Ï Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 800
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň belli “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Žil Remini kabul etdi.

“Sifalyň” ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyny ýetip gelýän ählihalk baýramçylygy – Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, tutuş türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Myhman häzirki döwürde dünýäniň, hususan-da, Ýewropanyň iri işewürlik toparlarynyň Türkmenistan babatda bildirýän isleginiň artýandygyny aýdyp, munuň sazlaşykly ösýän ýurduň örän uly ykdysady kuwaty, şeýle hem türkmen Lideri tarapyndan “açyk gapylar” syýasatynyň ýöredilmegi we maýa goýumlary babatda oňaýly ýagdaýyň döredilmegi bilen şertlendirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň belli kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändigini belläp, milli ykdysadyýetiň batly depgin bilen ösdürilmeginiň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary öndürijilikli tehnologiýalar we enjamlar bilen bagly islegiň artmagyny şertlendirendigini aýtdy. Türkmen döwletiniň Baştutany şuny göz öňünde tutmak arkaly, dünýäniň, şol sanda ösen bazar ykdysadyýetli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalara we köp sanly pudaklary üstünlikli ösdürmekde baý tejribä eýe ýurt hökmünde tanalýan Fransiýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklaryň sazlaşykly ýola goýulmagyna içgin üns berilýändigini aýtdy.

Taraplar Parižde Türkmenistanyň ykdysadyýet gününiň geçirilmeginiň we şonuň çäklerinde fransiýaly hyzmatdaşlara ykdysady we maýa goýumlary babatdaky mümkinçiliklerini äşgär etmek üçin biziň ýurdumyzyň gazananlarynyň sergisiniň guralmagynyň netijeli türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň senenamasynda taryhy taýdan wajyp ähmiýetli waka öwrülendigini bellediler. Ilkinji gezek geçirilen ikitaraplaýyn forum özara söwdanyň möçberleriniň artdyrylmagyna, dürli ugurlar boýunça tejribäniň we tehnologiýalaryň alşylmagynyň çaltlandyrylmagyna hem-de gyzyklanma bildirilýän täze we özara bähbitli taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna we bular boýunça işjeň gatnaşyklaryň ösdürilmegine badalga berdi. Şeýle çäreleriň peýdalydygyny göz öňünde tutmak arkaly, geljekde Fransiýanyň ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky gününi guramak göz öňünde tutulýar, munuň özi däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolar.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ileri tutulýan ugurlary we bilelikde işlemekde toplanan tejribäni göz öňünde tutmak arkaly, köp ýyllaryň dowamyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Örän möhüm ähmiýetli milli maksatnamalary amala aşyrmak Türkmenistanyň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde özüni tanadan kompaniýanyň ýolbaşçysy ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy barada aýtdy hem-de “Sifalyň” geljekde-de öz borçnamalaryny berjaý etjekdigine ynandyrdy.

Žil Remi ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna uly ynam bildirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu belli fransuz kompaniýasynyň ýöriteleşen möhüm ugurlarynyň birnäçesi boýunça Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin, özara bähbitli we işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.