Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna geldi. Hormatly Prezidentimiziň Mary şäherinden ugur alan dikuçarynyň gelip gonan howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri mähirli garşyladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni täze welaýat kitaphanasynyň açylýan ýerine ugraýar.
Belent binanyň öňündäki meýdança baýramçylyk görnüşinde bezelipdir hem-de döwlet Baştutanymyzyň sözleri, türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgy setirleri bilen owadan görnüşde beýan edilip goýlupdyr. Bu görnüşler bilimleriň, ylymlaryň, edebiýatyň özboluşly binasyny gurşap alýan “paýhas sergisini” emele getirýär. Bu keşplerde medeniýetiň aýratynlygy, onuň hemme döwürlerde jemgyýet üçin kesgitleýji ähmiýeti hem-de türkmen halkynyň pikirleri we ýürekleri ýagtyldýan röwşen çyragyň çeşmesi bolan kitaba hormatly garaýşy hökmünde kitabyň egsilmejek güýji beýan edilýär.
Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşyjylar, şeýle hem işewürler, döredijilik işgärleri we Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň köpsanly ýaşaýjylary şowhunly el çarpyşmalar bilen mähirli garşylaýarlar.
Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desselerini gowşurýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylanandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, hormatly ýaşulular bilen gürrüňdeş boldy, olaryň durmuşy, iş-aladalary bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz ýene iki günden geçiriljek Ýaşulularyň maslahaty barada durup geçip, döwlet syýasatynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ýaşulular bilen geňeşmek – halk demokratiýasynyň we däpleriniň esasy ýörelgeleriniň biri bolup, ol türkmen halkynyň arasynda gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär hem-de täze taryhy döwürde öz dowamyna we ösüşine eýe boldy diýip belledi.
Lebap welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlary baýramçylyk konsert bilen çykyş edýärler. Watan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhlandyryjysy Arkadag hakdaky aýdymlar dabaraly ýaňlanýar.
Soňra milli Liderimiz ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar diýip, döwlet Baştutanymyz söze başlady. Ýurdumyzda giň gerimli we tutumly işler amala aşyrylýar. Möhüm ähmiýetli desgalar – täze zawod-fabrikler, awtomobil we demir ýollary, köprüler, kaşaň myhmanhanalar, ajaýyp teatrlar we köşkler bina edilýär. Saglygy goraýyş merkezleri, şypahanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, multimedia enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler we çagalar baglary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, gök zolakly seýilgähler we beýleki köp sanly desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.
Ýakynda biz ýurdumyzyň welaýatlarynda we gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde täze gurlan binalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdyk diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ine, bu gün bolsa, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda gadymy Lebap topragynda täze desgalary – welaýat kitaphanasyny hem-de köpugurly söwda bazaryny dabaraly açyp, ulanmaga berýäris.
Täze desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, öndürilýän ýokary hilli önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmaga, obadyr şäherlerimiziň keşbini tanalmaz derejede özgertmäge ýardam berýär. Iň esasy zat bolsa, müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Mälim bolşy ýaly, köp asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda dürli ugurlar boýunça ylmyň, bilimiň we medeniýetiň merkezlerine öwrülen dünýäde iň iri kitaphanalaryň birnäçesi bolupdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan gadymy Amulyň, Merwiň, Nusaýyň, Saragtyň, Köneürgenjiň, Dehistanyň kitaphanalarynda öz döwrüniň meşhur alymlary, beýik akyldarlary we nusgawy şahyrlary ylmy-barlag işlerini geçiripdirler. Olar terjimeçilik bilen meşgullanypdyrlar, dünýä edebiýatynyň dürdäne eserleri bilen ýakyndan tanşypdyrlar. Bu kitaphanalardaky gadymy golýazmalar, möhüm ähmiýetli ylmy işler we seýrek gabat gelýän kitaplar öz döwrüniň belli alymlarynyň ünsüni özüne çekipdir, olaryň gyzyklanyp öwrenýän eserlerine öwrülipdir.
Biz halkymyzyň taryhynda müdimi yz galdyran ylmy we medeni merkezleri giňden öwrenmäge we gaýtadan dikeltmäge aýratyn üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Ata-babalarymyzyň «Bir okana bar, bir-de dokana!» – diýen çuň manyly pähimi bar. Biz bu parasatly sözlere eýerip, ýaş nesle häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda bilim we terbiýe bermäge, olaryň ruhy baýlygyny artdyrmaga, aň-düşünjesini ösdürmäge, dünýägaraýşyny giňeltmäge, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge uly üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ylma we bilime tarap giň ýol açýan okuw kitaplaryny, adamlaryň ruhuny galkyndyrýan, çuň mazmunly, täsirli çeper eserleri, bezeg taýdan ýokary hilli neşir önümlerini yzygiderli çap edýäris. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap kitaphanalary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurýarys, kitaphana ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirýäris.
