Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlanyp ulanylmaga berilýän täze desgalaryň hatarynda aýdyň wakalaryň biri, ýagny Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bilen täze desgalaryň bada-bat dördüsiniň—ammiak we karbamid öndürmek boýunça zawodlar toplumynyň, kiçi gaz turbinaly elektrik bekediniň, köp ugurly bazaryň hem-de 350 orunlyk myhmanhananyň açylyş dabarasy boldy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň uçary Mary şäheriniň howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz şol ýerden özüne garaşyp duran awtomobile münýär we täze desgalaryň açyljak ýerine ugraýar. Ýolugra milli Liderimizi köpsanly ýaşlar, Marynyň ýaşaýjylary ruhubelentlik bilen garşylýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Mary düýbünden täze keşbe eýe boldy.
Ammiak we karbamid öndürmek boýunça zawodlar toplumynyň merkezi meýdançasy baýramçylyk lybasyna bezelipdir. Ýeri gelende aýtsak. Milli Liderimiziň içgin üns bermegi netijesinde, inženerçilik we tehnologik taýdan bu çylşyrymly desga bary-ýogy üç ýylyň dowamynda guruldy, munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyny aýdyň görkezýän subutnama bolup durýar.
Hemme ýerde Türkmenistanyň baýdaklary pasyrdaýar, zawodlar hakynda aýdyň düşünje berýän dürli diwarlyklar we maketler oturdulypdyr. Hemmeler döwlet Baştutanymyzyň gelmegine tolgunmak bilen garaşýarlar. Olaryň hatarynda milli parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ähli welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtlarda işleýän Türkmenistanyň ilçileri, biziň ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalaryň hem-de missiýalaryň baştutanlary, harmatly ýaşulular, ýurdumyzyň medeniýet işgärleri, işewürler bar.
Ine, garaşylýan pursat gelip ýetýär: Türkmenistanyň Prezidentiniň awtomobili zawoda girelgäniň öňüne gelip durýar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler we ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Hoşniýetli däbe görä, milli Liderimizi hormatly ýaşulular duz-çörek bilen garşylaýarlar. Olar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ähli başlangyçlarynda üstünlikler, şeýle hem Türkmenistanyň rowaçlanmagyny Beýik Biribardan dilen edýärler.
Döwlet Başutanymyzyň welaýatlara her gezek baryp görmegi ilkinji nobatda adamlar bilen, welaýatyň ýaşaýjylar bilen pikir alyşmakdan başlanýar. Ine bu gün hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, ýerli ýaşaýjylaryň gündelik aladalary, durmuş - iş şertleri bilen gyzyklanýar.
Milli Liderimiz aksakgallar bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan çalt depgin bilen ösdürmegiň döwletimiziň ýurduň her bir raýatynyň abadançylygynyň upjün edilmenine gönükdirilen syýasatynda strategiki wezipeleriniň biri boupd urýandygyny aýtdy. Türkmen döwletiniň baştutany şu gün ulanmaga berilýän himiýa senagatynyň kuwwatly önümçilik desgasynyň möhümdigini aýdyp, bu taslamany durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtady. Täze zawodlaryň toplumyny işe girizmek ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly sebitleýin hem-de halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam eder. Geljekki zawodlaryň işe girizilmeginiň durmuş taýdan ähmiýetiniň bardygyny möhümdir, sebäbi munuň özi täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Öz nobatynda ýaşulular ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny hem-de türkmen halkynyň abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ýadawsyz tagallalary üçin welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzyň bähbidi üçin alyp baýran beýik işlerinde we başlangyçlarynda üstünlikler arzuw etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik toparlarynyň çykyş eýdän ýerine tarap ugraýar: ýaňlanýan aýdym-saz we ajaýyp çykyşlar häzirki dabara aýratyn baýramçylyk ýagdaýyny berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu dabarada ýörite taýýarlanylan münbere geçýär.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjlara ýüzlenip, şu gün gadymy Mary topragynda—umumadamzat ösüşiniň kemala gelen hem-de ylmyň we medeniýetiň pajarlap ösen merkezleriniň birinde birbada birnäçe möhüm desganyň – ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumynyň, gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň, köpugurly swda merkeziniň hem-de 350 orunlyk döwrebap “Mary” myhmanhanasynyň dabaraly ýagdaýda ulanmynlmaga berilýändigini aýtdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz ähli ugurlar boýunça ýokary depginler bilen ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, ykdysadyýetimiziň hemme pudaklarynda giň gerimli we tutumly işler amala aşyrylýar. Etrapdyr şäherlerimizde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Täze desgalaryň işe girizilmegi ykdysadyýetimizi ösdürmäge, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Biz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwürmegi maksat edinýäris. Şu maksatlardan ugur alyp, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda himiýa senagatyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu pudak ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy önümçilik pudaklarynyň biridir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Egsilmez baýlyklara eýe bolan eziz Diýarymyzyň çig mal serişdelerini netijeli peýdalanmak arkaly köp mukdarda we ýokary hilli önümleri öndürmek üçin bu pudagyň ähli mümkinçilikleri bar.
Ýurdumyzyň himiýa senagatynda uglewodorod serişdeleriniň gaýtadan işlenmegi netijesinde, mineral dökünleri öndürmek, pudagyň öndürýän ýokary hilli önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny artdyrmak boýunça hem zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleri has-da netijeli dowam etmek maksady bilen, biz Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumyny açyp, ulanmaga berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz 2011-nji ýylyň ýanwar aýynda bu kärhananyň düýbüniň tutulyp, onuň gurluşygyna badalga berlendigini ýatlatdy.
Milli Liderimiz özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy barada aýdyp, bu ýerde gysga wagtyň içinde ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylyp, umumy bahasy bir milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan döwrebap kärhananyň bina edilendigini belledi. Bu kärhana ýurdumyzyň alyp barýan özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydyr. Toplumyň gurluşygy Türkiýäniň «Rönesans» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi.
