Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Özbek Lideriniň Türkmenistana bu sapary mezemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazmaga gönükdirilendir. Taraplar şol gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça has-da işjeň ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler. Muňa ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli häsiýeti hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şol duşuşyklaryň her biri netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge anyk itergi berýär.
Irden belent mertebeli myhman özi üçin bellenilen kabulhanadan çykyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, merkezi girelgede Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowy Türkmenistanyň Prezidenti mähirli, doganlarça garşylady.
Iki ýurduň Liderleri dostlukly görşüp, “Oguzhan” zalyna geçdiler. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylanmak dabarasy boldy.
Bu ýerde nyzama duran hormat garawulynyň rota serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Belent mertebeli özbek myhmany Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam Karimow nyzama düzülen hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçýärler.
Türkmen Lideri Özbegistanyň Baştutanyny Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Prezident Yslam Karimow şeýle hem ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Öz gezeginde özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp boýunça resmi surata düşenlerinden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Yslam Karimowy ikitaraplaýyn duşuşyklar zalyna geçmäge çagyrdy. Şol ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.
Türkmen Lideri belent mertebeli myhmana resmi sapar bilen Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda möhüm ähmiýet berilýän bu saparyň iki döwletiň we halklaryň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 23 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglary üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň BMG, ÝHHG, GDA we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli özara hereket edýändiklerini belläp, türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň möhüm halkara hem-de sebit meseleleri, energiýa howpsuzlygy, ulag we beýleki pudaklara degişli meseleler boýunça çemeleşmeleriniň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini nygtady.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz türkmen-özbek söwda-ykdysady aragatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Muňa haryt dolanyşygynyň depginli ösüşi şaýatlyk edýär. Ulag ulgamynda, nebitgaz pudagynda, beýleki pudaklarda özara gatnaşyklar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda milli Liderimiz hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyna has netijeli herekete getirmegiň zerurdygyny nygtady. Bular barada hem şu günki gepleşiklerde gürrüň ediler. Ylym we medeniýet ulgamynda däp bolan ikitaraplaýyn özara gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir, sport we syýahatçylyk ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin oňat mümkinçilikler açylýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy. Şu babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam edýän Bilelikdäki hökümetara toparynyň netijeli işi bellenildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşine türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, belent mertebeli myhmana berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Türkmen Liderine göwnaçyk duşuşyk we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Prezident Yslam Karimow Aşgabada ýene-de gelip görýändigine örän şatdygyny belledi. Bu ýerde soňky ýyllarda türkmen paýtagtyna gelýän ähli myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan ägirt uly özgertmeler bolup geçdi. Bular barada aýtmak bilen, belento mertebeli myhman häzirki eýýamda Türkmenistanda amala aşyrylýan ýokary depginli özgertmeleriň diňe bir ýurduň baş şäherini öz içine alman, eýsem, şäherleriň we obalaryň keşbiniň özgerdilip, ägirt uly işler alnyp barylýan ähli sebitlerini hem gurşap alýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, Prezident Yslam Karimow Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbini kemala getirmekde türkmen döwletiniň Baştutanynyň başyny başlan meýilnamalarynyň we pikirleriniň geriminiň, öňdengörüjiliginiň we täzeçilliginiň deňsiz-taýsyzdygyny nygtady. Belent mertebeli myhman Aşgabadyň bu gün tanalmaz derejede özgerendigini belläp, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň mundan beýläk durmuşa geçirilmeginiň netijelerini öz gözi bilen görmek isleýändigini aýtdy.
Ýurdumyza bu saparynyň ähmiýeti barada aýdyp, özbek Lideri Özbegistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, barha artýan durnukly ösüş depginleriniň hem-de iki goňşy ýurduň ykdysadyýetleriniň özara üstüniň ýetirilýändigi nygtaldy. Bu bolsa özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şunda Prezident Yslam Karimow Türkmenistandan iberilýän taýýar önümleriň, senagat toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň netijesi bolan, öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda öndürilýän önümleriň ýokary hilini belledi. Ýokary tehnologiýaly iri önümçilikleriň gurulmagyny göz öňünde tutýan toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistanyň häzirki wagtda kuwwatly senagat döwletine öwrülýändigini nygtap, Özbegistanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu üstünlikler bilen gutlady. Şol üstünlikler türkmen Lideriniň alyp barýan ösüşlere beslenen özgertmeler syýasatynyň netijesidir.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag we aragatnaşyk pudagyny görkezip, Prezident Yslam Karimow sebit we yklym üstaşyp-ulag düzüminiň kemala getirilmeginde Türkmenistanyň aýratyn ornuny belledi hem-de biziň ýurdumyz tarapyndan başy başlanan ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary mysal hökmünde getirdi.
