Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 715
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Gani Ahmadzaýyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, berk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we işjeň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz owgan kärdeşini prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi we bu wezipä girişmegi bilen ýene bir ýola gutlady hem-de oňa ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aşraf Gani Ahmadzaý häzirki taryhy eýýamda täze mazmun bilen üsti ýetirilýän döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň we Owganystanyň däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, söhbetdeşler ozal gazanylan ylalaşyklaryň barşynda onuň möhüm ugurlaryny we söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlarda bolşy ýaly, türkmen-owgan gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.

Şunuň bilen baglylykda. Prezident Aşraf Gani Ahmadzaý milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Owgan halky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna we onuň halkara, şol sanda owgan meselesi bilen baglanyşykly döredijilikli başlangyçlaryna ýokary baha berýär diýip, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti belledi.

Türkmen halkynyň owgan halky bilen ylalaşykda onuň parahatçylykly we durnukly durmuşa bolan çalyşmalaryny goldaýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň goňşy döwlete geljekde-de goldaw bermäge, iri elektroenergetika düzüminiň gurluşygyna we beýleki ugurlara degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine kömek bermäge ygrarlydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz elektrik geçiriji ulgamlaryň şu ýylda Owganystanyň serhedine çenli eltiljekdigini, munuň bolsa bu ýurda ugradylýan elektroenergiýanyň möçberiniň artdyrylmagyna mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan goňşy döwlete mekdep, saglygy goraýyş desgalary ýaly durmuş ähmiýetli binalaryň gurluşygyna kömek berer.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aşraf Gani Ahmadzaý türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekmek bilen, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere degip geçdiler. Mälim bolşy ýaly, bu taslama oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýeti üçin bähbitli bolşy ýaly, birnäçe möhüm meseleleriň çözülmegine we müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer.

Ulag ulgamynda özara gatnaşyklar üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, söhbetdeşler Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň möhüm ähmiýetini nygtadylar. Üç goňşy döwleti baglanyşdyrmak bilen, bu polat ýol Aziýa sebitinde häzirkizaman köp şahaly ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala gelmeginde möhüm orun eýelär we ýük gatnawynyň möçberleriniň artdyrylmagyny, sebit we sebitara möçberde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini şertlendirer.

Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, telekeçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri netijeli işewür gatnaşyklaryň köpugurly esasda ösdürilmegine gönükdirilen Hökümetara türkmen-owgan toparynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara derejesindäki birnäçe möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aşraf Gani Ahmadzaý däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, ýüzbe-ýüz duşuşykda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleri hoşlaşanlarynda birek-birege jan saglyk, üstünlik, goňşy ýurtlaryň halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik owgan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.