Milli Liderimiz şu gün açylýan kitaphana barada aýdyp, onuň Türkmenabat şäheriniň görküne-görk goşjakdygyny belledi.
Umumy bahasy 78 million 375 müň manat bolan bäş gatdan ybarat bu kitaphana ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan guruldy. Kitaphanada 10 sany okalga zaly bolup, olar birbada 450 okyja hyzmat eder. Bu ýerde ylmyň we bilimiň gözbaşy bolan kitaplaryň bir milliondan gowrak nusgasy saklanar. Kitaphanada diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýäniň dürli halklarynyň kitaplaryny, edebi eserlerini, neşir önümlerini, gadymy golýazmalary aýawly saklamak we okyjylara hödürlemek üçin ähli amatly şertler döredilendir.
Kitaphanada kämil tehniki serişdeler bilen üpjün edilen 250 orunlyk mejlisler zaly, ýörite kitap muzeýi we astronomiýa muzeýi bar. Bu ýerdäki kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilen internet otagy, kino zaly we beýleki otaglar okyjylaryň hyzmatynda bolar. Kitaphananyň ýokarky gatynda älem giňişligini öwrenmäge mümkinçilik berýän kuwwatly teleskop hem ýerleşýär. Bu bolsa, astronomiýa ylmy bilen gyzyklanýan adamlara asman jisimlerini öwrenmek üçin ähli zerur şertleri döredýär.
Gadymy Lebap topragynda gurlan bu döwrebap kitaphananyň uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat etjekdigine, welaýatda ylmy we bilimi ösdürmäge düýpli itergi berjekdigine, ýurdumyzyň medeni merkezleriniň birine öwrüljekdigine berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biz şu gün Serdarabat etrabynyň çäginde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan köpugurly söwda bazaryny hem dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Umumy bahasy 114 million manada barabar bolan bazar 50 gektar meýdany tutýar. Bu bazarda 680-den gowrak dükan, 1280 sany söwda bölümi işlär.
Bu gündogar bazarynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli harytlaryň dürli görnüşleriniň söwdasy guralar. Bazarda azyk önümleri, hojalyk we senagat harytlary, egin-eşik we dokma önümleri, şeýle hem beýleki dürli harytlar ýurdumyzyň ilatyna elýeterli bahalardan hödürlener. Hormatly Prezidentimiz şu gün ulanmaga berilýän bu köpugurly bazar welaýatda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga we haryt bolçulygyny döretmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirip:
“Biz alyp barýan işlerimiziň ählisini mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edýäris.
Ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasy ugrudyr” diýip belledi.
Milli Liderimiz çykyşyny tamamlap, bu ýere ýygnananlaryň ählisini ýetip gelýän şanly baýram berkarar döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy bilen, şeýle hem täze desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we ýygnananlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat kitaphanasynyň esasy girelgesiniň öňünde toý bagyny dabaraly ýagdaýda kesýär we binanyň içine girýär.
Şanly waka mynasybetli binanyň eýwanynda Sakar etrabynyň sungat mekdebiniň dutarçylar topary çykyş edýär. Milli Liderimizi kitaphananyň işgärleri mähirli mübärekläp, ähli lebaplylara bu ajaýyp sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Döwlet Baştutanymyz kitaphananyň gurluşy, onuň üpjünçiligi we işgärler hem-de bu ýere gelýänler üçin döredilen şertler bilen tanşyp başlaýar.
Binanyň birinji gatynda kitaphananyň işgäri milli Liderimizi elektron kataloglaryň işi, şeýle hem okamagy söýýänleriň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýan planşet kompýuter serişdesi bolan elektron kitabynyň mümkinçiliklerini görkezýär. Ylmy-tehniki ösüş kitaplar babatda hem öňe gitdi, has takygy, onuň elektron sahypylarynda hem elýeterli bolan görnüşi ýaýbaňlandy. Elektron kitabynyň—rideriň özbaşdak “kitaphanajyklary” döretmäge, fotosuratlary, wideoşekilleri we beýlekileri gözden geçirmäge mümkinçilik berýän işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňa ýüklenen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik ylmy işiniň mysalynda görkezildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz lift bilen binanyň ikinji gatyna galýar, onuň eýwanynda hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň sergisi görkezilýär. Döwlet Baştutanymyz ulanyjylaryň özbaşdak işlemegi üçin niýetlenen uly internet-zala baryp görýär. Bu ýerde milli Liderimize kitaphana gelýän adamlara edilýän hyzmatlar barada gürrüň berýärler. Okyjylar Internet ulgamynda zerur bolan maglumatlary tapyp bilerler, kitaphananyň gaznasyndan materiallaryň elektron nusgalaryny alyp bilerler. Bu ýerde bir wagtyň özünde 160 adam öz işleri bilen meşgullanyp bilýär. Bu ýerde şeýle hem wideomateriallary gözden geçirmek üçin niýetlenen kino-DWD zaly ýerleşýär.
