Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Dongil Construction Corp.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Dongil Construction Corp.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 795
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Dongil Construction Corp.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Koh Jae-ili kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip we pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi ýetip gelýän şanly sene--Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Koh Jae-il özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, soňky döwürde Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde uly öňegidişligi gazanyp, halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolan kuwwatly, gurply döwlete öwrülendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz iri koreý işewürliginiň wekiline hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistanyň öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga we iň gowy dünýä tejribesini çekmäge aýratyn üns berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Dongil Construction Corp.” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berip, özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini we olaryň anyk netijeleri ugur edinýändigini kanagatlanmak bilen belledi.

Koh Jae-il bildirilýän ynam üçin hoşallyk bildirip, Aşgabady gurmagyň 15-nji nobatdakysynyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Bu taslama paýtagtymyzda medeni- durmuş maksatly täze desgalaryň iri toplumynyň bina edilmegini göz öňünde tutýar. Taslamada ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň buýurmasy boýunça ýokary amatlykly binalaryň özboluşly toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu toplumda adamlar üçin ähli amatlyklar dörediler.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslama bilen tanşyp, bu babatda, düzedişlerini girizip, anyk tekliplerini we maslahatlaryny aýtdy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri üpjün etmek üçin zerur bolan inženerçilik-tehniki düzümi, hususan-da, energiýa üpjünçiliginiň ygtybarly ulgamyny nazara almak bilen hiç bir zady ünsden düşürmezligiň, şeýle hem abadançylyk kadalarynyň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle taslamalar işlenip taýýarlananda we durmuşa geçirilende uzak möhletli geljegi nazarda tutup, innowasion tehnologiýalardan we ylmyň iň oňat gazananlaryndan ugur almak zerurdyr. Şu babatda döwlet Baştutanymyz suw bilen üpjünçilik meselesi çözülende biziň şertlerimizde gün energiýasy ulgamyny peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Tebigy gözelligi, binagärlik we inžener-tehniki pikirler babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini iş ýüzünde ýerlikli ulanmak barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz iň döwrebap tehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar, şeýle hem ýerli toprak, howa şertlerini nazarda tutýan çözgütleriň peýdalanylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz koreý hyzmatdaşlarynyň hödürlän taslamasyna birnäçe düzedişleri girizip hem-de bellikleri we teklipleri aýdyp, ähli taslamalar amala aşyrylanda öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirleriň we innowasion tehnologiýalaryň, şeýle hem oýlanyşykly, toplumlaýyn we ulgamlaýyn çemeleşmeleriň esasy ugur bolup hyzmat etmelidigini ýene-de bir gezek nygtady. Hormatly Prezidentimiz täze binalaryň we desgalaryň keşbinde we bezelişinde häzirki zaman binagärliginiň iň oňat milli däpleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň ähli teklipleriniň we pikirleriniň göz öňünde tutuljakdygyna, hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çynlakaý we jogapkärli çemeleşiljekdigine hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz we myhman hoşlaşanlarynda özara bähbitler esasynda durmuşa geçirilýän ähli meýilnamalaryň we bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli öňe ilerlejekdigine ynam bildirdiler.