Täze zawodlar toplumy Ýaponiýanyň dünýäde meşhur «Kawasaki» we «Sojitz» kompaniýalarynyň, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Germaniýanyň we Niderlandlaryň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Bu kompaniýalar täze kärhananyň gurluşygyny bellenen möhletde we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde uly möçberli işleri amala aşyrdylar. Döwrebap zawodlar toplumynda ýylda 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid dökünleri öndürer diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kärhanada öndüriljek ýokary hilli önümler daýhanlarymyza bereketli toprakdan bol hasyl almaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge ýardam berer. Dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleriň belli bir möçberi bolsa, daşary ýurtlara iberiler. Bu bolsa, döwletimize gelýän daşary ýurt pulundaky girdejileriň möçberiniň has-da artmagyna getirer.
Täze zawodlar toplumynyň işe girizilmegi ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwürmäge gönükdirilen syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny dowam edip, şu gün Mary şäherinde kuwwaty sagatda 146,7 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň hem dabaraly ýagdaýda ulanmaga beriljekdigini habar berdi.
Umumy bahasy 421 million 500 müň amerikan dollaryna barabar bolan bu elektrik stansiýasyny Türkiýäniň «Çalyk Enerji» kompaniýasy gurdy. Bu kuwwatly elektrik stansiýasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «General Electric» kompaniýasynyň hem-de Germaniýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi döwletimizde öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga, netijede bolsa ýurdumyzyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Bu stansiýada öndüriljek elektrik energiýasynyň belli bir möçberlerini daşary ýurtlara ibermek hem göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, döwletimize daşary ýurt pulunda gelýän girdejileriň möçberleriniň artmagyna getirer diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şeýle hem, biz şu gün welaýatda söwda ulgamyny has-da ösdürmäge uly itergi berjek köpugurly bazary dabaraly açarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Umumy bahasy 114 million manada golaý bolan döwrebap bazar 50 gektar meýdany tutýar. Bu bazar Mary welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan guruldy. Bazar jemi 32 binadan we birnäçe desgalardan ybarat bolup, bu ýerde 250-den gowrak dükan, müňe golaý söwda bölümi işlär. Döwrebap bazarda ýokary hilli azyk önümleri, egin-eşik, hojalyk we senagat harytlary, şeýle hem beýleki dürli harytlar halkymyza elýeterli bahalardan hödürlener.
Hormatly Prezidetimiz sözüni dowam edip, şu gün Mary şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine görk goşýan 350 orunlyk täze myhmanhananyň hem dabaraly ýagdaýda ulanmaga beriljekdigini aýtdy.
Umumy bahasy 47 million 600 müň amerikan dollaryndan gowrak bolan bu myhmanhananyň gurluşygyny häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda Türkiýäniň «Sedaş» kompaniýasy ýerine ýetirdi. Täze myhmanhanada ähli oňaýly şertler göz öňünde tutulan 178 sany dürli otag ýerleşýär. Bu döwrebap myhmanhanada 350 orunlyk restoran, dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen mejlisler zaly, sport zaly we beýleki zerur üpjünçilik ulgamlary bar. Ähli amatlyklary bolan bu ajaýyp myhmanhanada welaýata gelýän myhmanlara ýokary hilli hyzmat ediler, olaryň oňat dynç almagy üçin ähli şertler dörediler.
Mary welaýatynda täze desgalaryň ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýetimizi ýokary depginler bilen ösdürmäge, welaýatda haryt bolçulygyny döretmäge, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu desgalaryň işe girizilmegi bilen 1200-e golaý täze iş orunlary dörär. Iň esasy zat bolsa, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisini berkarar döwletimiziň baş baýramy – beýik Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk baýramy bilen, şeýle hem welaýatda täze, döwrebap desgalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşy dabara gatnaşyjylaryň ählumumy ruhubelentligini döretdi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Türkmenistanyň Prezidenti zawodyň esasy girelgesine tarap barýar we bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el-çarpyşmasy astynda toý bagyny kesýär. Gyzlar ajaýyp gül desselerini gowşuýarlar.
Soňra milli Liderimiz elektromobilde zawodlaryň dolandyryş merkezine tarap ugraýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň içine girýär. Bu ýerde milli Liderimizi dolandyryş merkeziniň hünärmeni garşylaýar. Monitoryň uly ekranynda dabara gatnaşyjylara wideofilm görkezildi. Onda täze önümçilik, zawodlaryň tehnologiýa yzygiderlikleri, täze taryhy eýýamda gazanylan ägirt uly üstünlikler, şol sanda himiýa senagatynda ýetilen belent sepgitler barada jikme-jik gürrüň berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň kararyna laýyklykda ýylda 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürýän zawodlaryň gurluşygyny Türkiýäniň “Renaissance” kompaniýasy amala aşyrdy. Ýaponiýanyň “Kawasaki Plant Systems Ltd” hem-de “Sojitz Corporation” kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen taslamalary düzmek, enjamlary getirmek we tehniki maslahatlar barada şertnama baglaşyldy.
Toplum döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi, önümçilikde öňdebaryjy tehnologiýalar, has takygy “MW Kellog Ltd” amerikan kompaniýasynyň ammiak önümçiligi tehnologiýasy, “Stamikarbon” golland kompaniýasynyň karbamid önümçiliginiň tehnologiýasy, “Uhd” golland kompaniýasynyň karbamidi digirlemek tehnologiýasy ulanyldy. Zawody elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin bug turbinaly generatory guruldy. Önümçilik “Mitsubishi Heavy Industries” ýapon kompaniýasynyň esasy goýberiş enjamlary arkaly herekete getirilýär.
Häzirki wagtda bar bolan şeýle desgalar bilen deňeşdirilende bu taslamanyň birnäçe artykmaçlygy bar. Seçilip alnan tehnologiýalar elektrik energiýasyny sarp edilişiniň we önümçilige sarp edilýän serişdeleriň azalmagyna ýardam edýär.
Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmegiň strategiýasy soňky ýyllarda ýerli çig maly has doly ulanmaga, pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, obasenagat toplumyny durnukly ösdürmäge gönükdirildi. Mineral dökünleriň önümçiligini giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi baý çig mal binýadynyň bardygy, içerki bazarda önümiň şu görnüşine islegleriň artýandygy, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliliginiň ýokarlanýandygy bilen baglydyr.