Döwlet Baştutanymyz Internet - zaldaky kompýuterleriň başyndaky okuwçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň nämeler bilen gyzyklanýandyklaryna hem-de bilim we özbaşdak öwreniş derejelerini ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikleri baradaky pikirlerine göz ýetirdi. Hususan-da, olaryň biri, ýagny 11-nji synp okuwçysynyň gürrüň berşi ýaly, ol ekologiýa meselelerine çynlakaý gyzyklanýar we bu dersiň mekdep maksatnamasyny özleşdirmeginden başga-da, häzirki wagtda tebigy gazy garyndylardan arasassalamagyň usullaryny öwrenýär. Ýetginjegiň öz pikirlerini paýlaşyşy ýaly, ýakyn geljekde ol özüni ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň “ýaşyl” önümçilikleri döretmek ugry hem-de ekologiýa taýdan arassa önümleri çykarmak boýunça işlerine bagyşlamagy meýilleşdirýär. Häzir bolsa ol gazy arassalamagyň tehnologiýasyny kämilleşdirmek boýunça öz taslamasynyň üstünde işleýär.
Uly synp okuwçysy döwlet Baştutanymyzyň we bu çärä gatnaşan ilçileriň sowallaryna türkmen, rus we iňlis dillerinde jogap bermek bilen, olary erkin bilýändigini görkezdi. Hakykatdan hem häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin üç dili bilmek kada öwrüldi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle syýasaty Türkmenistanyň dünýäniň ylym, bilim, medeni maglumat beriş giňişligine we giň möçberli ykdysadyýete işjeň goşulyşmagyna ýardam edýär.
Ýaş ýigitleriň ylmy gyzyklanmalary barada aýdylanda bolsa, döwlet Baştutanymyz ertirki uçurymlaryň möhüm hünärleri seçip almaklaryny makullady we ýaşlaryň ylmy ymtylyşlaryny goldamak we höweslendirmek, olaryň taslamalaryny bilermenlik taýdan goldamak barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.
Belent mertebeli myhmanlar Internet zala baryp görýän beýleki mekdep okuwçylary bilen hem söhbetdeş boldular, olar hem daşary ýurt dillerini oňat bilýändiklerini hem-de okamaga ymtylýandyklaryny görkezdiler. Olaryň biri öz ýaşytdaşlarynyň adyndan milli Liderimize oňat hilli bilim almak üçin ajaýyp şertleri döredýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanymyzyň edýän atalyk aladasyna eziz Watanymyza ak ýürek bilen hyzmat edip jogap berjekdigine ynandyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti zaldaky kitap tekjesine hem üns berdi we şol tekjeden Magtymgulynyň dürli dillerde çap edilen şygyrlar kitabyny alyp, daşary ýurtly diplomatlara ýüzlenmek bilen, olary öz işinde halklary olaryň ruhy, taryhy-medeni mirasy bilen özara tanyşdyrmak üçin şertleri üpjün etmek baradaky işe aýratyn ähmiýet bermäge çagyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläni dowam etdirmek bilen, degişli ýolbaşçylara, hususan-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutyna daşary ýurtly hünärmenleriň Türkmenistanda we onuň ylmy merkezlerinde barlag işlerini guramak üçin giňden ýardam etmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji gatda ýerleşýän türkmen kitaplarynyň taryhy muzeýine baryp görýär, olaryň gymmatly nusgalarynyň arasynda seýrek duşýan we gymmatly neşirler, taryhy golýazmalar bar. Muzeýiň işgäri döredilen bu muzeýiň maksatlary we wezipeleri, onda görkezilýän özboluşly eksponatlar hakynda gürrüň berýär. Mysal üçin, bu ýerde türkmen dilinde arap hatynda neşir edilen Andalybyň “Baba Röwşen”, Magrupynyň “Ýusup-Ahmet” kitaplaryny, türkmen edebiýatynyň irki ýazuw ýadygärlikleriniň biri bolan Wepaýynyň “Rownak-Yl Yslam” /Yslamyň şuglasy/ poemasyny, Sopy Allaýaryň goşgularyny, Burhanetdiniň Stambulda 1945-nji ýylda neşir edilen eserler ýygyndysyny we başgalary görmek bolar.