Şunda özbek Lideri Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň, beýleki möhüm maslahatlaryň münberinden beýan eden hem-de ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, şol sanda energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, sebit hem-de dünýä möçberinde abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen netijeli döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady. Şol başlangyçlary Özbegistan doly goldaýar.
Prezident Yslam Karimow pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy häzirki döwürde dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurdy hasaplanýan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 23 ýyllygy bilen mähirli gutlap, tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy.
Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi babatda onuň esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleleriň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady pudakda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek barada pikirlerini aýdyp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam Karimow şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz we möhüm düzüm bölegi bolan netijeli medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny bellediler.
Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Prezident Yslam Karimowy we Özbegistan Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň ählisini ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow barha ösýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.
Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, iki ýurt tarapyndan hyzmatdaşlyk etmegiň uly hukuk binýady toplandy, ähli meseleleri hoşniýetli dostlara we goňşulara mahsus bolan netijeli çözmäge ýardam berýän yzygiderli maslahatlaşmalar we geňeşmeler geçirilýär.
Hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça biz umumy dil tapýarys, özbek tarapyndan özara gatnaşyk etmäge düşünişmäni we taýýarlygy görýäris diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy. Türkmenistan muňa ýokary baha berýär hem-de bir-biregi goldamaga esaslanan şeýle ýörelgäni ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň doganlyk häsiýetiniň üýtgewsizdiginiň, türkmen we özbek halklarynyň bähbidine olary mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň özeni hasaplaýar.
Türkmenistan we Özbegistan özbaşdak daşary syýasatyny alyp barýarlar, bir-biregiň ileri tutulýan daşary syýasat ýörelgelerini we maksatlaryny kesgitlemekde özygtyýarly hukugyna, olary amala aşyrmagyň usullaryna we serişdelerine hormat bilen garaýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunda iki ýurt umumy garaýyşlaryny we ýörelgelerini birleşdirýärler. Olaryň esasynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak, halkara hukugynyň we BMG-niň Düzgünnamasynyň umumykrar edilen kadalaryna ygrarlylyk durýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan we Özbegistan sebitdäki ýagdaýy oňyn ösdürmäge, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bu ýerde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagyna ýardam etmäge garaýyşlarynda pikirdeşdir.
Sebitde parahatçylygy we durnuklylygy gazanmak işinde Birleşen Milletler Guramasyna, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezine aýratyn orun berilýär. Şu babatda türkmen döwletiniň Baştutany biz Owganystandaky ýagdaýa uly üns berýäris diýip aýtdy. Türkmen we özbek halklary Owganystany parahat, gülläp ösýän döwlet, hoşniýetli goňşy hem-de sebitiň ähli ýurtlarynyň hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýärler.
Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmagyň syýasy ugry barada aýtmak bilen, türkmen Lideri şu günüň hakyky ýagdaýlaryna esaslanan we uzakmöhletli geljege gönükdirilen netijeli syýasy-diplomatik serişdeleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunda abraýly halkara guramalaryna möhüm orun berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümlerini çalt dikeltmek, ýurdy sebit we dünýä ykdysady aragatnaşyklar ulgamyna goşmaga gönükdirilen ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy durmuş zerurlygydyr. Şulardan ugur alyp, Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu babatda Türkmenistandan owgan tarapyna ugur alan demir ýol gurluşygynyň başlanandygyny hem-de durmuşa geçirilmek taýýarlygy anyk iş tapgyryna gadam basan Türkmenistan-Owgangystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny bellemek gerek. Türkmenistanda täze elektrik beketleriniň işe girizilmeginiň hasabyna biziň ýurdumyz goňşy ýurda iberilýän elektrik energiýanyň möçberini ençeme esse artdyrmaga taýýardyr. Bu taslamalaryň ählisi Owganystandaky ýagdaýa oňyn täsir etmäge, onuň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň dikeldilmegine, parahat, döredijilikli durmuşyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
Durnukly energetika we energiýa howpsuzlygy ulgamyny halkara derejesindäki türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunda Özbegistanyň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalarynyň ikisiniň awtordaşy bolup çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi. Pursatdan peýdalanyp, türkmen Lideri şu meselede netijeli ýörelgesi üçin Özbegistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi.