Türkmenistanyň serişdeler mümkinçilikleri mineral dökünleriň ähli görnüşlerini öndürmäge, ýurdumyzyň içerki isleglerini doly üpjün etmäge, şeýle hem olaryň eksport edilýän möçberini epesli artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bolmagy, azot dökünlerini, hususan-da, dökün hökmünde ulanýan karbamidi öndürmek boýunça kuwwatlyklaryň gurluşygynyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle hem karbamid agaç-süýümli plitalary öndürmekde we mebel önümçiliginde giňden ulanylýar. Karbamid ýylylyk elektrik stansiýalarynyň, kotelnýalaryň, zir-zibilleri ýakýan zawodlaryň tüsseli gazlaryny arassalamakda hem peýdalanylýar.
Ammiak himiýa senagatynyň möhüm önümleriniň hataryna girýär. Ol esasan hem azot dökünlerini (ammoniniň nitraty we sulfaty, karbamid) öndürmek üçin ulanylýar. Lukmançylykda hem giňden peýdalanylýar. Suwuk ammiak erediji hökmünde ulanylýar.
Obasenagat toplumynda özgertmeler maksatlaryna ýetmek üçin oba hojalygynyň ýokary netijeli mineral dökünleri bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ekinleriň hasyllygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge we maldarçylygyň hem-de guşçulygyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Bu kärhananyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň himiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny köp esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Munuň özi bolsa pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Bu ýerde öndüriljek karbamidiň 80 göterimini daşary ýurtly alyjylara ibermek meýilleşdirilýär.
Desganyň taslamasy düzülende ekologiýa meselelerine aýratyn üns berildi. Atmosfera zyňylýan gazlaryň ähli nokatlarynda gözegçilik serişdeleriniň bolmagy taslamada göz öňünde tutulan esasy talaplaryň biridir. Daşky gurşawa edýän täsir hem-de howanyň hili halkara kadalarynyň talaplaryna laýyk geler.
Ýurdumyzda öndürilýän dökünleriň möçberleriniň artdyrylmagy bilen birlikde, olaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça hem işler alnyp barylýar. Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň, şeýle hem Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawodyň gurluşygynyň alnyp barylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýygnananlaryň el çarpmagynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düwmäni basyp kärhananyň işe girizilmegine badalga berýär. Ýygnananlar ekranda zawodlaryň işe girizilmeginiň yzygiderliligine tomaşa edýärler.
Döwlet Baştutanymyz täze desga bilen tanyşmagyň barşynda ammiak we karbamid öndürýän täze zawodlar toplumynda çykarylýan ilkinji taýýar önümleriň sergisi – ammiak selitrasynyň, türkmen duzunyň, karbamidiň, “B” natriý sulfatynyň, tehniki ýoduň, bişofitiň, K-354 kysymly tehniki uglerodyň, lukmançylyk gipsiniň we beýlekileriň nusgalary görkezildi. Bu ýerde ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň himiýa kärhanalarynda öndürilýän meňzeş önümleriniň nusgalary görkezildi.
Milli Liderimiz dökünleriň häsiýetleri we olaryň ulanylýan ulgamlary, görnüşleri, hili hem-de artykmaçlyklary bilen tanyşdyryldy. Döwlet Baştutanymyz önümleriň görnüşleriniň birini içgin synlap, ony beýleki şeýle önümler bilen deňeşdirip gördi hem-de zawodda öndürilýän dökünleriň diňe bir Türkmenistanyň oba hojalygynyň hajattlaryny doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň dünýä bazarlaryna iberilmegini üpjün etjekdigini aýtdy.
Zawodyň işi bilen tanyşmagyny tamamlandan soň, milli Liderimiz hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desganyň açylmagy bilen ýygnananlaryň ählisini gutlap we zawodyň işgärlerine işlerinde üstünlikler arzuw edip, kärhana awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Muňa jogap edip, zawodyň işgärleri himiýa pudagyny ösdürmek meselelerine hemişe üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde täze uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Soňra milli Liderimiz Mary şäherindäki kiçi gazturbina elektrik stansiýasynyň çägine gelýär. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Şu günki waka mynasybetli elektrik stansiýasynyň çägi baýramçylyk lybasyna beslenipdir. Dabara gatnaşýan köp sanly adamlaryň öňünde döredijilik toparlary çykyş edýärler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň beýik gazananlaryny wasp edýän ruhubelent aýdymlar ýaňlanýar.
Döwlet Baştutanymyz dabaraly çärä başlamazdan öň, ilkinji nobatda, bu ýere gatnaşýan mährem enelerimiziň we hormatly ýaşulularymyzyň ýanyna baryp, olaryň her biri bilen saglyk-amanlyk soraşýar we şeýlelikde, ýaşlara uly nesle hormat-sarpa goýmagyň göreldesini görkezýär. Milli Liderimiz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, işe giriziljek täze gazturbina elektrik stansiýasyna tarap ugraýar.
Bu ýerde hormatly Prezidentimizi umumy kuwwaty 146,7 MWt elektrik energiýasyna barabar bolan täze DES-iň işgärleri mähirli mübärekleýärler. Täze desga “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy tarapyndan guruldy.
Mälim bolşy ýaly, inženerçilik-tehniki düzümini döretmegiň üstünde hünärmenleriň, inženerleriň, elektrikleriň, gurluşykçylaryň, jemagatçylaryň ýüzlerçesi zähmet çekdiler. Ençeme kilometre uzalyp gidýän aragatnaşyk, suw we lagym geçirijileri inženerçilik ulgamlarynda ýerleşdirilendir. Bina edilen desgalar elektroenergiýanyň eksportunyň geljegini nazarda tutup, welaýatyň ýaşaýjylarynyň zerurlyklaryny üpjün etmäge ukyplydyr.
Dabaraly ýagdaýda hemmeleriň el çarpyşmasy astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesip, kiçi gazturbina elektrik stansiýasynyň giň, ýagty eýwanyna girýär.
Dolandyryş merkeziniň hünärmenleriniň habar berşi ýaly, täze elektrostansiýa döwrebap tehnologik desgalaryň tutuş toplumyny emele egtirýär. Şol desgalaryň esasylary LM 6000 kuwwatly gazturbina enjamynyň üçüsi bolup durýar. “General Electric” (ABŞ) meşhur öndürijiden bolan ol enjamlaryň her biriniň kuwwaty azyndan 49 megawatta barabardyr. Häzirki zaman bu enjamyň ulanyşa girizilmegi bilen bir gije-gündizde 3 580 000 kWt/sagat töweregi elektroenergiýany öndürmäge mümkinçilik berer. Munuň özi ýurdumyzyň sarp edijileri elektroenergiýa bilen üpjün etmekden başga-da, ony eksport etmäge-de mümkinçilik berer.
