Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Milli Liderimiz mejlisiň barşynda bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen ähli türkmenistanlylary ýetip gelýän baýramçylyk—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy bilen gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we rowaçlyk arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen wise-premýer S.Toýlyýewe söz berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer Aşgabat şäherinde Bilelikdäki türkmen-türk mekdebini gurmak hakyndaky kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada habar berdi. Şonda milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, potratçyny saýlap almak boýunça halkara bäsleşiginiň geçirilendigi aýdyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet serişdeleriniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň serişdeleriniň hasabyna deň derejede maliýeleşdiriljek täze desganyň hödürlenen binagärlik taslamasy görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda ähli ugurlar boýunça, şol sanda bilim ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Aşgabatda türkmen-türk mekdebiniň gurulmagy bu möhüm ulgamda üstünlikli ösýän netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasyna öwrüler we döwletara gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamany, umuman, makullady we degişli Karara gol çekip, wise-premýere gurluşyk işleriniň barşyna gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew 2015-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň hasabat bermegine görä, häzirki döwürde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde baş maliýe meýilnamasynyň taslamasyny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem geljek ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny işläp taýýarlamak doly tamamlandy. Hasabatyň barşynda esasy makroykdysady görkezijileriň, jemi içerki önümiň, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň garaşylýan möçberleri hakynda doly maglumat berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Döwlet býujeti hakyndaky Permanyna laýyklykda, 2015-nji ýylyň ýanwar aýyndan aýlyk haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim möçberde artdyrmak göz öňünde tutuldy.
Şeýle hem wise-premýer bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy, döwlet durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň ösdürilmegine gönükdirilmegi meýilleşdirilýän maliýe serişdelerini paýlamak meseleleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň sebitlerini özgertmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ägirt uly möçberdäki maliýe serişdelerini gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli ykdysady strategiýanyň, maliýe-ykdysady, býujet-salgyt we pul-karz syýasatynyň ýörelgelerini äşgär edýän Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň düzülmegine oýlanyşykly çemeleşilmegi Türkmenistanyň durmuş, ykdysady we medeni ösüşini şertlendirdi hem-de türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 2015-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hödürlenen taslamasyny umuman oňlap, milli Liderimiz bu resminamany Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, durmuş we ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada aýtmak bilen, parlamentiň komitetlerinde täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän namalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Deputatlar ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri bilen arkalaşykly hereket edip, ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirýärler hem-de saýlawçylaryň tekliplerini we isleglerini öwrenýärler.
Şu ýylyň iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine täze kanunçylyk taslamalaryny girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentara gatnaşyklary boýunça başlangyçlarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, jemgyýetiň syýasy we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, raýatlyk edaralarynyň ornuny pugtalandyrmak ýaly meslelere deputatlar düzüminiň ünsüni çekdi. Kanunçylyk işiniň tutuş ulgamy jemgyýetiň gyzyklanmalaryna laýyk gelmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentiň baş maksadynyň tutuş ilatyň bähbitleriniň döwletimiziň durmuş ulgamynyň kanunçylyk taslamalarynda öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.
Milli hukuk ulgamynyň tejribesine dünýäniň öňdebaryjy ülňüleriniň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz milli kanunçylygyň we halkara kadalarynyň sazlaşygyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyyklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Aşgabatda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän köpçülikleýin dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, şäheriň baýramçylyk bezeginde häzirkizaman tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şanly senäniň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dörediji syýasatynyň daşyna has-da jebisleşmegine, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine täze üstünliklere beslenmegine gönükdirilendigini nygtady. Bu barada aýtmak bilen. milli Liderimiz şanly baýramçylygymyza taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly ähli meseleleri gözegçilikde saklamagy we degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy.
Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere türkmen paýtagtynyň ýurdumyzyň okgunly ösüşini, batly depginlerini alamatlandyrmak bilen, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelerde hemişe öň hatarda bolmagyny üpjün etmek, şäheriň abadanlaşdyrylyşy we düzümleriniň döwrebaplaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeler hem-de olary berjaý etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem oba hojalygynda möhüm möwsümleriň, şol sanda pagta ýygymynyň, tohumlyk pagta çigidini taýýarlamagyň, Mary we Balkan welaýatlarynda gant şugundyryny ýygnamak işlerine görülýän taýýarlyk işleriniň barşy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, häzirkizaman obasenagat düzümini kemala getirmekde iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzda azyk bolçylygynyň üpjün edilmegine we bu toplumyň eksport babatdaky mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen maksatnamanyň käbir ugurlar babatda durmuşa geçirilişi çaltlandyrylmalydyr.
Milli Liderimiz pagta ýygymyny öz möhletinde we agrotehniki kadalara laýyk derejede tamamlamak, güýzlük bugdaýa göwnejaý idegi üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmäge pudagyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgiz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny netijeli özleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimizde möhüm orny eýeleýändigini bellemek bilen, bu toplumyň kärhanalarynyň öňünde tebigy gazyň, nebitiň we nebit önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyny, bu önümlere bolsa içerki bazarda hem, daşarky bazarda hem islegiň barha ýokarlanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere nebitgaz senagatynyň ähli kuwwatlyklaryny peýdalanmak, şol sanda häzirki zaman düzümlerini döretmegiň we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna durmuşa geçirmek babatynda birnäçe anyk tabşyryklar berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şu döredijilik çäresiniň çäklerinde türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, sungat ussatlarynyň konsertleri, Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklar hem-de beýleki çäreler guralar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary şeýle hem Kazan şäheriniň muzeýlerine, iri medeni merkezlerine we taryhy ýerlerine baryp görer.
Wise-premýer Türkmenistanda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyryljak esasy dabaralaryň maksatnamasy barada hem habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Tatarystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, bu çäräniň çäklerinde halkymyzyň milli mirasynyň we sungatyň ösüşiniň häzirki ugurlarynyň görkezilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle gumanitar özara alyşmalar medeni däpleri baýlaşdyrýar, halklaryň ruhy özboluşlylygyna düşünmäge we oňa sarpa goýmaga, dürli ýurtlaryň döredijilik wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmekde şeýle medeni çäreleriň ähmiýetini belläp, öňümizdäki uly baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda hem anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryň hakyky türkmen toýuna mahsus häsiýetde geçirilmelidigini, olaryň raýatlarymyzda ýatdan çykmajak täsir galdyrmalydygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän milli ykdysadyýetimiziň senagat pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, mineral dökünleriniň, şol sanda karbamidiň öndürilişini artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň düzüminde ammiak we karbamid önümçiligi boýunça zawodlar toplumynyň işe girizilmegi ýokary hilli azot dökünlerine ýurdumyzyň içerki bazarynyň isleglerini doly kanagatlandyryp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna göniden-göni täsir eder. Karbamid dökünleriniň köp bölegi eksporta ugradylar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, senagat toplumyny ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň baş maksadynyň halkyň abadançylygyny, sebitleriň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny mundan beýläk-de ösdürmegi üpjün etmek bolup durýandygyny nygtady. Himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny, şol sanda halk hojalygynyň isleglerini ýokary hilli mineral dökünler bilen üpjün etmäge gönükdirilen täze desgalaryň gurluşygyny mundan beýläk-de çaltlandyrmak wezipeleriniň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz pudagyň eksport mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow şu ýylyň dekabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda senagat edarasynyň we Mejlisler merkeziniň Aşgabatdaky binalar toplumynda hemişelik hereket edýän haly sergisini guramaga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, halylaryň sergisini guramak üçin diwarlyklar ulanylar, şeýle hem binada halylary degişli derejede saklamak üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Söwda-senagat edarasynyň we Mejlisler merkeziniň täze binalarynyň enjamlaşdyrylyşy boýunça birnäçe maslahatlary berdi hem-de haly sergisiniň toplumyň hakyky bezegine öwrelmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara bähbitli halkara söwda-ykdasady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurt öndürijileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň täze mümkinçiliklerini öwrenmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bu ýokary tizlikli awtoulag ýoluny halkara ölçeglerine laýyklykda gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni we maslahat beriji kompaniýa bilen bilelikde, bu ýoluň oňaýly tehniki ölçegleri kesgitlenilendigi aýdyldy. Şeýlelikde, awtoulag ýolunyň umumy ini 34,5 metre, ýoluň her bir gatnaw bölegi 16,25 metre, arasyndaky kesiji zolagy 2 metre barabar bolar.
