Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

view-icon 827
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy jenap Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunda jenap Rifat Hisarjyklyoglu Türkiýede Türkmenistanyň gazanýan uly üstünliklerine buýsanýandyklaryny belledi. Şol üstünlikler bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň aýdyň netijeleridir.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistany we Türkiýäni köpden bäri gelýän dostluk gatnaşyklarynyň, iki doganlyk halkyň taryhy we medeni umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Munuň özi häzirki döwletara gatnaşyklarynyň ygtybarly esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz giň möçberli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek arkaly işewür hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda häzirki wagtda ykdysady gatnaşyklaryň täze sepgilere çykýandygy bellenildi. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Işewür maslahatlarynyň we pudaklaýyn sergileriň yzygiderli geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygyň has-da giňelmegine ýardam edýär. Bu çäreler hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny gözlemek, Türkmenistanyň we Türkiýäniň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri açýar.

Jenap Rifat Hisarjyklyoglu ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny nygtady. Munuň özi onyň köpugurly kuwwaty, şeýle hem ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen şertlendirilendir. Şunda türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hoşlaşanlarynda, bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesi esasynda guralýan iki ýurduň işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.