Milli Liderimize täze desganyň tehniki häsiýetnamalary barada habar berip, bekediň hünärmenleri gaz paýlaýjy beketde gerekli derejesine getirilen tebigy gazyň çylşyrymly tehnologik işleriň netijesinde filtrler ulgamynyň üsti bilen turbinalaryň ýakylyş kamerasyna gelip gowuşýandygyny hem-de olary eredilen garyndynyň akymy bilen ugrukdyrylan herekete getirilýändigini nygtadylar. Turbinalaryň aýlanyş energiýasy onuň bilen baglanyşdyrylan toguň generatorlary arkaly elektroenergiýa öwrülýär. “General Electric” amerikan kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan gazturbinalaryň bu iş tehnologiýasy şu günki günde has netijeli, howpsuz we ekologiýa taýdan arassa bolup durýar.
Dolandyryjy işgärleriň iş otaglarynyň, şeýle hem elektrobekedi dolandyrmagyň esasy ulgamy ýerleşen elektrobekediň baş binasy barada aýtmak bilen, onuň dünýäniň öňdebaryjy beýleki öndürijilerinden bolan iň döwrebap kompýuter ulgamlary we dürli tehniki enjamlar bilen üpjün edilendigi nygtaldy. Bu tehnika bekediň hünärmenlerine gazturbina bloaklaryň hem-de paýlaýjy enjamlaryň işine takyk gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ol bolsa dürli kuwwatlykdaky elektroenergiýany bermegi, şeýle hem gaz turbina enjamlaryna arassalanan we ýyladylan tebigy gazy berýän gaz peseldiji awtomatik beket arkaly dolandyrmagy üpjün edýär.
Elektrobekediň ygtybarly işini ýokarlandyrmak üçin tehnologiýa tarapyndan onuň ätiýaçlyk, suwuk ýangyçda ulanylmagy göz öňünde tutulandyr. Şu maksat bilen energetika toplumynyň çäklerinde zerur bolan möçberlerde dizel ýangyjyny saklamak üçin göwrümler bina edilendir. Munuň özi tebigy gazyň turbina enjamlaryna gelmeginde näsazlyk dörän halatlarynda hem elektroenergiýany üznüksiz çykarmagy üpjün eder.
Bu ýerde ýokary tehnologik elektroenjamlary üçin aňrybaş şertler döredilipdir, emeli howa ýagdaýy saklanylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň elektrobeket bilen tanyşdygynyň barşynda hünärmenler milli Liderimize önümçilikleriň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandygyny hem-de awtomatlaşdyrylan ulgamlary goşmak bilen işgärleriň işlemegi üçin iň amatly şertler döredilen energetika pudagynyň şunuň ýaly döwrebap desgasyny bina etdirendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.
Dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyz düwmä basyp, bilen täze elektrobekedi işe girizýär. Bu ýerde oturdylan ekranlarda turbinalaryň şekili peýda bolup, onda kiçi gazturbina elektrobekediniň kem-kemden kuwwatlanyp barşyny synlamak bolýar.
Milli Liderimiz tehnologiki amallara üns bilen syn edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaklaýyn taslamala amala aşyrylanda iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri ulanmagyň ýurdumyzyň energetika ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtap, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Özüni elektrik energiýasy bilen doly üpjün edýän hem-de elektrik energiýasyny daşary ýurtlara iberýän Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň düzüminde ýurdumyzyň energetika pudagynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan Marynyň Döwlet elektrik stansiýasyndan başga-da, Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkanabat, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda işe girizilen döwrebap we kuwwatly elektrik stansiýalary hereket edýär. Maryda ammiak we karbamid öndürýän täze zawodlaryň toplumy ýaly, täze gaz turbinaly elektrik stansiýanyň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge mümkinçilik döreýär.
Täze taryhy eýýamda önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny tizleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik we uzakdangörüjilik syýasaty netijesinde ýurdumyzda strategik pudaklaryň, şol sanda energetika senagatynyň kuwwatly ösmegi üçin zerur bolan hemme şertler döredilýär. Bu gün türkmen elektroenergetikasy ösüşiň durnukly ýokary depginlerini görkezýär hem-de dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän elektroenergiýanyň eksportuny artdyrmaga ukyplydyr. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gysga möhletlerde gurlan kuwwatly elektrobeketleriň we täze elektrogeçirijileriň işleriniň netijesinde pudagyň ençeme esse artan kuwwaty diňe bir ýurdumyzyň ähli sarp edijilerini doly üpjün etmän, eýsem-de, türkmen elektroenergiýasyny beýleki ýurtlara ibermäge mümkinçilik berýär.
Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Gani Ahmadzaýyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň mundan beýläk-de goňşy döwlete ýakyndan goldaw bermäge, şol sanda anyk taslamalary durmuşa geçirmek arkaly ýardam bermäge ygrarlydygy nygtaldy. Şol taslamalaryň hatarynda iri elektroenergetika düzüminiň gurluşygy blen baglanyşykly taslama bar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz elektrik geçiriji ulgamyň şu ýylda Owganystanyň serhedine çenli eltiljekdigini, munuň bolsa bu ýurda ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberiniň artdyrylmagyna mümkinçilik berjekdigini belledi.
Milli Liderimiz elektrik stansiýasy bilen tanyşlyk tamamlanandan soňr, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz täze gazturbina elektrobekediniň işgärleri bilen hoşlaşyp we olara işlerinde üstünlik arzuw edip, haly ýodasyndan baryp, özüne garaşyp duran awtoulagyna münüp, indiki desga tarap ugrady.
