Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsulyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsulyny kabul etdi

view-icon 892
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly Kun Minneni kabul etdi.

Myhman türkmen Liderine kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyny we ähli türkmenistanlylary ýetip gelýän umumymilli baýramçylyk – Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Kun Minne Ýewropanyň işewür toparlarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly gadam urýan hem-de durmuş-ykdysady taýdan batly ösüş depginlerini gazanýandygyny görkezip, sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň giňeldilmegi babatda uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Milli Liderimiz gutlaglar we ýakymly arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan döwletiniň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen uzakmöhletleýin we özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdygyny nygtady. Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny ugur edinip, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen özara arkalaşykly hereketiň ösdürilmegine, milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda senagaty çalt depginde ösdürmek bilen baglylykda öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegine aýratyn üns berýär.

Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we myhman netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Kun Minne biziň ýurdumyzda maýa goýumlary babatda oňaýly ýagdaýyň dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri döredýändigini belläp, Ýewropanyň işewür toparlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga isleg bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna iň ýakymly arzuwlaryny aýtdy.