Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 762
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür döwlet Baştutanymyz bilen mähirli görşüp, ýüzbe-ýüz duşuşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de türkmen Liderini ýetip gelýän umumymilli baýramçylyk—Garaşsyzlyk güni, şeýle hem döwlet sylagynyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Holdingiň ýolbaşçysy häzirki wagtda tutuş dünýäde uly gyzyklanma bildirilýän we durmuş-ykdysady taýdan uly üstünlikleri gazanýan ýurt hökmünde ykrar edilýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özüniň ýolbaşçylyk edýän we ynanylan ugurlarda innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly işleri jogapkärçilikli ýerine ýetirmäge çalyşýan we özüniň gurluşyk kompaniýasy üçin uly mertebe bolup durýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we ýakymly arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, giň we işjeň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan syýasaty amala aşyrýan ýurdumyzyň türkiýeli kompaniýalar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdygyny hem-de giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalaryň amala aşyrylmagyna önjeňli goşant goşýandygyny aýtdy. olaryň arasynda Türkmenistanyň bitewi energetiki ulgamyny döretmek, şol sanda ýurdumyzyň welaýatlarynda kuwwatly gazturbinaly elektrik beketlerini, şeýle hem türkmen paýtagtyny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek boýunça desgalary gurmak boýunça wajyp ähmiýetli taslamalary görkezmek bolar.

Duşuşygyň barşynda ýakyn geljekde özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Işewür uly ynam bildirilýändigi hem-de Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmelere maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga mümkinçilik döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymza birnäçe desgalaryň gurluşygynyň barşy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.