Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň ykdysadyýet ministri kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň ykdysadyýet ministri kabul etdi

view-icon 637
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçini kabul etdi.

Myhman kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk baýramçylygy bileg gutlady. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimize Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglunyň aýdan mähirli sözlerini, tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Nihat Zeýbekçiniň belleýşi ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär we biziň ýurdumyzyň oňyn ösüş ýolunda gazanýan üstünliklerine guwanýar. Şeýle hem myhman pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, giň möçberli döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine we premýer-ministrine iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Türkmenistanyň Türkiýe bilen, netijeli döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda bu gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtady. Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylan güni mynasybetli ýakynlaşyp gelýän baýramçylyk bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan köp asyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklaryň we bozulmaz dostlugyň häzirki döwürde türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.

Duşuygyň barşynda milli Lideriimz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzikri ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de özara peýdaly gatnaşyklary ähli ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady we durmuş pudaklary, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk ulgamlary we başga-da birnäçe ugurlar býounça yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli işjeňleşdirilmegi ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ilerlemegini, yzygiderli geçirilýän işewürlik maslahatlarynyň, duşuşyklaryň we sergileriň ýygjamlaşdyrylmagyny şertlendirjekdigi bellenildi.

Medeni-gumanitar ugurdaky gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şu ýyl Türkiýede geçirilen medeni çäreler, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda guralan Medeniýet günleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman deňhukuklylyk, birek-birege hormat we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine üstünikli öslüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mütewellioglu gatnaşdy.