... Dabaranyň boljak ýerinde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Täze eýýamyň ýylýazygysyna aýdyň sahypa bolup girjek şanly waka gatnaşmak üçin bu ýere köpsanly adamlar ýygnandylar. Ähli ýerde baýdaklar pasyrdaýar, Marynyň köpugurly bazary hakynda aýdyň maglumatlary berýän dürli şygarlar we bannerler goýlupdyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy bazaryň esasy girelgeçiniň öňünde saklanýar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Milli Liderimiziň öňünde sungat ussatlary şanly waka bagyşlanan aýdym-sazlary bilen çykyş edýärler. Edebi-sazly çykyşlarda halkymyzyň taryhynyň we türkmen halkynyň meşhur şahsyýetleriniň keşpleri janlandyryldy. Döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygy halkymyzyň ady rowaýata öwrülen ogullarynda jemlenendir, ata-babalarymyzyň wesýet eden ahlak, etiki, medeni gymmatlyklary nesilleriň ruhy dowamatlylygynyň esasyny düzýär.
Öz halkynyň abadançylygy üçin ömrüni bagyş eden şöhratly akyldarlar, şahyrlar, alymlar, gaýduwsyz esgerler we serkerdeler, adyl hökümdarlar milli taryhymyzda unudylmajak yz galdyrdylar, şonuň üçin hem asyrlaryň dowamynda halkyň hakydasynda ýaşan olaryň keşbi biziň günlerimizde hem özleriniň bütin gujur-gaýraty we döredijilik ruhy bilen örboýuna galýar.
Aýdyň aýdym-sazly, tansly çykyşlary Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň başyny başlan we ruhlandyryjysy türkmen Liderine bagyşlanan aýdymlar jemleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary şanly waka bilen gutlap, toý bagyny kesýär we bazaryň çägine girip, 50 gektardan ybarat bolan bu toplumy synlaýar.
Bazaryň binasynyň ýanaşyk ýerlerinde agaç nahallary oturdylypdyr, özboluşly bezegdäki çyralar we oturgyçlar, dynç alynýan telärler gurnalypdyr.
Marynyň häzirki zaman köpugurly bazary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilipdir. Bazar özboluşly binagärlik keşbinde gurlupdyr we ägirt uly haly gölüniň şekilini aňladýar. Bazaryň merkezinde maglumat beriji mahabat enjamy bolup, onda söwda nokatlarynyň ýerleşýän ýerleri görkezilýär.
Milli Liderimiz bazaryň binasynyň içine girýär we söwdanyň guralyşy, alyjylar we satyjylar üçin döredilen şertler, dükanlaryň daşky bezegi, şeýle hem tekjelere çykarylan harytlaryň giň görnüşleri bilen tanyşýar.
Bazaryň çäkleri ýöriteleşdirilen söwda zolaklaryna bölünipdir, olaryň her biri harytlaryň belli görnüşlerini satmak üçin niýetlenendir. Yssy howa şertlerini göz öňünde tutmak bilen söwda toplumy bina edilen wagtynda çalt zaýalanýan önümleri saklamak üçin zerur şertleriň döredilmegine aýratyn üns berlipdir. Munuň üçin ýörite sowadyjy enjam göz öňünde tutulypdyr.
Bazar toplumyna 2 restoran, 4 kafe, söwda nokatlarynyň 1750-si, dükanlaryň 223-si, azyk we senagat harytlary üçin ýörite ammarlary bolan iri dükanlaryň 32-si we beýlekiler girýär. Bu ýerde şeýle hem awtoulaglary satmak üçin bazarlar we beýleki binalar bar.
Türkmenistanyň Prezidenti halk senetkärliginiň önümleri görkezilýän söwda zolagyna tarap ugraýar. Bu ýerde gündogar bazaryna mahsus bolan şagalaň höküm sürýär, satyjylar yzyny üzmän, öz satýan harytlaryny—ölçegleri we bezegleri boýunça köp dürli nepis halylary, possunlary we ajaýyp nagyşly milli donlary, horjunlary we zenanlar üçin torbajyklary, silkme telpekleri hem-de dürli nagyşly tahýalary, el bilen tikilen gaýyş ädikleri, ýüň joraplary, ajaýyp nagyşly el işlerini, inçelik bilen ýerine ýetirilen zergärlik şaý-seplerini hem-de saz gurallaryny, halk äheňlerinde öwüşgin çaýylan dürli görnüşli sowgatlyklary we oýnawaçlary yzyny üzmän ussatlyk bilen mahabatlaýarlar.
Milli Liderimiz gadymy usullary ulanmak arkaly şaý-sepleri taýýarlaýan we satýan zergär bilen söhbetdeş boldy. Ol bu çeper senediň inçe tilsimlerini öwrenýän çagalary barada buýsanç bilen gürrüň berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz satýan harytlaryny şahyranalyk we dilewarlyk bilen öwgüsini ýetirip, biri-birleri bilen şorta sözler arkaly degşip, alyjylaryň ünsüni özüne çekmäge çalyşýan satyjylaryň işleýişlerini üns bilen synlaýar. Şunda bazaryň ähli künjeklerinde aýdym-saz owazlary, şadyýan sesler, gülküler... ýaňlanýar.
Bu ýerde şeýle hem ussat halk senetkärleriniň hödürleýän önümleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň halkara ykrarnamasyna eýe bolan ýokary hilli önümleriniň söwdasy guralypdyr.
Şol ýerde şeýle hem egni horjunly ýaş ýigide gabat gelmek bolýar. Ol gadym döwürlerde bolşy ýaly, bazaryň çäklerinde aýlanyp, bu ýere gelýänlere süýji naz-nygmatlary hödürleýär.
Ähli ýerlerde garpyzlar, gawunlar, kädiler we sahawatly türkmen topragynda kemala gelýän beýleki bakja önümleri bilen doldurylan arabalaryň setiri goýlupdyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow azyk harytlaryny ýerlemäge niýetlenen söwda bölümine barýar, bu ýerde hödürlenýän dürli görnüşli harytlary synlaýar. Olaryň hilleri we aýratynlyklary, söwdanyň guralyşy bilen gyzyklanýar. Satyjylar bilen söhbetdeş bolýar.
Söwda bölümleriniň tekjelerinde sahawatly türkmen topragynyň eçilýän dürli görnüşli gök önümleri we miweler: ýaňyja ekin meýdanyndan ýygylyp getirilen hyýarlar we pomidorlar, gülgün öwüşginli almalar we armytlar, kelem we şugundyr, kartoşka satyjylara hödürlenýär. Bu ýerde täze ýygnalan gök önümlerinden başga-da, dürli islegleri kanagatlandyryp biljek gaplanan önümler hem bar. Olaryň ýanynda daşary ýurtlardan getirilen dürli sitrus önümleri hem goýlupdyr. Bu ýerde alyjylara täze öndürilen et önümleri, guradylan miweler we beýleki süýji önümleri hödürlenýär.
