine degişlidir.
Şu teklipleriň ählisi ählumumy yzygiderli ösüş üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, halkara bileleşiginiň tagallalarynyň mundan beýläk-de birikdirmegine gönükdirilendigi bellenildi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatynyň işiniň barşynda, Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary we onuň dürli meseleler boýunça orunbasarlary, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen esasy düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistanyň iş ýüzünde netijeli amala aşyrylýan parahatçylyk dörediji başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigi nygtaldy.
Bulardan başga-da, Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem birnäçesi geçirildi. Senegal Respublikasynyň we Togolez Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň çäklerinde, Türkmenistanyň we bu ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky resminamalara gol çekildi.
Saparyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi. Şol Ähtnama BMG-niň bu iri düzümi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň özenine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljekde-de giň we netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan ugra eýerip, döwletara, şeýle hem sebit we halkara derejesindäki netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ählumumy hem-de häzirki wagtda dünýä bileleşigini tolgundyrýan meseleleriň oýlanyşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeňlik görkezýändigini belledi. Şu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýedigini belläp, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, yzygiderli ösüş we rowaçlyk gazanmak üçin oňaýly şertleriň bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilmegine ygrarly bolup galýandygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatynyň garamagyna hödürlän netijeli teklipleriniň hut şol maksatlara ýetilmegine gönükdirilendigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň parahatçylykly we döredijilikli mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidi üçin ulanmagy maksat edinýändigini nygtap, ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň many-mazmunyny dünýä jemgyýetçiligine düşündirmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň hem-de şol başlangyçlary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülmeginiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň diplomatik toparynyň öňünde goýlan wezipeleriň çözülmegine örän jogapkärli, toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygy barada aýdyp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa şu ýylyň 20-nji oktýabrynda Lebap welaýatynyň merkezinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, Ýaşulular maslahatynyň Lebap welaýatynda geçiriljek mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi bilen baglanyşykly meseleleri göwnejaý derejede işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu möhüm syýasy çärede milli ösüşiň esasy meselelerine serediler we ara alnyp maslahatlaşylar, içeri we daşary syýasatyň geljekki ugurlary kesgitlener. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpüjn etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygyna we degişli ýolbaşçylara bu çäräni guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe maslahatlary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow söwda toplumynyň 2014-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryndaky işiniň netijeleri barada hasabat bermek bilen, pudak edaralary boýunça esasy görkezijiler hakynda aýtdy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 106 göterime deň boldy.
Şol sanda bölek satuw-haryt dolanyşygynyňky – 109,7 göterime, lomaý haryt dolanyşygynyňky -104,2 göterime barabar boldy.
Geçen dokuz aýda Döwlet haryt-çig mal biržasynda birža söwdalarynyň 169-sy geçirildi, şolaryň barşynda umumy möçberi 52 milliard 829 million manatlyk şertnamalar hasaba alyndy.
Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça hyzmat etmek arkaly alnan girdejileriň ösüş depgini 105,1 göterime barabar boldy. Ýylyň başyndan bäri sergileriň 18-si we maslahatlaryň 14-si geçirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan öndürilen senagat önümleriniň ösüş depgini 138 göterime, oba hojalyk önümleriniňki – 111 göterime deň boldy. Telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 89 göterim artdy. Şunda jemi haryt dolanyşygy 217 göterime, ilata edilen hyzmatlaryň möçberi 178 göterime barabar boldy.
Soňra wise-premýer milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2015-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan göz öňünde tutulýan sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmek hakynda işlenip taýýarlanan kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Geljek ýylda halkara forumlarynyň 34-sini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynda sazlaşykly ösüş depginlerini saklamak üçin halkara işewürlik gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ähli mümkinçiliklerden doly peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdyp, wise-premýere bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz 2015-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan sergileriň, ýarmarkalaryň, ylmy maslahatlaryň geçirilmegi hakyndaky resminama gol çekip, Türkmenistanyň eksport babatdaky mümkinçiliklerini artdyrmakda, ýurdumyzyň haryt öndürijilerini höweslendirmekde, halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde şol forumlaryň wajyp ähmiýetlidigini belledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň ähli döwletler bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendigini hem-de sergileriň we maslahatlaryň işjeň ýagdaýda guralmagynyň ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna çalt goşulyşmagyna ýardam bermelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumlarynyň ýokary derejede guralmalydygyny tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew şu ýylyň geçen dokuz aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär, häzirki zaman düzümler kemala gelýär, dürli maksatly täze binalar we desgalar ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherinde gurlup ulanylamaga berlen desgalaryň umumy sany 53-e ýetdi.