Soňra döwlet Baştutanymyzy Germaniýada öndürilen döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan obserwatoriýa çagyrýarlar. GFR-iň ilçisine ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz Germaniýanyň öndüriji tehnikalarynyň, dürli ähmiýetli ýokary derejede takyk programma abzallarynyň türkmen bazarynda pugta orny eýeleýändigini, häzirki enjamlaşdyrylan obeserwatoriýanyň hem şeýle üstünlikli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir mysaly bolup durýandygyny nygtady.
Bu obserwatoriýada peýdalanylýan tehnologiýalar bilen ýokary derejeli myhmanlary tanyşdyryp, ýaş hünärmen bu ýerde okuw sapaklarynyň guralyşy barada gürrüň berip, monitorda ýakynda ýupiter planetasyna we onuň hemralaryna geçirilen gözegçiligiň, uzakdaky ýyldyz toplumlaryny, goşa ýyldyzlary we beýlekileri öwrenmek babatda geçirilen işleriň netijelerini görkezdi.
Eger-de ozallar astronomiýa boýunça okuwlaryň barşynda gollanma hökmünde Internetden düşürilen suratlar peýdalanylan bolsa, indi halypalar we şägirtler Ýerden müňlerçe ýagtylyk ýyl aralykdan asman jisimlerini özleri ýazgy edip bilýärler. Lebap welaýatynyň bilim işgärleriniň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, olary mekdep partasyndan ylma çekmek üçin şertleriň döredilýändigine çuňňur hoşallyk bildirdiler.
Obserwatoriýanyň üçeginiň ýüz tarapynyň döredilen keşbi hem ünsi çekýär. Onda biziň gün ulgamymyz şekillendirilipdir. Bu ýerde şeýle hem astronomiýa muzeýi ýerleşdirilipdir. Şu ýerde lebaply meşhur ildeşimiz, Türkmenabat şäherinde doglan uçarman - kosmonawt Oleg Kononenkony ýatlamak ýerlikli bolar. Ol Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýokary sylaglarynyň biriniň – “Prezidentiň ýyldyzy” ordeniniň eýesi, halkara kosmos bekedine uzak möhletli saparlara gatnaşyjydyr.
Döwlet Baştutanymyz teleskopa tarap çykýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimize gümmeziň açylyşy görkezildi: düwmäniň basylmagy bilen ägirt uly ýapraklar görnüşindäki sütünleriň 6-syny galdyrýan enjam herekete getirilýär. Ýaş hünärmen milli Liderimizi kuwwatly optika enjamynyň mümkinçilikleri hem-de asman jisimlerine gözegçilik etmegiň şertleri, bu ýerde geçirip boljak ylmy barlaglaryň görnüşleri, şeýle hem maglumatlary ýygnamagyň we saklamagyň tertibi bilen tanyşdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bina bilen tanyşlygy dowam edip, birinji gata düşýär, bu ýerde çagalar okalga zaly ýerleşýär. Milli Liderimizi çagalar ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Körpeler bu ýerde çagalaryň okuw-oýun kompýuterlerini gyzyklanma bilen özleşdirýärler. Körpeje “bilgirjeler” üçin döredilen kompýuterler öwrediş häsiýetli köpsanly oýunly meseleleri özünde jemläp, mekdebe çenli ýaşly çagalara harplary öwrenmäge, sanlary sanamaga, söz düzmäge, kiçi synp okuwçylara bolsa dersleri tiz we oňat özleşdirmäge ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz çagalaryň biriniň kompýuterde test arkaly sowallara dogry jogaby tapmak bilen, ýönekeý arifmetika mysallaryny çözüşini synlady. Körpäniň enjamdan ýeňillik bilen peýdalanyşyny magtap, milli Liderimiz mundan başga-da, ilkinji ädimlerden başlap, huşy türgenleşdirmegi öwrenmäge başlamalydygyny belledi. Diňe kompýutere bil baglaman, “öz kelläň” bilen işlemek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de çaganyň üşükliligini synap görmek üçin birnäçe sowallary berdi we olara dessine jogap aldy.
Onuň gapdalynda oturan gyzjagazyň öňündäki kompýuterde türkmen edebiýaty boýunça özbaşdak işiň maksatnamasy ýüklengi dur. Beýleki bir körpe bolsa, iňlis dili boýunça ders bilen meşgullanyp otyr. Myhmanlaryň haýyşyna jogap berip, ol gyzjagaz özüniň ilkinji üstünliklerini şatlykly paýlaşdy. Döwlet Baştutanymyz oňa sowal berdi, gyzjagaz bolsa iňlis dilinde jogap berdi. Çagalaryň käbiri saz bilen meşgullanýardy: olaryň kompýuterlerinde görnükli türkmen kompozitorlary Daňatar Öwezowyň, Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň döredijiligine, şeýle hem Magtymgulynyň goşgulary esasynda ýazylan halk aýdym-sazlaryna bagyşlanan maksatnamalar bardy.