Bu başlangyçlaryň ösdürilmegine Türkmenistan BMG-niň howandarlygy astynda halkara bilermenler toparyny döretmegi teklip edýär. Bu toparyň işiniň esasy maksady dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk guralyny işläp taýýarlamakdan ybarat bolar. Şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda bilermenler toparynyň birinji mejlisiniň geçiriljekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň wekillerini oňa gatnaşmaga çagyrdy.
Ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara derejesinde hem türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry ekologiýa meselesinde özara hereketler bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, türkmen Lideri Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de kämilleşdirmek ugrunda çykyş edýändiklerini nygtady. Bu gazna Aral ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlaryny gowulandyrmak babatda hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm sebitleýin düzüm bolup durýar. Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna onuň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde halkara derejesinde ýardam bermegiň netijeli boljakdygy bellenildi.
Iki ýurt üçin hem ýene-de bir umumy mesele BMG-niň çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyny amala aşyrmakdan ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň awgustynda Aşgabatda “Ýerleriň zaýalanmagyna ykdysady baha bermek” atly sebitara maslahaty geçirildi. Oňa Özbegistan işjeň gatnaşdy. Biz bu meselede mundan beýläk hem ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň işjeňleşdiriljekdigine umyt edýäris diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady.
Merkezi Aziýada suw-energetika meselesine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň eýerýän ýörelgesiniň bellidigini, onuň üýtgewsiz galýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyz halkara hukugynyň umumykrar edilen kadalary, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazarda tutmak we özara hormat goýmak esasynda hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda bu meselelere garalmagy we çözülmegi ugrunda çykyş edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmen Lideri köptaraply türkmen-özbek gatnaşyklarynda söwda-ykdysady aragatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň aýratyn orun tutýandygyny belläp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygy hakyky mümkinçiliklere we iki döwletiň anyk bähbidine laýyk gelýän derejä çykarmak üçin hemme şertlere eýedigini belledi. Bu ýerde iki tarapdan köne ýörelgeden saplanyp, başlangyçlar talap edilýän täze pikirler zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň üstünde çynlakaý işlemegiň wajypdygyny nygtady.
Şu babatda Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn söwda aragatnaşyklarynyň ýagdaýyna düýpli seljerişiň geçirilmegi, 2013-2017-nji ýyllarda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen Şertnamanyň we harytlaryň özara getirilmegi hakynda Ylalaşygyň ýerine ýetirilişine anyk baha bermek zerurdyr. Milli Liderimiz söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn toparyň bu meseleler bilen jikme-jik meşgullanjakdygyna umyt bildirýäris diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür jemgyýetçiliginiň ugry boýunça özara gatnaşyklara, telekeçileriň arasynda işewür gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly umyt bildirilýär.
Iki ýurduň ykdysadyýetleri depginli ösýär, önümçilige we hyzmatlar ulgamyna bazar usullary yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu mümkinçilikleri peýdalanmagyň, bilelikdäki taslamalara, giň kooperasiýa ýol açmagyň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz, hususan-da, syýahatçylyk pudagyna ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, Hazaryň türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň iri möçberli we geljegi uly maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Munuň özi bilelikdäki maýa goýum taslamalary üçin uly mümkinçilikleri açýar. Olaryň durmuşa geçirilmegi üçin türkmen tarapy özbek işewürlerine hemme şertleri döretmäge taýýardyr.
Energetika we ulag ýaly strategik pudaklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň degişli ugurlarda sebit we yklym derejesinde taslamalara üstünlikli goşulyşmagy iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösüşinde onlarça ýyl öňünden öňegidişligi üpjün etmäge ukyplydyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça täze gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Türkmen döwletiniň Baştutany biziň ýurtlarymyz Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda strategik taýdan ähmiýetli geografik ýagdaýy eýeleýär, bu bolsa ulag-üstaşyr ugurda, halkara ulag geçelgeleriniň taslamalaryny amala aşyrmakda ýakyn hyzmatdaşlygyň zerurlygyny şertlendirýär diýip belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi – Günorta Kawkaz ugry boýunça Gruziýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň Gara deňizdäki portlaryna çykýan geçelgäni döretmek boýunça bilelikdäki işlere gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistan we Özbegistan 2011-nji ýylyň aprelinde gol çekilen Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar ugry boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Ylalaşyga gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şol Ylalaşygyň Özbegistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça “Aşgabat Ylalaşygy” diýlip atlandyrylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamany iş ýüzünde amala aşyrmagyň tapgyrynyň başlanýandygyny aýdyp, degişli ugurda bilelikdäki işleri giňeltmegi, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesine gatnaşýan döwletleriň ulag, gümrük we beýleki gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşykda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirmegi teklip etdi.