Şu ýyl Türkmenabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar.
Wise-premýer türkmen paýtagtynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat bermek bilen, Aşgabat şäher häkimligi boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 5226,96 million manat möçberinde maýa serişdeleriniň özleşdirilendigini belledi. Şeýlelikde, degişli döwürde bu görkeziji boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi gazanyldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, paýtagtymyzda şertnamalar boýunça dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 176-synyň gurluşygy alnyp barylýar. Şol sanda Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça şertnamalara laýyklykda binalaryň 92-siniň gurluşygy dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňlemek bilen, döwletimiziň geljekde hem ýurdumyzyň beýleki ähli şäherlerinde we obalarynda bolşy ýaly, paýtagtymyzyň düzüm böleklerini döwrebaplaşdyrmaga we giňeltmäge uly möçberli pul serişdelerini goýberjekdigini, türkmenistanlylaryň amatly durmuş şertlerini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görjekdigini nygtady.
Milli Liderimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek baradaky meselä ünsi çekmek bilen, şunda öňde goýlan wezipeleri çözmäge uzak geljegi nazara almak bilen, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Türkmen paýtagtynyň öz belent derejesine laýyklykda Watanymyzyň ähli sebitlerinde durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalarynyň güýçli depginde alnyp barylmagyna ähli babatda nusga bolmalydygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde bina edilýän desgalaryň ýokary hilini we gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň ähli durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmegi, abadançylygyny, jemagat we beýleki degişli gulluklaryň bökdençsiz işini guramagy berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz wise-premýere, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimlerine degişli anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet dolandyryş edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meselä degip geçmek bilen, munuň täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler bilen şertlendirilendigini belledi. Milli Liderimiz şunda öňdebaryjy usulyýetleriň we innowasiýa tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy babatda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň häkiminiň orunbasary A.Gelenowy Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijiligine bellemek baradaky Karara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi.
Şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 102,2 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 110,7 göterime, daşary ýurtlara ugradylan tebigy gazyň ösüş depgini bolsa 11,9 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nebiti gaýtadan işlemegiň we nebit önümlerini, şol sanda awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, ýangyç mazudyny, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň möçberi artdy. Guýulary burawlamagyň meýilnamasy 113,3 göterim ýerine ýteirildi
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýäniň beýleki döwletleri we işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyz bu hyzmatdaşlygy hoşmeýilli erk-isleg we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guraýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp ugurly ulgamyny döretmek energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy binýadyny kemala getirmek ulgamynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ilerletmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, innowasion, serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalara, täze uglewodorod ýataklaryny özleşdirmäge, döwrebap gazhimiýa önümçiliklerini we beýleki desgalary gurmaga, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary täze tehnikalar bilen üpjün etmäge çekmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow şu ýylyň dokuz aýynda gözegçilik edýän milli ykdysadyýetimiziň senagat düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda öndürilen önümleriň möçberi boýunça degişli döwriň meýilnamasy 133,8 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118,6 göterime deň boldy. Hususan-da, sementiň öndürilişi boýunça 112,7 göterim, magdan däl serişdeler boýunça 122,9 göterim, keramzidiň we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça degişlilikde 109,5 göterim we 113,7 göterim ösüş depginleri üpjün edildi.
Wise-premýer Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önümçilik meýilnamasynyň 115,1 göterim ýerine ýetirilendigini we ösüş depgininiň 114,5 göterime barabar bolandygyny habar berdi.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda meýilnama 138,8 göterim ýerine ýetirildi. Hususan-da, şu döwürde pudagyň kärhanalarynda haly we haly önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 101,3 göterim üpjün edildi.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça şu ýylyň dokuz aýynda önümçiligiň ösüş depgini 102,7 göterime, şol sanda mineral dökünleri öndürmek boýunça 124,7 göterime, tehniki ýoduň we magdan däl gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça ösüş depgini 102,9 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi boýunça degişli döwürde ösüş depgini 106,3 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý çig-mal serişdeleriniň esasynda ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligini döretmegiň, bu önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň döwletimiziň senagat syýasatynyň baş wezipeleriniň biridigini billedi. Döwlet Baştutanymyz pudakda önümçiligiň ýokary depginlerini saklap galmagyň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekip, bu babatda birnäçe degişli tabşyryklar berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan jemi öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depginiň 118 göterime barabar bolandygy bellenildi.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişi barada hasabat berip, wise-premýer ýanwar-sentýabr aýlarynda 138 binanyň, şol sanda hassahanalaryň 3-siniň, saglyk öýleriniň 6-synyň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 44-siniň, orta mekdepleriň 57-siniň, Medeniýet öýleriniň 11-siniň, sport mekdepleriniň 10-synyň, dürli sport desgalarynyň 7-siniň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi. Şu ýylyň dokuz aýynda jemi 178 desga açyldy.