Döwlet Baştutanymyz çagalaryň oýun otagyna barýar, bu ýerde oglanlar we gyzlar kiçiräk sahnany ýerine ýetirdiler. Halk ertekileriniň gahrymanlary Böwenjik we Ýartygulak hemmelerde şatlyk duýgusyny döredýär. Beýleki çagalar körpe artistleriň tomaşaçylaryna öwrülip, olar bilelikde gahrymanlara goldaw berdiler. Soňra olar agzybirlik bilen aýdym aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylan sowgatlar olar üçin sylag-serpaý boldy.
Ýeri gelende aýtsak, täze kitaphanada ulular we çagalar üçin, şol sanda bilimler ýoluna gadam basan körpeler üçin ähli şertler döredildi. Umuman, Lebap welaýat kitaphanasynyň tutýan meýdany iki gektara barabardyr. Bu taslamany “Döwlet gurluşyk” hem-de “Nahal” hojalyk jemgyýetleri amala aşyrdylar.
Binanyň birinji gatynda okyjylary bellige almak gullugy, sorag-jogap gullugy, ülkäni öwreniş bölümi, elektron katalog, dört sany okalga zaly, kitaplaryň saklanylýan jaýy, garbanyşhana, arhiw, dynç alyş otagy ýerleşýär. Okalga zallary binanyň ikinji we üçünji gatlarynda hem bar. Bu ýerde 196 orunlyk mejlisler zaly, kitaplaryň dikeldilýän bölümi göz öňünde tutulypdyr.
Hormatly Prezidentimiz adamlara bilimleri we maglumatlary gözlemäge ýardam etmekde, şeýle hem bilim we ylym, medeniýet ulgamlaryny ösdürmekde, ýaşlary ruhy-ahlak, estetiki taýdan terbiýelemekde kitaphanalaryň tutýan ornuny belläp, welaýat kitaphanasynyň işgärlerine asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi we hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz kitaphanadan çykyp ugranda eýwanyň ýokarky böleginiň özboluşly bezegine üns berdi. Milli Liderimiz onuň awtorlary bilen gyzyklandy. Bu işleriň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary, ýurdumyzyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary tarapyndan ýerine ýetirilendigi habar berildi.
Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni beýleki bir iri desga--täze köpugurly söwda bazaryna tarap ugraýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar mähirli garşylaýarlar.
Bazaryň öňündäki meýdançada çagalar döredijilik toparlary – ýaş sazandalar we tansçylar gyzykly konsert bilen çykyş edýärler. Deprekçiler topary hakyky şowhun görkezdi. Soňra bu ýerde kerwen peýda bolup, öň hatara çykan jarçylar alys ýurtlardan söwdagärleriň gelendigini aýdyp, olaryň daşary ýurtlardan getiren harytlaryna baha bermäge çagyrýarlar.
Jarçylar biri-birinden kem galmajak bolýan ýaly alyjylaryň ünslerini öz söwda hatarlarynyň bolçulygyna çekýärler. Ynha, birdenem joşgunly owazy akgynly saz çalşyp, diňe bir Gündogaryň däl-de, eýsem, tutuş Günbataryň hem bazarlarynda uly islege eýe bolan ajaýyp türkmen halylary peýda bolýar. Soňra ýene joşgunly aýdym-saz ýaňlanyp, bazaryň söwdasy gaýtadan gyzyşýar. Bu ýerde bir alyjy gamyşgulak bedewi satyn aljak bolanda sahnanyň bu pursaty aýratyn täsir döretdi. Bedewiň eýesi öz atyny hiç bir pula satmak islemeýändigini, öz bedewinden aýrylyşmak islemeýändigini beýan edýär. Çünki bedew türkmen üçin diňe bir kömekçi däl-de, eýsem, onuň söwer dosty we dogany, halkyň kalbynyň ganaty bolup durýar...
Soňra bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we söwda bazarynyň çägine girýär.
Soňra bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sahna çykyşlary myhmanlary asyrlaryň jümmüşine sary alyp gidýär. Halk teatrlarynyň artistleri we çeper höwesjeňleriň toparlary tarapyndan ýaýbaňlandyrylan sahnada dürli milletdäki, hünärdäki we dürli ýaşdaky adamlary birleşdiren orta asyr gündogarynyň durmuşyň özboluşly we aýdyň pursatlary janlandyryldy.