Taraplaryň, däp bolşy ýaly, medeni – gumanitar gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýändigini aýtmak bilen, milli Liderimiz geçen ýyl bu ugurda iki ýurduň hökümetleriniň arasynda 2014-2016-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekilmeginiň bu ugurda möhüm tapgyr bolandygyny belledi. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Baştutany arheologiýa, etnografiýa, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň çäklerinde ýerleşýän gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç, Hywa, Buhara hem-de Samarkant, beýleki taryhy ýadygärlikleri wagyz etmek babatda özara gatnaşyklaryň maksatnamalary barada oýlanmagyň maksadalaýyk boljakdygy hakynda pikirini beýan etdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda we Özbegistanda iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertlerini geçirmek, özara esasda halkara döredijilik festiwallaryna gatnaşmak asylly däbe öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň şeýle duşuşyklary dowam etmegi we giňeltmegi isleýändigini aýtdy.
Iki döwletiň arasynda sport boýunça hyzmatdaşlyga berilýän möhüm ähmiýet barada aýtmak bilen, türkmen Lideri 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belledi. Şunda Türkmenistan özbek hyzmatdaşlarymyz bilen iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlyk görmek we geçirmek tejribesini alyşmaga gyzyklanma bildirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemlemek bilen, Türkmenistanyň Özbegistany öz ýakyn dosty hem-de ygtybarly hyzmatdaşy, döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde, sebit hem-de dünýä syýasatynyň beýleki möhüm meselelerinde öz pikirdeşi hasaplaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany Özbegistanyň Prezidenti Yslam Karimowa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek işine goşýan uly goşandy, türkmen-özbek hyzmatdaşlygy meselelerine yzygiderli berýän ünsi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanyň wekiliýetiniň şu saparynyň türkmen döwletiniň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününi bellemäge taýýarlyk görýän döwrüne gabat gelmeginiň çuňňur manysynyň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Yslam Karimow türkmen Liderini we Türkmenistanyň ähli halkyny bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady.
Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, Özbegistan Türkmenistana amala aşyrylýan bu resmi sapara iki döwletiň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli, okgunly ösdürmegiň ýolundaky möhüm tapgyr, taraplaryň hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýar. Özbegistan Respublikasynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dostluk gatnaşyklaryna, medeni we ruhy gymmatlyklaryň we däpleriň umumylygyna ýokary baha berýärler, olar biziň doganlyk halklarymyzy gadym döwürlerden bäri baglanyşdyrýar diýip, goňşy ýurduň Baştutany aýtdy.
Özbek tarapynyň netijeli döwletara gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklamak bilen, Prezident Yslam Karimow goňşy Özbegistanda Bitarap Türkmenistanyň çuňňur oýlanyşykly daşary syýasy ugruny hemmetaraplaýyn goldaýandyklaryny, ýurdy döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga, milli ykdysadyýetiň täze pudaklaryny döretmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler ýolunda gazanan üstünliklerine guwanýandyklaryny aýratyn belledi. Şol öňdengörüjilikli maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň biziň ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýynyň has-da artmagyny şertlendirýändigini aýdyp, belent mertebeli myhman häzir Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda beýik işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Deňi-taýy bolmadyk özgertmeler we gazanylan uly üstünlikler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Özbek Lideriniň kanagatlanma bilen, nygtaýşy ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini, şeýle hem ara alnyp maslahatlaşylan ähli möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça nukdaýnazarlaryň we çemeleşmeleriň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini tassykladylar. Şunda Prezident Yslam Karimow Özbegistanda BMG-niň, GDA-nyň, Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň çäklerinde Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Belent mertebeli myhman owgan meselesini gozgamak bilen, Türkmenistanyň anyk taslamalary amala aşyrmak, durmuş taýdan möhüm düzümi döretmek arkaly goňşy Owganystanda parahatçylygyň dikeldilmegine, onuň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna uly goşant goşýandygyny aýtdy.
Sebitde suw-energetika meseleleri boýunça Türkmenistanyň ýöredýän ugruny makullamak bilen, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV sammitinde we Hazar deňzinde özara gatnaşyklara degişli, şol sanda sebitara ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyklary işläp taýýarlamak babatda öňe süren başlangyçlaryny goldady.
Şunuň bilen bir hatarda, belent mertebeli myhman Özbegistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegini goldandygy, şu ýylyň 28-nji oktýabrynda Ürgenç şäherinde açylýan Aral deňzinde sebit taslamalaryny amala aşyrmagyň meseleleri boýunça halkara maslahatyna gatnaşmak kararyna gelendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirýändigini aýtdy.
Söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda ikitaparaplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ägirt uly ähmiýeti barada aýtmak bilen, Prezident Yslam Karimow halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň möhümdigini belledi. Şol geçelgeler sebitiň döwletleriniň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin uly mümkinçilikleri üpjün eder we umuman alnanda, yklymara hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döreder. Belent mertebeli myhman sözüni dowam edip, bu çäreleriň netijesinde demir ýol arkaly daşalýan ýükleriň möçberiniň artýandygyny, munuň bolsa halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artýan möçberleri aýdyň görkeziji bolup durýar diýip, özbek Lideri belledi.
Prezident Yslam Karimow medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi. Bu ugurda degişli hökümetara maksatnamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Özbegistanyň Baştutany şu günki geçirilen gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirip, türkmen Liderine mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Prezident Yslam Karimow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna gelip görmäge çagyrdy.
Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ugurlar arkaly ylalaşylar.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Ylalaşyga, oba hojalygy üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny, tehnikalaryny we enjamlaryny ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2015-2016-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna, Aral deňzi sebiti ýurtlaryna kömek etmek barada alnyp baryljak işleriň Maksatnamasynyň üçünji tapgyryny netijeli durmuşa geçirmek babatda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda bilelikdäki işleriň Meýilnamasyna gol çekilýär.
Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimow Bilelikdäki beýannama gol çekýärler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyna bardylar. Bu ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejedäki Aşgabat duşuşygynyň netijelerini jemläp, geçirilen gepleşikleriň netijeli we baý mazmunly bolandygyny aýtdy. Şol gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy hem-de geljegi, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki gatnaşyklaryň anyk ugurlary kesgitlendi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň türkmen-özbek gepleşiklerine mahsus bolan özara ynanyşmak, açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçip, olaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Özbegistan bilen gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlarboýy dowam edip gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, umumy taryhymyz, medeniýetimiz, dillerimiz, ruhy gymmatlyklarymyz baglanyşdyrýar diýip, türkmen Lideri bu baýlygy aýawly saklamagyň, şu günüň talaplaryna gabat gelýän täze mazmun bilen baýlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
Özbegistan sebitde biziň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Biz Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, dürli ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmek işinde işjeň gatnaşyklary saklaýarys. Ýurtlaryň ikisi-de öz syýasatyny hoşniýetli goňşçulyk, parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň özygtygtyýarlylygyny hormatlamak we içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgeleri esasynda gurýar.
Geçirilen gepleşikler şeýle hem iki ýurduň sebitdäki oňyn ýagdaýlara, sebitiň ösmegine we rowaçlanmagyna ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady. Şol bir wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýata, neşe söwdasyna garşy durmak meselelerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge doly taýýardyrlar diýip, türkmen Lideri şeýle hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde durnuklylygy saklamakda uly orun eýeleýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmagyň ýollary babatda iki ýurduň arasynda özara düşünişmegiň bardygyny belledi. Türkmenistan hem, Özbegistan hem owgan meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly halkara guramalarynyň işjeň goşulmagy bilen çözmek ugrunda çykyş edýärler. Häzir Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini çalt dikeltmek, goňşy ýurduň sebit we dünýä gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak zerur bolup durýar.
Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalary amala aşyrmaga aýratyn ähmiýet berýär diýip, türkmen Lideri belledi. Bu Türkmenistandan başlap, owgan ugry bilen uzalyp gidýän demir ýoluň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistanda täze energetika kuwwatlyklary işe girizmek bolup durýar. Şolaryň hasabyna goňşy ýurda iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberleri birnäçe esse artar.
Gepleşikleriň barşynda durnukly energetika we energiýa howpsuzlygy babatda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna uly üns berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň geljegi hakynda ýörelgeleriň we düşünjeleriň meňzeşdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany Özbegistanyň Prezidentine şu meselede netijeli nukdaýnazary, energetika howpsuzlygy babatda biziň ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryna berýän yzygiderli goldawy üçin minnetdarlyk bildirendigini aýtdy. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, taraplar degişli ugurda ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem halkara derejede, ozaly bilen BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etmek hakynda ylalaşdylar.
Ekologiýa we tebigaty goramak babatda ýakyn gatnaşyklary dowam etmek hakynda hem ylalaşyk gazanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda ýurtlaryň ikisiniň hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek ugrunda çykyş edýändiklerini belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Türkmenistan gaznanyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny amala aşyrmakda, halkara derejesinde ýardam edilmegi netijeli bolar diýip hasaplaýar.
Gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýada suw-energetika meseleleriniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdyldy, şunda Türkmenistanyň nukdaýnazarynyň mälimdigi, onuň üýtgewsiz bolup galýandygy bellenildi. Biziň ýurdumyz şol meseleleriň umumylykda ykrar edilen halkara hukugynyň kadalarynyň, sebitiň ähli döwletleriniň birek-birege hormat goýmagy we bähbitleriniň nazara alynmagy esasynda halkara guramalarynyň gatnaşmagynda çözülmegi ugrunda çykyş edýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, haryt dolanyşygyny artdyrmagyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek bilen, Türkmenistan we Özbegistan iki ýurduň işewürlik bileleşikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklady.
Taraplar strategik ugurlar bolan energetika we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça täze gaz geçirijiniň taslamasyny amala aşyrmaga uly ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Biziň ýurdumyz Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi-Günorta Kawkaz geçelgesi-Gara deňiz ugry boýunça geçelgäni döretmek babatda bilelikdäki işlere taýýardyr. Şunda türkmen Lideri Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar ulag geçelgesini döretmek boýunça 2011-nji ýylda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň zerurdygy barada pikirini beýan etdi.
Türkmenistanyň Baştutany gepleşikleriň jemini jemläp, taraplar iki doganlyk halky baglanyşdyrýan hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däplerine, taryhy ýakynlyga daýanýan medeni-gumanitar ulgamda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirmek bilen, durli ugurlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy boýunça şu gün gol çekilen resminamalaryň möhümdigini belledi.
Şu günki gepleşikleriň iki ýurduň hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge ygrarlydygyny tassyklandygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Baştutany Özbegistanyň halkyna parahatçylyk we rowaçlyk, döredijilikli zähmetinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy, mähirli kabul edilendigini, Özbegistanyň adyna aýdylan mähirli sözler üçin hoşallyk bildirdi. Goňşy döwletiň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, özbek tarapy bu sapara iki doganlyk halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň netijesi, ýokary derejedäki netijeli gepleşikleriň dowamy hökmünde garaýar.
Şu saparyň türkmen halkynyň baş baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda bolup geçmeginiň çuňňur manysy bar diýip, belent mertebeli myhman belledi. Prezident Yslam Karimow pursatdan peýdalanyp, bu beýik taryhy sene mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini beýan etdi. Şunda özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň uly hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde baýramçylygyň öň ýanynda ony Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bolan “Mustakillik” ordeni bilen sylaglamagyň özünde uly kanagatlanma duýgusyny döredýändigini belledi.
Açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň netijelerini teswirlemek bilen, Prezident Yslam Karimow olaryň nobatdaky gezek Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň ählisi boýunça diýen ýaly nukdaýnazarlarynyň, garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini, taraplaryň uzakmöhletleýin bähbitleriň we strategik ugurlaryň bitewüligine özara ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady diýip belledi.
Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, Özbegistan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oýlanyşykly daşary syýasy ugruny yzygiderli goldaýar, türkmen döwleti sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp düzmäge uly goşant goşýar. Bu döredijilikli strategiýa Türkmenistanyň we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara giňişliginde uly abraý gazanmagyny şertlendirdi diýip, özbek Lideri belledi.
Özbegistanda ykdysady we durmuş ulgamlarynda ösüşiň ýokary depginlerini, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda uly üstünlikleri gazanýan Türkmenistanyň ýeňişlerine tüýs ýürekden guwanýarlar diýip , Prezident Yslam Karimow belledi. Dostlukly döwletiň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak, şeýle hem köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Iki ýurduň belli bir ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän geňeşmeleri dowam etmäge, BMG-niň, GDA-nyň, YHG-niň we beýleki abraýly guramalarynyň çäklerinde, halkara giňişliginde gabat gelýän bähbitleriň esasynda özara goldaw bermegi we umumy tagallalary utgaşdyrmagy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Yslam Karimow Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak meselesine degip geçmek bilen, biziň ýurtlarymyzyň ýakyn goňşular hökmünde owgan halkynyň parahat we durnukly durmuşa bolan islegini goldaýandygyny belledi.
Özbegistan Respublikasynyň Baştutanynyň habar berşi ýaly, taraplar soňky ýyllarda ep-esli artan özara haryt dolanyşygynyň depginlerini saklamak we artdyrmak üçin zerur bolan çäreleri görmek barada ylalaşdylar. Bu barada aýtmak bilen, belent mertebeli myhman dürli pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Prezident Yslam Karimow ulag pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça tekliplerini goldaýandygyny aýtdy. Özbegistanyň bu ileri tutulýan ugurda hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklamak bilen, belent mertebeli myhman sebit we halkara ähmiýetli strategik ulag merkezi hökmünde Türkmenistanyň uly orun eýeleýändigini aýratyn belledi.