Energetika ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň dokuz aýynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 111 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 111,3 göterime barabar boldy.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 131,6 göterime barabar boldy.
Hasabatyň çäklerinde döwlet ähmiýetli “Türkmenbaşy-Farap”, “Aşgabat-Garagum-Daşoguz” awtomobil ýollaryny gurmak boýunça geçirilýän işler barada hem habar berildi.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 122,6 göterime barabar boldy. Suw geçirijileriň 1938,7 kilometri çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň gurluşyk senagatyny täze sepgitlere çykarmak üçin ähli şertleri döredýändigini, iri pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge uly möçberdäki maýa serişdelerini gönükdirýändigini belledi. Senagat kuwwatyny artdyrmak bilen birlikde, guramaçylyk çärelerini güýçlendirmek hem wajypdyr. Bu çäreler ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň ýokary derejesini gazanmaga toplumlaýyn çemeleşilmegini üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýol düzümini ösdürmek barada durup geçip, häzirki döwürde täze ýollary gurmak boýunça taslamalaryň giň gerimde alnyp barylýandygyny nygtady. Wise-premýere ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns we ýakyndan goldaw bermegi netijesinde medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösmegine kuwwatly itergi berilýändigini aýtdy.
Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynyň işi barada durup geçip, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara möçberindäki iri çäreler barada habar berdi.
Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtlaryň birnäçesinde köpsanly ylmy maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilendigi bellenildi. Daşary ýurtlarda nusgawy şahyryň daşary ýurt dillerinde neşir edilen eserleriniň tanyşdyrylyşy, şeýle hem sergiler we konsertler guraldy.
Wise-premýer ýylyň başyndan bäri Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan medeni çäreleriň jemi 32196-synyň geçirilendigini aýtdy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan umumy sany 5 million 113 müň 200 nusgalykdaky kitap önümleriniň 260 görnüşi, şol sanda okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 134 görnüşi çap edildi. Aşgabatda “Kitap –hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň IX halkara kitap sergi –ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirildi.
Wise-premýer Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işi barada hasabat berip, hasabat döwründe radio hem-de telegepleşikleriň hilini ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek boýunça degişli işleriň geçirilendigini habar berdi.
Şeýle hem hasabatda teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we beýleki medeni edaralaryň hem-de köpçülikle ýin habar beriş serişdeleriniň işi, olaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek we iri durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Wise-premýer medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň adyndan olaryň zähmetine beren ýokary bahasy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Munuň özi olara hormatly atlary dakmak hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabaralarynda ýene-de bir gezek öz aýdyň beýanyny tapdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini mundan beýläk-de ösdürmegiň, döwrüň talabyna laýyk gelýän işiň täze usullaryny gözlemegiň, Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň kinematografiýaçylarynyň işi barada durup geçdi. Milli Liderimiz olar üçin maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilendigini belledi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, biziň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerimiz çeper, publisistiki we dokumental kinofilmlerde beýan edilmäge, şeýle hem iň täze tehnologiýalary we innowasiýalary ulanmak arkaly köpçülikleýin teatrlaşdyrylan sahnalary döretmäge mynasypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz şu ýyl giňden bellenilip geçilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy barada durup geçip, wise-premýere, degişli ýolbaşçylara toý ýylyny ýokary guramaçylyk derejesinde jemlemegi, ony beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň hormatyna ajaýyp döredijilik çäreleri bilen tamamlamagy tabşyrdy.
Raýatlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmekde medeniýet ulgamyny ösdürmegiň uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek nygtap, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşigini nobatdaky gezek geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi.
Soňra şu ýylyň dokuz aýynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilýän mejlis ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary bilen dowam etdi.
Ahal welýatynyň häkimi M.Nurmämmedow şu ýylyň dokuz aýynda welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri, häzirki wagtda ekin meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler, sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryndaky işleriň depginini güýçlendirmek boýynça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk toýuny ähli ulgamlarda mynasyp garşylamak boýunça ýerine ýetirilişi barada aýtdy.
Welaýatda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwaryş ýaplaryny arassalamak işleri ýokary depginde dowam edýär.
Welaýatyň maldyrçylyk pudagynda gyşky möwsüme taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylyp, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy, gara mallaryň we dowarlaryň baş sanynyň artdyrylmagy ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bellenilişi ýaly, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilýän döwrebap maldarçylyk fermalarynyň gurluşygy dowam edýär.