Bu ýerde aýdym-saz ýaňlanýar, tüýdügiň jadyly owazy oňa goşulyp, satyjylar uly mejimelerde buýan kökünden taýýarlanan jana melhemli çöpleriň desselerini getirýärler. Bu dermanlyk ösümlik Gündogaryň tebipçiliginde giňden ýaýrapdyr. Onuň aýratynlyklary bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işinde jikme-jik beýan edildi. Häzir buýan köki Amyderýanyň orta akymynyň kenarlarynda senagat möçberlerinde işlenip taýýarlanylýar we Türkmenabadyň “Buýan” kärhanasynda gaýtadan işlenilýär. Özi-de önümiň agramly bölegi ýakyn we daşary ýurtlara ugradylýar.
... Dürli öwüşginli sahnada ýüplük egirmek we beýleki el işleri bilen meşgullanýan gelin-gyzlary hem-de dutar çalýan we aýdym aýdýan bagşy-sazandalary, deprekçileri, beýleki senetçileri, mähelläni darbazçylyk we howa maşklary bilen haýran galdyran darbazçylary görmek bolýardy.
Käselere kakyp, jadyly owaz çykarýan sazandalaryň çykyşy gadymy meýdan teatrynda ýerine ýetirilen çykyşlaryň içinden erş-argaç bolup geçdi. Bu sazandalary halk arasynda “käseçi” diýip atlandyrýarlar. Göwnüňe bolmasa, owaz birnäçe ksilofondan çykýan ýaly bolup dur. Emma sazandalar gamyş çöpleri bilen käselere kakyp, jadyly sazlary ýerine ýetirýärler. Bu hem lebap döredijilik däbi bolup, ol özboluşly topary döretmek üçin esas bolup hyzmat etdi.
Üsti süýji tagamly gawunlardan püre-pür ýüklenen arabalar sahnanyň täsirini artdyrdy.
Gadymy Jeýhun ülkesi köp asyrlardan bäri özüniň bol hasylly we sahawatly topragy bilen meşhurdyr. Ol häzir hem baý serişdeleriň mekany hasaplanýar. Lebap topragynyň zähmetsöýer daýhanlarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde pagtanyň we bugdaýyň bol hasyly ýetişdirilýär. Bu toprak özüniň ajaýyp baglary, bakja ekinleri, şeýle hem öri meýdanlarda erkin otlap ýören uly mal sürüleri bilen meşhurdyr. Bu ýerde halk senetçiliginiň iň gowy däplerini üstünlikli dowam edýän ussatlar hem az däl.
Sahawatly ülkäniň gülläp ösmeginde hemişe giň möçberli söwda gatnaşyklary uly ähmiýete eýe bolupdyr, çünki, bir mahallar bu ýerden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Gündogarda bazarlar hemişe-de uly ähmiýete eýe bolupdyr. Onuň töwereginde ýerli ilatyň ykdysady we ýaşaýyş durmuşy jemlenipdir. Bazarlar diňe bir söwda-ykdysady düzümleriniň kämil nusgalary bolmak bilen çäklenmän, eýsem işjeň pikir alyşmagyň, täzelikleri, maglumatlary we elbetde, iň gowy harytlary alyşmagyň merkezleri bolup hyzmat edipdir.
Häzirki wagtda bu ajaýyp däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Lebap welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça “Aga gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan we dabaraly ýagdaýda açylan köpugurly söwda bazary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bazaryň umumy meýdany 50 gektara barabardyr. Ol zerur bolan düzümleriň ählisini özünde jemleýän kiçi şäherjikdir. Guşýçar belentlikden sebitiň esasy bazary lebaply halyçylar tarapyndan dokalan halylar üçin mahsus bolan gölleriň şekilini ýatladýar. Satyjylar we alyjylar üçin amatly şertleriň döredilmegi bazaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiz bazar toplumynyň desgalary hem-de söwdanyň gurluşy bilen tanyşdy.
Bazaryň merkezinde uly maglumat – mahabat tagtasy ýerleşdirilipdir, onda ýöriteleşdirilen zolaklaryň, köpsanly söwda nokatlarynyň ýerleşýän ýeri görkezilipdir. Bu bazaryň söwda bölümlerinde hojalyk harytlaryny, dokma senagatynyň önümlerini, deňsiz-taýsyz türkmen halylaryny we täsin kümüş şaý-seplerini, şeýle hem dürli azyk önümlerini, mebelleri, awtomobilleri we halkymyzyň gündelik sarp edýän harytlaryny satyn almak bolýar. Mal bazary üçin aýratyn ýer göz öňünde tutulypdyr.
Bu ýerde uly bolmadyk myhmanhana, restoran we iki garbanyşhana, lukmançylyk otagy, çagalaryň oýun meýdançalary ýerleşýär, bank ulgamynyň hyzmatlary guralypdyr. 2730 orunlyk üç sany üsti açyk awtoduralga bu ýere gelýänleriň hyzmatyndadyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumyny gözden geçirmegiň barşynda gök-miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň bölümine baryp gördi. Bu ýerde azyk harytlarynyň we önümleriniň köp dürli görnüşi goýlupdyr.