Täze bazaryň tekjeleriniň dürli harytdan doly bolmagy ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilendiginiň aýdyň beýanydyr, bu Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Çörek önümleri satylýan dükan munuň mysaly bolup biler. Onda çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşleri, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän beýleki harytlar bar. Şol sanda süýt önümleri, ösümlik ýaglary we beýlekileriň dürli görnüşleri, dürli miwe içgileri bar.
Hormatly myhmanlary düz-çörek bilen garşylamk türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däbidir. Şu gün hem myhmnlara tagamly türkmen çöregi, pişme, külçe we beýleki milli tagamlar hödürlenildi.
Türkmen döwletiniň Baştutany bazar bilen tanyşlygyň barşynda satyjylar bilen gürrüňdeş bolýar, önümleriň hili we olaryň nyrhlary bilen, şeýle hem iň häzirki zaman täze söwda merkezinde döredilen zähmet şertleri bilen gyzyklanýar. Bazaryň işgärleri milli Liderimize täze gündogar bazarynda öndürijilikli işlemek, önümleri üstünlikli ýerlemek üçin ähli şertleriň döredilendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.
Göwnejaý enjamlaşdyrylan, estetiki taýdan özüne çekiji söwda tekjelerindäki harytlaryň bollugy Diýarymyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny döredýän ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň ýeten sepgitlerini doly görkezýär, olar öňdebaryjy tehnologiýalary we iň gowy dünýä tejribesini özleşdirýärler. Söwda zallarynyň ajaýyp bezegi we möçberleri alyjylara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyryp, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň nobatdaky subutnamasy boldy.
Hödürlenýän harytlaryň dürli görnüşleri Mary şäheriniň ýaşaýjylaryna bir söwda nokadynda önümleriň zerur bolan doly toplumyny satyn almaga mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, söwda toplumynda edara binalary, kömekçi we ammar jaýlary ýerleşýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde alyjylar üçin döredilýän amatlyklar bilen bir hatarda toplumyň işgärleri üçin hem-de hyzmat ediş ulgamynyň işgärleri üçin hem oňyn şertler döredilipdir. Bazaryň yzygiderli bökdençsiz işlemegi üçin niýetlenen tehniki desgalaryň hem ulgamy döredilipdir.
Häzirki zaman bazary şu günüň harytşynaslyk çözgütlerini we gadym döwürlerde Türkmenistanyň ähli çäklerinde emele gelen köp sanly kerwensaraýlardan miras galan gündogaryň gaýtalanmajak özboluşly öwüşginlerini özünde jemleýär we myhmansöýerligiň hem-de ösen söwdanyň nyşany bolup hyzmat edýär.
Täze köpugurly bazaryň şeýle hem welaýatyň ajaýyp syýahatçylyk künjegine öwrüljekdigine şübhe ýokdur. Sebäbi jahankeşde dünýäniň islendik ýurduna baranda halkyň medeniýetini we durmuş ýörelgesini öwrenmegiň iň gowy usulynyň bazara baryp görmekdigini bilýär. Şunda eger-de bu ýurduň Gündogarda ýerleşýändigini nazaarda tutanyňda, bazar diňe bir söwdalaryň geçirilýän ýörite çägi bolmak bilen çäklenmän, eýsem gadymy däp-dessurlaryň we halkyň gaýtalanmajak aýratynlyklary saklanyp galynýan künjekdir.
Täze bazary synlamagyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli mary şäherinde täze desgalaryň we binalaryň ulanmaga berilmegine gatnaşýan daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Türkieli žurnalistlere ýüzlenip türkmen tarapynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana ilkinji saparyna türkmen tarapynyň uly ähmiet berýändigi barada aýtdy. Türkmen Lideri Türkmenistanyň Türkiýe bilen netijeli syýasy, söwda-ykdysady, medeni hyzmatdaşlygyň mundan beýläkuä-de ösdürilmegini maksat edinýändigini we şol hyzmatdaşlygyň many-mazmunynyň “Iki döwlet – bir millet” diýen şygarda öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz hormatly myhmanlar üçin Kitapda ýadygärlik ýazgysyny galdyryp, täze söwda toplumynyň açylmagy bilen ýygnananlary ýene bir gezek gutlady we olar bilen mähirli hoşlaşyp, täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi hem-de nobatdaky desganyň 350 orunlyk “Mary” myhmanhanasyna tarap ugrady.
Prezidentiň awtoulagy bellenilen ýere – dolandyryş merkeziniň Murgap derýasynyň kenaryndaky seýilgäh zolagynda gurlan täze, kaşaň “Mary” myhmanhanasynyň ýanyna gelýär.
Dört gektardan gowrak meýdanda ýerleşýän döwrebap myhmanhana toplumyny gurmak boýunça uly möçberli taslama “Sedaş Inşaat A.Ş.” türk kompaniýasynyň we ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bilelikdäki tagallalary arkaly “Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyna goldaw bermegiň we ony ösdürmegiň 2011- 2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” we "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde guruldy.
Mälim bolşy ýaly, Gadymy Merwiň çäginden irki döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollary geçip, Gündogaryň we Günbataryň halklayryny, Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrypdyr hem-de ýurdumyzyň çäklerinden daşarda-da baý taryhy-medeni mirasy bilen belli bolupdyr. Häzirki wagtda-da ol köp sanly ildeşlerimiziň we daşary ýurtly myhmanlaryň, şol sanda alymlaryň türkmen topragynyň gadymy taryhy we ruhy-medeni ýörelgeleri bilen tanyşmak isläp, dünýäniň dürli künjeklerinden adaty syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Bularyň arasyndan gadymy Goňurdepe şäheriniň ýerleşen ýerini, asyrlaryň dowamynda ylmyň we sungatyň merkezi hökmünde meşhur bolan hem-de UNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawuna goşulan Gadymy Merwiň ýadygärliklerini görkezmek bolar. Şeýle hem ajaýyp ahal-teke bedewleri, gözelligi bilen haýran galdyrýan el halylary, örän köp tebigy baýlyklar hem-de “rowaýatlaryň, şemallaryň we pisse tokaýlyklarynyň ýurdy” diýlip tanalan meşhur Bathyz tebigy goraghanasy gelenleriň ünsüni çekýär.