Häkim welaýat boýunça şu ýylyň dokuz aýynda senagat kärhanalarynda jemi 6 milliard 632 million manatlyk önüm öndürilendigini habar berdi. Şeýle hem ol welaýat boýunça häzirki döwre çenli bugdaý ekişiniň meýilnamasynyň 88,5 göterim, pagta ýygymynyň meýilnamasynyň bolsa 82,4 göterim berjaý edilendigini aýtdy. Mundan başga-da, welaýatyň gurluşyk ulgamynda maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 164,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösdürilmeginiň döwrüň möhüm wezipesidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere degip geçmek bilen, Tejen we Kaka etraplarynda bugdaý ekişiniň depginleriniň pesdigine, Baharly, Kaka we Babadaýhan etraplarynda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekde yzagalaklygyň bardygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz welaýatyň oba hojalyk pudagynda we beýleki ulgamlarda bar bolan kemçilikleri seljerip, ony düzetmek boýunça gyssagly çäreler görmegi häkimden talap etdi.
Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow şu ýylyň dokuz aýynda sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe dürli görnüşdäki senagat önümleriniň öndürilişiniň geçen ýylyň degişli döwründäkiden ýokarlanandygy bellenildi.
Häkim hasabatyň çäklerinde häzirki döwürde welaýatyň obasenagat pudagynda möwsümleýin işleriň barşy, güýzlük bugdaý ekmegiň depginlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem 3 müň gektar ýere ekilen gant şugundyryna we beýleki ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi barada habar berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Sebitiň ilaty üçin ýeňillikli uzakmöhletleýin karzlaryň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça ýerine ýetirilýän işler batly depginlerde dowam edýär. Häzir ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Hasabat döwründe welaýat boýunça maýa goýumlary özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasy 135,7 göterim ýerine ýetirildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 17,2 göterim köpdür.
Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymz häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we guramaçylykly geçirilmeginrň möhümdigine ünsi çekip, munuň üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz welaýatyň Etrek, Bereket, Magtymguly etraplarynda bugdaý ekişiniň, Hazar we Gumdag şäherlerinde bolsa Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň pes derejede guralan ýerleriniň bardygyna ünsi çekip, munuň üçin ähli tagallalary görmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentmiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan" gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada aýtdy.
Şeýle hem häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişini we pagta ýygymyny bellenilen möhletlerde we ýokary hil derejesinde tamamlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, maldarçylyk hojalyklarynda gyşky möwsüme taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçdi.
Bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri welaýat boýunça 14 orta mekdep, 2 çagalar bagy, 2 medeniýet öýi, sport mekdepleriniň hem 2-si gurlup ulanmaga berildi. Welaýatyň senagat önümçiliginde 108,4 göterim ösüş gazanyldy. Oba milli maksatrnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki döwürde sebitiň çäklerinde gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bir hatarda sebitiň senagat düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly işlere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ruhubelent we S.A.Nyýazow adyndaky etraplarda bugdaý ekişiň depgininiň pesdigine ünsi çekip, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine degip geçmek bilen, bu babatda welaýatyň Ruhubelent we S.Türkmenbaşy etraplarynda yzagalaklygyň bardygyny belledi.
Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň depginleriniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, oňa ylmy esasda çemeleşmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew 2014-nji ýylyň dokuz aýy boýunça welaýatyň esasy ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler barada aýtmak bilen, häkim hasabat döwründe welaýat boýunça düýpli maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasynyň 151,3 göterim ýerine ýetirilendigini belledi. Sebitde oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň dokuz aýynda medeni-durmuş maksatly binalaryň 32-si gurlup ulanmaga berildi. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda iň soňky taýýarlyk işleriniň görülýändigini habar berdi.
Şeýle hem häkim welaýatda Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, oňa dahylly düzümleriň iş meýilnamasy barada aýtmak bilen, munuň üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigini habar berdi.
Mundan başga-da, ol sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri barada aýratyn durup geçdi. Sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işlere aýratyn ähmiýet berilýär diýip, häkim belledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitiň ekerançylyk meýdanlaprynda alnyp barylýan işlere ünsi çekdi we welaýatyň Birata etrabynda bugdaý ekişiniň depginleriniň pesdigini belledi we onuň sebäplerini seljerip, işiň depginini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur tagallalary etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň birnäçe etraplarynda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesiniň pesdigini, Sakar etrabynda we Magdanly şäherinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, suw arassalaýjy desgalary gurmagyň depginiň döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmaýandygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde, möwsümleýin oba hojalyk işlerini göwnejaý alyp barmakda bar bolan kemçilikleri seljerip, degişli netije çykarmagy häkimden berk talap etdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa söz berildi. Ol şu ýylyň dokuz aýynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, welaýatyň çäklerinde Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi.