Bu ýerde bazaryň myhmanlaryna ýerli dermanlyk ösümlikleriniň esasynda taýýarlanan melhem çaýlary we suwlary hödürlendi. Olaryň arasynda lebap topragynda ösýän dünýä belli buýan köki hem bar. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmenderman” döwlet birleşiginiň “Buýan” senagat toplumynyň işgäri melhem çaýlaryň düzümi hakynda gürrüň berip, olaryň taýýarlanyş usullarynyň milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyndan alnandygyny aýtdy. Myhmanlar jana şypaly suwlary kanagatlanmak bilen dadyp, olaryň tagamlaryna ýokary baha berdiler.
Döwlet Baştutanymyz söwda hatarlarynyň arasy bilen ýoluny dowam edip, türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän süýji tagamly önümleri synlaýar. Gawun agajynyň miwesi bolan papaýýa milli Liderimiziň ünsüni özüne çekdi.
Bu miwe ýerli telekeçiniň biziň şertlerimizde ösdürip ýetişdiren, üstünlikli amala aşyran tejribesiniň netijesi bolup durýar. Onuň mekany Amerika bolsa-da, häzir bu tropiki önümi öndürmekde Hindistan öňdebaryjylaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hindi ilçihanasynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, türkmen papaýýasynyň tagamy barada pikirini sorady. Ilçi miwäni dadyp görüp, onuň özboluşly tagamynyň bardygyny aýtdy we biziň daýhanlarymyzyň ukyp-başarnygyna ýokary baha berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz açyk gyzyl reňkli uly pomidorlar ýerleşdirilen tekjäniň ýanyna bardy. Milli Liderimiz olaryň birini eline alyp, iki bölmek bilen, “öküz ýüregi” sortly pomidoryň “etliligini” görkezdi. Satyjy myhmanlara pomidoryň bu görnüşiniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Olar uly agramy (olar ýarym kilograma çenli ýetip bilýär), şeýle hem gowy tagamy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pomidorlaryň, aýratyn hem türkmen topragynda ýetişdirilenligi bilen ekologik arassalygyny aňladýan pomidorlaryň gymmatly biologik häsiýetleri baradaky maglumatlary gürrüň berip, bu aýdylanlaryň üstüni ýetirdi.
Soňra milli Liderimiz ýöriteleşdirilen dükana girdi. Bu ýerde ýurdumyzyň telekeçi-fermerleri tarapyndan öndürilen süýt önümleri satylýar.
Bu ýerde süýt, gatyk, gaýmak, dorog, syrlar, süzme we beýlekiler ýaly önümleriň köp görnüşi alyjylara hödürlenýär. Bularyň hemmesi ýokary hillidir, degişli kadalara we talaplara laýyk gelýän döwrebap gaplardadyr. Bu hakyky tebigy önümlere ýokary isleg bildirilmegini şertlendirýän esasy zat bolsa olaryň öýde taýýarlanandaky ýaly tagamynyň bolmagydyr. Çünki ýurdumyzyň süýt senagatyna täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyna garamazdan, olary taýýarlamagyň gadymy däpleri hem berjaý edilýär.
Täze bazar boýunça öz ýoluny dowam edip, hormatly Prezidentimiz dürli görnüşli mele-myssyk çörekleriň ýerleşdirilen tekjeleriň ýanynda saklandy. Tamdyrda bişirilen önümleriň görnüşi has-da köp. Öý bikeleri çörekleriň dürli görnüşlerini bişirýärler, dürli goşundylardan—kädi, kakadylan pomidor, ýag, et, sogan we şuňa meňzeşler goşulan önümlerden ýagly çörek taýýarlaýarlar. Toý külçelerini, petir çörekleri, şeýle hem içine huruş salnan pirog bişirýärler.
Döwlet Baştutanymyz telekeçi zenandan onuň önümçiligi, tehnologiýalary, taýýarlaýyş usuly barada gyzyklanyp sorady. Zenanyň gürrüň berşi ýaly, bu taýýarlanyş usullaryny ol öz enesinden, ol bolsa öz mamasyndan öwrenipdir. Şeýdip, bu taýýarlanyş usuly müňlerçe ýyllaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelinýär.
Ine, mysal üçin, arpa ununyň çöregi “zagara”, ýagny jöwenden bişirilen külçe ýaly çörekleriň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Olar ak bugdaýdan taýýarlanan altynsow çörek bilen deňeşdirilende ýönekeý görünseler-de, özünde bu däneli ekinleriň örän köp peýdaly häsiýetlerini jemleýär. Diňe jöwen dänesini alyp görsek hem ol arpa bilen deňeşdirilende meňzeş diýen ýalydyr, onuň uny bolsa mekgejöwen ununy ýatladýar, ýöne ol makro we mikro elementlerine baýdyr.