Şoňa görä-de, myhmanhanalar toplumyny kämilleşdirmek, myhmanlary göwnejaý kabul edip, ýokary halkara ülňülerine laýyklykda serwis we syýahatçylyk hyzmalaryny etmek, dynç alýanlara, şeýle hem syýahatçylara oňat hilli serwis hyzmatlaryny hödürlemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde syýahatçylyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ýöredýän döwlet syýasatynyň wajyp ugrudyr. Diňe bir Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň özünde döwrebap myhmanhanalaryň ulgamynyň, şol sanda göwnejaý şertleri döredip, gelenlere oňat hilli hyzmat edýän “Sanjar” we “Marguş” myhmanhanalarynyň işi ýola goýuldy.
Mary şäheriniň şanyna at dakylan täze myhmanhana hem gözelligi we ähli oňaýlyklary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki oý-pikirleri we milli binagärligiň gadymy ýörelgelerini özünde jemläp, welaýatyň myhmanhanalar düzüminiň üstüni ýetirdi hem-de dolandyryş merkeziniň çalt depginde täzelenilýän keşbiniň bezegini artdyrdy.
350 adamy kabul etmek üçin niýetlenen “Mary” myhmanhana toplumy şäheriň merkezi böleginde ýerleşýär. Soňky ýyllarda bu ýerde Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň belent binasy, Ruhyýet Köşgi, welaýat kitaphanasynyň, Gurbanguly Hajy baş metjidiniň, Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň binalary, “Bagt köşgi” gurlup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp alamatlaryna öwrüldi.
Şu waka mynasybetli 7 gatly täze “Mary” myhmanhanasynyň merkezi girelgesiniň öňündäki bezelen meýdançada döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşýan köp sanly adamlar garşylaýar. Milli lybasly gyzlar türkmen Liderine ajaýyp güýz gülleriniň desselerini gowşurýarlar.
Ýaş nesliň wekilleri dabara gatnaşyjylary dünýäniň dürli dillerinde mübärekleýärler.
Sungat ussatlarynyň döredijilik topary özboluşly folklor äheňlerini, milli sungatyň öwüşginlerini we häzirki döwürdäki täsirli keşpleri özünde jemleýän aýdym-sazly we tansly kompozisiýa bilen çykyş edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti artistlere täsirli çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly el çarpmagynda, esasy girelgäniň öňünde toý bagyny kesýär hem-de uly hrustal lýustra bilen yşyklandyrylan zala girýär.
Milli Liderimiz myhmanhananyň dolandyryjysy bilen gürrüňdeş bolup, dynç alýanlara hyzmat etmegiň guralyşy bilen gyzyklandy, halkara ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilendigini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmek maksady bilen, iň oňat dünýä tejribesini mundan beýläk-de öwrenmek bilen syýahatçylyk pudagyny we myhmanhana işewürligini ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti toplumyň abadanlaşdyrylmagy bilen gyzyklanyp, onuň üpjün edilişini, myhmanlar üçin hyzmatlaryň guralyşyny, işgärleriň iş şertlerini synlap, myhmanlar üçin niýetlenen otaglary synlaýar.
Myhmanhanada dynç almak, şeýle hem işewürlik duşuşyklaryny we dürli forumlary geçirmek, uly wekiliýetleri kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Birinji gatda giň we bezelen eýwanlar, degişli wideo we aragatnaşyk ulgam bilen üpjün edilen mejlisler zaly, Internet-kafe, bank hyzmatlarynyň berjaý edilýän ýeri, 350 orunlyk restoran ýerleşýär.
Şeýle hem bu ýerde kosmetiki hyzmatlary berjaý etmek boýunça otaglar, bedeni taplamak üçin niýetlenen hem-de trenažýorlar we sport esbaplary bilen enjamlaşdyrylan fitnes-zal, üsti ýapyk suwa düşülýän howuz, şeýle hem dynç alýanlara Türkmennistanda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan bejeriji çaýlary we içgileri hödürleýän bar ýerleşýär.
Myhmansöýer türkmen topragy barada ýatlama hökmünde syýahatçylara amaly-haşam sungatyna degişli eserleri hödürleýän dükanlaryň ikisi işleýär, bularda elde dokalan ajaýyp haly önümlerini we sowgatlyklary, zenanlaryň kümüş şaý-seplerini satyn almak bolar.
Myhmanhanada amatly nomerleriň 150-ä golaýy, şol sanda lýuks derejeli nomerleriň 23-si, şeýle hem başga otaglar bar, bularda ýaşaýanlaryň özlerini amatly duýmagy üçin göwnejaý şertler döredildi. 6-njy gatdaky otaglar aýratyn hormatly myhmanlary kabul etmek üçin niýetlenendir.
Derejesine garamazdan, ähli otaglar myhmanhana serwisine degişli halkara ülňülerine laýyk gelýär, bularda adamlary kabul etmek, ýatmak, suwa düşünmek üçin niýetlenen otaglar bolup, bular haýyrlanylýan peýdaly meýdanyň ölçegleri boýunça bir-birinden tapawutlanýar. Ýaşalýan otaglarda mini-bar ýerleşýär, içerki telefon aragatnaşygy işleýär. Jaýlarda mikroklimat, howany tämizlemek we yşyklandyrmak boýunça ulgamlar bar.
Jaýlardaky enjamlar we timarlamak üçin ulanylan materiallar, santehnika, owadan parket, kowrolin, oboýlar, dokma önümleri we beýleki materiallar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri tarapyndan taýýarlanyldy.