Häkim welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada durup geçip, täze obalary gurmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Welaýatyň senagat kärhanalarynda şu ýylyň dokuz aýynda 7 milliard 960 million manatlyk önüm öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,4 göterim ýokarydyr.
Şeýle hem ol welaýatyň oba hojalyk pudagyndaky görkezijiler barada aýtmak bilen, pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek, ýerleriň melioratw ýagdaýyny gowulandyrmak, ekin meýdanlarynyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, welaýatyň ähli pudaklarynyň düşewüntliligine, dürli görnüşdäki ýokary hilli önümçiligiň, maldarçylyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga we ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň döwrüň möhüm wezipesidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň Murgap, Wekilbazar we Türkmengala etraplarynda güýzlük bugdaý ekişiniň pes derejede alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Mary şäherinde, Baýramaly şäherinde, Wekilbazar we Türkmengala etraplarynda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde yzagalaklygyň bardygyny belläp, ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetrilen işleriň netijeleri we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberleriniň ösüş depgini 103,7 göterime barabar body. Şunda, Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 105,2 göterime, Suw hojalygy ministrligi boýunça 100,2 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 102,2 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 108 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,5 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 105,9 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 105,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,4 göterime deň boldy.
Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny we suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, alnyp barylýan işler barada hem maglumat berildi. Onuň barşynda Ahal welaýatynda täze suwarymly ýerleriň 25 müň gektarynyň özleşdirilýändigi, suwaryş we zeýkeş ulgamlarynyň çekilýändigi, suw göteriji beketleriň gurulýandygy barada habar berildi.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy, sebitlerde we Aşgabat şäheriniň töwereklerinde bag nahallaryny oturtmak we ozal bar bolanlaryna ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň depginleri barada aýratyn durup geçdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudagyň düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmagyna, senagat düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, dürli görnüşli, ýokary hilli önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen oba hojalygyny özgertmek boýunça döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi döwrüň möhüm wezipesi bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilmegine ähli ykdysady gurallar we mümkinçilikler işe girizilmelidir diiýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny” mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu günler babadaýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen bereketli pagta hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamagyny üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryndaky işleriniň netijeleri, şeýle hem möhüm ähmiýetli düzümlere degişli taslamalaryň birnäçesini ýerine ýetirmegiň barşy baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Wise-premýeriň hasabat bermegine görä, hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we berjaý edilen hyzmatlaryň meýilnamasy 107,5 göterim bolup, ösüş depgini 108,5 göterime barabar boldy.
Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,2 göterime deň boldy. Ýük daşamakda bu görkeziji 107,3 göterime, ýolagçy gatnatmakda – 111,4 göterime ýetdi.
Şeýle hem häzirki wagtda Bereket-Etrek demir ýolunyň açylyşyna taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.Demir ýol ulaglarynyň tehniki toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça degerli çäreler görülýär.
Hasabat döwründe Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary berjaý etmek boýunça ösüş depgini 106,7 göterime barabar boldy. Şeýle hem halkara derejeli ýolagçy awtomenziliniň ulanmaga berlendigi aýdyldy.
Ýanwar-sentýabr aýlarynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,3 göterime deň boldy. Şu döwürde ýurdumyzda aragatnaşyga degişli hyzmatlar boýunça bar bolan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, 483 müň telefon nokatlary, şol sanda 452 müň öýjükli, 4 müň radiotelefon belgileri we 27 müň telefon nokatlary oturdyldy. Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde 44,5 müň belgili telefon bekedi oturdyldy we 1müň 955 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 113,8 göterime ýetdi. Ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça bu görkeziji degişlilikde 119,5 we 111,3 göterime barabar boldy. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Oňa häzirki zaman tehnikalary satyn alynýar.
