Ï Maslahat köşgündäki baýramçylyk konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maslahat köşgündäki baýramçylyk konserti

view-icon 874
Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen döwlet konserti beýik Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygynyň hormatyna ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň aýdym-sazly çykyşlara beslenýändigini alamatlandyrdy.

Garaşsyzlyk güni ýurdumyzyň baş baýramy bolmak bilen, mähriban Watanymyzyň her bir raýaty üçin örän ýakymlydyr we buýsançlydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly we öňdengörüjilikli içeri hem-de daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan häzirki döwürde uly halkara abraýa we parahatçylyk dörediji ýurt hökmündäki ykrarnama eýe bolan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Şeýlelikde, biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we ýer ýüzüniň ähli halklarynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygyň bähbidine ýola goýulýan giň halkara hyzmatdaşlygy üçin açykdyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzda guralýan her bir baýramçylyk, dabaraly çärä Garaşsyz türkmen döwletiniň durmuşynda ýaýbaňlandyrylýan ähli möhüm wakalara milli medeni öwüşgin çaýýan aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dabaralandyrylýar. Milli öwüşgine baý bolan aýdym-sazlar, tanslar halkyň abadançylygyny, Türkmenistanyň durnukly ösüşini, ýurduň ösüşiň belentliklerine bolan depginlerini äşgär edýär. Garaşsyzlyk güni Türkmenistanda has-da giň gerimde bellenilýär. Baýramçylyk dabaralarynda ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri we onuň ýeten derejesi, ägirt uly kuwwaty beýan edilýär. Şu gün Maslahat köşgünde geçirilen dabaralara gatnaşyjylar munuň şeýledigine ýene bir ýola göz ýetirdiler.


Aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edýänleriň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, daşary ýurtlaryň Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtda işleýän ilçileri, hormatly ýaşulular, ylmy we döredijilik wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, talyp ýaşlar we ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen wekiller bar. Şeýle hem konserte dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVII Maslahatyna gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen watandaşlarymyz, şu barýmaçylyk günlerinde ýurdumyza gelen köpsanly myhmanlar gatnaşdylar. Türkmen Milli konserwatoriýasynyň aýdymçylarynyň we birleşen horunyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Garaşsyz Watanym Türkmenistanym” atly aýdym ägirt uly baýramçylyk dabarasynyň başlangyjyna öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň başyny başlaýjy we ony esaslandyryjy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan “Akhanynda Arkadag!” atly edebi-sazly çykyş şowhunly konserti dowam etdi.

Şu gün Maslahat köşgüniň sahnasy sungatyň dürli görnüşleri boýunça yhlasyny gaýgyrmaýan artistler we beýleki sungat ussatlary üçin açyk boldy. Ýurdumyzyň meşhur toparlary, belli halk bagşylary, türkmen estradasynyň täze döreýän ýyldyzlary, şöhrat gazanan tans we folklor toparlary biri-biriniň yzyndan sahna çykyp, öz ussatlaryny görkezdiler. Döwlet konsertinde ýaşajyk artistleriň çykyşlaryna giň gerim berilmegi olaryň ussatlygynyň we zehiniň ykrar edilýändiginiň aýdyň alamatyna öwrüldi. Artistler özleriniň çykyşlary bilen tomaşaçylara örän täsrli hem-de köp manyly tomaşalary ýetirdiler. Olaryň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşylandy. Baýramçylyk konsertinde iň täze tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmagy çykyşlara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyna Garaşsyz Watanymyzy, mähriban topragymyzyň gaýtalanmajak gözelligini, adamzat gymmatlyklaryny wasp edýän etrada we halk aýdymlary, nusgawy sungatyň saýlanan eserleri, köp öwüşginli halk we häzirki zaman tanslary, wokal-horeografiýa hem-de edebi sazly çykyşlar girizildi. Olar türkmen sungatynyň baý mümkinçiliklerini beýan etdiler.

“Güneş” toparynyň ýaşajyk aýdymçylary, çagalar döredijilik toparlary, “Joşgun” we “Ruhubelent çagalar” tans toparlary baýramçylyk çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleri esasynda döredilen aýdym-sazly çykyşlar tolmaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Mälim bolşy ýaly, beýik akyldaryň 290 ýyllyk ýubileýi Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden bellenilýär. Meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň we Iogann Ştrausyň sazlary esasynda tans toparlary tarapyndan döredilen “Baýramçylyk walsy” has-da täsirli boldy.

Konsertiň ahyrynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen folklor toparlarynyň çykyşy boldy. Olaryň özboluşly sahna oýnunda milli däpler we ýagşy dessurlar öz beýanyny tapdy.

Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren “Garaşsyz Watan” atly aýdymy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen berk baglanyşykly ägirt uly üstünliklere bagyşlanan sena bolup ýaňlandy. Konserte tomaşa edenler ör turup, şowhunly el çarpyşmalaryň üsti bilen Garaşsyz Bitarap döwletimiziň Baştutanyna tutuş dünýäde parahatçylygyň berkarar bolmagy, türkmen halkynyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan ýadawsyz tagallasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.