Şunuň ýaly gürrüňdeşlik wagtynda diplomatlar çörekleriň dürli görnüşlerinden datdylar we onuň üýtgeşik tagamyny, türkmen ojagynyň ýylysyny duýdular. Toý sowgady diýip telekeçi zenan halkymyzyň duz-çörekli myhmansöýerliginiň nyşany hökmünde myhmanlara külçe paýlady.
Soňra döwlet Baştutanymyz däne we ýarma önümleri goýlan söwda hatarlaryna bardy. Milli Liderimiz tüwi satylýan tekjäniň ýanynda saklandy. Häzir Lebap welaýatynda şaly hasylynyň oragy gyzgalaňly dowam edýär. Bu ekin üçin welaýatda 10 müň 200 gektar ýer bölünip berildi, şol ýerden tüwiniň jemi 47 müň 200 tonnasyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar. “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine degişli bolan “Claas” kysymly däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 40-sy bolsa daýhanlaryň hyzmatynda.
Döwlet Baştutanymyz öz önümlerini bazara getiren kärendeçi zenan bilen söhbetdeş boldy. Kärendeçi milli Liderimize 5 gektar ýeriniň bardygyny, şol ýerden ak bugdaýy we tüwüni, şeýle hem jöweni gezekleşdirip ösdürip ýetişdirýändigini gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz kärendeçi zenandan tüwi satyn alyp, ilkinji alyjy boldy hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi we ýoluny dowam etdi...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hozdur kişmiş satylýan tekjäniň ýanynda saklanyp, gürrüňdeşleriniň ünsüni şol önümleriň ýokumly aýratynlyklaryna, peýdaly häsiýetlerine çekdi. Soňra myhmanlar uly bolmadyk zallaryň birine bardylar, bu ýerde olar milli tagamlarymyz bilen tanyşdylar.
Döwlet Baştutanymyz söwda toplumynyň çykalgasyna tarap ugranda özboluşly nagyşlar bilen çitilen palas önümleri satylýan tekjäniň ýanynda saklandy. Ene-mamalarynyň miras goýan hünär eýesiniň gürrüň berşi ýaly, dokmaçylyk işi onuň özi we gyzlary üçin maşgala senedine öwrülipdir. Olaryň dokan ajaýyp kilimleri tiz satylyp, olara ýurdumyzyň myhmanlary tarapyndan hem uly isleg bildirilýär.
Kilimler halylara garanyňda, dokmaçylygyň has gadymy görnüşleriniň biri bolup durýar, munuň şeýledigine gadym döwürlerden bäri palas önümlerinde ulanylýan nagyşlar aýdyň şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz halk çeper döredijiliginiň bu ugry hem eksport önümçiligini ýola goýmak üçin uly mümkinçiliklere eýedir diýip belledi. Bu sungat milli medeni baýlygymyzyň bir bölegi bolmak bilen, onuň ýitip gitmezligi we bu gadymy halk senedine eýe bolan ýaş ussatlarymyzyň sanynyň artmagy örän möhümdir.
Şu esasda öz işini has-da giňeldip bilmegi üçin hormatly Prezidentimiz ussat zenana ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalygyna girmegi maslahat berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara şunuň ýaly önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykarmak mümkinçiligini öwrenmek barada tabşyryk berdi. Çünki bu önümler ýokary hilli bolmak bilen çäklenmän, olar estetiki taýdan özüne maýyl edýär.
Döwlet Baştutanymyz çeper senetleriň önümleri—keşdeler, milli bezeg şaý-sepleri we beýleki zatlar görkezilen söwda hatarynyň ýanynda saklandy. Lebaply halk ussatlarynyň başarnygyna we işe döredijilikli çemeleşmesine ýokary baha bermek bilen, milli Liderimiz olaryň önümleriniň daşary ýurtly dizaýnerleriň ýygyndylary bilen bäsleşip biljekdigini we diňe muzeýlerde däl-de, eýsem, abraýly söwda merkezlerinde öz ornuny tapjakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz öz işleriniň ussatlaryna, telekeçilere, daýhanlara we kärendeçilere alyp barýan asylly işlerinde we halkymyzyň iň gowy däplerini ösdürmekde täze üstünlikleri arzuw edip, lebaplylary täze söwda toplumynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady. Bu toplum ýurdumyzyň hyzmatlar ulgamyny pugtalandyrmak, öz öndürýän önümlerimiziň bäsleşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Myhmanlaryň we dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalar astynda milli Liderimiziň awtoulagy söwda toplumyndan ugraýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna sapary dowam edýär.