Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer-ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer-ministrini kabul etdi

view-icon 795
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer-ministri Waleriý Dili kabul etdi.

Myhman türkmen döwletiniň Baştutanyny uly milli baýram - Garaşsyzlygyň 23 ýylygy bilen gutlady we öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi.

Gyrgyz Respublikasynyň türkmen döwleti bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, dostlukly ýurduň wise-premýer-ministri Gyrgyzystynda doganlyk Türkmenistanyň giň möçberli özgertmeler ýolunda gazanan ýokary sepgitlerine guwanýandyklaryny aýtdy hem-de bu üstünlikleriň türkmen Lideri tarapyndan yzygiderli geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesi bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etmek bilen, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň halklarynyň köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we ruhy-medeni umumylygynyň oňyn döwletara gatnaşyklarynyň ygtybarly binýady bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi, hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge gönükdirilen ähmiýetli çäreleriň durmuşa geçirilişi barada pikir alşyldy. Hususan-da, hökümetara toparynyň işini ilerletmek, söwda-ykdysady ulgamda, energetika pudagynda we beýleki ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, medeni-gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça anyk teklipleri öz içine alýan maksatnama işlenilip taýýarlanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we myhman iki döwletiň we halklaryň arasyndaky däbe öwrülen dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylyp, täze many-mazmuna eýe boljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Janyş Rustenbekow gatnaşdy.