Ï Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 852
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap An Mýong Suny kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýyllaryň içinde işine hemmetaraplaýyn beren hemmetaraplaýyn kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dostlukly ýurduň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatyny hem-de parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy howpsuzlygyň bähbitlerine netijeli gatnaşyklara ýardam edýän köptaraply halkara hyzmatdaşlygyny doly goldaýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň depginli ösýän ykdysadyýetleriniň birine eýe bolan Koreýa Respublikasy bilen dostluk we uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga Türkmenistanyň uly ähmiýet berýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda ýokary derejedäki ygtybarly gatnaşyklaryň gönüden-göni yzygiderli pugtalandyrylmagyna hyzmat edýän döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip, özara pikir alşyldy. Muňa iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň netijeleri boýunça gazanylýan möhüm ikitaraplaýyn ylalaşyklar mysal bolup biler. Şu ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn Heniň arasynda bolup geçen gepleşikleriň çäklerinde resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Türkmenistana döwlet saparynyň netijeleri bolan bu resminamalar deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny giňeltmäge gönükdirilendir.

Koreý hyzmatdaşlarynyň Türkmenistan bilen ýygjam işewür aragatnaşyklaryny ýola goýmaga bildirýän ýokary gyzyklanmalaryna söwda-ykdysady we ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň yzygiderli geçirilýän mejlisleri, bilelikdäki işewür maslahatlary, döwlet we hususy düzümleriň duşuşyklary, şeýle hem Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrýan halkara ähmiýetli taslamalara, hususan-da, dünýäde iň uly “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşmagy şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şu ýyl bellenýän 290 ýyllygynyň hormatyna dabaraly çäreleriň guralandygy üçin koreý tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şol çäreleriň giňden geçirilmegi türkmen we koreý halklarynyň dostluk gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine gabat gelýän netijeli söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we ýygjamlaşdyrmakda An Mýong Sunuň goşandyna ýokary baha berip, milli Liderimiz diplomatik işinde oňa üstünlikler arzuw etdi.

Men Türkmenistanyň gazanýan köpsanly üstünliklerine we depginli ösüşine şaýat bolmak bilen, hut Türkmenistanda ilçiniň wezipesini ýerine ýetirmek hormatynyň öz paýyma düşendigine buýsanýaryn diýip, diplomat türkmen-koreý gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Hoşlaşanlarynda jenap An Mýong Su pursatdan peýalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän umumymilli baýramçylyk bolan Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.