Ï Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy

view-icon 1009
24-nji oktýabrda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-özbek duşuşygy bolar, oňa gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça düýn agşam Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen geldi.

Ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine soňky ýyllarda ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde – iri halkara guramalarynyň we sebitdäki abraýly düzümleriň çäklerinde dostlukly iki döwletiň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Milli Liderimiz Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlar bilen asyrlarboýy dowam edýän dostlukly hem-de hoşniýetli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň Türkmenistanyň oňyn bitaraplyga, parahatçylygy söýüjilige hem-de özara bähbitli giň hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlary biridigini belleýär.

2013-nji ýylyň noýabrynda türkmen Lideriniň Özbegistana resmi sapary ýurdumyzyň ýakyn goňşular bilen dostlukly gatnaşyklaryň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ygrarlydygyny doly äşgär etdi.

Şonda ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen döwletiniň Baştutany Özbegistanyň Türkmenistan üçin möhüm ähmiýetli hyzmatdaşdygyny hem-de bu ýurt bilen gatnaşyklaryň strategiki geljegi göz öňünde tutmak arkaly guralýandygyny aýtdy. Şunda köptaraplaýyn, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň diňe bir iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, sebit we halkara derejesindäki ýagdaýlaryň barşyna-da möhüm ähmiýetli, oňyn täsirini ýetirýändigi bellenildi.

Goňşy iki ýurduň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Islam Karimowyň nobatdaky duşuşygy Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, häzirki döwre mahsus şertlerde asyrlarboýy dowam edýän mizemez dostlugyň hem-de doganlygyň berk binýadyna hem-de taryhyň dowamynda türkmen we özbek halklarynyň kemala gelen medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanmak arkaly guralýan döwletara gatnaşyklarynyň hil taýdan baýlaşdyrylmagyny ugur edinýändigini göz öňünde tutanyňda, örän möhüm ähmiýete eýedir.

Muňa häzirki döwürde amala aşyrylan, şol sanda halkara derejesinde durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalar hem şaýatlyk edýär. XXI asyryň örän uly taslamasyny – Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurulmagyny we üstünlikli ulanmaga berilmegini muňa aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Şol gaz geçiriji Özbegistanyň çäginden-de çekildi.

Häzirki wagtda ulag ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek üçin örän oňaýly mümkinçilikler bar. Türkmenistan we Özbegistan geografiki taýdan täsin galdyrýan çäklerde ýerleşip, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlar boýunça üstaşyr tebigy geçelgelere eýedir. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň barşynda taraplar täze Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar ulag-üstaşyr geçelge baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdylar we ony başlangyç hökmünde öňe sürdüler. 2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi, Özbegistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça ol Aşgabat Ylalaşygy diýlip atlandyryldy.

Köp ýyllaryň dowamyndaky tejribeden görnüşi ýaly, özara ynama we hormat goýulmagyna mahsus ýörelgeleriň berkidilmegi, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň halkara derejesindäki möhüm meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygy ýa-da bir-birine gabat gelmegi, netijeli syýasy gatnaşyklaryň sazlaşykly ýola goýulmagy bar bolan ykdysady bähbitler bilen birlikde, dürli ugurlarda we derejelerde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin örän oňaýly şertler döredýär.

Deňhukuklylyga, ynama we özara hormat goýulmagyna mahsus garaýyşlar esasynda guralýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine güýçli itergi bermek üçin gol çekilmegi göz öňünde tutulýan ikitaraplaýyn resminamalar hem iki ýurduň işjeň hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar.

Şeýlelikde, Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek şu duşuşyk doganlyk iki halkyň rowaçlygy, bagtyýarlygy we abadançylygy üçin serişdeler babatda hem-de senagat we aň-bilim taýdan bar bolan mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy maksat edinýän Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köpugurly hyzmatdaşlygynyň häzirki taryhynda nobatdaky möhüm sahypany açar.