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe edilen işleriň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 108,5 göterime deň boldy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny we ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdi ugrunda häzirki zaman meýillerini nazara almak bilen, sazlaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda demir ýol ulgamynyň ösdürilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyz taryhy taýdan yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, onuň halkara ulag ulgamynyň möhüm düzümi hökmündäki ähmiýeti häzirki döwürde has-da ýokarlanýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” transmilli demir ýolunyň türkmen-eýran böleginiň birikdirilmegine bagyşlanan dabaraly çärelere taýýarlyk görülmegine degişli meseleler barada durup geçip, bu wakanyň Ýewraziýada sebitara üstaşyr-ulag aragatnaşyk ulgamyny döretmegiň we ony netijeli ulanmagyň, yklymdaky ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda örän möhüm ädimi alamatlandyrýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň taryhy senenamasyna ýazyljak bu wakanyň möhüm ähmiýetlidigine ünsi çekip, wise-premýere “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” transmilli demir ýolunyň türkmen-eýran böleginiň birikdirilmegine bagyşlanan dabaranyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi boýunça anyk tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň okgunly ösüşini häsiýetlendirýän, pudaklarda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Bilim ministrliginiň ugry boýunça okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 273-si taýýarlanyldy, olaryň 155-si neşir edildi.
Hasabat döwründe türkmen mekdep okuwçylary halkara ders olimpiadalarynda 137 medala, daşary ýurtlarda geçirilen halkara intellektual bäsleşiklere we açyk Internet bäsleşiklerine gatnaşan talyplar bolsa jemi 62 medala mynasyp boldular.
Hasabatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça gazanylan netijeler barada hem durlup geçildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça 16 desganyň gurluşygynyň alnyp barylýandygy aýdyldy. Sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, derman senagatyny ösdürmek boýunça işler dowam edýär, şypahana-dynç alyş düzüminiň kämil ulgamy döredildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary hünärli hünärmenlerini taýýarlamak boýunça işler ülňülerine laýyk getirildi.
Ýurdumyzyň sport we syýahatçylyk ulgamynda hem maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 106,6 göterime barabar boldy.
Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanda içerki ýaryşlaryň 130-sy we köpçülikleýin sport çäreleriniň 60-sy geçirildi. Biziň türgenlerimiz halkara ýaryşlarynyň 117-sine gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri çaltlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny we işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmagyň netijeli ulgamyny ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy ulgamyny ösdürmek barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Adalat ministrligi tarapyndan Agrar partiýanyň bellige alnandygy habar berildi. Bu partiýany döretmek baradaky gurultaý şu ýylyň 28-nji sentýabrynda geçirildi. Täze partiýanyň döredilmegi giň demokratik özgertmeleriň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Köp partiýaly jemgyýetçilik-syýasy ulgamy yzygiderli döretmek bolsa şol özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Döwlet Baştuanymyz Türkmenistanda köp partiýalylyk ulgamynyň döredilmegi jemgyýeti mundan beýläk-de demokratilaşdyrmak we düýpli durmuş özgertmelerini durmuşa geçirmek maksatlaryna laýyk gelýändigini belledi. Döwlet dolandyryş ulgamynda giň möçberli özgertmeler we syýasy gurallary döwrebaplaşdyrmak nukdaý nazaryndan köp partiýalylygyň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Mnuň özi ýurdumyzyň durmuşynda raýatlyk institutlarynyň ornuny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz täze Agrar partiýanyň bu işleriň ösdürilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Mejlisiň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany 2014-nji ýylyň dokuz aýyndaky işleriň netijelerini häsiýetlendirip, Türkmenistanyň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler barada durup geçdi hem-de ýakyn geljekde ileri tutulýan meseleleriň birnäçesini kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýa ýoly bilen ösdürmek we köp partiýaly ulgamy döretmek boýunça oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda ýurdumyzda ýene-de bir täze partiýa – Türkmenistanyň Agrar partiýasy hasaba alyndy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy R.Bazarowy we täze partiýanyň ähli agzalaryny bu waka bilen gutlap, olara mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşanlara ýüzlenip, ýurdumyzda amala aşyrylýan Prezident Maksatnamasy, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we döwletimizi senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça geçirilýän özgertmeler öz oňat netijelerini berýär diýip aýtdy. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 10,3 göterim möçberde durnukly saklanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine öňküsi ýaly köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, milli ykdysadyýetimize goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 8,3 göterim artdy. Ýurdumyzda zähmet haklarynyň möçberi bolsa ortaça 10,5 göterim köpeldi.
Geçen döwür bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň umumy möçberinde senagat pudagynyň paýy 10,7 göterime golaý artdy. Ykdysadyýetimiziň eksporta niýetlenen beýleki pudaklarynda öndürilýän önümleriň möçberi hem yzygiderli artýar. Bu bolsa, döwlet gaznasyna daşary ýurt pulundaky serişdeleriň yzygiderli gelip gowuşmagyna mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda hem özgertmeleriň üstünlikli dowam edýändigini belledi. Gurluşykda, senagatda we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz aýdylanlara subutnama hökmünde, şu ýylyň dokuz aýynda umumy bahasy 4 milliard amerikan dollaryna golaý 237 sany desganyň gurlup, ulanmaga berilendigini aýtdy. Şol desgalaryň hatarynda 7 müň 425 orunlyk 42 sany çagalar bagyny, 32 müň 108 orunlyk 57 sany orta mekdebi, umumy meýdany 551 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny görkezmek bolar.
