Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň wekillerini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň wekillerini kabul etdi

view-icon 764
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Ministrler kabinetiniň saglygy goraýyş meseleleri boýunça ýörite geňeşçisi, “Medical Excellence Japan” guramasynyň prezidenti jenap Ýamamoto Sýudzony we bu guramanyň ýolbaşçylygynyň geňeşçisi jenap Ýasunobu Tokudaijini kabul etdi.

Myhmanlar türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyny ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy bilen gutladylar, berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez gujur-gaýrat, ýurduň bähbidi üçin alyp barýan köptaraply işinde täze üstünlikler arzuw etdiler.

Myhmanlar türkmen lukmanlarynyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, munuň köp ýyllap saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden hem-de bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklara hemişe aýratyn üns berýän türkmen Lideriniň tagallalarynyň hem-de maksada gönükdirilen syýasatynyň netijesidigini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky ägirt uly üstünliklerinde saglygy goraýşyň köp edaralaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga gatnaşan ýapon hyzmatdaşlarymyzyň saldamly goşandynyň bardygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatyny täze, halkara ölçeglerine laýyk derejä çykarmaga ýardam berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen tarapy mundan beýläk hem esasy kompaniýalaryň, Ýaponiýanyň iri ylmy we lukmançylyk merkezleriniň milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge örän işjeň gatnaşmagyny goldar. Şol ulgamyň ösüşine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilkinji derejede üns berilýär.

Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz we myhmanlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyny we geljegini, hususan-da, häzirki zaman lukmançylygynyň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýşyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, ylmyň hem-de innowasion tehnologiýalaryň, nou-haularyň öňdebaryjy üstünliklerini lukmançylyk iş tejribesine ornaşdyrmaga, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga deigşli birnäçe anyk teklipler aýdyldy.

Myhmanlar ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň işine beren ýokary bahasy we ynamy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, ýakyn geljekde bu özara bähbitli hyzmatdaşlygyň umumy maksatlara laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.