Hormatly Prezidentimiz ýol gurluşygy boýunça amala aşyrylýan maksatnamada bellenilen ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, ýollary döwrebaplaşdyrmagyň we täze ýollary gurmagyň ýokary hilli bolmagyny, onuň göwnejaý ýagdaýda saklanmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere awtoulag ýollarynyň gurluşygy babatda birnäçe tabşyryklary berip, gatnawlaryň köpugurly içerki ulgamyny döretmek, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak, şeýle hem döwletimiziň üstaşyr geçirmek boýunça mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýol ulgamynyň ösdürilmegine toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmäniň wajypdygyny belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýere “Aşgabat-Türkmenbaşy” awtoulag ýolunyň gurluşygy boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" ýurdumyzyň energetika pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, elektrik energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hem-de Eýran Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini we gymmatyny kesgitlemek barada gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen, “Eýran Yslam Respublikasyna elektrik energiýasy ibermek baradaky şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakyndaky” Karara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli pudaklarda işleriň barşy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” transmilli demir ýolunyň türkmen-eýran böleginiň birleşdirilmegine bagyşlanan dabaraly çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem bu dabaraly çärä bagyşlanyp çykaryljak poçta markalarynyň dürli görnüşleri görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu wakanyň Ýewraziýadaky üstaşyr-ulag kommunikasiýalaryny döretmegiň we olardan netijeli peýdalanmagyň, sebitdäki we yklymdaky ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmegiň ýolunda örän möhüm ähmiýetli ädimi alamatlandyrýandygyny belledi. “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň “altyn halkasyna” öwrüljek täze demir ýol Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara ýükleriň ykdysady taýdan amatly daşalmagyny üpjün eder. Şeýle hem “Gündogar-Günbatar” ulag ulgamy, ýagny Hazaryň üsti bilen geçýän Hytaý-Orta Aziýa-Kawkaz-Ýewropa yklymara geçelgesi bilen baglanyşdyrylyp bilinjekdigini göz öňünde tutanyňda, onuň ulanmaga berilmegi möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Örän giň sebitleri we halklary kerwen ýollary bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürdäki nusgasyna öwrülen bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi netijesinde, ýurdumyzyň çäginden dünýäniň dürli künjeklerine uly möçberlerdäki ýükler daşalar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ýurtlarynyň taryhy senenamasyna ýazyljak bu wakanyň aýratyn ähmiýete eýedigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” transmilli demir ýolunyň türkmen-eýran böleginiň birleşdirilmegine bagyşlanan dabaraly çäreleriň ýokary derejede guralmagy boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2013-2017-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasyny iş ýüzünde amala aşyrmak we döwlet Baştutanymyzyň ozal berlen tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň we düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyny üstünlikli ösdürýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oňyn bitaraplygy, parahatçylygyk söýüjilige, giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyna mahsus ýörelgelere esaslanýan syýasaty amala aşyrmak arkaly, goňşy döwletler, şol sanda beýleki sebitinde ýerleşýän dürli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, halkara ölçegleriniň ulgamynda öz garaýyşlaryny berkitmek boýunça degerli çäreleri görýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz daşary syýasatdaky bu döredijilikli ugra eýerilmegini dowam etmegiň möhümdigini hem-de şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen stragiki hyzmatdaşlygyň, beýleki abraýly halkara guramalary bilen arkalaşykly hereket etmegiň möhüm ähmiýetli ugur bolup durýandygyny belledi.
Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary, şol sanda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň, ýokary derejeli beýleki uly forumlaryň münberinden öňe sürlen hem-de ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, sebit we ählumumy derejede yzygiderli ösüş boýunça oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilen netijelei başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da käbir möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.