Milli Liderimiz halkara ähmiýetli we içerki taslamalaryň amala aşyrmagynyň dowam edýändigini aýdyp, häzirki döwürde kontinentleri birleşdirjek «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň gurluşygynyň tamamlanandygyny belledi. Nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça netijeli işler dowam edýär. Iri gaz geçirijileri, howa menzilleri, awtomobil ýollary we iri köprüler çalt depginler bilen gurulýar.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, häzirki döwürde umumy bahasy 45 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 2 müňden gowrak dürli binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginler bilen alnyp barylýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygyny ösdürmek boýunça geçirilýän özgertmelere degişli meseleler barada durup geçip, şu ýylyň gurak gelendigine garamazdan, ýurdumyzda oňat galla hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini we ýygnalyp alnandygyny belledi. Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda pagta ýygymy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Hasabat bilen çykyş eden oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ynandyrmalaryna görä, zähmetsöýer pagtaçylarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde, baş baýramymyz – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk baýramyna çenli bir million tonnadan gowrak «ak altyn» ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyrylar.
Döwlet Baştutanymyz her ýylyň oktýabr aýynda berkarar Watanymyzyň şanly Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli täze gurlan möhüm ähmiýetli desgalary açyp, ulanmaga bermek indi asylly däbe öwrüldi, şoňa görä-de, biz bu asylly däbimize eýerip, köp sanly dabaraly çäreleri ýokary döwlet we ählihalk derejesinde guramaçylykly geçirýäris diýip belledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda iri senagat we durmuş maksatly desgalar dabaraly açylyp, ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nesip bolsa, 17-nji oktýabrda Mary we Lebap welaýatlarynda hem täze gurlan desgalaryň birnäçesini dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip belledi.
20-nji oktýabrda bolsa, Türkmenabat şäherinde Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny geçireris hem-de bu maslahatda ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak arkaly, öňümizde durýan wezipeleri anyk kesgitläris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl göz öňünde tutan işlerimiziň ählisini üstünlikli tamamlamak, geljek ýylda ýerine ýetirmeli işlerimiziň oňat binýadyny döretmek biziň öňümizde durýan möhüm wezipeleriň biridir diýip belledi.
Milli Liderimiz wise-premýer A.Goçyýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri doly tamamlap, Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlenmelidigini belledi. Bu mesele Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ählisine degişlidir. Türkmenistanyň Prezidenti 2015-nji ýylyň Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmagy, şeýle hem beýleki durmuş tölegleriniň birnäçesiniň möçberlerini köpeltmegi göz öňünde tutmaly diýip belledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara boljak saparlaryna we beýleki döwletleriň Hökümet wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlaryna gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň Bitaraplygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyna häzirden gowy taýýarlyk görüp başlamalydygyny aýtdy.
Milli Liderimiz geljek ýylda daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlarynyň we ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara boljak saparlarynyň meýilnamalarynyň taýýarlanmalydygyny belläp, wise-premýere degişli resminamany -- geçiriljek halkara maslahatlarynyň Tertibini taýýarlap, bularyň ählisini tassyklamak üçin hödürlemegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleriniň, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, geljek ýylyň bol galla we pagta hasylynyň düýbüniň şu ýyl tutulýandygyna olaryň ünsüňizi çekdi. Şoňa görä-de, tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan güýzlük bugdaý ekişi agrotehniki çärelere laýyklykda we ýokary hilli geçirilmelidir. Geljek ýylyň gowaça ekişine taýýarlyk görmek bilen bagly işlere aýratyn üns berilmelidir. Türkmenistanyň Prezidenti mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk baýramyna çenli güýzlük bugdaý ekişini we pagta ýygymyny tamamlamaly diýip aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görülmelidigini aýtdy. Hususan-da, milli Liderimiz bu çäreleriň ýokary derejede guralmalydygyny belledi. Ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we obalarda baýramçylyk çäreleri, sungat ussatlarynyň çykyşlary guramaçylykly geçirilmelidir. Ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri metbugatda we teleýaýlymlarda giňden beýan edilmelidir.
