Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi.
Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Garaşsyzlygyň şanly 23 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny gowşurdy.
A.Žilkin Astrahan oblasty bilen öňden gelýän türkmen-russiýa dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Türkmenistana ýene bir gezek gelip görmäge şatdygyny belledi, häzirki döwürde bu gatnaşyklar ykdysady taslamalary durmuşa geçirmekde, şeýle hem gumanitar ulgamda okgunly ösdürilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny mähirli kabul etmek bilen Türkmenistanda özara bähbitleri nazara almak arkaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeň ösdürilýän ygtybarly hyzmatdaşlar bolan goňşulary görmegiň hemişe ýakymlydygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Astrahan oblasty bilen däbe öwrülen dostluk we netijeli gatnaşyklaryň häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça işjeňleşýändigini aýdyp, Russiýanyň sebitleri we öňdebaryjy senagat, bilim hem-de medeniýet merkezleri bilen göni aragatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini nygtady.
Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny hasaba almak bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, Türkmenistanyň Baştutany we Astrahan oblastynyň ýolbaşçysy söwda, gämi gurluşygy, ulag we aragatnaşyk ulgamy ýaly hyzmatdaşlygyň iler tutulýan ugurlaryna ünsi çekdiler. Gumanitar gatnaşyklary, şol sanda bilim we işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşuygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Astrahan oblastyny baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň geljekde-de pugtalandyrylyp, Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam etjekdigine özara ynam bildirildi.