Prezident Yslam Karimow medeni-gumanitar ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklaryň möhümdigi barada aýtmak bilen, munuň iki goňşy döwletiň arasyndaky milletara ylalaşygy berkitmäge we doganlyk halklary has-da ýakynlaşdyrmaga ýardam edýändigini nygtady. Goňşy döwletlerde türkmenleriň we özbekleriň köpsanly kowçumlary asuda durmuşda ýaşaýarlar.
Özbek Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Baştutanyna köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerine bolan netijeli garaýyşlary we çemeleşmeleri üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, özbek Lideri habar beriş serişdeleriniň wekillerine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrandygyny aýtdy, bu ýerde türkmen Liderine örän mähirli kabul edişlik garaşýar.
Metbugat maslahaty tamamlanandan soň, “Magtymguly” zalynda iki döwletiň Liderlerine ýokary sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň Prezidengtine hem-de bu ýere ýygnananlaryň ählisine ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda öz döredijiliginde watançylygy, ynsanperwerligi, adalatlylygy we halklaryň dostlugyny wasp eden beýik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygynyň giňden we dabaraly bellenýändigini ýatlatdy. Bu belent pikirler türkmen döwletiniň ahlak esasy bolup durýar. Biz diňe bir içeri syýasatymyzda däl, eýsem, daşary syýasatymyzda hem şolara eýerip, halklaryň ýakynlaşmagyny we özara düşünişmegini döwletara hyzmatdaşlygynyň binýady hasaplaýarys. Bu bolsa doganlyk Özbegistana doly derejede degişlidir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam edip, geçirilen gepleşikleriň barşynda biz halklarymyzyň taryhy, medeni we ruhy umumylygynyň, olaryň öz ajaýyp ata-babalarynyň mirasyna hormatly garaýşynyň ähmiýetini ençeme gezek belläp geçdik, bu bolsa häzirki wagtda türkmen we özbek halklarynyň medeni taýdan mundan beýläk-de özara baýlaşmagyna, onuň täze mazmun bilen üstüniň ýetirilmegine ýardam edýär diýip aýtdy. Biziň döwletlerimizde özboluşly medeni däpler, Magtymguly Pyragy we Alyşir Nowaýy, Mollanepes we Zahiriddin Mohammed Babur, atlary biziň ýurtlarymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen we özbek edebiýatynyň beýleki beýik wekilleri ýaly ajaýyp söz ussatlarynyň däplerini döredijilikli dowam edýän edebiýat mekdepleri dikeldilýär. Yslam Abduganiýewiçiň şu gün adalatly belläp geçişi ýaly, biz bir-birege terjimesiz düşünýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de Magtymguly Pyragynyň türkmen dilindäki goşgy setirlerini mysal hökmünde getirdi.
Hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşine ýüzlenip, biz Siziň ýurduňyzda Magtymguly Pyragynyň filosofik we döredijilik mirasynyň neneňsi söýgüden we hormatdan peýdalanýandygyny bilýäris diýip aýtdy. Munuň özi şu ýyl Özbegistanyň paýtagtynda uly gerim bilen geçirilen türkmen şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllyk şanly senesiniň baýram edilen günlerinde aýdyň ýüze çykdy. Biz muňa ýokary baha berýäris hem-de baýramçylyk çärelerini guramakda berýän goldawyňyz we netijeli ýardamyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirýäris.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda Özbegistanyň Prezidenti Yslam Karimow Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy, şu gün bu baýragy hem-de ajaýyp türkmen şahyrynyň we akyldarynyň şanly senesine bagyşlanyp çykarylan ýadygärlik medalyny uly kanagatlanma hem-de hormat bilen oňa gowşurmaga maňa rugsat ediň diýip, Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Özbegistanyň Prezidentine Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň gowşurylmagy biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bozulmaz dostlugyny we doganlygyny, olaryň taryhy we ruhy ýakynlygyny, umumy ahlak gymmatlyklaryna, öz taryhyňy, baý medeni mirasyňy hormatlamak däplerine ygrarlylygyny aňladýar diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi we bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezident Yslam Karimowa baýragy gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek Liderini gutlap, bu baýragyň Prezident Y.Karimowyň iki halkyň hem-de döwletiň dostlugyny, hoşniýetli goňşuçylygyny we özara düşünişmegini pugtalandyrmak işine uly şahsy goşandynyň ykrar edilmegi bolup durýandygyny nygtady hem-de şunuň bilen baglylykda özbek kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we berk jan saglyk hem-de doganlyk Özbegistanyň ýolbaşçysy wezipesinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Magtymguly adyndaky abraýly halkara baýragynyň eýesi bolmak ýaly belent hormatyň bildirilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanyň Prezidenti Yslam Karimow türkmen halkyna bolan çuňňur hoşallygyny we tüýs ýürekden hormat goýmak duýgularyny başdan geçirýändigini aýtdy hem-de muny beýik şahyryň döredijiliginiň muşdagy bolan tutuş özbek halkyna berlen baýrak hasaplaýandygyny, iki halkyň köpasyrlyk mizemez dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň şaýatnamasy, häzirki tapgyrda netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm nyşany hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Özbegistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda biziň halklarymyzyň dostlugyny aýdym edinen, oňa buýsanan we birek-birege hormat goýan beýik pederlerimiziň adyna hoşniýetli sözler aýdyldy. Biziň dostlugymyz, goňşuçylygymyz umumy gymmatlygymyzdyr, oňa gadyr goýmaly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmeli diýip, Özbegistanyň Prezidenti belledi.