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer P.Taganowa we söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna baýramçylyk günlerinde bazarlarda we dükanlarda ýurdumyzyň ilatyny senagat hem-de azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek bilen bagly tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Artykowa, gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine ýüzlenip, ähli desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz şu ýyl gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulan desgalaryň ählisiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini gazanmagy tabşyryp, ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz S.Satlykowa, ulag pudagynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Beýik Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk baýramynyň bellenýän günlerinde ýurdumyzyň ulag gulluklarynyň işini talaba laýyk guramagy we berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti howa menzilleriniň, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň, şeýle hem ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygyna aýratyn üns bermeli diýip aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgahz we geologiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine degişli meselelere geçmek bilen, B.Hojamuhammedowa we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz we geologiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça öňümizde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny aýtdy. Ýurdumyzda çykarylýan nebitiň möçberlerini her ýyl yzygiderli artdyrmak boýunça zerur işler geçirilmelidir. Nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň möçberleri artdyrylmalydyr. Ýurdumyza maýa goýumlaryny çekmek boýunça netijeli işler alnyp barylmalydyr. Tebigy gazyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini diwersifikasiýa ýoly bilen has-da köpeltmek boýunça kabul edilen çözgütler üstünlikli durmuşa geçirilmelidir. Şeýle hem, milli Liderimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012–2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda pudagyň öňünde durýan wezipeleri bellenen möhletlerde ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.
Milli Liderimiz senagat toplumynyň ösdürilmegine degişli mesele barada durup geçip, telekeçileri giňden çekmegiň möhümdigine wise-premýer B.Ereşowyň we degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Bu ýerde gürrüň bäsleşige ukyply, innowasion senagat pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek barada barýar, sebäbi senagat pudagy ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ýokary götermek üçin esasy pudak bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Toýlyýewe hem-de ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalary ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzda bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ähli düzümleriniň maddy-tehniki we ylmy-usulyýet binýadynyň kämilleşdirilmelidigini, bu ugurda geçirilýän özgertmeleriň kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda dowam etdirilmelidigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti çykyşyny dowam edip, jemgyýetçilik guramalarynyň öz öňlerinde durýan wezipelerden ugur alyp, netijeli işleri durmuşa geçirmeginiň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Milli Liderimiz ýurdumyzda jemgyýetçilik guramalary jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidir, olar ýaşlarymyzy watançylyk, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary götermek bilen bagly oňyn başlangyçlar bilen çykyş etmelidirler diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz nesip bolsa, biz ýakyn wagtda Türkmenabat şäherinde Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny geçireris diýip aýtdy. Maslahatda Prezident Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly tekliplere garalar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa, wise-premýerlere, häkimlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Ýaşulularyň maslahatynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegi üçin, oňa gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi.
Şu ýylyň 23-nji noýabrynda ýurdumyzda ýene-de bir möhüm ähmiýetli çäre – welaýat, şäher we etrap Halk maslahatlaryna saýlawlar geçiriler. Türkmenistanda raýatlarymyzyň demokratik hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Ýurdumyzda köp partiýaly syýasy ulgamy emele getirmek boýunça taryhy ädimler ädildi. Indi, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň taryhynda ilkinji gezek Halk maslahatlaryna saýlawlar üç partiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda, bäsleşik esasynda geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti esasy wezipäniň bu saýlawlary giň demokratik esaslarda, bäsleşik esasynda guramaçylykly geçirmek üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdygyny belläp, türkmenistanlylaryň Halk maslahatlarynyň täze düzümine mynasyp wekillerini saýlajakdygyna ynam bildirdi.
Ýakyn günlerde döwlet Baştutanymyz biz ýurdumyzyň durmuşynda uly we örän möhüm baýramy – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris, ýurdumyzyň baş baýramyny – Garaşsyzlyk baýramyny bellemek bilen, biz döwletimiziň hukuk ýagdaýy hökmünde özbaşdaklygyň we özygtyýarlylygyň halkymyzyň durmuşynda örän uly ähmiýetiniň bardygyny hiç wagt unutmaly däldiris, şoňa görä-de, ykdysadyýetimizi ösdürmek arkaly ýokary netijeleri gazanyp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özbaşdaklygyny berkitmek ugrunda ähli tagallalary etmelidiris diýip belledi. Milli Liderimiz biz öz ykdysadyýetimizi ösdürmek, daşary syýasy we ykdysady gatnaşyklarymyzy giňeltmek arkaly Garaşsyzlygymyzy berkitmek ugrunda göreşmelidiris diýip nygtady.
Milli Liderimiz wise-premýerlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem, häkimlere öň berlen tabşyryklara ünsi çekip, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, täze, belent sepgitlere ýetmek, döwletimiziň özygtyýarlylygyny we Garaşsyzlygyny has-da berkitmek ugrunda yhlas bilen tutanýerli zähmet çekilmelidigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we bular boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk we rowaçlyk, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.