Bu ýerde, täze myhmanhanada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy we “General Electric” kompaniýasynyň ýokary ýolbaşçysy, “General Electric Power & Water” kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlar boýunça Prezidenti Rikardo Kordobany kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de ýüzbe-ýüz duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, myhmanlar Mary şäherinde täze gazburbina elektrobekediniň üstünlikli ulanyşa girizilmegi bilen döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutladylar.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan döwletiň durmuş-ykdysady ösüşinde haýran galdyryjy üstünlikleri bilen bütin dünýäde uly gyzyklanma we ykrarnama eýe bolýar. Türkmen Lideriniň goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, ýer ýüzüniň ähli döwletleri bilen hem giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli alyp barmagyň netijesinde işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda ýurdumyzda özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalaryň durmuşa geçirilişine özleriniň saldamly goşantlaryny goşmaga ymtylýan türk we amerikan kompaniýalary bilen ýygjam işewür gatnaşyklar pugtalanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özlerini ygtybaly we jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde görkezen daşary ýurt kompaniýalarynyň ählisi bilen Türkmenistanyň uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny nygtady. Iň oňat dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary çekmäge uly üns berilýän milli ykdysadyýeti toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm ugurlarynyň biri ýurduň kuwwatly ýeke-täk energetika ulgamyny döretmek bolup durýar. Bu bolsa tutuş ýurduň senagatlaşdyrylmagyny tizleşdirmegiň wajyp alamaty bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunda türk we amerikan hyzmatdaşlara, hususan-da, “Çalyk Holding” we “General Electric” kompaniýalaryna iri taslamalaryň, şol sanda türkmen paýtagtyny elektroenergiýa bilen durnukly üpjün etmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek ynanyldy.
Duşuşygyň barşynda türk işewüri Ahmet Çalyk döwlet Baştutanymyza ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Ahal welaýatynda kiçi gazturbina elektrobekediniň gurluşygynyň öňe ilerleýşi barada hasabat berdi. Bu işe dünýäniň öňdebaryjy elektroenergetika enjamlaryny öndürijileri, şol sanda “General Electric” amerikan kompaniýasy bilelikde gatnaşýar.
Şu babatda döwlet Baştutanymyz Marynyň energetika institutynyň binýadynda iň gowy daşary ýurt hünärmenlerini çekmek arkaly ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ägirt uly geljegi bolan ösüşi bilen baglylykda zerur bolan ýokary derejeli milli inžener-tehniki işgärleriň köpsanlysyny taýýarlamagyň wajypdygyny aýratyn belledi.
Öz gezeginde, jenap Rikardo Kordoba “General Electric” kompaniýasynyň hünärmenleriň diňe bir ýerinde okadylmagyna däl, eýsem, nazary bilimlerini iş ýüzünde ABŞ-da kämilleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyna türkmen Liderini ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda myhmanlar bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, özleriniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň öz üstüne alan ähli hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra milli Liderimiz “Kawasaki Plant Systems Ltd” hem-de “Sojitz Corporation” ýapon kompaniýalarynyň we “Renaissance” türk kompaniýasynyň wekillerini kabul etdi.
Işewürler wagt tapyp, kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz kompaniýalarynyň geljegi uly işewür hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Myhmanlaryň belleýişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän oýlanyşykly syýasat Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini hem-de halkara giňişliginde onuň aýbraýynyň artmagyny şertlendirdi.
Kompaniýalaryň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny we häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän möhüm taslamalaryň birnäçesiniň esasy gurluşyk potratçysy hökmünde çykyş etmegi hormat-sarpa hasaplaýandyklaryny nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini, bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň üstünlikli durmuşa geçirilendigini belläp, ýurdumyzda gurulýan täze desgalaryň her biriniň ähli babatda ýokary talaplara laýyk gelmelidigini aýratyn nygtady. Bu babatda işe oýlanyşykly we döredijilikli çemeleşmek hem-de innowasion tehnologiýalary ulanmak esasy görkezijileriň biri bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Häzirki wagtda gurulýan binalaryň we desgalaryň ählisi Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrülip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hyzmat etmelidir. Şunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlara bildirilýän esasy talabyň guruşyk işleriniň öz möhletinde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglydygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Işewürler bildirýän ynamy hem-de ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumyny gurmak bilen bagly iri möçberli taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we döwlet Baştutanymyzy öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalarynyň ählisini mynasyp ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.
Duşuşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.
Myhmanhananyň binasynyň daş-töwereginde dynç alyş zolagynyň ýerleşýändigini, bu ýerde telärleriň, gül ekilen ýerleriň we otluk meýdanlaryň, gezelenç edilýän ýodalaryň bardygyny bellemelidiris. Saglyk üçin peýdaly diýlip hasaplanýan sport meýdançalary, tennis oýnalýan kordlar, şeýle hem myhmanlaryň göwnejaý dynç almagy üçin niýetlenen kafe, howuz, gijesine yşyklandyrylýan suw çüwdürimleri, awtoulaglar üçin üsti ýapyk duralgalar myhmanhana toplumynyň daşky düzüminiň üstüni ýetirýär.
Toplumda myhmanhana hojalygynyň hereket etmegi üçin zerur bolan desgalar – özbaşdak işleýän ýyladyş ulgamy, arassa suw saklanýan uly gaplar, transformatorly podstansiýa, inženerçilik desgalary oýlanyşykly ýerleşdirilipdir.
Milli Liderimiz mähirli garşylandyklary üçin myhmanhananyň işgärlerine minnetdarlyk bildirip we olara işlerinde üstünlik arzuw edip, ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de bu ýerden ugrady.
...Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap durmuş-ykdysady, inžener-tehniki, ulag-aragatnaşyk we söwda-hyzmatlar düzümini döretmek boýunça toplumlaýyn işler barha giň gerime eýe bolýar, iri desgalaryň onlarçasy guruldy. Şol desgalaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, multimediýa enjamlar bilen üpjün edilen mekdepler, döwrebap çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary, zawodlar we fabrikler bar. Täze durmuş ýurdumyzyň ähli uly we kiçi şäherlerine hem-de obalaryna gelýär. Olar tutuş ýurdumyz bilen birlikde tanalmaz derejede özgerýär.
Mary şäherindäki täze desgalaryň ilatymyzyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdigini bellemelidiris. Ähli welaýatlaryň ykdysadyýetini toplumlaýyn ösdürmek we diwersifikasiýa etmek welaýatlarda ilkinji nobatdaky wezipeleriň biri bolup durýar. Bularyň ähli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garaşsyz ata Watanymyzda mundan beýläk-de rowaçlyk gazanylmagy, mähriban halkymyzyň bagtýar durmuşy ugrunda aamala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň miwesi bolup durýar.