Biziň gatnaşyklarymyzyň beýik geljeginiň bardygyna ynanýaryn. Men bu ýerde, beýik türkmen şahyrynyň adyny göterýän zalda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň “Mustakillik” ordenini gowşurmak isleýärin. Bu beýik sylagy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda gowşurýandygyny bellemek bilen, özbek Lideri hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik işini, özbek we türkmen halklarynyň arasynda ykdysady, medeni, ruhy gatnaşyklaryň, dostlugyň berkidilmegi ugrunda ägirt uly goşant goşýandygyny aýratyn nygtady. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda, Prezident Yslam Karimow hormatly Prezidentimize hormatly sylagy we degişli şahadatnamany gowşurýar.
1994-nji ýylyň maý aýynda döredilen “Mustakillik” (“Garaşsyzlyk”) ordeni Özbegistanyň iň ýokary döwlet sylaglarynyň biridir. Onuň merkezinde Garaşsyzlygyň we bagtyýarlygyň nyşany hasaplanýan Humaý guşuň şekili ýerleşdirilipdir. Orden hukuk döwletiniň berkidilmegine, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşan adamlaryň zähmetine berilýän bahadyr.
Türkmenistanyň Prezidenti bu sylagy minnetdarlyk bilen kabul edip, Özbegistanyň Baştutanyna hem-de tutuş özbek halkyna bildirilen ýokary hormat we “Mustakillik” ordeniniň gowşurylmagy mynasybetli tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Iki ýurduň halklarynyň dostluk we doganlyk gatnaşyklara eýedigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu sylagy ýer ýüzünde parahatçylygy we durnuklylygy goldamakda amala aşyrylýan bilelikdäki tagallalaryň netijesi hasaplaýandygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýygjamlaşýandygyny belläp, Türkmenistan bilen Özbegsiatynň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla etjekdigini aýtdy.
Bu sylag hoşniýetliligiň, parahatçylygyň we rowaçlygyň nyşany bolmak bilen, ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny alamatlandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu hormat ordeni meniň üçin uly mertebedir we tutuş adamzadyň bähbidine bilelikde alyp barýan işimize berlen bahadyr diýip, döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň Prezidenti Yslam Karimowa ýene bir ýola minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, bagt, alyp barýan işinde uly üstünlikler, doganlyk özbek halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti “Oguzhan” köşkler toplumyndan çykyp, “Serdar” döwlet kabulhanasyna ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda Özbegistanyň Baştutany “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy, bu ýerde dabaraly gül goýmak çäresine gatnaşdy. Paýtagtymyzyň günorta-gunbatar böleginde gurlan bu ajaýyp ýadygärlikler toplumy milli gahrymanlarymyzyň—eziz Watanymyzyň goragçylary, şeýle hem 1948-nji ýylyň weýrançylykly Aşgabat ýertitremesiniň şehitleri baradaky ýatlamany ebedileşdirýär. Çäre tamamlanandan soň, özbek Lideri bu ýerde ýerleşen muzeýe baryp gördi, onuň ekspozisiýasy bilen tanyşdy we Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.
Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri bilelikde paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardylar. Bu ýerde iki döwletiň Baştutanlary mähirli hoşlaşdylar. Geçirilen gepleşikleriň netijelerine doly kanagatlanma bildirmek bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam Karimow iki ýurduň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, türkmen hem-de özbek halklarynyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, Watanyna ugrady.